Eziz watandaşlar!
Mähriban halkym!
Ýurdumyzyň durmuşynda ýatdan çykmajak şanly wakalara juda baý bolan 2011-nji ýyl hem tamamlanyp barýar. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Diýarymyz ýagşy umyt-arzuwlara beslenip, täze - 2012-nji ýyla ynamly gadam basýar.
Men sizi ýetip gelen täze – 2012-nji ýyl bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn!
Size berk jan saglyk, uzak ömür, abadan we bagtyýar durmuş, ýagşy niýetleriňiziň hasyl bolmagyny arzuw edýärin! Goý, Täze ýyl mähriban halkymyz üçin rysgal-döwletli, düşümli ýyl bolsun!
Bilşiňiz ýaly, biz 2011-nji ýylda ösüşiň täze belentliklerine tarap bedew bady bilen öňe barýan eziz Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda beýik işleri amala aşyrdyk, durmuşymyzyň ähli ugurlarynda düýpli özgertmeleri dowam etdik we geljekde ýerine ýetirjek tutumly işlerimiziň başyny başladyk.
Tamamlanyp barýan ýylda mähriban halkymyz agzybirlik we jebislik, dostluk we ylalaşyk, gurmak we döretmek ýoly bilen ynamly gadam urup, belent sepgitlere ýetdi. Şu ýylda biz ata Watanymyzy kuwwatly, gülläp ösen ýurda öwürmek, mähriban halkymyzyň bagtyýar we abadan durmuşda ýaşamagy ugrunda öňde goýan beýik maksatlarymyzy üstünlikli durmuşa geçirdik.
Şu ýyl biziň merdana halkymyz berkarar Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 20 ýyllyk şanly baýramyny hem örän ýokary derejede, uly dabaralara besläp, giňden belläp geçdi. Garaşsyzlyk baýramymyz mynasybetli döwlet derejesinde geçirilen çärelerde halkymyzyň ruhubelentligi, mukaddes Watanymyza bolan çäksiz söýgüsi aýdyň ýüze çykdy.
Ýurdumyzda amala aşyrylýan ykdysady özgertmeler önümçiligiň has-da ösmegine, döwletimiziň ykdysady kuwwatynyň artmagyna uly itergi berdi.
Geçip barýan ýylda gazanan ykdysady ösüşlerimiz adamlaryň hal-ýagdaýynyň has-da gowulanmagyna, raýatlarymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň ýokary derejelere göterilmegine şert döretdi.
Oba hojalyk pudagyny döwrebap ösdürmekde, azyk önümleriniň bolçulygyny döretmekde uly üstünlikler gazanylan 2011-nji ýyl halkymyz üçin rysgal-bereketli ýyl boldy.
Tamamlanyp barýan ýylda eziz Watanymyzda Obalaryň, şäherçeleriň we şäherleriň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça kabul eden Milli maksatnamamyzda göz öňünde tutulan ähli işler üstünlikli ýerine ýetirildi.
Bu Maksatnamanyň amala aşyrylmagy welaýatlarymyzyň we etraplarymyzyň, şäherlerimiziň hem-de obalarymyzyň keşbiniň düýpgöter özgermegine, ilatymyzyň hal-ýagdaýynyň has-da ýokarlanmagyna mümkinçilik berdi.
Şu ýyl diňe paýtagtymyz Aşgabatda däl, eýsem tutuş ýurdumyzda hem dürli maksatly binalaryň, zawod-fabrikleriň, önümçilik we ýaşaýyş jaý toplumlarynyň, saglygy goraýyş, syýahatçylyk hem-de sport merkezleriniň we başga-da ýüzlerçe desgalaryň gurluşygy güýçli depginler bilen alnyp baryldy. Netijede, gözel Diýarymyz gül açýan mekana öwrüldi. Geljekde hem biz bu ugurda alyp barýan işlerimizi has ýokary depginler bilen dowam ederis.
Milli medeniýetimiz ykdysadyýetdäki beýik ösüşleriň, jemgyýetdäki ajaýyp sazlaşygyň, halkymyzyň ruhy galkynyşynyň özboluşly aýnasydyr.
Gözel Diýarymyzda medeniýet we sungat hem ösüşiň täze derejelerine göterildi. Medeni maksatly ajaýyp binalaryň onlarçasynyň, şol sanda Medeniýet şäherçesiniň gurlup, ulanmaga berilmegi bolsa, medeniýetimiziň we sungatymyzyň has-da kämilleşmegine giň mümkinçilikleri açdy.
Eziz watandaşlar!
Türkmen halkynyň müňýyllyklaryň dowamynda agzybir ýaşamagyna şert döreden ajaýyp ýörelgeler, ata-babalarymyzyň guran döwletleriniň binýadynyň berk bolmagyna ýardam eden Gorkut atanyň pähim-parasatlary, Seljuklar döwletiniň rowaçlanmagynyň esaslaryny düzen adyl syýasat, şeýle hem Magtymguly Pyragynyň berkarar döwlet baradaky arzuwlary şu ýyl paýtagtymyzda gurlan Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň binasynda öz aýdyň beýanyny tapdy.
Baş Kanunymyzyň ruhuna siňdirilen Watany söýmek, agzybirlik, dost-doganlyk, jebislik ýaly milli häsiýetler bolsa, döwletimiziň Ýer ýüzündäki mertebesiniň beýgelmegine, at-abraýynyň, şan-şöhratynyň has-da artmagyna getirdi.
Şu ýyl Bitarap Watanymyz daşary syýasatda hem uly üstünlikler gazandy. Milli ýörelgelerimize we halkymyzyň bähbitlerine laýyklykda amala aşyrylan daşary syýasatymyz halkara jemgyýetçiligi tarapyndan giňden goldandy.
Parahatçylyk arkaly ösüş ýoly bilen öňe barýan mähriban Watanymyz 2011-nji ýylda dünýäniň ösen döwletleri bilen özara bähbitli ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy pugta ýola goýdy.
Halkymyza mahsus bolan milli aýratynlyklara laýyklykda sebitde ylalaşdyryjy döwlet hökmünde taryhy wezipäni uly abraý bilen ýerine ýetirmekde nusga alarlyk işler bitirilýär.
Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 66-njy mejlisinde biziň ýurdumyz halkara derejesinde täze, möhüm başlangyçlary we teklipleri öňe sürdi.
Bitarap döwletimiz Ýer ýüzüniň ähli ýurtlaryna hormat goýmaga, dostluga esaslanýan daşary syýasaty amala aşyrmak bilen, dünýäniň dürli sebitlerinde ýüze çykýan meseleleri düzgünleşdirmekde syýasy-diplomatik serişdeleri ulanmagyň tarapdary bolup çykyş edýär.
Biziň Birleşen Milletler Guramasynyň beýik münberinden yglan eden tekliplerimiz diňe bir öz halkymyzyň bähbitlerine däl-de, eýsem umumyadamzat bähbitlerine hem gönükdirilendir. Bu teklipler «Döwlet adam üçindir!» diýen baş ýörelgämizden gözbaş alyp gaýdýar.
Milli bähbitlerden ugur alyp, dünýädäki syýasy, ykdysady, medeni-gumanitar, ylmy-tehnologik we maglumatlar ulgamyna işjeň gatnaşýan ýurdumyz Ýer ýüzüniň ähli döwletleri bilen giňden hyzmatdaşlyk etmek ýoluny saýlap aldy. Bu ugurda deňhukukly hyzmatdaşlyk etmekde şu ýyl bize netijeli işleri amala aşyrmak başartdy.
Umuman, biz 2011-nji ýyly örän uly üstünlikler, beýik zähmet ýeňişleri bilen tamamladyk diýip ynamly aýdyp bileris! Nesip bolsa, 2012-nji ýylda hem ähli ugurlar boýunça başlan giň gerimli özgertmelerimizi, tutumly işlerimizi güýçli depginler bilen dowam ederis.
Hormatly adamlar!
Bilşiňiz ýaly, 2012-nji ýylyň 12-nji fewralynda ýurdumyzyň durmuşynda möhüm syýasy waka – Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlary bolup geçer. Biz bu möhüm syýasy çäräniň kanuna laýyklykda, bäsleşik esasynda, demokratik, aç-açanlyk we aýanlyk ýörelgelerini goldanyp, jemgyýetimiziň ähli gatlaklarynyň wekilleriniň örän işjeň gatnaşmagynda, ýokary guramaçylykly geçiriljekdigine pugta ynanýarys. Men Döwlet Baştutanynyň belent wezipesine hödürlenen dalaşgärleriň ählisine üstünlik arzuw edýärin!
Eziz watandaşlar!
Täze ýylda bize ägirt uly, beýik işler garaşýar. Öňümizde durýan belent wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmekde biz halkymyzyň egsilmez gujur-gaýratyna we synmaz erkine daýanarys! Geljek ýylda biz öňküden-de jebisleşip, mähriban Watanymyzy mundan beýläk-de ösdürmek ugrunda yhlasly we tutanýerli zähmet çekeris!
Mähriban watandaşlar!
Ýene-de sanlyja minutlardan täze – 2012-nji ýyl hem bosagamyzdan ätlär.
Goý, uly ynam, ýagşy umyt-arzuwlar, gowy niýetler bilen gadam basýan täze ýylymyz her bir türkmenistanly üçin abadançylygyň, bagtyýarlygyň, rysgal-berekediň, rowaçlygyň we uly üstünlikleriň ýyly bolsun!
Siziň maşgala ojaklaryňyzda Täze ýylda agzybirlik we asudalyk höküm sürsün!
Täze – 2012-nji ýylyňyz gutly bolsun, mähriban watandaşlar!