Ï Beýik özgertmeler eýýamynyň täze belentliklerine tarap
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Beýik özgertmeler eýýamynyň täze belentliklerine tarap

view-icon 558
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy esasynda şu gün ýurdumyzyň ähli ministrliklerinde we edaralarynda geçirilen pudaklaýyn ýygnaklarda we maslahatlarda täze, 2012-nji ýylda Türkmenistanyň hem-de onuň agzybir, zähmetsöýer halkynyň öňünde durýan möhum wezipeler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Ýakynda geçen Ministrler Kabinetiniň şu ýyldaky birinji mejlisinde döwlet Baştutanymyzyň maksatnamalaýyn çykyşynda bellän häzirki zaman türkmen jemgyýetiniň öňünde durýan beýik maksatlaryň gürrüňsiz ähmiýetlidigini aýtmak bilen, maslahatlara gatnaşyjylar olary üstünlikli ýerine ýetirmekde ähli tagallalary we çäreleri utgaşdyrmagyň zerurdygyny bellediler.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan döwlet syýasatyndaky adam we onuň bähbitleri baradaky baş aladanyň giň gerimlidigini hem-de köpugurlygyny bellemek bilen, ýygnananlar täze ýylda ileri tutulýan wezipeleriň biriniň soňky ýyllarda milli ykdysadyýetiň ýokary ösüşini gazanan Türkmenistanyň ykdysady kuwwatyny ösdürmekde bir pikirdediklerini aýtdylar.

Döwlet Baştutanynyň belleýşi ýaly, Türkmenistanda ýakyn wagtlarda göz öňünde tutulýan esasy wezipeleriň biri – ýurdumyzyň gysga wagtda çalt ösýän ykdysadyýetli, ýokary durmuş derejeli döwletleriň hataryna goşulmagyny gazanmak, şol döwletler bilen yzygiderli we netijeli gatnaşyklary dowam etdirmekden ybaratdyr. Mysal üçin, 2012-nji ýylda milli ykdysadyýetiň hasabyna jemi içerki önümiň ösüş depginini 110,8 göterime çenli ýetirmek, bank-maliýe ulgamynyň ösüdirilmegini dowam etdirmek göz öňünde tutulýar. Şu maksat bilen hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen häzirki wagtda amal edilýän "Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň 2011-2030-njy ýyllar üçin Milli maksatnamasy" esasynda ýurdumyzyň halk hojalyk toplumynyň ähli pudaklarynyň güýçli ösmeginde, edaralaryň we kärhanalaryň düýpli döwrebaplaşdyrylmagy babatda uly işler alnyp barylýar, ýokary hünärli ýaş işgärleri taýýarlamak işi alnyp barylýar.

Dünýä bileleşigi tarapyndan uly goldawa we belent abraýa mynasyp bolan Türkmenistanyň gyşarnyksyz hem-de maksada okgunly alyp barýan parahatçylyk dörediji we hoşniýetli goňşuçylyk syýasaty hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda durmuşa geçirilýän döwlet syýasatynyň möhüm ugry bolup durýar. Mälim bolşy ýaly, şu ýyl biziň ýurdumyz birnäçe möhüm halkara maslahatlaryna gatnaşmagy göz öňünde tutýar. Türkmenistan şol maslahatlarda esasy halkara guramalary we düzümleri, ilkinji nobatda, BMG, ÝHHG, Şanhaý Hyzmatdaşlyk guramasy we beýlekiler bilen hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek boýunça anyk we netijeli teklipler bilen çykyş etmegi meýilleşdirýär.

Türkmenistan şu ýyl öňki sowet giňişliginde dostluk gatnaşyklaryny we ýygjam ykdysady gatnaşyklary goldamakda netijeli gural bolup durýan Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynda Türkmenistan başlyklyk eder. Türkmenistanyň GDA-da 2012-nji ýylda başlyklyk etmeginiň tassyklanan Konsepsiýasyna laýyklykda, birnäçe möhüm çäreler, şol sanda Arkalaşyga agza ýurtlaryň Hökümet baştutanlarynyň geňeşiniň mejlisini, Ykdysady geňeşi, GDA agza ýurtlaryň döwlet baştutanlarynyň mejlisi we Daşary işler ministrlikleriniň geňeşi meýilleşdirilýär. Türkmenistanyň ählumumy maksatlaryň hatyrasyna netijeli gatnaşyklary ýola goýmaga bolan şeýle işjeň çemeleşmesi biziň ýurdumyzyň iri halkara guramalary bilen bolşy ýaly, aýry-aýry döwletler bilen deňhukukly, birek-birege hormat goýmak esasynda ýola goýulýan giň halkara gatnaşyklary üçin açykdygynyň aýdyň subutnamasydyr.

Geçirilen ýygnaklarda 2012-nji ýylyň 12-nji fewralynda boljak Türkmenistanyň Prezidentligine saýlawlaryň möhüm jemgyýetçilik-syýasy wakalaryň birine öwrüljekdigi nygtaldy. Saýlawlar giň bäsleşik esasynda geçirilip, başy başlanan hukuk we demokratik özgertmeleriniň ýolundaky ýene-de bir möhüm ädimi alamatlandyrar. Bellenilişi ýaly, häzirki döwürde ýurdumyzda bu möhüm syýasy çärä taýýarlyk işleri giňden ýaýbaňlandyryldy we Prezident saýlawlarynyň guramaçylykly, ýokary derejede, dabaraly hem-de baýramçylyk äheňinde geçmegi üçin ähli çäreler görülýär.

“Biz 2012-nji ýyly oba ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini düýpli gowulandyrmagyň ýylyna öwreris” diýip, hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinde eden çykyşynda aýratyn nygtady. Bu maksatlar üçin döwletimiz asla serişde gaýgyrmaz diýip, milli Liderimiz aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, ähli ministrlikleriň we pudaklaýyn edaralaryň öňünde welaýatlaryň häkimlikleri bilen bilelikde "Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň durmuş-ýaşaýyş şertlerini düýpli özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamany" mundan beýläk-de üstünlikli durmuşa geçirmek boýunça toplumlaýyn wezipeler goýuldy.

Pudaklaýyn ministrlikleriň we ederalaryň ýolbaşçylary hem-de hünärmenleri öz çykyşlarynda beýik maksatlary hem-de wezipeleri üstünlikli amala aşyrmak üçin ähli tagallalaryny gaýgyrmajakdyklaryna döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowy ynandyrdylar. Şol wezipeleriň netijeli çözülmegi bolsa beýik özgertmeler eýýamynda türkmen halkynyň abadançylygyna we ýurdumyzyň rowaçlygyna gönüden-göni ýardam eder.