Ï Älem giňişliginden hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa we türkmen halkyna Täze ýyl gutlagy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Älem giňişliginden hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa we türkmen halkyna Täze ýyl gutlagy

view-icon 743
Mälim bolşy ýaly, lýotçik-kosmonawt, Russiýanyň Gahrymany Oleg Kononenko Türkmenistanda dünýä indi. Ol öz wagtynda “Prezidentiň ýyldyzy” ordeni bilen sylaglandy, şol sylagy oňa Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow gowşurdy. O.Kononenko Halkara kosmos stansiýasynda özüniň ilkinji uçuşyny amala aşyran mahaly mähriban topragynyň mukaddes nyşanlary hökmünde Türkmenistanyň Döwlet tuguny, hormatly Prezidentimiziň Ştandartyny we kiçeňräk türkmen halysyny öz ýany bilen orbita aldy, olary Ýere gaýdyp gelende hormatly Prezidentimize gaýtaryp berdi.

Häzirki wagtda Oleg Kononenko Halkara kosmos stansiýasynda nobatdaky uçuşy amala aşyrýar, ol şol ýerden Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa we türkmen halkyna täze-2012-nji ýyl mynasybetli wideogutlagyny ýollady.

Gadyrly watandaşlarym!

Täze ýylyň öňüsyrasynda men size gutlag sözlerim bilen ýüzlenmek mümkinçiliginiň dörändigine tüýs ýürekden şatdyryn.

Ýaňy-ýakynda Türkmenistan özüniň Garaşsyzlygynyň 20 ýyllygyny belläp geçdi. Ýetip gelen Täze ýyl ýurdumyzyň häzirki zaman taryhynda täze onýyllyklaryň başlangyjyna badalga berýär. Taryh döredijiligiň belent depginlerine we halkyň durmuşynyň hakyky rowaçlygynyň aýdyň öwüşginlerine beslenendir.

Men älem giňişliginden ýeri synlamak bilen, özüm üçin mähriban ýurduň aýdyň şekilini görýärin. Meni hemişe dünýä inen we ösüp kemala gelen ýurduma, özüm üçin mähriban bolan ýürekdeş we zähmetsöýer halka hoşallyk duýgusy gurşap alýar.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa Täze ýylda berk jan saglygy, abadançylygy arzuw edýärin. Ýurdy dolandyrmagyň älem gämisini dolandyrmakdan hem has çylşyrymlydygyny bilýärin. Ýöne Siz bu wezipä üstünlik bilen hötde gelýärsiňiz. Hormatly jenap Prezident, geljekki Prezident saýlawlarynda Size üstünlik gazanmagy arzuw edýärin.

Şeýle hem Türkmenistanyň ähli ýaşaýjylaryna Täze ýylda berk jan saglyk, her bir maşgala bagt we şatlyk arzuw edýärin.

Goý, öý-ojagy her kime bolelin ýagtylygy we mähri paýlasyn, baýramçylyk saçagynyň başyna bolsa has köp adam ýygnansyn!

Goý, bütin ýurduň buýsanjy we şöhraty artsyn!

Täze ýylyňyz gutly bolsun!


Halkara älem stansiýasynyň bortundan lýotçik-kosmonawt - Oleg Kononenko.