Ï „Aşgabat“ we „Türkmenistan-Sport“ türkmen teleýaýlymlary işe başlady
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

„Aşgabat“ we „Türkmenistan-Sport“ türkmen teleýaýlymlary işe başlady

view-icon 1149
2012-nji ýylyň 1-nji ýanwarynda täze „Aşgabat“ we „Türkmenistan-Sport“ türkmen teleýaýlymlary işe başlady.

„Aşgabat“ teleýaýlymy türkmen paýtagtynda giň möçberli özgertmeler barada gürrüň berýär, paýtagtyň jemgyýetçilik, medeni, ykdysady durmuşy, ylym we bilim ulgamlarynda alnyp barylýan işler bilen teletomaşaçylary tanyşdyrýar.

Gije-gündiziň dowamynda ýaýlyma çykýan „Türkmenistan-Sport“ teleýaýlymy sagdyn durmuş ýörelgelerini we köpçülikleýin bedenterbiýe bilen meşgullanmagy wagyz – nesihat etmeklikligiň üsti bilen türkmen sportunyň ösüşine ýardam bermekligi öňünde wezipe edinýär.

Ýurduň habar beriş giňişliginiň ulalmagynyň esaslarynda berk tehniki binýat bar. 2011-nji 17-nji oktýabrynda türkmen paýtagtynyň günortasynda „Türkmenistan“ teleradioýaýlymlar merkeziniň täze binasy dabaraly ýagdaýda açylyp ulanylmaga berildi. Teleradiomerkez tele, radio aragatnaşyk ulgamynyň ösmeginiň we kämilleşdirilmeginiň aýdyň nyşany boldy.

Umuman, häzirki wagtda Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň 7 sany teleýaýlymy: „Altyn Asyr“, „Miras“, „Ýaşlyk“, „Türkmenistan“ halkara teleýaýlymy , „Türkmen owazy“ aýdym-saz teleýaýlymy, „Aşgabat“, we „Türkmenistan-sport“ teleýaýlymlary öz döwrebap gepleşiklerini ýaýlyma berýär.