Ï Mähriban Watanymyzyň täze üstünlikleriniň ýyly boljak Täze ýylyňyz gutly bolsun!
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Mähriban Watanymyzyň täze üstünlikleriniň ýyly boljak Täze ýylyňyz gutly bolsun!

view-icon 1119
Garaşsyz, Bitarap Türkmenistan Täze - 2012-nji ýyly iň oňat, hoşniýetli we aýdyň umytlaryny onuň bilen baglap, agzybir, uly we dostlukly maşgala bolup garşylaýar.Täze ýyl baýramçylyk agşamynyň esasy wakalary Türkmenistanyň Konstitusiýa binasynyň öňündäki meýdançada ýaýbaňlandy, şol ýere köp sanly aşgabatlylar we şäherimiziň myhmanlary ýygnandylar. Häzirki zaman aragatnaşyk serişdesi arkaly, teleköpri boýunça ýurdumyzyň ähli bäş welaýatynyň ýaşaýjylary bu dabara gatnaşyjylar boldular.

Täze ýyl biziň her birimiz üçin geçmişi, häzirki döwri we geljegi, aýdyň arzuwlary we täze maksatlary täsinlik bilen birleşdirýän baýramçylykdyr. Onuň esasy nyşany bolan ýurdumyzyň iň belent we owadan arçasynyň täze Galkynyş eýýamynda döwletimiziň gülläp ösmegini, Garaşsyz , Bitarap Türkmenistanyň parahatçylyga, demokratiýa we ösüşe çalyşýandygyny beýan edýän ajaýyp ýadygärlik bolan Konstitusiýa binasynyň ýanynda oturdylmagynyň çuň manysy bardyr. Hut Konstitusiýa ýurdumyzda döwletimiziň we jemgyýetimiziň ýokary gymmatlygy hökmünde adam hakyndaky aladanyň durmuşa geçirilmeginiň mäkäm esasy bolup durýar.

Türkmen paýtagtynyň bu täsin künjeginde, işewür we medeni merkezinde häzirki eýýamyň depginli bady äşgär duýulýar. Şu gün ýurdumyzyň Baş arçasynyň ýanyndaky ertekiler şäherçesinde Täze ýyl baýramçylygynyň jadyly, özüne çekiji ýagdaýy hökum sürýär. Şeýle ajaýyp görnüşi dürli öwüşgünli yşyklara bürenen owadan bezegdäki meýdança we bu ýerde ýaňlanýan aýdym-sazlar döredýär.

Sahna meýdançasynyň ýanynda oturdylan monitorlaryň ekranynda türkmen döwletiniň Garaşsyzlygynyň 20 ýyllygynyň bellenen ýyly, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ady bilen aýrylmaz baglanyşykly uly möçberli özgertmeleriň hem-de asylly işleriň ýyly hökmünde biziň hakydamyzda galýan, 2011-nji ýylyň iň aýdyň we ähmiýetli wakalary beýan edilýär.

2011-nji ýyl ýurdumyzyň 20 ýyllyk ösüşiniň jemini jemleýän we mundan beýläk-de okgunly öňe gitmegi üçin täze sepgitleri belleýän möhüm sepgit boldy. Şol ýylyň döredijilikli zähmete beslenen her bir güni döwletimiziň taryhy ýyl ýazgysyna Türkmenistanyň halkara abraýynyň gyşarnyksyz ösüşine, onuň ykdysady kuwwatyna, halkymyzyň maddy hal-ýagdaýyna, milletimiziň ruhy galkynyşyna şaýatlyk edýän barha täze we täze wakalary ýazdy. 2011-nji ýylda Türkmenistan parahatçylygy dörediji döwletiň, giň halkara hyzmatdaşlygy merkeziniň derejesini ynamly ykrar etmek bilen, dünýäde öz ýokary abraýyny has berkitdi. Geçen 12 aýda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň daşary yurt döwletleriniň we hökümetleriniň, abraýly halkara guramalarynyň baştutanlary, görnükli syýasatçylar hem-de işewür toparlarynyň wekilleri bilen birnäçe duşuşyklarynyň hem-de gepleşikleriniň geçirilendigini ýatlap geçmek bolar. Sebit boýunça goňşular, Ýewropa Bileleşigi we dünýäniň beýleki ýurtlary bilen Türkmenistanyň oňyn halkara gatnaşyklaryny hem-de özara bähbitli ykdysady hyzmatdaşlygyny ösdürmekde täze eýýamy açýan ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi we möhüm ylalaşyklar gazanyldy. Häzirki döwrüň iri möçberli meselelerini, şol sanda energetika we ekologiýa howpsuzlygygy meselelerini çözmäge, harby dawalary düzgünleşdirmäge gönükdirilen Türkmenistanyň daşary syýasat başlangyçlary dünýä bileleşiginde goldanylýar.

Ýubileý ýyly ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 20 ýyllygyna bagyşlanylan iri jemgyýetçilik ähmiýetli wakalaryň we ägirt uly medeni çäreleriň hem-de binalaryň açylyşlarynyň baýramçylyk öwüşgüni bilen ýatda galar. Şol çäreler täze Galkynyş eýýamynyň döredijilikli gujur-gaýratyny jemlemek bilen, Türkmen döwletiniň we jemgyýetiniň mundan beýläk-de ösüşine kuwwatly ruhy güýç berdi. Garaşsyzlygymyzyň 20 ýyllygynyň şeýle uly möçberde baýram edilmeginiň aýratyn manysy we ähmiýeti bardyr we ol döwletliligi, halkymyzyň agzybirligini pugtalandyrmaga, jemgyýetimizi binýatlyk gymmatlyklaryň daşyna jebisleşdirmäge gönükdirilendir, şol gymmatlyklaryň esasynda bolsa garaşsyzlyk, durnuklylyk, parahatçylyk hem-de ylalaşyk bar.

Türkmenistanyň aýdyň maksatlary we meýilnamalary, ägirt uly kuwwaty, ata-babalarymyzdan galan beýik mirasy bar. Olar ägirt uly mümkinçiliklerdir. Biz şolar bilen täze, ýurdumyzyň ykbaly üçin örän möhüm bolan ýyla gadam urýarys. Türkmenistanlylar ýakyn wagtlarda Türkmenistanyň Prezidentiniň ählihalk saýlawlaryna gatnaşarlar, ýokary jogapkärçiligi, öz raýatlyk borçlaryny duýýandyklaryny, ýurdumyzyň öňünde duran möhüm wezipelere düşünýändiklerini görkezerler. Innowasion ösüş Garaşsyz Türkmenistanyň mundan beýläk-de gülläp ösmeginiň girewidir diýip, milletiň Lideri hemişe nygtaýar. “2011-nji ýylda gazanylan üstünlikleri berkitmek bilen, biz geljek ýylda hem ýurdumyzyň ykdysadyýetini täze häzirki zaman binýat esasynda, diwersifikasiýa ýoly bilen ýokary depginde ösdürmek üçin zerur bolan ähli şertleri döretmegi dowam etdirmelidiris, ýurdumyzyň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini ýokarlandyrmak, halkymyzyň hal-ýagdaýyny düýpli gowulandyrmak, Watanymyzyň gülläp ösmegi we ösüşi boýunça maksada gönükdirilen anyk işleri alyp barmalydyrys” diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belleýär.

Meýdançada owadan arçanyň öňünde ajaýyp baýramçylyk çykyşlary ýaýbaňlanýar. Bu dabarany alypbarjy oňa gatnaşýanlaryň ählisiniň adyndan Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa bagt, saglyk, Watanymyzyň abadançylygynyň we gülläp ösmeginiň hatyrasyna başyny başlan özgertmelerini amala aşyrmagy arzuw edip, Täze ýyl bilen gutlaýar.

Baýramçylyk maksatnamasyny ýurdumyzyň meşhur estrada aýdymçylarynyň we tans toparlarynyň, teatr we sirk artistleriniň, wäşileriň, höwesjeň döredijilik toparlarynyň we elbetde, Aýazbabanyň hem-de Garpamygyň çykyşlary düzdi.

Teleköpri arkaly Aşgabatdaky Täze ýyl dabaralaryna biri-biriniň yzyndan welaýatlar goşulýarlar. Paýtagtymyzy ýurdumyzyň bäş welaýatynyň dolandyryş merkezleri bilen baglanyşdyrýan monitorlaryň Daşoguzda, Türkmenabatda, Maryda Ruhyýet köşkleriniň ajaýyp binalarynyň, şeýle hem Balkanabatda Döwlet drama teatrynyň öňünde we Änewde Mukaddeslik meýdançasynda oturdylandygy guwançlydyr. Şu gün şol ýerlerde hem welaýatlaryň meşhur döredijilik toparlarynyň gatnaşmagynda köp sanly tomaşaçylary ýygnan ajaýyp Täze ýyl çykyşlary ýaýbaňlandy.

Ýurdumyzyň ähli welaýatlarynyň hormatly ýaşululary, häkimleri, iň mynasyp we hormatly wekilleri biri-biriniň yzyndan döwlet Baştutanyny hem-de ähli türkmenistanlylary Täze ýyl bilen gutlaýarlar. Gadymy we ajaýyp türkmen topragynyň adamlarynyň ruhubelentligi hem-de ukyp-başarnygy bilen döredilen şirin owazly aýdym-sazlar ýaňlanýar, göçgünli tanslar ýerine ýetirilýär.

2011-nji ýylyň soňky minutlary ýetip gelýär, şol ýyl Watanymyz we halkymyz üçin taryhy ähmiýetli wakalara beslendi, Türkmen döwletini we jemgyýetini mundan beýläk-de ösdürmegiň ýoluny kesgitlemekde aýgytly ýyl boldy. Şol ýyl hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan başy başlanan we ýurdumyzyň ösüşine, türkmenistanlylaryň durmuşynyň derejesini we hiliniň okgunly ýokarlandyrmaga gönükdirilen reformalaryň we giň möçberli özgertmeler taslamalarynyň hem-de maksatnamalarynyň durmuşa geçirilmegi täze depgin aldy.

Milletiň Lideri “Döwlet adam üçindir!” diýen şygary öňe sürüp, ýurdumyzy döwrebaplaşdyrmagy her bir türkmenistanlynyň, her bir aýratyn maşgalanyň anyk bähbitlerine tabyn etdi. Hut ileri tutulýan durmuş ugurlary ähli özgertmeler maksatnamalarynyň esasyny düzdi. Häzirki wagtda biziň ýurdumyzyň ähli künjeklerinde döwletimiziň we jemgyýetimiziň durmuşynyň ähli ugurlaryny gozgaýan uly möhüm özgertmeler geçirilýär. Kanunçylyk ulgamy we ykdysadyýet, ylym hem-de bilim, saglygy goraýyş we durmuş taýdan üpjünçilik ulgamy, oba hojalygy hem-de ýangyç-energetika toplumy, ulaglar, aragatnaşyk we telearagatnaşyk, gurluşyk, medeniýet hem-de sungat öz ösüşinde kuwwatly itergi aldy.

Çuňňur özgertmeler welaýatlaryň durmuş-ykdysady ösüşine, olaryň baý ykdysady we tebigy mümkinçiliklerini durmuşa geçirmäge depgin berip, ýurdumyzyň ähli künjeklerini gurşap aldy. Ýurdumyzyň dürli şäherlerinde we obalarynda mekdepleriň, mekdebe çenli çagalar edaralarynyň, sport toplumlarynyň, saglyk merkezleriniň, täze häzirki zaman binalarynyň, has oňaýly ýaşaýyş jaýlarynyň, seýilgähleriň hem-de skwerleriň, önümçilik we medeni-durmuş maksatly beýleki desgalaryň ulanylmaga berilmegi munuň aýdyň mysalydyr. Häzirki wagtda Türkmenistanyň ähli künjeklerinde oba ýaşaýjylarynyň durmuşynyň hilini gowulandyrmaga, olaryň zähmet çekmegi, okamagy we dynç almagy üçin amatly şertleri döretmäge gönükdirilen toplumlaýyn durmuş-ykdysady maksatnamalar amala aşyrylýar.

Teleköpri geçirilen mahaly welaýatlaryň wekilleri 2011-nji ýylda welaýatlarda gurlan hem-de ulanylmaga berlen möhüm desgalaryň birnäçesini belläp geçdiler. Olaryň hatarynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Daşoguz, Lebap we Balkan welaýatlarynda Taryhy-- ülkäni öwreniş muzeýleriniň täze binalarynyň, Mary welaýat kitaphanasynyň, Ahal welaýatynda Halkara atçylyk sport toplumynyň dabaraly açylyşy bar. Täze gurlan desgalaryň hatarynda “Döwletabat-2” gaz basyş bekedini, täze Türkmenabat-Garabekewül elektrik geçiriji ulgamy, Ýylgynagyz baş maşyn akabasyny, Ahal welaýatynyň Baharly etrabynda “Ýyly suw” şypahanasynda täze binany, Gökderede çagalar sagaldyş merkezini, Balkan welaýatynda ýurdumyzda iri sement zawodyny, gözümiziň alnynda halkara syýahatçylygynyň we dynç alşynyň iri merkezi döredilýän Hazaryň kenar ýakasynda täze düzüm desgalaryny görkezmek bolar. Geçen ýyl milletiň Lideriniň başlangyjy bilen Lebap welaýatynyň Köýtendag etrabynda täze Garlyk şäherçesi döredildi, şol ýerde häzirki wagtda welaýatyň iri senagat merkezi üstünlikli kemala getirilýär, Marynyň eteklerinde ammiak we karbomid öndürýän zawodlaryň senagat toplumynyň düýbi tutuldy, Lebapda täze gazy gaýtadan işleýän zawodyň gurluşygyna badalga berildi.

Täze ýyl baýramçylyk telemarafonyny Garaşsyz Watanymyzyň ýüregi bolan, täze döwrüň beýanyna, milletimiziň gaýtadan dikelmeginiň nyşanyna öwrülen türkmen paýtagty jemleýär. Geçip barýan 2011-nji ýylda ýurdumyzyň baş şäherinde iri täze desgalaryň birnäçesi guruldy, olaryň her biri Aşgabadyň ajaýyp ýerlerine öwrüldi, olaryň hatarynda Konstitusiýa binasy we Bitaraplyk binasy, Döredijilik hem-de Ykdysadyýet şäherçeleri, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň işewürlik toplumy, Türkmenistanyň “Halkbank” döwlet täjirçilik banky, Maslahat köşgi we toý dabaralarynyň merkezi bolan “Bagt köşgi”, “Çagalar dünýäsi” söwda-dynç alyş merkezi, “Türkmenistan” teleradioýaýlymlar merkezi, 10 müň tomaşaçy üçin sportuň gyşky görnüşleri boýunça sport toplumy we “Olimp” sport mekdebi, 2000 orunlyk “Aşgabat” myhmanhanasy hem-de 20000 orunlyk köpugurly stadion we başgalar bar. Olar gün-günden gözelleşýän Aşgabadyň hakyky bezegi boldy.

Türkmen paýtagty iri halkara maslahatlaryny we festiwallaryny gurap hem-de olara gatnaşyjylary kabul edip, halkara işewürlik we medeni merkeziň derejesine ençeme gezek mynasyp boldy.

Hormatly ýaşulularyň we şäheriň häkiminiň gutlaglaryna isleg-arzuwlaryna bu ajaýyp agşam ägirt uly Konstitusiýa binasynyň öňündäki meýdança ýygnanan Türkmenistanyň sungat ussatlary, köp sanly döredijilik toparlary öz seslerini goşýarlar.

Jemleýji pursat gelip ýetýär, telemonitorlaryň ekranlaryndan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkyna Täze ýyl gutlagy bilen ýüzlenýär. Meýdança ýygnananlar we biziň watandaşlarymyzyň millionlarçasy milletiň Lideriniň çykyşyny ägirt uly üns bilen diňleýärler. Bu tolgundyryjy we dabaraly pursatlarda ähli türkmenistanlylary öz Garaşsyz Watanymyza, ýurdumyzyň häzirki gününe we geljegine ägirt uly buýsanç duýgusy birleşdirýär. Türkmenistanyň Döwlet senasy belent hem-de dabaraly ýaňlanýar.

2011-nji ýyl taryha öwrülýär we täze -- 2012-nji ýyl başlanýar. Şol pursat ägirt uly feýerwerk yşyklary meýdançanyň ýokarsyndaky asmany nurlandyrýar we Täze ýyl agşamyna şol öwüşgünleriň köpdürli reňklerini çaýýar. Mähriban Watandaşlar! Täze ýylyňyz gutly bolsun, size Täze ýyl täze bagt, biziň ýurdumyza we her bir öýe parahatçylyk, ylalaşyk, abadançylyk we rowaçlyk eçilsin!