Tamamlanan 2011-nji ýylyň ahyrky gününiň wakalary kalbymyza guwanç bolup dolup, biziň her birimiziň ata Watanymyza bolan buýsanjymyzy artdyrdy. Täze ýyl gijesinde 2012-nji ýylyň şatlyk-şowhun täsirli dabaralary bilen, uly agzybir maşgala bolup garşylanmagy tamamlanan ýyla bolan hoşallygy we başlanan Täze ýyla uly umyt-arzuwlaryň baglanýandygyny görkezdi. Ýurdumyzyň Baş arçasynyň töwereginde ýaýbaňlanan medeni köpçülik çäreleri hormatly Prezidentimiziň türkmen halkyna Täze ýyl mynasybetli gutlag bilen ýüzlenmegi bilen utgaşyp gitdi. Döwlet Baştutanymyz gutlagynda: “Bilşiňiz ýaly, biz 2011-nji ýylda ösüşiň täze belentliklerine tarap bedew bady bilen öňe barýan eziz Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda beýik işleri amala aşyrdyk, durmuşymyzyň ähli ugurlarynda düýpli özgertmeleri dowam etdik we geljekde ýerine ýetirjek tutumly işlerimiziň başyny başladyk” diýip bellemek bilen, geçen ýyly umuman häsiýetlendirip, 2011-nji ýyly uly üstünlikler, beýik zähmet ýeňişleri bilen tamamladyk diýip, ynamly aýdyp bileris. Nesip bolsa, 2012-nji ýylda hem ähli ugurlar boýunça başlan giň gerimli özgertmelerimizi, tutumly işlerimizi güýçli depginler bilen dowam ederis diýip aýtdy.
Ýurdumyzyň Baş arçasynyň töweregine ýygnananlar, hemme ildeşlerimiz milletiň Lideriniň gutlag sözlerini örän uly üns berip diňlediler. Hormatly Prezidentimiziň 2011-nji ýylyň iň soňky minutlary bilen utgaşykly aýdan “Täze--2012-nji ýylyňyz gutly bolsun, mähriban watandaşlar!” diýen nurana sözleri her bir türkmenistanlynyň kalbynyň joşguny bolup ýaňlandy. Şu tolgundyryjy dabaraly minutlarda türkmenistanlylaryň ählisini eziz hem Garaşsyz Watanymyz üçin ägirt uly hakyky buýsanç duýgulary, jebislik we häzirki wagtda gadymy türkmen topragynda bolup geçýän ähli özgerişliklere özleriniň dahyllydyklaryny guwanç duýgulary birleşdirdi. Türkmenistanyň Döwlet senasy dabaraly ýaňlandy. Şeýlelikde, 2011-nji ýyl taryha girip, täze, 2012-nji ýyl başlandy. Şu pursatda asmana atylan müň dürli öwüşgünler bilen Täze ýyl feýerwerkleriniň sazly yşklary şöhle saçdy. Ol hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda täze Galkynyş zamanamyzyň Täze ýylda-da dabaralanjykdygynyň buşlukçysy bolup ýüreklerde hem aňlarda ornady.
Her bir işde mähriban halkyna bil baglaýan milli Liderimiz Täze ýylyň ilkinji gününde bolsa şäher bilen Köpetdagyň eteginde ýerleşýän Ahalteke atçylyk toplumyna geldi.
Belent mertebeli döwlet Baştutanymyz ol ýerde türkmen halkynyň gadymdan gelýän asylly däbine eýerip, bedewe atlandy. Hormatly Prezidentimiziň berkarar eden täze Galkynyş eýýamynyň belent ruhuny, okgunly ösüşlerini aýdyň beýan edýän bu buýsançly milli ahwalyň çuňňur manysy bar. Türkmen halky “At-myrat” diýýär, merdana milletimiziň beýik buýsanjyna öwrülen ahal-teke atlary ähli zamanlarda, ähli eýýamlarda türkmeniň myrady, beýik maksatlara ýetmeginde uçar ganaty bolupdur. Bu häzirem şeýle, çünki häzirki täze Galkynyş eýýamynda bedew bady bilen öňe barýan ýurdumyzyň her bir güni üstünliklere, belent zähmet ýeňişlerine beslenýär.
Bedew atlara juda belent gadyr goýýan, olar hakynda birnäçe eserleri döreden hormatly Prezidentimizi bedew atlarynyň ýanynda göreniňde şu pursatlaryň taryhy we häzirki döwri özünde jemleýändigine göz ýetirýärsiň.
Milli Liderimiz özüniň Akhan atly nurana bedewine atlanyp, gezim etdi. Akhan şu pursata köp wagtlap garaşan mysaly ýörişini üýtgetdi, diňe ahalteke atlaryna mahsus oýunlary etdi. Gulajyklaryny keýerden ak at ýorgunlap, gelşikli aýaklary bilen üýtgeşik hereketleri görkezdi. Onuň ruhy göterilip, tans edýän görnüşdäki hereketleri, boýnuny dik tutup, keýerjekleýşi, türkmeniň rysgyna rysgal goşjak Täze ýylyň başynda türkmen halkyna ýagşy arzuwlary eden döwlet Baştutanymyzyň bagtyýarlyga uzaýan ak ýollaryna şaýat bolýandygyna guwanýandygyndan habar berýär.
Ak ata atlanan hormatly Prezidentimiz eşret eýesi bolup, ak ýollara rowan bolan türkmen halkyny rowaçlyklara alyp barýandygynyň alamatyny janlandyrdy. Şeýlelikde gözüň ýagyny iýip barýan owadan şekilli Akhan döwlet Baştutanymyz bilen belent ruhy ýaran edinip, çapuw ýodasynda ýöriş etdi.
Şu pursatlary synlanyňda, aty rysgal-bereketiň nyşany saýýan türkmen halkynyň dünýä dolan täze ýylynyň bereketli, sahawatly boljakdygyna göz ýetirýärsiň.
Hormatly Prezidentimiziň öz çykyşlarynda belleýşi ýaly, türkmen üçin bedew at manyly ömründe, derejeli durmuşynda, mertebeli ýaşaýşynda ýakyn syrdaşy bolupdyr we şeýle bolmagynda galýar. Ahalteke aty merdana milletimiziň dünýä beren beýik gymmatlygydyr we türkmeniň medeniýet dörediji halkdygyny älem-jahana aýan edýän aýdyň subutnamadyr.
Täze Galkynyş eýýamynda türkmen bedewi öz asyl durkuna, türkmeniň kalbyndan gaýdýan beýik buýsançly beýanyna, çuň milli mazmunyna täzeden eýe boldy.
Hormatly Prezidentimiz bu milli gymmatlyklary zamananyň ruhy tugy deýin belentde parlatdy.
Özüniň “Ahalteke bedewi – biziň buýsanjymyz we şöhratymyz” atly kitabynda, hormatly Prezidentimiz “Biz geljekde hem bedewlerimizi birjik-de ünsden düşürmeris, çünki olar biziň buýsanjymyz we şöhratymyzdyr, biziň yhlasymyzdyr” diýip nygtaýar.
Milli Liderimiz ahalteke bedewleri hakynda döreden birnäçe eserleriniň üstüni ýetirmek maksady bilen, bu ýerdäki iş stolunyň başyna geçdi. Döwlet Baştutanymyz bedewlere degişli taryhy çeşmelere, olar hakynda ýazylan eserlere ser saldy we “behişdi bedewlere” bagyşlanan eserini dowam etmäge girişdi.
Umuman aýdanymyzda, bedew aty rysgal-döwlet hasaplaýan halkymyzyň ýagşy däplerinden çen tutsaň, hormatly Prezidentimiziň Täze ýylyň ilkinji gününde ahalteke bedewleri bilen didarlaşmagy 2012-nji ýylyň belent ýeňişleriniň buşlukçysy boldy we onuň berekede beslenjekdiginiň aýdyň nyşanydyr.