Ï Türkmenistanyň Prezidenti paýtagtymyzyň merkezindäki täze gurluşykda işleriň barşy bilen tanyşdy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti paýtagtymyzyň merkezindäki täze gurluşykda işleriň barşy bilen tanyşdy

view-icon 554
Şu gün irden hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyzda şäher gurluşygy boýunça ýaýbaňlandyrylan uly möçberli maksatnamany berjaý etmegiň barşy bilen tanşyp, Aşgabadyň taryhy merkezinde gurulýan desga baryp gördi.

Mälim bolşy ýaly, milletiň Lideri türkmen paýtagtyny ösdürmek we mundan beýläk-de abadanlaşdyrmak bilen bagly meselelere elmydama aýratyn üns berýär. Şu gün hem Bitarap Türkmenistan şaýolynyň we Görogly we Ç.Nurymow köçeleriniň arasynda ýerleşen gurluşyk meýdançasyna barlyp görülmegi hem muňa aýdyň şaýatlyk edýär, bu ýerde döwlet Baştutanynyň Kararyna laýyklykda, möhüm ähmiýetli desgalaryň biriniň-- Türkmenistanyň Hökümetiniň binasynyň gurluşygy ýaýbaňlandyrylýar. Täze binany gurmak “VINСI Сonstruсtion Grands Projets” fransuz kompaniýasyna ynanyldy. Bu kompaniýa döwrebap “Aşgabat” kino merkezini gurdy. Täze binany 2013-nji ýylyň dekabrynda ulanmaga bermek göz öňünde tutulýar.

Bu ýerde döwlet Baştutanymyzy Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary D.Orazow, H.Muhammedow, Aşgabat şäheriniň häkimi Ş.Durdylyýew, ýurdumyzyň jemagat hojalygy ministri A.Ýagşymämmedow hem-de Fransiýanyň “VINСI Сonstruсtion Grands Projets” kompaniýasy tarapyndan bu ýerde alnyp barylýan gurluşyk işleriniň ýolbaşçysy Florian Bretodo garşyladylar. Milletiň Lideri alnyp barylýan işleriň barşy hem-de täze binanyň daşky bezegine we içki görnüşine degişli taslamalar, şeýle hem daş-töwerekdäki ýerleriň abadanlaşdyrylyşy bilen jikme-jik tanyşdy. Fransiýanyň gurluşyk kompaniýasynyň ýolbaşçysy häzirki wagtda bu ýerde täze binanyň düýbüni tutmaga taýýarlyk görülýändigini aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow türkmen paýtagtynyň taryhy merkeziniň täze binagärlik keşbine sazlaşykly goşulyşjak bu binanyň özboluşly ähmiýete eýe bolup durýandygyna ünsi çekip, degişli ýolbaşçylara täze binanyň gurluşygynyň hiliniň ýokary standatlara laýyk gelmegi bilen baglylykda anyk görkezmeleri berdi. Döwlet Baştutany Türkmenistanyň Hökümetiniň täze binasynda milli binagärligiň iň oňat ýörelgeleriniň öz beýanyny tapyp, döwrebap dizaýny bilen tapawutlanmalydygyny we tehniki taýdan dünýäniň ýokary ülňülerine laýyklykda üpjün edilmelidigini belledi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gurluşygyň alnyp barylýan ýerini synlap, aşgabatlylaryň ýaşaýşynyň ýokary standartlara laýyk gelmegini we umuman, gözümiziň alnynda dünýäniň iň owadan we ýaşamak üçin amatly şäherleriniň birine öwrülýän baş şäherimiziň mundan beýläk-de sazlaşykly ösüşini üpjün etmäge gönükdirilen şäher gurluşygy babatdaky syýasaty durmuşa geçirmegiň meselelerine yzygiderli ýagdaýda üns bermegi tabşyrdy.

Milletiň Lideri häzirki wagtda gurulýan ähli binalaryň sazlaşykly ösýän ak mermerli Aşgadyň binagärlik keşbine sazlaşykly goşulyşmalydygyny ýene-de bir gezek belläp, ýygnananlar bilen hoşlaşdy we olara işde üstünlikleri gazanmagy arzuw etdi.