Ï Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň 2011-nji ýyldaky iň soňky mejlisi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň 2011-nji ýyldaky iň soňky mejlisi

view-icon 1157
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň şu ýyldaky iň soňky mejlisini geçirdi, oňa hukuk goraýjy we harby edaralaryň ýolbaşçylary hem-de welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimleri hem çagyryldy.

Gün tertibine girizilen meseleleriň hatarynda käbir resminamalara, möhüm pudak edaralarynyň we pudaklarynyň işiniň netijelerine garamak, şeýle hem Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisine taýýarlyk görmek bilen bagly meseleler bar. Şol mejlis 6-njy ýanwarda bolar we 2011-nji ýylyň jemlerini jemlemäge hem-de 2012-nji ýylda ýurdumyzyň durmuş – ykdysady ösüşiniň wezipelerini kesgitlemäge bagyşlanylar.

Mejlis başlanmazyndan öňürti milletiň Lideri bu ýere ýygnananlary we olaryň üsti bilen ähli halkymyzy ýetip gelýän Täze ýyl bilen tüýs ýürekden gutlap, watandaşlarymyza berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, rowaçlyk, asuda we bagtyýar durmuş arzuw etdi. “Goý, Täze ýyl halkymyz üçin bereketli, rysgal-döwletli, ýagşy-umyt arzuwlaryň hasyl bolýan, beýik zähmet ýeňişlerine, ajaýyp üstünliklere beslenen, düşümli ýyllaryň biri bolsun!” diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.

Soňra milletiň Lideri bu ýere ýygnananlaryň elçarpyşmalary astynda Permana gol çekip, Täze ýyl baýramçylygy mynasybetli 1-nji ýanwardaky dynç gününi 2-nji ýanwara geçirmek hakyndaky çözgüdi aýtdy. Bu resminama laýyklykda 2012-nji ýylyň 2-nji ýanwary dynç güni bolar we şeýlelikde, ýurdumyzyň ilaty iki gün dynç alyp, Täze ýyl baýramyny uly dabaralara besläp, belläp geçmäge mümkinçilik alar.

Soňra döwlet Baştutany çykyş etmek üçin hökümet agzalaryna söz berdi.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Ýazmuhammedowa ýurdumyzyň Baş arçasynyň ýanynda geçiriljek Täze ýyl dabaralaryna taýýarlyk görmek, şeýle hem ýurdumyzda Täze ýyl baýramçylyk maksatnamalarynyň çäklerinde geçirilýän çäreler hakynda hasabat berdi, Baş arçanyň ýanyndaky dabara asylly däbe görä, döwlet Baştutany gatnaşar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Täze ýyly garşylamaga bagyşlanan medeni çäreleriň ählisiniň ähmiýetini nygtap, olary ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek we habar beriş serişdelerinde giňden beýan etmek barada görkezme berdi. Milletiň Lideri Täze ýyl baýramçylygynyň iň söýgüli maşgala baýramçylyklarynyň biri bolup durýandygyny we türkmenistanlylaryň Täze ýyly şadyýan ýagdaýda garşylamaklary we şol baýramçylygy geçirmekleri üçin ähli şertleri döretmegiň zerurdygyny belledi. Biz täze ýyly agzybir maşgala bolup ýurdumyzyň gülläp ösmegi, Watanymyzyň eşretine täze ajaýyp işler we beýik üstünlikler üçin gujur-gaýrata beslenip garşylamalydyrys diýip, döwlet Baştutany aýtdy.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Toýlyýew gözegçilik edýän ulgamlarynda Täze ýyl baýramçylygyny ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek babatda görülýän möhüm taýýarlyk işleri barada hasabat berdi. Hususan-da, ol Köpetdagyň gözel künjeklerinde ýerleşýän Gökderedäki çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezlerinde gyşky dynç alyş möwsüminde çagalaryň 4 müňüsiniň öz wagtlaryny şadyýan geçirmekleri üçin hemmetaraplaýyn taýýarlyk görlendigini habar berdi. Olar üçin çagalaryň ýurdumyzyň Baş arçasynda geçiriljek dabaralara gatnaşmagyny, paýtagtymyzyň gözel ýerlerine gezelençleri göz öňünde tutýan çäreleriň baý maksatnamasy taýýarlanyldy. Ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda hem mekdep okuwçylarynyň gyşky dynç alyş döwründe Täze ýyl medeni dynç alyş maksatnamalary taýýarlanyldy.

Milletiň Lideri hasabaty diňläp, ata Watanymyzyň ertirki eýeleri bolan ösüp gelýän ýaş nesil baradaky aladanyň Garaşsyz ýurdumyzyň döwlet syýasatynyň mydama ileri tutulýan wajyp ugurlarynyň biri bolandygyna ünsi çekip, çagalaryň gyşky dynç alyş günleriniň we Täze ýyl baýramçylyklarynyň ýörite düzülen maksatnama laýyklykda guramaçylykly ýagdaýda geçirilmegini, egsilmez şatlyk-şowhuna beslenmegini üpjün etmek barada anyk tabşyryklary berdi.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Hojamuhammedow nebitgaz toplumynda, himiýa senagatynda we balyk hojalygynda işleriň ýagdaýy hakynda, şeýle hem gözegçilik edýän pudaklarynda iri maýa goýum taslamalarynyň birnäçesiniň durmuşa geçirilişiniň barşy hakynda hasabat berdi. Hususan-da, “Galkynyş” we Amyderýanyň sag kenaryndaky ýataklaryň ýangyç serişdelerini özleşdirmek babatda geçirilýän iş hakynda aýdyldy.

Soňra döwlet Baştutany “Türkmenistanyň içerki sarp edijilerine 2012-nji ýylda nebit önümlerini paýlamak hakyndaky” Kararyň taslamasyna garady we ony makullap, resminama gol çekdi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli uzak möhletli maksatnamasynda, şeýle hem Türkmenistanyň daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň öňündäki borçnamalarynda bellenilen sepgitleri nazara almak bilen, milli ykdysadyýetimiziň binýatlyk pudagynyň ägirt uly serişde mümkinçiliklerini doly kuwwatynda ulanmaga hyzmat etjek ilkinji derejedäki wezipeleriň birnäçesini belledi. Şunda bu ugurda amala aşyrylýan işleri netijeli guramagyň hem-de hereket etmegiň işlenip taýýarlanylan maksatnamalarynyň durmuşa geçirilişine berk gözegçiligiň möhümdigi aýratyn bellenildi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Nurmämmedow möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy hakynda, şol sanda güýzlük däne ekinlerine ideg etmek boýunça, şeýle hem şu ýyl ýygnalan pagtany we pagta önümlerini ýerlemäge degişli meseleler boýunça hasabat berdi.

Milletiň Lideri pagtaçylygyň ýurdumyzyň obasenagat toplumynyň strategiki pudagydygyny, özi-de pagtanyň milli dokma senagatymyz üçin esasy çig mal bolmak bilen bir hatarda, gymmatly eksport önümi bolup durýandygyny nygtap, bu pudakda hyzmatdaşlyk aragatnaşyklarynyň çägini mundan beýläk-de giňeltmegiň zerurdygyny görkezdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow has ýokary görkezijileri gazanmak üçin uly kuwwata eýe bolan obasenagat pudagyny ösdürmek hakynda döwletiňiziň geljekde-de yzygiderli alada etjekdigi, bu ugurda toplumlaýyn çäreleri amala aşyrjakdygy barada aýdyp, ähli möwsümleýin oba hojalyk işleriniň öz wagtynda hem-de agrotehniki kadalara berk laýyklykda ýerine ýetirilmelidigine ünsi çekdi.

Soňra Ahal welaýatynyň häkimi D.Myratberdiýew welaýatda alnyp barylýan işler, şol sanda dürli maksatly täze desgalary gurmak, döwlet Baştutany tarapyndan berlen tabşyryklary ýerine ýetirmek, ilatyň durmuşynyň derejesini we hilini mundan beýläk-de ýokarlandyrmak, ýerlerde ýaşaýyş-durmuş hem-de önümçilik düzümlerini döwrebaplaşdyrmak boýunça görülýän çäreler, şeýle hem Täze ýyl dabaralarynyň meýinamasyna laýyklykda geçirilýän çäreler hakynda hasabat bilen çykyş etdi.

Balkan welaýatynyň häkimi S.Satlykow hem welaýatda amala aşyrylýan işler we döwlet Baştutany tarapyndan berlen tabşyryklaryň ýerine ýetirilişi barada, Täze ýyl baýramçylygyna görülýän taýýarlyk, günbatar welaýatyň durmuş hem-de senagat düzümlerini mundan beýläk-de ösdürmek, onuň ägirt uly ykdysady kuwwatyny amala aşyrmak boýunça bellenen meýilnamalaryň durmuşa geçirilişiniň barşy hakynda hasabat berdi.

Soňra ýurdumyzyň demirgazyk welaýatynda işleriň ýagdaýy hakynda Daşoguz welaýatynyň häkimi E.Orazgeldiýew hasabat berdi. Ol döwlet Baştutany tarapyndan berlen tabşyryklaryň ýerine ýetirilişi, bu ýerde alnyp barylýan gurluşyk işleriniň depginleri, ýerlerde ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak, ýyladyş ulgamlarynyň bökdençsiz işlemegini üpjün etmek boýunça görülýän çäreler, şeýle hem geçirilýän Täze ýyl baýramçylyk çäreleri hakynda hasabat berdi.

Öz nobatynda Türkmenistanda amala aşyrylýan uly möçberli özgertmeler maksatnamalary we döwlet Baştutany tarapyndan öň berlen tabşyryklaryň ýerine ýetirilişi babatda welaýatda geçirilýän işler hakynda Lebap welaýatynyň häkimi Ý.Ýaýylow hasabat berdi. Welaýatyň ýolbaşçysy iri gurluşyk meýdançalarynda işleriň ýagdaýy, ýaşaýyş-durmuş düzümlerini döwrebaplaşdyrmak boýunça görülýän çäreler, şeýle hem Täze ýyl baýramçylygyna taýýarlyk görmek hakynda hem habar berdi.

Soňra hasabat bilen Mary welaýatynyň häkimi K.Gurbanow çykyş etdi. Häkim welaýatda geçirilýän işler hakynda habar berip, hususan-da, welaýatyň durmuş üpjünçiligi ulgamlarynyň sazlaşykly işlemegini üpjün etmek boýunça görülýän çäreler, döwlet Baştutanynyň öň beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi, şeýle hem gurulýan desgalarda işleriň ýagdaýy, ýetip gelýän Täze ýyl mynasybetli geçirilýän baýramçylyk çäreleri hakynda hasabat berdi.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow häkimleriniň beren hasabatlaryny jemläp, olaryň durmuş hem-de senagat düzümlerini mundan beýläk-de ösdürmek boýunça bellenilen ähli meýilnamalary gyşarnyksyz durmuşa geçirmegiň möhümdigini nygtap, adamlaryň abadançylygyna, bütin ýurdumyzyň önümçilik kuwwatyny artdyrmagyň maksatlaryna hyzmat etjek täze desgalaryň ýokary hilli gurulmagy hem-de wagtynda işe girizilmegi esasy ýörelgedir we şeýle bolmagynda galýar diýip belledi. Şunuň bilen bir hatarda milletiň Lideri ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini gowulandyrmak, adamlaryň durmuşy, döredijilikli işi, mynasyp dynç alşy üçin has amatly şertleri üpjün etmek boýunça görülýän çäreleriň ýokary netijeliligini üpjün etmegi häkimlere tabşyrdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow türkmenistanlylaryň bagtly we abadan durmuşy hakynda alada etmegiň ileri tutulýan döwlet wezipesi bolup durýandygyny ýene-de bir gezek nygtap, bu ugurda işleriň yzygiderli geçirilmelidigini we oňa ýurdumyzyň ähli welaýatlarynyň ýolbaşçylarynyň uly üns bermelidigini aýtdy.

Aşgabat şäheriniň häkimi Ş.Durdylyýew öz hasabatynda, hususan-da, durmuş-ykdysady desgalaryň gurluşygynyň barşy, ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak boýunça, şeýle hem Täze ýyl baýramçylygynyň hormatyna geçirilýän çäreleri guramak boýunça görülýän çäreler hakynda habar berdi.

Hormatly Prezidentimiz paýtagtymyzda binagärlik şähergurluşyk maksatnamasyny durmuşa geçirmek bilen baglanyşykly alnyp barylýan işleriň depginini mundan beýläk-de ýokarlandyrmak, Aşgabat şäheriniň ilaty üçin häzirki döwrüň ösen talaplaryna kybap gelýän ähli zerur amatlyklary döretmek meselelerine ünsi çekdi. Şeýle hem milletiň Lideri gözel paýtagtymyzda Täze ýyl baýramçylyk dabaralaryny ýokary derejede göwnejaý geçirmek babatda durmuşa geçirilýän çäreleriň talabalaýyk bolmalydygyny, köp öwüşgünli yşyklandyrylyşyna we bezeg işlerine aýratyn üns bermegi tabşyrdy.

Soňra mejlise çagyrylan Türkmenistanyň goranmak ministri B.Gündogdyýewe söz berildi, ol Aşgabatda däp bolan Täze ýyl feýerwerkine taýýarlyk görmek meselesi boýunça hasabat berdi.

Milletiň Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow Täze ýyl baýramçylygynyň türkmenistanlylaryň iň söýgüli baýramçylyklarynyň biri bolup durýandygyny belläp, Täze ýyl feýerwerkiniň aşgabatlylaryň we ýurdumyzyň baş şäheriniň myhmanlarynyň şatlygyny goşalandyryp, türkmen paýtagtyndaky ählihalk dabaralarynyň hakyky bezegi bolmagy üçin ähli çäreleri görmek barada görkezme berdi.

Soňra döwlet Baştutanynyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi hakynda we bu babatda Aşgabatda Içeri işler ministrliginiň işgärleri üçin häzirki zaman ýaşaýyş jaýlaryny gurmak bilen baglanyşykly mesele boýunça hasabat beren içeri işler ministri I.Mulikow çykyş etdi.

Türkmenistanyň Prezidenti türkmen jemgyýetinde agzybirligi we ylalaşygy pugtalandyrmak, halkymyzyň abadan we bagtly durmuşyny üpjün etmek, mähriban Watanymyzyň gülläp ösmegi işine mynasyp goşant goşýan hukuk goraýjy edaralaryň işgärleriniň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak barada geljekde-de yzygiderli alada etjekdigini nygtap,

“Türkmenistanyň Içeri işler Ministrliginiň Aşgabat şäherinde döwrebap ýaşaýyş jaýlaryny gurmagy hakyndaky” Karara gol çekdi.

Şu günler däp boýunça paýtagtymyzda we tutuş Türkmenistanda giňden ýaýbaňlanýan Täze ýyl dabaralaryna degişli meseläni gozgap, döwlet Baştutany ýurdumyzyň hemme ýerinde göwnejaý düzgün-tertibi ýola goýmaga, şeýle hem türkmenistanlylaryň şatlygyny hiç bir zadyň bozmazlygy üçin baýramçylyk günleri işjeňligi artýan ýol hereketiniň howpsuzlygyny üpjün etmäge aýratyn üns bermegi tabşyrdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow mejlisde bolan söhbetdeşligi jemläp, şu ýyl Ministrler Kabinetiniň 53 mejlisiniň geçirilendigini belledi. Munuň özi geçen ýyldakydan bir mejlis köpdür, şeýle hem wideoşekilli iş maslahatynyň 24-si we dürli meselelere bagyşlanylan maslahatlaryň 15-si geçirildi.

2011-nji ýyl – biziň Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 20 ýyllyk ýubileý ýyly tutanýerli we netijeli işlemegi, köp sanly syýasy, durmuş-ykdysady meseleleri yzygiderli çözmegi talap eden, şunuň bilen birlikde hem şanly wakalara baý ýyllaryň biri boldy diýip, milletiň Lideri sözüni dowam etdi. Ýüze çykan meseleleriň üstünlikli çözülmegi köp babatda Ministrler Kabinetiniň işiniň talabalaýyk guralmagynyň hem-de dogry çözgütleriň kabul edilmeginiň, biziň yhlasly, maksada okgunly we sazlaşykly işlemegimiziň netijesinde mümkin boldy.

Esasy zat bolsa ýurdumyzda geçirilýän özgertmeleri ähli halkymyzyň giňden goldamagynyň netijesinde, bize köp sanly işleri amala aşyrmak we öňümizde duran möhüm wezipeleri üstünlikli çözmek başartdy diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady.

Biz ýubileý ýylynda köp sanly desgalary gurup, ulanmaga bermek boýunça göz öňünde tutan maksatnamamyzy üstünlikli ýerine ýetirdik diýip, döwlet Baştutanymyz sözüniň üstüni ýetirdi.

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 20 ýyllyk şanly baýramy mynasybetli ýurdumyzda geçirilen baýramçylyk dabaralary dünýäniň köp ýurtlarynyň teleýaýlymlarynda görkezildi we köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde giňden beýan edildi. Şeýlelikde özgerýän we barha ösýän berkarar Watanymyzyň häzirki ýeten belent sepgitlerini, gazanan ajaýyp üstünliklerini dünýä ýüzüne aýdyň görkezdi.

Tutuşlygyna alnanda, 2011-nji ýylyň jemleri barada söz açyp, milletiň Lideri geçip barýan ýyly bellenilen meýilnamalary we milli maksatnamalary durmuşa geçirmek babatda örän üstünlikli boldy diýip häsiýetlendirdi. Munuň özi bize täze 2012-nji ýyla ähli bar bolan meseleleri çözüp, örän oňat mümkinçilikler bilen ynamly gadam basmaga mümkinçilik berýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow öz çykyşyny tamamlap, 2011-nji ýylda gazanylan üstünlikleri berkitmek bilen, biz geljek ýylda hem ýurdumyzyň ykdysadyýetini täze häzirki zaman binýat esasynda, diwersifikasiýa ýoly bilen ýokary depginde ösdürmek üçin zerur bolan ähli şertleri döretmegi dowam etdirmelidiris, ýurdumyzyň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini ýokarlandyrmak, halkymyzyň hal-ýagdaýyny düýpli gowulandyrmak, Watanymyzyň gülläp ösmegi we ösüşi boýunça maksada gönükdirilen anyk işleri alyp barmalydyrys diýip nygtady.

Soňra Ministrler Kabinetiniň mejlisine gatnaşýanlar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy ýetip gelýän Täze ýyl baýramçylygy bilen tüýs ýürekden mähirli gutladylar. Bellenip geçilişi ýaly, geçip barýan ýyl biziň ýurdumyz üçin şöhratly we möhüm wakalara beslendi. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 20 ýyllyk şanly baýramy halk hojalygynyň ähli pudaklarynda ajaýyp üstünlikler, belent sepgitler bilen şöhratlandyryldy. Bu ýylda il-ýurt bähbitli tutumly maksatnamalaryň ençemesine badalga berildi. Bu asylly işleriň her biri döwlet Baştutanymyz tarapyndan yzygiderli durmuşa geçirilýän milli özgertmelere hem-de ählumumy parahatçylygyň, abadançylygyň we ösüşiň bähbitleri üçin netijeli halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmäge gönükdirilen içeri we daşary syýasat ugrunyň üstünlikli amala aşyrylmagynyň aýdyň tassyklanmasydyr.

Şeýle hem olar milletiň Liderine Türkmenistanyň Gahrymany diýen belent adyň berilmegi ata Watanymyza, mähriban halkymyza bolan mizemez söýgi bilen köpýyllyk çeken halal zähmetine, Türkmenistanyň Prezidentiniň jogapkärli wezipesine ählihalk tarapyndan saýlanan gününden bäri geçen wagtyň dowamynda durmuşa geçiren beýik maksatnamalaryna we tutumly işlerine halkymyzyň beren mynasyp bahasydyr diýip bellediler we Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlarynda ýurdumyzyň jemgyýetçilik guramalary tarapyndan döwlet Baştutanynyň belent wezipesine dalaşgärlige biragyzdan görkezilmegi halkymyzyň milli Liderimize bolan bimöçber ynamynyň aýdyň beýanydyr diýip, hormatly Prezidentimize türkmenistanlylaryň çäksiz hoşallygyny ýetirdiler.

Milletiň Lideri hökümet mejlisini jemläp, bu ýere ýygnananlary ýetip gelýän Täze, 2012-nji ýyl bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlady we abadançylyk hem-de bagt, türkmen halkynyň bolelin parahat hem-de eşretli durmuşda ýaşamagy ugrunda alyp barýan jogapkärli işlerinde uly üstünlikler arzuw etdi.