Türkmenistanyň Prezidenti paýtagtymyzda Täze ýyl mynasybetli geçirilýän dabaralara gatnaşdy
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ýaş türkmenistanlylar bilen birlikde, ýurdumyzyň Baş arçasynyň ýanynda Täze ýyl baýramçylygyna bagyşlanan dabara gatnaşdy.
Şu ýylda Türkmenistanyň Konstitusiýa binasynyň öňündäki meýdança täze ýyl baýramçylygy mynasybetli guralýan dabaralaryň geçirilýän ýerine öwrüldi, bu ýerde ýurdumyzyň iň uly arçasy goýuldy we ertekilerdäki ýaly täsin galdyrýan şäherjik döredildi. Şu gyş gününde bu ýerde ählumumy şatlykly, begençli we ruhubelent ýagdaý höküm sürdi. Çagalar türkmen döwletiniň Baştutanynyň gelmegine sabyrsyzlyk we tolgunma bilen garaşýarlar. Mälim bolşy ýaly, asylly däbe görä, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow her ýylda bu ajaýyp baýramçylygyň şatlygyny ýaş türkmenistanlylar bilen paýlaşýar hem-de ýurdumyzyň Baş arçasynyň ýanynda guralýan Täze ýyl dabaralaryna gatnaşýar.
Bu ýerdäki meýdançada Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy, hökümetiň agzalary, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimleri, ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary ýygnandylar.
Sabyrsyzlyk bilen garaşylan pursat gelip ýetýär--Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow baýramçylyga mahsus görnüşde bezelen meýdança gelýär. Milli lybasly gyzjagazlar milletiň Liderine ajaýyp gül desselerini gowşurýarlar. Bagtyýar çagalar döwlet Baştutanyny şadyýan we begençli sözler bilen garşylaýarlar. Ýaşlaryň ýerine ýetirmeginde Täze ýyl mynasybetli gutlaglardan we mähirli arzuwlardan ybarat bolan goşgular ýaňlanýar. Ýaşlar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa ýaş nesle aýratyn üns berýändigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirýärler, ýaş nesil baradaky alada bolsa, ýurdumyzda döwlet syýasatynyň ileri tutulýan esasy ugurlarynyň hataryna goşuldy.
Hawa, bu gün Türkmenistany bagtyýar çagalygyň hem-de iň oňat arzuwlaryň amala aşýan ýurdy diýip atlandyrmak bolar. Türkmen döwleti Birleşen Milletler Guramasynyň çagalaryň hukuklary baradaky Konwensiýa hem-de BMG-niň Eneligiň we çagalygyň goralmagyna gönükdirilen möhüm ähmiýetli resminamalarynyň binäçesine goşulyp, boýun alan borçnamalaryna ygrarlydygyny dünýä bileleşigine äşgär edýär. Täze Galkynyş eýýamynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy we ruhlandyrmagy bilen ýaş nesliň sazlaşykly terbiýelenmegine we olara bilim berilmegine aýratyn ähmiýet berilýär. Milletiň Lidei şu meselelere elmydama aýratyn üns berýär. Öňde goýlan maksatlara ýetmek üçin döwlet tarapyndan örän uly möçberlerde serişdeler goýberilýär, çünki Türkmenistanyň Prezidenti bilime, beden taýdan berk we ruhy taýdan baý ýaş nesliň terbieýelenip ýetişdirilmegine gönükdirilen maýa goýumlarynyň ýurdumyzyň geljegine gönükdirilen maýa goýumlary bolup durýandygyny nygtaýar.
Aşgabatda we ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda gurlan hem-de öňdebaryjy multimediýa tehnologiýalary bilen üpjün edilen mekdepler we çagalar baglary, lukmançylyk merkezleri, sport we bedenterbiýe-sagaldyş toplumlary, teatrlar, kinoteatrlar we beýleki medeni dynç alyş boýunça beýleki merkezler hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda etmeginde şu ugurda uly möçberli we maksada okgunly işleriň geçirilýändigini aýdyň görkezýär. Gökderede we "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynda çagalar üçin niýetlenip gurlan ajaýyp saglyk merkezleri çagalaryň ygtyýaryndadyr. Mekdep okuwçylary dynç alyş döwründe bu ýerlerde wagtlaryny şatlykly geçirýärler. Türkmenistanda şunuň ýaly desgalaryň gurluşygy dowam edýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça bilim ulgamynda amala aşyrylýan özgertmeler oňyn netijeleri berýär, şol özgertmeleriň durmuşa geçirilmegi netijesinde ýaş nesliň ýokary halkara ülňüleriniň derejesinde bilim almaga, öz döredijilik ukyplaryny we zehinlerini iş ýüzünde açyp görkezmäge oňat mümkinçilik döredildi.
...Şol br wagtyň özünde meýdançada Täze ýyl baýramçylygyna bagyşlanan dabara dowam edýär. Türkmenistanyň Prezidenti oňa gatnaşyjydaryň ählisi bilen mähirli salamlaşyp, çagalar bilen birlikde oýnawaçlar, dürli görnüşde öwşün atýan sapaklar we dürli reňkdäki yşyklar bilen bezelen owadan arça tarap barýar. Bu ýerde döwlet Baştutanyny täze ýyl baýramçylygynyň esasy “gahrymanlary” Aýazbaba we Garpamyk mähirli garşylaýar. Olar milletiň Liderine baýramçylyk arzuwlary bilen ýüzlenip, ýurdumyzyň ýaş raýatlarynyň adyndan Türkmenistanyň Prezidentine ýaş nesliň abadançylygy we sazlaşykly ösüşi barada hemmetaraplaýyn alada edýändigi üçin hoşallyk bildirýärler we iň oňat arzuwlary aýdýarlar.
Meýdançada Täze ýyla bagyşlanan baýramçylyk dabarasy ýaýbaňlanýar. Täze ýyl mynasybetli ýaş artistler—paýtagtymyzyň we ýurdumyzyň welaýatlarynyň çagalarynyň döredijilik toparlary öz baýramçylyk sowgatlaryny taýýarlapdyrlar. Aýdym-sazlar belent ýaňlanýar, çagalar şatlyk-şagalaňa beslenen dabarada tans edýärler.
Däp boýunça dürli reňkde öwşün atýan yşyklar bilen bezelen owadan ýurdumyzyň Baş arçasynyň daşyndan aýlanmak baýramçylygyň şowhunyny has-da artdyrdy. Çagalaryň haýyşy bilen hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow olaryň hataryna goşulyp, çagalar bilen, Täze ýyl baýramçylygyna mahsus bolan şatlygy we begenji paýlaşdy.
Döwlet Baştutany ýaş türkmenistanlylary ýetip gelýän Täze ýyl bilen mähirli gutlap, olara berk jan saglyk, bagt, okuwda üstünlikler gazanmagy we iň arzyly islegleriniň hasyl bolmagyny arzuw etdi. Täze ýyly sowgatsyz göz öňüne getirmek hem kyndyr. Şoňa görä-de Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan şadyýan çagalara Täze ýyl sowgatlary gowşuryldy.
Bu täsin we ertekilerdäki ýagdaýa mahsus baýramçylyk dabarasy çagalaryň ýadyndan çykmasa gerek. Indi mekdep okuwçylarynyň gyşky dynç alyş günleri başlanýar. Bu ajaýyp döwürde däp boýunça, giňişleýin baýramçylyk maksatnamasyny amala aşyrmak göz öňünde tutulýar, şoňa laýyklykda çagalara dürli görnüşdäki çäreler we gyzykly wakalar garaşýar, bularyň çagalaryň şadyýanlygyny artdyrjakdygyna we göwünlerini göterjekdigine söz ýok. Şu ýerde, belent we owadan arçanyň ýanynda Täze ýyl mynasybetli paýtagtymyzda meşhur estrada aýdymçylarynyň, teatr toparlarynyň, ýaş artistleriň we ertekilerdäki gahrymanlaryň gatnaşmagynda esasy dabaralar geçiriler. Şeýle hem paýtagtymyzyň we ýurdumyzyň welaýatlarynyň ähli künjeklerinde çagalaryň müňlerçesiniň gatnaşmagynda we Täze ýyl arçalarynyň daş-töwereginde göz öňünde tutulýar.
Türkmen döwletiniň Baştutany ýadygärlik üçin, baýramçylyk dabarasyna gatnaşan ýaşlar, Aýazbaba we Garpamyk bilen surata düşüp, hemmeleri ýetip gelýän 2012-nji ýyl bilen ýene-de bir gezek mähirli gutlap, çagalar bilen hoşlaşdy we meýdançadan ugrady.
Soňra Türkmenistanyň Prezidenti awtoulagda şu yerde, Aşgabadyň günorta böleginde ýerleşýän “Mizan” işewürlik merkezine geldi. Bu ýerde özboluşly binagärlik toplumy batly depgin bilen döredilýär, şunda şäher gurluşygyna degişli öňdebaryjy çözgütler we gazanylanlar öz beýanyny tapýar, bular milli binagärlige we bezegçilige mahsus bolan gadymy ýörelgeler bilen sazlaşykly utgaşdyrylýar.
Mälim bolşy ýaly, soňky ýyllarda bu ýerde-Gadymy Köpetdagyň etegindäki gözel ýerde, Arçabil şaýolunyň ugrunda ak merer bilen örtülen täze binalaryň toplumy guruldy we bular türkmen paýtagtynyň bezegine öwrüldi. Olaryň arasynda birnäçe ministrlikleriň we pudak edaralarynyň binalary, belent Maslahat köşgi, şeýle hem Konstitusiýa binasy ýerleşýär. Häzirki wagtda Konstitusiýa binasynyň öňünde ýurdumyzyň Baş arçasy oturdy. Paýtagtymyzyň günorta böleginde başga-da birnäçe ajaýyp binalar, şol sanda ähli amatlyklary bolan döredilen belent ýaşaýyş jaýlary guruldy, şeýle hem döwrebap we ýokary halkara ülňülerine laýyk gelýän ýene-de bir uly ýol—Çandybil şaýoly çekildi. Şeýle hem Köpetdagyň gerişlerinde gurlan hem-de şäheriň islendik ýerinden diýen ýaly oňat görünýän “Türkmenistan” teleradioýaýlymlar merkezi Aşgabadyň täze gözel künjekleriniň birine öwrüldi. Mälim bolşy ýaly, bu we başga-da ençeme desgalar ata Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň şanly 20 ýyllygyna beslenen şu ýylda ulanmaga berildi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça şäher gurluşygy babatda toplumlaýyn maksatnamany amala aşyrmak ugrundaky uly möçberli iş dowam etdirilýär hem-de Aşgabadyň ilaty we myhmanlary ýene-de köp sanly binalaryň açylyş dabaralarynyň şaýatlary bolar. Häzir bolsa, baýramçylygyň öňüsyrasynda, türkmen paýtagty owadan bezelipdir. Agşamyna özboluşly yşyklar hem-de Täze ýyla mahsus bolşy ýaly, dürli we dürli reňkde öwşün atýan bezegler şäheriň görküni has-da artdyrýar.
Türkmenistanyň Prezidenti “Mizan” işewürlik merkezine geldi we bu ýerde Täze ýyl mynasybetli dabara gatnaşdy.
Bu merkezde mylaýym sazlar we owadan bezeg baýramçylyga mahsus ýagdaýy döretdi. Dabara gatnaşyjylaryň adyndan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa Täze ýyl mynasybetli tüýs ýürekden çykýan gutlaglar hem-de iň oňat arzuwlar aýdyldy. Çünki hut hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda milli özgertmeler eýýamynda ata Watanymyz hakykatdan-da örän uly we ozal görlüp eşidilmedik üstünliklere beslenýär.
Dabarada Türkmenistanyň medeniýet we sungat ussatlarynyň gatnaşmagynda Täze ýyl baýramçylygy mynasybetli täsirli tomaşa boldy.
Bu dabara tamamlanandan soňra, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow hemmeleri ýetip gelýän Täze ýyl bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlady we bagt, maşgala abadançylygyny hem-de ata Watanymyzyň bähbidiniň hatyrasyna alnyp barylýan işde uly üstünlikleri gazanmagy arzuw edip, ýygnananlar bilen mähirli hoşlaşdy we bu ýerden ugrady.