Şu gün Täze ýylyň öňüsyrasynda Lebap welaýatynyň Beýik Türkmenbaşy etrabynyň Kerkiçi şäherçesinde 160 orunlyk çagalar bagynyň açylyş dabarasy boldy.
Mekdebe çenli çagalar edarasynyň iki gatly binasy baýramçylyga mahsus görnüşde dürli reňkdäki bezeg yşyklary, şarlar, lentalar bilen bezelipdir. Bu dabara Täze ýyla mahsus bolan şatlyk-şagalaňa beslendi, şonda çagalar aýdym aýdyp, tans etdiler. Bu günki baýramçylyk dabarasy olar üçin ýatdan çykmajak waka öwrüldi. Çagalar bagynyň öňündäki bezelen Täze ýyl arçasynyň ýanynda ata-eneleri bilen gelen körpeleri Aýazbaba we Garpamyk garşyladylar. Olar mekdebe çenli çagalar edarasynda terbiýelenýänlere Täze ýyl sowgatlaryny gowşurdylar.
Döwrebap çagalar şäherjiginiň açylyş dabarasyna welaýatyň we etrabyň häkimlikleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, hormatly ýaşulular, şäherçäniň köp sanly ýaşaýjylary gatnaşdylar. Olar öz çykyşlarynda ýaş nesli hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösdürmek we terbiýeläp ýetişdirmek üçin ähli zerur şertleriň döredilmeginiň Türkmenistanda milletiň Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça amala aşyrylýan bilim özgertmesiniň möhüm ähmiýetli ugry bolup durýandygyny hem-de ata Watanymyzda çagalar, olaryň geljegi baradaky aladanyň döwlet derejesinde ileri tutulýan wezipeleriň hataryna goşulandygyny aýratyn bellediler.
Täze çagalar bagy özboluşly binagärlik usuly boýunça we döwrebap timarlaýyş materiallaryny ulanmak arkaly guruldy hem-de ähli ölçeglere görä, häzirki wagtda şu ugra degişli binalar babatda bildirilýän talaplara doly laýyk gelýär. Bu ýerde çagalaryň göwnejaý dynç almagy, terbiýelenmegi we bilim endikleriniň ösdürilmegi üçin oňaýly şertler döredildi. Çagalar ýaşy boýunça sekiz topara bölünýär, şol toparlaryň her biri üçin özboluşly bezegli, dynç almak üçin giň we ýagty otaglardan, oýun oýnalýan otaglardan ybarat bolan jaýlar bar we olar döwrebap mebel bilen üpjün edildi. Şeýle hem ýörite enjamlaşdyrylan kompýuter we lingafon otaglary, saz we sport zallary, suwa düşülýän howuz, naharhana, lukmançylyk otagy çagalaryň ygtýaryndadyr.
Çagalar üçin şäherjigiň daş-töweregindäki abadanlaşdyrylan we bagy-bossanlyga bürelen ýerde oýun meýdançalary, hiňňillikler, telärler bar we bu ýerde ertekilerdäki gahrymanlaryň keşpleri goýlupdyr. Bu bina “Ak säher” atly hususy kärhananyň hünärmenleri tarapyndan guruldy, dabarada tapawutlanan gurluşykçylara gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.
Üstünlikli amala aşyrylýan "Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň durmuş-ýaşaýyş şertlerini düýpli özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasynyň" çäklerinde şu ýylda Amyderýa jülgesinde gurlan täze binalaryň ulanmaga berilmegine bagyşlanan çäreler täze, 2012-nji ýylyň öňüsyrasynda Kerkiçi şäherçesinde çagalar bagyny ulanmaga bermek boýunça baýramçylyk dabarasy bilen jemlendi. Şeýlelikde, 2011-nji ýylda Lebap welaýatynda durmuş-ykdysady maksatly täze we döwrebap desgalaryň 50-den gowragy, şol sanda çagalar baglarynyň 10-sy, saglyk öýleriniň 8-si, sport mekdepleriniň 8-si, Ýylgynagyzdaky gidrotehniki toplum, Bagajadaky gazy gaýtadan işleýän toplumyň ikinji nolatdakysy, Türkmenabat-Garabekewül aralygynda uzynlygy 90 kilometrden gowrak bolan elektrik energiýasyny geçiriji liniýa, ýokary basyşly we senagat maksatly, 100 kilometrlik Kükürtli-Demirgazyk Balguýy gaz geçirijisi, durmuş maksatly we uzynlygy 137 kilometr bolan Zergär-Sakar-Halaç gaz geçirijisi we başga-da birgiden desgalar ulanmagy berildi.
Dabara tamamlanandan soňra, şu günki waka mynasybetli, ata Watanymyzyň mundan beýläk-de rowaçlanmagynyň hatyrasyna we
hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baş saglygyna baýramçylyk sadakasy berildi.