Ï Türkmenistanyň Prezidenti Balkan welaýatyna iş saparyny amala aşyrdy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti Balkan welaýatyna iş saparyny amala aşyrdy

view-icon 795
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Balkan welaýatyna iş saparyny amala aşyrdy, onuň çäklerinde Hazaryň kenar ýakasynda balyk we balyk önümlerini öndürmek boýunça iri toplumy gurmak, şeýle hem Demirgazyk Goturdepe nebitgaz ýatagyny özleşdirmek boýunça işleriň barşy bilen tanyşdy. Bereket şäherinde döwlet Baştutany demirýolçular bilen duşuşdy.

Bu uly möçberli maýa goýum taslamalarynyň her biri milli Liderimiziň döredijilikli syýasatynyň – Türkmenistanyň ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmaga, türkmen halkynyň abadançylygyna we rowaçlygyna gönükdirilen oňyn reformalar hem-de uly möçberli özgertmeler syýasatynyň äşgär netijesidir. Olaryň durmuşa geçirilmegi ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumyny we balyk senagatyny, ulag ulgamyny mundan beýläk-de depginli ösdürmäge hem-de degişlilikde biziň ýurdumyzyň baý tebigy baýlyklaryny hem-de amatly geografiýa ýagdaýyny netijeli peýdalanmaga, Merkezi Aziýanyň üstünden geçýän amatly sebitleýin we halkara ulag ugurlaryny kemala getirmäge ýardam eder.

Türkmen döwletiniň Baştutanynyň Balkan welaýatyna häzirki saparynyň esasy maksady, Türkmenistanyň Prezidentligine 12-nji fewralda boljak saýlawlara taýýarlyk görmegiň çäklerinde saýlawçylar bilen duşuşyk bolup durýandygyny hem aýdyp geçmeli. 2011-nji ýylyň 15-nji dekabrynda ýurdumyzyň jemgyýetçilik guramalarynyň Aşgabatda bolan bilelikdäki mejlisinde Türkmenistanyň Demokraitik partiýasynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýokary döwlet wezipesine dalaşgärlige hödürlenendigini belläp geçmeli.

Ir bilen hormatly Prezidentimiziň uçary Türkmenbaşy şäheriniň halkara aeroportuna gondy.

Şol ýerde, howa menzilinde iş maslahaty boldy. Onuň barşynda Balkan welaýatynyň senagat düzümini ösdürmegiň “2011-2030-njy ýyllar üçin Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň Milli maksatnamasynyň” çäklerinde işläp taýýarlanylan maksatnamasy döwlet Baştutanynyň garamagyna hödürlenildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Günbatar welaýtda häzirki zaman tilsimatlary bilen üpjün edilen täze önümçilikleriň 80-sini gurmagy, şeýle hem işläp gelýýän kärhanalaryň 10-syny düýpli döywrebaplaşdyrmagy we tehniki taýdan gaýtadan enjamlaşdyrmagy, täze iş orunlarynyň 7192-sini döretmegi göz öňünde tutýan bu resminama bilen tanşyp, birnäçe bellikleri hem-de teklipleri girizdi.

Balkan welaýatynyň häkimi S.Satlykow "Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň durmuş-ýaşaýyş şertlerini düýpli özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasy" we “Türkmenistanyň ilatly ýerlerini arassa agyz suwy bilen üpjün etmegiň baş maksatnamasyny” durmuşa geçirmegiň çäklerinde günbatar welaýtda geçirilýän işler hakynda hasabat berdi.

Welaýatyň ýolbaşçysy döwlet Baştutany tarapyndan öň berlen tabşyryklaryň ýerine ýetirişi hakynda hasabat berip, Gyzylsuw şäherçesiniň energiýa üjünçiliginiň gowulandyrmak, şeýle hem Türkmenbaşy şäherinde durmuş-ykdysady desgalaryň birnäçesini we “Awaza” milli syýhatçylyk zolagynda seýilgäh toplumyny gurmak baradaky taslamalary hödürledi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şol taslamalar bilen tanşyp we tutuşlygyna alnanda olary makullap, welaýatyň ýolbaşçylaryndan durmuş ulgamyny—bilimi, saglygy goraýşy, ýaşaýyş jaý, jemagat ulgamyny hemmetaraplaýyn ösdürmäge degişli meseleleri hemişe üns merkezinde saklamagy olardan talap etdi, munuň özi halkyň mady hal-ýagdaýynyň derejesini ýokarlandyrmak bilen gönüden-göni baglanyşyklydyr. Adamlaryň durmuşynyň täze, ýokary ülňülerini üpjün etmek Türkmenistanyň ýöredýän ähli syýasatynyň möhüm wezipesidir hem-de maksadydyr, onuň düýp mazmuny “Döwlet--adam üçindir!” diýen şygarda kesgitlenildi diýip, milletiň Lideri nygtady.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow maslahaty tamamlap, özüne garaşýan dikuçara tarap ugraýar. Dikuçar howa göterilýär we Türkmenbaşy etrabyna tarap ugur alýar.

Mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiz wagtdan örän netijeli peýdalanmak endigine eýerip, dikuçarda Gyýanla tarap barýan pursatynda guş uçar belentlikden daş-töweregi synlady. Milli Liderimiz bu künjekde ýaýbaňlandyrylan gurluşyk işleriniň barşyna aýratyn üns berdi. Ýurtda durmuşa geçirilýän oňyn özgertmeler syýasaty netijesinde bu ýerlerde kämil düzümi bolan döwrebap şäherçe peýda bolar. Onda senagat-durmuş ähmiýetli desgalaryň giden tapgyry gurlar.

Birnäçe wagtdan soň hormatly Prezidentimiziň dikuçary Gyýanly şäherçesiniň eteklerine gonýar.

Milletiň Lideri bu ýere ýygnananlar bilen salamlaşyp, balyk we balyk önümlerini öndürýän täze toplumyň guruljak ýerine tarap ugraýar.

Şol ýerde ýurdumyzyň balyk senagatynyň öňbaşçy kärhanasy bolan “Balkanbalyk” döwlet kärhanasynyň önümleriniň sergisi ýaýbaňlandy, şol kärhana kiçi göwrümli gaýyklaryň-katerleriň we balyk tutujy-doňduryjy gämileriň flotuna eýe bolmak bilen, Hazaryň kilkasyny, balyklaryň bekleki görnüşleri bolan kepiri, kefaly we başga balyklary awlaýar. Hazaryň baýlyklary bolan täze balyklar, kakadylan, duzlanan, konserwirlenen önümler giň görnüşde ýurdumyzyň söwda ulgamyna çykarylýar.

Deňiz ýakasynda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynyň döredilmegi bilen baglanyşykly geçen ýylda “Balkanbalyk” döwlet kärhanasynyň şypahana merkezi bolan Türkmenbaşy şäherinde ýerleşýän balygy gaýtadan işleýän sehlerini Gyýanly şäherçesine göçürmek hakynda kararyň kabul edilendigini hem belläp geçmeli.

Hünärmenler Türkmenistanyň Prezidentini täze, halkara ülňülerine laýyk gelýän önümçilik toplumynyň taslamasy bilen tanyşdyrýarlar, ony Hazaryň kenarynda gurmak bellendi. Toplumyň ýyllyk önümçilik kuwwaty balyk konserwalarynyň dürli görnüşleriniň 2 million 824 müň bankasyna, şeýle hem dürli balyk önümleriniň, şol sanda kakadylan, kaklanan, duzlanan we marinirlenen balygyň, balyk ýarym fabrikatlarynyň we beýleki önümleriniň 300 tonnasyna barabardyr. Mundan başga hem önümçilik galyndylaryndan balyk uny taýýarlanylar, ol hususan-da, maldarçylykda we guşçulykda iýmlere gymmatly azyk goşundysy hökmünde peýdalanylyp bilner.

Bu ýerde balyklary senagat taýdan gaýtadan işlemegi we emeli usulda, şol sanda bekre balyklaryny ösdürip ýetişdirmegi utgaşdyrmagyň meýilleşdirilýändigi bu toplumyň esasy aýratynlygy bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda döwlet Baştutanynyň belleýşi ýaly, Hazar deňziniň özboluşly biologiki serişdelerini gorap saklamak hem-de köpeltmek babatda bu taslamanyň ekologiki tarapy örän möhümdir.

Tutuşlygyna alnanda ýurdumyzda balyk senagatynyň häzirki zaman önümçilik düzüminiň döredilmegi, deňizde balyk tutmagyň hemmetaraplaýyn ösdürilmegi içerki sarp ediş bazarynda azyk bolçulygyny üpjün etmek baradaky wezipeleri çözmäge tabyn edilendir, munuň özi Türkmenistanyň durmuş-ykdysady syýasatynyň möhüm ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady.

Milletiň Lideri balyk pudagynyň zähmetkeşleri we Gyýanly şäherçesiniň ýaşaýjylary bilen bolan söhbetdeşlikde olaryň iş şertleri, durmuşy, gündelik iş-aladalary bilen jikme-jik gyzyklandy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, bu iş saparynyň esasy maksady adamlar bilen duşuşmakdan, welaýatlarda ýaýbaňlanan uly möçberli durmuş-ykdysady özgertmeleriň çäklerinde ýerlerde işleriň barşy bilen tanyşmakdan ybaratdyr.

Döwlet Baştutany häzirki taryhy tapgyrda ýurdumyzyň öňünde durýan möhüm wezipeler barada söz açyp, ykdysadyýetimizi mundan beýläk-de diwersifikasiýalaşdyrmak, ylmy, bilimi we saglygy goraýyşy dünýä derejesine çykarmak, türkmen topragynyň ähli künjeklerinde häzirki zaman durmuş düzümlerini döretmek boýunça bilelikdäki uly işi geçirmegiň öňde durýandygyny nygtady.

Duşuşyga gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa Balkan welaýatynyň depginli durmuş-ykdysady ösüşi, türkmen halkynyň maddy hal-ýagdaýyny ýokarlandyrmak barada görülýän çäreler üçin çäksiz hoşallyk bildirdiler we Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgärlige hödürlenen milli Liderimizi özleriniň goldaýandyklaryny aýdyp, saýlawlar gününde döwlet Baştutanymyza ses berjekdiklerini beýan etdiler.

Türkmenistanyň Prezidentligine dalaşgär gyzyklanma bildirýändikleri we üns berýändikleri üçin balkanlylara minnetdarlyk bildirip, mähriban halkymyza wepaly we ak ýürekden hyzmat etjekdigine, Watanymyzyň gülläp ösmegi üçin ähli çäreleri görjekdigine saýlawçylary ýene-de bir gezek ynandyrdy.

Döwlet Baştutany duşuşyga gatnaşyjylar bilen mähirli hoşlaşyp, Demirgazyk Goturdepe nebitgaz ýatagyna tarap ugrady, ol hazaryň kenarýaka zolagynda ýerleşýär.

Türkmenistanyň Prezidentiniň dikuçary 200-nji guýynyň ýanynda gurnalan meýdança gondy.

Bu ýerde milletiň Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow ýatagyň düzümleri we bu ýerde alnyp barylýan işler bilen tanyşýar. Hünärmenler hormatly Prezidentimize ýatagyň uly mümkinçilikleri we onuň ýangyç-gorlaryny özleşdirmek baradaky meýilnamalar hakynda habar berýärler.

Mälim bolşy ýaly, nebitiň we gazyň çykarylyşyny artdyrmak hem-de pudagyň çig mal binýadyny berkitmek ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň öňünde duran ileri tutulýan wezipeleriň hataryna girýär. Şunda günbatar welaýatda nebitgaz çykaryş senagatyny mundan beýläk-de ösdürmegiň mümkinçilikleri esasan Hazar deňziniň ýangyç serişdelerini özleşdirmek bilen baglydyr, häzir şol serişdeler nebitiň 12 milliard tonnasyna we gazyň 6,5 trillion kub metrine, şeýle hem uglewodorodlaryň çuňlukda ýerleşen gatlaklaryna barabar baha berilýär.

“Türkmennebit” döwlet konserniniň Germaniýadan, HHR-dan, Russiýadan bolan esasy önüm öndürijileriň, hususan-da, guýulary dört kilometrden ýedi kilometer çenli çuňlykda burawlamaga mümkinçilik berýän iň täze tehnikasy hem-de enjamlary bilen üpjün edilen edaralary bu ugurda işleri giň gerim bilen ýaýbaňlandyrdylar. Gündogar Çeleken, Demirgazyk Goturdepe ýataklarynda we Günorta-Günbatar meýdançalarda gurlan çuň we örän çuň guýular diňe bir olaryň geologiki gurluşyny takyklamaga däl, eýsem, ýurdumyzyň çäklerinde ýangyç gorlarynyň düýpli artdyrylmagyny üpjün etmäge mümkinçilik berdi.

Balkanyň burawlaýjylarynda öňdebaryjy tilsimatlary ulanmak, hususan-da, elektrik arkaly burawlamak, ýapgytlaýyn – bir ugra gönükdirip we gapdallaýyn guýulary gurmak babatda ep-esli terjibäniň toplanandygyny aýratyn nygtap geçmek gerek, munuň özi önümli gatlaklardan ýangyç çig malyny almagy düýpli artdyrmaga we mundan başga hem kiçeňräk hem-de barmasy kyn gatlaklary işläp taýýarlamaga mümkingçilik berýär.

Hususan-da, bu häzirki zaman tilsimatlary Demirgazyk Goturdepe ýatagynda ulanylýar. Bu ýerde burawlanan guýylar şol tilsimatlary ýokary netijelidigini ýene-de bir gezek tassyklady. Mysal üçin, 2011-nji ýylyň iýunynda Hazar deňziniň ýalpaklygynda burawlanan 147-nji guýy bir gije-gündizde 800 tonna nebit berdi, munuň özi golaýda ýerleşen, bir ýyl mundan öň şol ýatakda burawlanan 29-njy guýynyň önümliliginden 2,7 esse köpdür.

Geçen ýylyň sentýabrynda Demirgazyk Goturdepe ýatagynyň “Deňiz uçastogynda” , kenardan bir kilometr aralykda burawlanan 37-nji gözleg guýusyndan hem nebitiň kuwatly senagat akymy alyndy. Ýatagy özleşdirijiler bada-bat ýokary önümli ýatak gatlaklaryň üçüsiniň üstüni açdylar. Olaryň jemi berýän önümi bir gije-gündizde 730 tonna nebite barabardyr.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň nebitçiler bilen söhbetdeş bolup belleýşi ýaly, bularyň hemmesi ýurdumyzyň nebitgaz ýataklarynda örän geljegi uly nebit we gaz düzümleriniň bardygy we degişlilikde ýangyç çig malynyň täze baý ýataklaryny açmagyň mümkindigi hakynda bilermenleriň çaklamalaryny ýene-de bir gezek tassyklap, Hazaryň Türkmen ýalpaklygynyň we kenarýaka zolagynyň ägirt uly mümkinçiliklerine şaýatlyk edýär.

Döwlet Baştutany buraw enjamyny gözden geçirdi, şol enjamyň kömegi bilen 200-nji guýyny burawlamak amala aşyrylýar. Täze “Ýerasty guýynyň” taslama çuňlygy 5100 metre barabardyr. Onuň 4100 metri eýýäm burawlandy. Şunda bu ýerde 1400 aralyk ýapgytlaýyn—belli bir ugra gönükdirilen usul bilen burawlanar.

Hünärmenler Türkmenistanyň Prezidentini desgalar bilen tanyşdyryp, şu guýuny burawlamagyň barşynda alnan netijeler ýakyn wagtlarda bu ýerde ýangyjyň senagat akymynyň alynjakdygyna ynamly aýtmaga mümkinçilik berýändigini belleýärler.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu habary diňläp, ýangyç-energetika toplumynyň dürli ulgamlarynda, şol sanda buraw işlerinde innowasion tilsimatlary we iň täze ylmy-tehniki işläp taýýarlamalary, häzirki zaman tehnikasyny mundan beýläk-de giňden ornaşdyrmagyň möhümdigini nygtady.

Milletiň Lideri nebitçileriň Watanymyzyň ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmaga goşýan ägirt uly goşandyny belledi. Mysal üçin, Balkan welaýatynda çykarylýan ýangyç çig maly Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumyna gelip gowuşýar. Şol ýerde şol çig maldan dünýä bazarlarynda uly isleg bildirilýän ýokary hilli önümleriň giň görnüşleri öndürilýär. Olar awtomobil benzinidir, dizel ýangyjydyr, çalgy ýagydyr, mazutdyr, bitumdyr, suwuklandyrylan gazdyr we beýleki önümlerdir, olaryň öndürilmegi ýurdumyzyň nebit önümleriniň şol görnüşlerine içerki talaby doly kanagatlandyrmak bilen bir hatarda, eýsem olary eksport etmäge hem mümkinçilik berýär.

Döwletimiz nebitgaz pudagyny ösdürmäge, şol sanda täze geljegi uly ýataklary özleşdirmäge ägirt uly möçberdäki maýa goýumlaryny bölüp berýär. Şu maksatlar bilen iň häzirki zaman tehnikasy satyn alynýar. Esasy daşary ýurt kompaniýalary hyzmatdaşlyk etmäge çekilýär diýip, türkmen Lideri aýtdy.

Türkmenistanyň energetika syýasaty bilen türkmen energiýa serişdelerini ýerlemegiň, dünýä bazarlaryna ibermegiň täze ugurlaryny kemala getirmek babatda birnäçe beýleki taslamalar işlenip taýýarlanylýar, ol ýurdumyzyň ýataklarynda bar bolan ägirt uly ýangyç serişdelerine esaslanandyr. Häzirki wagtda şol syýasata laýyklykda tebigy gaz Hytaý Halk Respublikasyna, Eýrana we Russiýa Federasiýasyna eksport edilýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu barada söz açyp, gündogarda açylan “Galkynyş” ýatagyny mysal getirdi, şol ýatak öz tebigy gaz gorlary boýunça dünýä möçberindäki özboluşly ýatak bolup durýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow geçirilen söhbetdeşligiň barşynda konserniň nebitgaz kärhanalarynyň işgärleriniň zähmet we durmuş şertleri, iş haklarynyň möçberleri, olaryň isleg-arzuwlary bilen jikme-jik gyzyklanýar. Döwletimiz geljekde hem nebitgaz senagatynyň maddy-tehniki binýadyny pugtalandyrmaga, ýangyç-energetika toplumynyň zähmetkeşleriniň durmuş derejesini ýokarlandyrmaga ilkinji nobatda üns berer diýip, milletiň Lideri aýtdy.

Burawlaýjylar we “Türkmennebit” döwlet konserniniň beýleki hünärmenleri adamlar hakynda alada edýändigi üçin, nebitgaz pudagyny we tutuşlygyna Balkan welaýatyny ösdürmäge uly üns berýändigi üçin döwlet Baştutanyna tüýs ýürekden hoşallyk bildirýärler. Duşuşyga gatnaşyjylar Türkmenistanyň Prezidentiniň şu ýylyň fewralynda boljak saýlawlarynda milletiň Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowy dalaşgär hökmünde goldaýandyklaryny biragyzdan aýdýarlar.

Döwlet Baştutany bu ýere ýygnananlar bilen hoşlaşyp, dikuçara münýär, ol Bereket şäherine tarap ugur alýar.

Mälim bolşy ýaly, geçen ýylyň awgustynda “Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň durmuş-ýaşaýyş şertlerini düýpli özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasyny” durmuşa geçirmegiň çäklerinde Bereketde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagy bilen önümçilik we medeni-durmuş maksatly täze desgalaryň tutuş toplumy ulanylmaga berildi.

Bu ýerde köp sanly täze desgalar, ýagny tikin we haly fabrikleri, Medeniýet öýi, çagalar bagy, umumy bilim berýän mekdep, ýaşaýyş jaýlary, bedenterbiýe - sagaldyş toplumy, söwda merkezi 1 000 abonent üçin telefon bekedi bilen poçta hem-de telefon aragatnaşygynyň dolandyryş binasy, şeýle hem şäher häkimliginiň edarasy we myhmanhana guruldy.

Mundan başga hem Bereketde awtoulag kärhanasy döredildi. Onda häzirki zaman tehnikasynyň uly möçberi bar, awtoduralgaly täze awtomenzil guruldy. Etrabyň gurulýan köpsanly täze desgalarynda uly isleg bildirilýän önümler bolan çagyly, ýuwlan çägäni, çagyl-çäge garyndysyny, magdan däl gurluşyk materiallaryny öndürýän täze kärhana bolan “Berekediň karýer müdirligi” öndürýär.

Ýakynda, 2011-nji ýylyň dekabr aýynyň ahyrynda şäherde täze lukmançylyk enjamlary bilen üpjün edilen köp ugurly Hassahana we Saglyk öýi açyldy.

Hormatly Prezidentimiziň dikuçary Bereket şäheriniň demirýol bekediniň golaýynda gonýar. Ol gurulýan Demirgazyk-Günorta transmilli demirýolunyň esasy ulag çatryklarynyň biriniň wezipelerini ýerine ýetirer.

Häzirki wagtda bu ýerde täze demirýol menziliniň gurluşygy tamamlanyp barýar. Bu ýerde gurlan çadyrda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň demir ýol pudagynyň işgärleri, Balkanyň jemgyýetçilik wekilleri bilen duşuşygy boldy.

Döwlet Baştutany bu ýere ýygnananlaryň öňünde çykyş edip, Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 20 ýyllyk toýunyň bellenen ýyly bolan geçen 2011-nji ýylyň biziň Watanymyz üçin şanly wakalara baý ýyl bolandygyny belledi. Ol milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklaryny mundan beýläk-de üstünlikli ösdürmek, uly möçberli maýa goýum taslamalaryny durmuşa geçirmek üçin mäkäm esasy döretdi, Merkezi Aziýada iri bolan “Demirgazyk-Günorta” demir ýolunyň gurluşygy şolaryň hataryna degişlidir.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu ýerde eden çykyşynda alyp barýan Bitaraplyk syýasatymyzyň netijesinde, ýurdumyzyň halkara abraýy barha ýokarlanýar, bitarap Watanymyzyň dünýäniň dürli döwletleri bilen dost-doganlyga, özara bähbitli hyzmatdaşlyga esaslanýan gatnaşyklarynyň gerimi has-da giňeýär. Ine, şu gurulýan halkara demir ýoly hem, goňşy döwletler bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmäge uly ähmiýet berýändigimiziň ýene-de bir aýdyň mysalydyr diýip belledi.

Gurluşygy doly tamamlanandan soň, bu demir ýol Ýewropa we Aziýa ýurtlaryna Günorta Aziýa, Pars aýlagyna çykmaga oňaýly şertleri döreder diýip bellemek bilen, döwlet Baştutanymyz Hindi ummany we Pars aýlagy döwletlerinden biziň ýurdumyzyň, şeýle hem Eýranyň, Gazagystanyň, Russiýanyň üsti bilen Demirgazyk we Gündogar Ýewropa ýurtlaryna üstaşyr ýükleriň daşalmagyna mümkinçilik berjekdigini aýtdy.

Biz geljekde hem täze ugurlar boýunça demir ýollaryň gurluşygyny dowam ederis. Ýakyn wagtda «Atamyrat – Ymamnazar» demir ýolunyň gurluşygyna başlamagy maksat edinýäris, şeýle hem, «Gazojak – Şasenem – Daşoguz» demir ýoluny, «Türkmenabat – Farap» aralygyndaky Amyderýanyň üstünden geçýän täze demir ýol köprüsini, Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäheri bilen Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäheriniň arasynda ýokary tizlikli otlularyň gatnamagy üçin niýetlenen täze demir ýoly hem gurmagy göz öňünde tutýarys diýip, milli Liderimiz sözüni dowam etdi.

Bu iri möçberli taslamalaryň durmuşa geçirilmegi demir ýol ulaglary pudagyny has-da ösdürmäge mümkinçilik berer diýip, bellemek bilen, döwlet Baştutanymyz bu taslamalaryň pudagyň işgärleriniň yhlasly we tutanýerli zähmeti netijesinde amala aşyryljakdygyny aýtdy.

Milli Liderimiz şu ýylyň 1-nji ýanwaryndan ýurdumyzda zähmet haklary, talyp haklary, pensiýalar, döwlet kömek pullary ýene-de 10 göterim köpeldildi. Bu bolsa döwletimiziň mähriban halkymyz barada edýän aladalarynyň ýene-de bir aýdyň mysalydyr diýip nygtady.

Döwlet Baştutanymyz çykyşyny tamamlap, demir ýol ulaglary pudagynyň işgärleriniň çekýän yhlasly we tutanýerli zähmetiniň netijesinde «Demirgazyk–Günorta» transmilli demir ýolunyň gurluşygynyň bellenen möhletlerde ýokary hilli gurlup, ulanmaga beriljekdigine ynam bildirdi.

Bu ýerde demir ýoluň ugrunda guruljak täze desgalaryň taslamalary döwlet Baştutanynyň garamagyna hödürlenildi. Bu mesele bilen demirýol ulaglary ministri R. Seýitgulyýew çykyş etdi.

Häzirki wagtda türkmen demirýolçulary Bereket bekedinden Gazagystan bilen serhede çenli rels düşemegi tamamladylar. Uzynlygy 400 kilometrden gowrak bolan demirýoluň ähli demirgazyk böleginde täze demir ýol beketleriniň we menzilleriniň 20-ä golaýy gurulýar. Bereketden başga hem serhetýaka demirýol bekedi ähmiýetli halkara ulag çatrygy bolar. Şol ýerde hem menzil, 50 orunlyk myhmanhana, demirýol brigadalarynyň, otlularyň maşinistleriniň dynç almagy üçin bina bilen bilelikde bu düzüm üçin ähli zerur zatlar dörediler. Mundan başga hem Bereketde, Serhetýakada we Tuwer bekedinde lokomotiw deposy, köp sanly energetiki we beýleki desgalar gurlar. Şeýlelikde, täze polat ýoly üçin hem, tutuşlygyna Türkmenistanyň demir ýollary üçin hem hyzmat etmegiň hil taýdan täze derejesi üpjün edilýär diýip, ministr hasabatynda aýtdy.

Döwlet Baştutanymyz bu ýerde gurulýan demir ýoluň halkara ülňülerine doly gabat gelmelidigi, desganyň ugrunda demirýolçular, hünärmenler üçin oňaýly şertleriň döredilmegi, şeýle hem ulgamda ýolagçylar we demir ýoluň hyzmatyndan peýdalanýanlar üçin hyzmatyň giň görnüşleriniň hödürlenmelidigi barada anyk tabşyryklary berdi. Mundan hem başga hormatly Prezidentimiz demir ýoluň hiline baha bermek üçin halkara bilermenleriniň maksada laýyk boljakdygyny, umuman, ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň kuwwatlanmagynda möhüm ähmiýeti bolan täze demir ýoluň hil taýdan-da, onuň düzüminde ýola goýulýan hyzmatlar taýdan-da ýokary derejä eýe bolmalydygyny ýene bir gezek nygtady.

Soňra demirýolçy hünärmeni çykyş edip, özleri üçin ýadawsyz alada edýän hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden hoşallyk sözlerini aýtdy we öz öňlerinde goýlan wezipelere abraý bilen hötde gelmek ugrunda demir ýol pudagynyň işgärleriniň tagallalaryny gaýgyrmajakdyklaryna döwlet Baştutanymyzy ynandyrdy.

Işçiler we hünärmenler üns berýändigi üçin hoşallyk bildirip, hormatly Prezidentimize özleriniň öndürijilikli zähmet çekmekleri üçin ähli zerur şertleriň bardygyny hormatly Prezidentimize habar berdiler.

Duşuşyga gatnaşyjylar Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgärlige hödürlenmegi bilen milletiň Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowy gutlap, 12-nji fewralda boljak ählihalk saýlawlarynda ony biragyzdan goldajakdyklaryny aýtdylar.

Demirýolçular bilen geçirilen maslahat tamamlanandan soň hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow täze Bereket demir ýol menzilini gözden geçirip, onuň halkara ülňülerine laýyk gelýändigini belledi. Menzil toplumynyň merkezi binasynda garaşylýan zallar, düşündiriş-beriş bölümi, bilet, sowgatlyk zatlar we gazet satylýan dükanlar ýerleşýär. Onuň bezeginde häzirki zaman binagärlik ýörelgeleri we däp bolan milli bezegiň nusgalary sazlaşykly utgaşýar. Lukmançylyk nokady, kafe, eneler we çagalar otagy, däp-dessurlar berjaý edilýän we beýleki otaglar hem bar.

Türkmen döwletiniň Baştutany ýerasty geçelge bilen demirýol menziline tarap ugrady. Milletiň Lideri otla garaşýan ýolagçylar üçin bu ýerde döredilýän şertler bilen tanşyp, bu babatda degişli ýolbaşçylara anyk görkezmeleri berip, desgada tamamlanýan gurluşyk, timarlaýyş we gurnama işleriniň möhletlerini hem-de hilini birsyhly gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow demirýolçular we beýleki duşuşyga gatnaşyjylar bilen hoşlaşyp, hemmelere berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, rowaçlyk we işlerinde uly üstünlik arzuw etdi.

Şol gün döwlet Baştutanymyz Aşgabada dolanyp geldi.