Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň pudaklarynda geçen ýylda alnyp barlan işleriň jemleri jemlendi, şeýle hem 2012-nji ýylda öňde duran möhüm wezipeler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Döwlet Baştutanymyz täze ýylda birinji gezek geçirilýän hökümet mejlisiniň gün tertibini yglan edip, onda şeýle hem ýolbaşçylary wezipä bellemek we wezipeden boşatmak bilen bagly meselelere hem-de käbir resminamalara garaljakdygyny aýtdy. Mejlise Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri, welaýatlaryň, etraplaryň we şäherleriň häkimleri, ýokary okuw mekdepleriniň rektorlary, gazetleriň we žurnallaryň redaktorlary, teleradioýaýlymlarynyň ýolbaşçylary we beýleki ýolbaşçylar çagyryldy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow mejlisiň esasy meselelerine geçmezden öň täze ýyl baýramçylygy dabaralarynyň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilendigini nygtady we şunuň bilen baglylykda ýygnananlara, olaryň üsti bilen bolsa baýramçylyk çärelerini geçirmäge gatnaşan adamlaryň ählisine tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi.
Soňra hormatly Prezidentimiz ýolbaşçylary wezipä bellemek we wezipeden boşatmak bilen bagly meselelere geçdi. Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, Ýokary gözegçilik edarasy we Baş prokuratura tarapyndan ýurdumyzyň käbir ministrliklerinde we pudak edaralarynda barlaglar geçirildi. Şol barlaglaryň netijesinde aýry-aýry ministrlikleriň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylarynyň öz garamagyndaky edara-kärhana ýolbaşçylyk etmekde düýpli kemçiliklere ýol berendikleri ýüze çykaryldy.
Ýokarda aýdylanlar bilen baglylykda hormatly Prezidentimiz işde goýberen kemçilikleir üçin, “Türkmengaz” döwlet konserniniň başlygy A.Hanalyýewi eýeleýän wezipesinden boşadyp, bu döwlet konserniniň başlygy wezipesine A.Ýegeleýewi belledi hem-de ony “Türkmennebitgazgurluşyk” döwlet konserniniň başlygy wezipesinden boşatdy.
Döwlet Baştutanymyzyň Permany bilen “Türkmennebitgazgurluşyk” döwlet konserniniň başlygy wezipesine A.Gurbanow bellenildi, ol şu konserniň başlygynyň orunbasary wezipesinden boşadyldy.
Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Mejlisinde alnyp barylýan işleriň möçberiniň artandygy sebäpli, Mejlisiň Ylym, bilim we medeniýet baradaky komitetiniň başlygy W.Gubanowyň “Neýtralnyý Turkmenistan” gazetiniň baş redaktory wezipesinden boşadylandygyny ýatladyp, şu gazetiň baş redaktory wezipesine W.Zaýsewi belledi we degişli Permana gol çekdi.
Soňra döwlet Baştutany mejlise gatnaşyjylara hasabat bermek üçin söz berdi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Goçyýew ýurdumyzyň 2011-nji ýyldaky durmuş-ykdysady ösüşiniň jemleri barada hasabat berdi. Nygtalyşy ýaly, hasabat döwründäki ýokary makroykdysady görkezijiler hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başyny başlan we türkmenistanlylaryň abadançylygyny ýokarlandyrmaga gönükdirilen düýpli özgertmeleriň üstünlikli durmuşa geçirilmeginiň netijesidir. Abraýly maliýe düzümleriniň halkara bilermenleriniň beren ýokary bahasy hem Türkmenistanyň 2011-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan okgunly ösendiginiň aýdyň subutnamasydyr.
2011-nji ýylyň netijeleri halk hojalygynyň ähli pudaklarynyň ýokary depginler bilen ösendigine şaýatlyk edýär. Hususan-da, hasabat döwri jemi içerki önümiň durnukly ösüş depgini bilen häsiýetlendirilýär. Geçen ýylyň ýanwar-noýabr aýlarynda jemi içerki önümiň ösüş depgini üpjün edildi, şol sanda ösüşler gurluşykda—112,5 göterime, ulag we aragatnaşyk pudagynda—108 göterime, söwdada—108,9 göterime we hyzmatlar ulgamynda—108,1 göterime deň boldy. 2010-njy ýyl bilen deňeşdirilende, elektrik energiýasynyň, tebigy gazyň, nebitiň we nebit önümleriniň, ýoduň, mineral dökünleriň, sementiň, magdan däl gurluşyk materiallarynyň, pagta süýüminiň, nah ýüplükleriň, tikin önümleriň, derman serişdeleriniň we lukmançylyk pamygyň, süýji-köke önümleriniň, unuň, çörek we çörek önümleriniň öndürilişinde ýokary ösüş depginleri gazanyldy.
Geçen ýyl bilen deňeşdirilende, bölek söwda haryt dolanyşygynyň möçberiniň ösüş depgini 115,3 göterime barabar boldy. 2010-njy ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende daşary söwda dolanyşygynyň möçberi 1,6 esse ýokarlandy.
Hasabat döwründe maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna ýurdumyzda özleşdirilen düýpli maýa goýumlarynyň möçberi 2010-njy ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende ep-esli ýokarlandy.
Wise-premýer Döwlet býujetiniň ýerine ýetirilişi barada hasabat berip, 2011-nji ýylda tölenilmeli salgytlaryň ähli görnüşleri boýunça meýilnamanyň doly ýerine ýetirilendigini aýtdy.
Hasabatyň çäklerinde hökümet Baştutanynyň orunbasary hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň garamagyna “Türkmenistanyň Pensiýa gaznasyny döretmek hakyndaky” hem-de “Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň işini kämilleşdirmek hakyndaky” kararlaryň taslamalaryny hödürledi. Bellenilişi ýaly, “Durmuş üpjünçiligi hakynda” Türkmenistanyň Bitewi kanunyna laýyklykda 2012-nji ýyldan başlap, şertli toplaýyş pensiýa usulynyň girizilmegi we bu usulyň ygtybarly işlemegini üpjün etmegi üçin Pensiýa gaznasynyň döredilmegi göz öňünde tutuldy.
Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşiniň ýokary depginleriniň üpjün etmäge gönükdirilen işi dowam etdirmegiň möhümdigini nygtady. Bu mesele örän wajyp wezipe bolup durýar, göz öňünde tutulan meýilnamalaryň we uzakmöhletleýin milli maksatnamalaryň ählisiniň üstünlikli durmuşa geçirilmegi oňa baglydyr diýip, milli Liderimiz sözüni dowam etdi we halk hojalygynyň ähli pudaklarynda ýokary depgini saklap galmagy üçin ähli çäreleri görmegi, şeýle hem maliýe-ykdysady düzümleriň işini kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işi netijeli dowam etdirmegi tabşyrdy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow “Türkmenistanyň Pensiýa gaznasyny döretmek hakyndaky” hem-de “Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň işini kämilleşdirmek hakyndaky” Kararlaryň taslamalaryna gol çekdi we olaryň ýerine ýetirilişine talabalaýyk gözegçiligi amala aşyrmagy talap etdi. Şunuň bilen baglylykda döwlet Baştutanymyz täze döredilen Pensiýa gaznasynyň müdiriýetiniň başlygy wezipesine zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak minisri B.Şamyradowy, Pensiýa gaznasynyň müdiriýetiniň başlygynyň orunbasary—Pensiýa gaznasynyň dolandyryjysy wezipesine zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministriniň orunbasary K. Rejepowy belledi.
Ýokary gözegçilik edarasynyň başlygy B.Atdaýew welaýatlarda suw arassalaýjy desgalary gurmak barada Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Goçyýewiň ýazan hatyna geçirilen seljerme işleriniň netijeleri barada hasabat berdi.
Hususan-da, yglan edilen bäsleşigiň jemleri boýunça welaýatlarda suw arassalaýjy desgalary gurmak ýurdumyzyň kompaniýalarynyň dördüsine we daşary yurt kompaniýalarynyň birine tabşyryldy. Tejribe işlerini ýerli şertlerde geçirmek üçin önümçilik kuwwatlyklaryny nazara almak bilen, her bir welaýatyň suw üpjünçilik şertleri has çylşyrymly bolan ilatly nokatlarynyň ikisinde suw arassalaýjy enjamlary gurmak maksada laýyk bolar.
Milletiň Lideri welaýatlaryň ýaşaýjylarynyň maddy hal ýagdaýynyň derejesini ýokarlandyrmak, welaýatlaryň ilatynyň arassa agyz suwy bilen üpjünçiligini gowulandyrmak boýunça görülýän çäreleriň meýilnamalaýyn häsiýete eýe bolmalydygyny nygtady.
Şunda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow adamlar hakyndaky alada Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň möhüm ileri tutulýan ugrudygyny we hemişe şeýle boljakdygyny belledi. Döwlet Baştutany ýurdumyzyň welaýatlarynda amala aşyrylýan uly möçberli özgertmeler maksatnamalarynyň halkyň abadan durmuşyny üpjün etmegiň, has oňaýly durmuş üçin ähli şertleri döretmegiň maksatlaryna tabyn edilendigini aýdyp, öňde goýlan wezipeleri çözmäge oýlanyşykly, toplumlaýyn çemeleşmegiň möhümdigini nygtady.
Soňra maliýe ministri D.Sadykow 2011-nji ýylda Döwlet býujetiniň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, döwlet Baştutanymyzyň başlangyjy boýunça maliýe ulgamynda amala aşyrylýan özgertmeler maliýe we ykdysady ösüşiň durnuklylygyny üpjün etmäge mümkinçilik berdi. 2011-nji ýylyň jemleri boýunça Türkmenistanyň Döwlet býujeti girdejiler boýunça 137,2 göterim, çykdajylar boýunça 93,7 göterim ýerine ýetirildi. Döwlet býujetiniň çykdajylarynyň durmuşa gönükdirilen ugrunyň durnuklylygy saklanyp galdy. Bu çykdajylaryň Döwlet býujetiniň çykdajylarynyň umumy möçberinde 75,3 göterime deň bolmagy hem muňa şaýatlyk edýär.
Şeýle hem ýerli býujetleriň ýerine ýetirilişi barada jikme-jik hasabat berildi. Hususan-da, hasabat döwrüniň jemleri boýunça ýerli býujetler girdejiler boýunça 121 göterim, çykdajylar boýunça bolsa 96,9 göterim ýerine ýetirildi.
Maliýe ministri hormatly Prezidentimiziň balans toparynyň işini kämilleşdirmek hakyndaky degişli Kararyny hem-de buhgalterçilik hasaba alnyşyny we auditi özgertmeleriň maksatnamasyny ýerine ýetirmek maksadynda görülýän çäreler barada hem hasabat berdi.
Hasabatyň çäklerinde Türkmenistanda ätiýaçlandyryş işini ösdürmegiň 2011-2015-nji ýyllar üçin döwlet maksatnamasyny we ýurdumyzda gymmatly kagyzlar bazaryny ösdürmegiň 2012-2016-njy ýyllar üçin döwlet maksatnamasyny amala aşyrmagyň çäklerinde degişli ministrlikler we pudaklaýyn edaralar bilen bilelekde geçirilýän işler barada habar berildi.
Soňra Türkmenistanyň ykdysadyýet we ösüş ministri B.Hojamämmedowa söz berildi, ol geçen ýylda milli ykdysadyýetiň ösüş depginleri, şol sanda döwletiň maýa goýum syýasatyny amala aşyrmagyň netijeleri barada hasabat berdi.
“Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň durmuş-ýaşaýyş şertlerini düýpli özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasyny” durmuşa geçirmegiň barşy barada aýtmak bilen, ministr maýa goýumlaryny özleşdirmegiň ýyllyk meýilnamasynyň 118,5 göterim ýerine ýetirilendigini habar berdi. Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdireniňde bu görkeziji boýunça ösüş 117,4 göterime deň boldy. Türkmenistanlylaryň durmuş derejesini yzygiderli ýokarlandyrmaga gönükdirilen Maksatnamanyň çäklerinde hasabat döwründe durmuş maksatly desgalaryň 114-si guruldy, suw geçirijileriň 1109 kilometri we gaz geçirijileriniň 1782,5 kilometri, awtomobil ýollarynyň 848,7 kilometri, elektrik geçirijileriniň 980,6 kilometri çekildi, ýaşaýyş jaýlarynyň 653,5 müň inedördül metri guruldy.
Bellenilişi ýaly, uzak möhletleýin ýeňillikli karzlaryň hasabyna ýaşaýyş jaýlaryny gurmak boýunça welaýatlaryň ýaşaýjylary bilen üçtaraplaýyn şertnamalaryň jemi 1754-si baglaşylyp, şu günki günde ýaşaýyş jaýlaryň 874–sinde gurluşyk işleri alnyp barylýar we 880-si ulanylmaga berildi.
Soňra banklaryň işi we ýurdumyzyň bank ulgamyny kämilleşdirmek maksady bilen, görülýän çäreler hakyndaky hasabat bilen Türkmenistanyň Merkezi bankynyň müdiriýetiniň başlygy T.Japarow çykyş etdi. Bellenip geçilişi ýaly, 2011-nji ýylda karz-pul ulgamyny döwrebaplaşdyrmak we milli pulumyzyň durnukly hümmetini saklamak boýunça degişli işler geçirildi.
Karz pul dolanyşygynyň görkezijileri boýunça, hususan-da, ykdysadyýetimiziň önümçilik ulgamyny karzlaşdyrmak boýunça ösüşiň gazanylandygyny Merkezi bankyň baştutany nygtady. Mysal üçin, 2011-nji ýylda dürli pudaklara berilýän karzlaryň möçberi geçen ýylyň degişli döwrüne garanyňda 20,1 göterim artdy. Hasabat döwründe ykdysadyýetimiziň döwlete dahylsyz ulgamyny ösdürmäge berilýän karzlaryň möçberi 77 göterim artdy. 2010-njy ýylyň degişli döwrüne garanyňda ilata berilýän ipoteka karzynyň möçberi iki esse ýokarlandy.
2011-nji ýylyň jemleri boýunça harytlaryň eksportunyň we hyzmatlary etmegiň hasabyna pul serişdeleriniň gelip gowuşmagynyň meýilnamasy 145 göterim ýerine ýetirildi.
2011-2030-njy ýyllar üçin bank ulgamyny ösdürmegiň döwlet maksatnamasyna laýyklykda banklaryň işini düzgünleşdirýän we bu ulgamy mundan beýläk-de kämilleşdirmäge gönükdirilen kanunçylyk hem-de kadalaşdyryjy-hukuknamalarynyň işlenip taýýarlanylýandygyny Merkezi bankyň müdüriýetiniň başlygy habar berdi.Türkmenistanyň Prezidentiniň kararlarynyň, şol sanda buhgalteriýa taýdan hasabyny ýöretmegiň we maliýe hasabatlylygynyň ulgamlaryny halkara ülňülerine tapgyrma-tapgyr geçirmek, şeýle hem ýaş maşgalalara karz bermek hakyndaky kararlaryň ýerine ýetirilişiniň barşy hakynda hem aýdyldy.
Soňra Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Hojamuhamedow ýurdumyzyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasyny üstünlikli durmuşa geçirmegiň çäklerinde 2011-nji ýylda berjaý edilen işleriň netijeleri, hormatly Prezidentimiziň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi, şeýle hem ulgamda halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek babatda alnyp barylýan işler hakynda hasabat berdi. Wise-premýer ýurdumyzyň nebitgaz senagaty, himiýa we balyk hojalygy pudaklary döwletimiziň goldawy we yzygiderli maýa goýum serişdeleriniň gönükdirilmegi netijesinde ýokary ösüş depginlerini gazanýar. 2011-nji ýylyň netijelerine görä, maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleri boýunça maýa goýum serişdeleri doly özleşdirildi we 2010-njy ýyl bilen deňeşdirilende ösüş depgini 176 göterime barabar boldy diýip, hasabatynda belledi.
Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, milli ykdysadyýetimiziň möhüm pudagy bolan nebitgaz senagatyny mundan beýläk-de ösdürmek boýunça alnyp barylýan işleriň netijeliligini ýokarlandyrmagyň zerurdygyna ünsi çekdi. Milletiň Lideri balyk pudagynyň düzümlerini döwrebaplaşdyrmak meselesini gozgap, Türkmenbaşynyň deňiz portunyň durkunyň täzelenýändigi sebäpli, bu ýerdäki balyk zawodyny häzirki duran ýerinden göçürmek zerurlygynyň ýüze çykýandygyny belledi. Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň başlygy A.Dadaýewe bu zawody göçürmek meselesini içgin öwrenmegi we onuň oňyn çözgüdiniň üpjün edilmegini tabşyrdy.
Zawodyň şäheriň çäklerinden çykarylyp, mysal üçin, Gyýanla ýa-da başga bir amatly ýere göçürilse maksada laýyk bolar diýip bellemek bilen, döwlet Baştutanymyz zawodyň täze ýerleşjek ýerini kesgitläp, şol ýerde ýokary hilli tilsimatlar bilen enjamlaşdyrylan, häzirki döwrüň talaplaryna doly laýyk gelýän kiçi zawody gurmalydygyny, onuň önümçilik kuwwatynyň ýurduň içerki bazarynyň isleglerini kanagatlandyrmaga ýeterlik bolmalydygyny belledi.
2011-nji ýylda gözegçilik edýän ulgamlarynda alnyp barylýan işleriň jemleri barada Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Toýlyýew hasabat berdi. Wise-premýer Türkmenistanda temmäkä garşy göreşmek boýunça amala aşyrylmaly çäreleriň 2012-2016-njy ýyllar üçin meýilnamasyny tassyklamak bilen baglanyşykly işler dogrusynda hem habar berdi.
Geçen ýylda ylym we bilim, saglygy goraýyş hem-de sport ulgamlarynyň edaralarynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmagyň dowam etdirilendigi bellenildi. Hasabat döwründe häzirki zaman enjamlary we öňdebaryjy tilsimatlar bilen üpjün edilen bilim-terbiýeçilik edaralarynyň 78-si, şol sanda orta mekdepleriň 31-si, çagalar baglarynyň 41-si, ýokary okuw mekdepleriniň 4-si we çagalar sagaldyş merkezleriniň ikisi, şeýle hem iri lukmançylyk merkezleriniň, sanatoriýa-şypahana edaralarynyň täze binalary, sport desgalary ulanylmaga berildi. Iri halkara guramalary tarapyndan Türkmenistana berlen halkara güwänamalary ýurdumyzyň gazanan üstünlikleriniň jedelsiz ykrar edilmegi boldy.
Türkmenistanyň ylmy mundan beýläk-de ösdürildi. Ýurdumyzyň ylmy-barlag institutlaryna we ýokary okuw mekdeplerine aspirantlaryň 57-si we doktorantlaryň 13-si, şeýle hem ylymlaryň kandidaty derejesine dalaşgärleriň 243-si we ylymlaryň doktory derejesine dalaşgärleriň 25-si kabul edildi. Halkara olimpiadalarynda mekdep okuwçylarynyň we talyplaryň gazanan ýokary netijeleri ylym-bilim beriş özgertmeleriniň üstünlikli durmuşa geçirilýändigine şaýatlyk edýär. Orta mekdepleriň okuwçylary halkara olimpiadalaryna gatnaşmak bilen medallaryň 69-syna, şol sanda altyn medallaryň 17-sine mynasyp boldular, ýokary okuw mekdepleriniň talyplary medallaryň 18-sini gazandylar.
Wise-premýeriň belleýşi ýaly, geçen ýylda bu ulgamlarda halkara ylmy maslahatlarynyň 14-si we halkara sergileriniň üçüsi geçirildi. Ýurdumyzyň saglygy goraýşyny we syýahatçylyk ulgamyny, köpçülikleýin bedenterbiýe-sport hereketini hem-de ýokary netijeli sporty ösdürmäge uly üns berilýär. 2011-nji ýylda on müň orunlyk sportuň gyşky görnüşleri boýunça sport toplumy, 20 müň orunlyk köpugurly stadion, ýurdumyzyň dürli welaýatlarynda häzirki zaman sport desgalary ulanylmaga berildi. Türkmen türgenleri halkara sport ýaryşlaryna gatnaşyp, 261 medala, şol sanda 80 altyn, 71 kümüş, 110 bürünç medala mynasyp boldular.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp we
“Türkmenistanda temmäkä garşy göreşmek boýunça amala aşyrylmaly çäreleriň 2012-2016-njy ýyllar üçin Meýilnamasyny tassyklamak hakyndaky” karara gol çekip, Türkmenistanyň Neşelere garşy göreşmek baradaky döwlet gullugynyň hem-de ýurdumyzyň jemgyýetçilik guramalarynyň we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylaryna bu meseläni hemişe üns merkezinde saklamagy, çilim çekmäge garşy giň düşündiriş işlerini geçirmegi, şeýle hem sagdyn durmuş ýörelgesini wagyz etmegi tabşyrdy.
Soňra welaýatlaryň we oba hojalyk toplumynyň ýolbaşçylaryna hasabat bilen çykyş etmek üçin söz berildi.
Ilki bilen Ahal welaýatynyň häkimi D.Myratberdiýew welaýat boýunça geçen ýylda ýerine ýetirilen işleriň jemleri barada hasabat berdi. Hususan-da, häkim 2011-nji ýylda 307 müň tonnadan gowrak bugdaý, 226 müň tonnadan gowrak bolsa pagta tabşyrylandygy, maldarçylyk önümleriniň öndürilişiniň hem geçen ýyllara garanyňda belli bir derejede ýokarlanandygyny habar berdi. Şeýle hem ol 2012-nji ýylyň hasyly üçin 225 müň gektardan gowrak meýdana bugdaý ekilendigini, häzirki döwürde olara ösüş suwuny tutmak we ekinleri mineral dökünleri bilen iýmitlendirmek işleriniň alnyp barylýandygyny aýtdy. Bellenilişi ýaly, şu ýyl welaýat boýunça 120 müň gektar meýdana gowaça ekmek meýilleşdirilipdir. Häzirki döwürde ekiş geçiriljek meýdanlarda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda taýýarlyk işleri guramaçylykly alnyp barylýar.
Mundan başga-da, häkim obalary, şäherleri we etrap merkezlerini abadanlaşdyrmak boýunça milli maksatnamany durmuşa geçirmegiň çäklerinde, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 20 ýyllyk toýunyň bellenen ýylynda meýilnamanyň 137 göterim ýerine ýetirilendigini, dürli maksatly desgalaryň köp sanlysynyň gurlup ulanmaga berilendigini nygtady. Şeýle hem ol “Ahal welaýatynyň senagat pudagyny ösdürmegiň esasy ugurlary hakyndaky” Kararyň taslamasy barada habar berdi.
Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, welaýatyň çäklerinde alnyp barylýan işleriň döwrüň talabyna doly laýyk gelmegi ugrunda ähli tagallalaryň edilmelidigini, ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmak boýunça zerur çäreleriň durmuşa geçirilmelidigini belläp, welaýatyň hem-de ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň kuwwatlanmagynda möhüm ähmiýeti bolan wezipeleri üstünlikli amala aşyrmak boýunça degişli düzümleriň sazlaşykly işini ýola goýmak boýunça anyk tabşyryklary berdi. Soňra milli Liderimiz “Ahal welaýatynyň senagat pudagyny ösdürmegiň esasy ugurlary hakyndaky” Karara we Tejen şäheriniň häkimi wezipesine K.Orazberdiýewi bellemek baradaky Permana gol çekdi.
Balkan welaýatynyň häkimi S.Satlykow özüniň hasabatynda welaýatda 2011-nji ýylyň dowamynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada habar berdi. Hususan-da, häkim häzirki döwürde welaýatda bugdaý ekilen meýdanlarda degişli agrotehniki kadalaryň yzygiderli alnyp barylýandygyny, oba hojalyk önümleriniň öndürilişiniň möçberleriniň ýokarlanýandygyny, geçen ýylyň jemi boýunça welaýatda dowarlaryň baş sanynyň 100,5 göterim, gara mallaryň – 100,7 göterim, düýeleriň – 100,5 göterim, guşlaryň bolsa baş sanynyň 105,6 göterim artandygyny aýtdy. Şeýle hem ol geçen ýylyň dowamynda welaýatda iri taslamalaryň birnäçesiniň amala aşyrylandygyny, atçylyk we sport toplumlarynyň täze desgalarynyň gurlandygyny, ýollaryň durkuny täzelemek boýunça birnäçe işleriň alnyp barylýandygyny habar berdi. Welaýaty ösdürmek boýunça maksatnamany ýerine ýetirmegiň ýyllyk meýilnamasynyň 105,6 göterim berjaý edilendigini aýtdy. Soňra häkim “Balkan welaýatynyň senagat pudagyny ösdürmegiň esasy ugurlary hakyndaky” Kararyň taslamasynyň işlenip taýýarlanandygy hakynda habar berdi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, Balkan welaýatynda we tutuşlygyna alnanda ýurdumyzda giň möçberli özgertmeleriň ýaýbaňlandyrylandygyny, täze taslamalary ýerine ýetirmek boýunça netijeli işleriň alnyp barylýandygyny belledi we milli ykdysadyýetimiziň esasy ugurlarynyň biri bolan oba hojalyk ulgamyny ösdürmek babatda zerur işleriň durmuşa geçirilmelidigini aýtdy. Şeýle hem milli Liderimiz özüne ynanylan wezipäni oňarmandygy üçin, Balkan welaýatynyň Balkanabat şäheriniň häkimi A.Beçikowy eýeleýän wezipesinden boşatmak hakyndaky Permana we “Balkan welaýatynyň senagat pudagyny ösdürmegiň esasy ugurlary hakyndaky” Karara gol çekdi.
Daşoguz welaýatynyň häkimi E.Orazgeldiýew welaýatda 2011-nji ýylda ýenrine ýetirilen işleriň netijeleri, şeýle hem häzirki döwürde oba hojalyk pudagynda alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Hususan-da, häkim welaýatyň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak boýunça durmuşa geçirilýän çäreler, gurulmagy we ulanmaga tabşyrylmagy meýilleşdirilen binalarda hem-de desgalarda alnyp barylýan işler, olaryň bellenen möhletde we ýokary hilli ýerine ýetirilmegi ugrunda görülýän çäreler hakynda aýtdy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty jemläp, geçen ýylda welaýatyň birnäçe görkezijileri boýunça pese düşendigini, sebitde bugdaý hem-de pagta tabşyrmak boýunça şertnamalaýyn borçnamalaryň ýerine ýetirilmändigini belläp, obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnama laýyklykda, welaýatda gurulýan desgalarda alnyp barylýan işlere hem talaba laýyk gözegçilik edilmeýändigini aýtdy. Döwlet Baştutanymyz wezipe borçlaryny göwnejaý ýerine ýetirmän, welaýatda alnyp barylýan işlere gözegçiligi gowşadandygy üçin Daşoguz welaýatynyň häkimi E.Orazgeldiýewe käýinç yglan etdi. Şeýle hem milli Liderimiz welaýatda oba hojalyk pudagyny ösdürmek üçin amatly şertleriň bardygyna häkimiň ünsüni çekip, belliklerden netije çykaryp, ähli ugurlar boýunça işleri talabalaýyk ýola goýmasa, eýeleýän wezipesinden boşadyljakdygyny oňa duýdurdy.
Mundan başga-da, hormatly Prezidentimiz işde goýberen kemçilikleri we özüne ynanylan wezipäni oňarmandygy üçin, Daşoguz welaýatynyň Gubadag etrabynyň häkimi B.Ödebaýewi eýeleýän wezipesinden boşatdy. Gubadag etrabynyň häkimi wezipesine M.Gurbanowy belläp, ony Daşoguz welaýatynyň häkimliginiň iş dolandyryjysy wezipesinden boşatdy.
Şeýle hem döwlet Baştutanymyz Daşoguz welaýatynyň häkiminiň gurluşyk boýunça orunbasary wezipesine D.Amangeldiýewi belledi.
Soňra Lebap welaýatynyň häkimi Ý.Ýaýylow welaýatda geçen ýylyň dowamynda alnyp barylan işleriň netijeleri, hormatly Prezidentimiziň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi, şeýle hem welaýatyň oba hajalyk pudagynda agrotehniki çäreleri yzygiderli durmuşa geçirmek boýunça döredilýän şertler barada hasabat berdi. Hususan-da, häkim şu ýyl welaýat boýunça 120 müň gektara gowaça ekmegiň meýilleşdirilýändigini, häzirki döwürde gowaça ekiljek meýdanlarda alnyp barylýan işleriň agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ýerine ýetirilýändigini aýdyp, mallaryň dok we ýyly gyşladylmagy ugrunda zerur çäreleriň görlendigini, şeýle hem owlak-guzy möwsümine taýýarlyk işleriniň guramaçylykly barýandygyny aýtdy.
Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, geçen ýyl welaýatda pagta tabşyrmak boýunça şertnamalaýyn borçnamanyň ýerine ýetirilmändigi, gurulýan ýaşaýyş-durmuş maksatly desgalaryň bellenen möhletlerden yza galýandygy hakynda nägilelik bildirdi. Welaýatda ýüze çykýan kemçilikler barada birnäçe gezek duýdurylandygyny bellemek bilen, milli Liderimiz aýdylan belliklerden degişli netije çykarylmaýandygyny aýtdy. Şeýlelikde, hormatly Prezidentimiz wezipe borçlaryny göwnejaý ýerine ýetirmän, welaýatda alnyp barylýan işlere gözegçiligi gowşadandygy üçin, Lebap welaýatynyň häkimi Ý.Ýaýylowa käýinç yglan etdi we işleri talabalaýyk gurap bilmese, eýeleýän wezipesinden boşadyljakdygyny oňa duýdurdy.
Şeýle hem hormatly Prezidentimiz işde goýberen kemçilikleri we özüne ynanylan wezipäni oňarmandygy üçin, D.Akmyradowyň Lebap welaýatynyň Beýik Türkmenbaşy adyndaky etrabynyň häkimi wezipesinden boşadylýandygyny aýtdy we bu wezipä A.Nowruzowy belläp, onuň Lebap welaýatynyň Serdarabat etrabynyň häkiminiň orunbasary wezipesinden boşadylýandygy hakyndaky Permanlara gol çekdi.
Mundan başga-da, döwlet Baştutanymyz işde goýberen kemçilikleri we özüne ynanylan wezipäni oňarmandygy üçin, Lebap welaýatynyň Atamyrat etrabynyň häkimi B.Osmanowy, Lebap welaýatynyň Köýtendag etrabynyň häkimi H.Taganowy eýeleýän wezipelerinden boşatdy.
Lebap welaýatynyň Köýtendag etrabynyň häkimi wezipesine M.Çaryýewi belläp, onuň Farap etrabynyň häkiminiň orunbasary wezipesinden boşadylýandygy hakyndaky Permana gol çekdi.
Mary welaýatynyň häkimi K.Gurbanow welaýatda 2011-nji ýylda ýerine ýetirilen işleriň jemleri, şeýle hem möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy we welaýatyň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak boýunça durmuşa geçirilýän çäreler hakynda hasabat berdi. Hususan-da, häkim 2012-nji ýylyň galla hasyly üçin 61 müňden gowrak kärendeçi bilen şertnama baglaşylandygy, bugdaý ekilen 200 müň gektar meýdanda häzirki döwürde agrotehniki çäreleriň göwnejaý alnyp barylýandygyny, galla meýdanlarynda doly gögeriş gazanylandygy barada habar berdi. Şeýle hem ol ýygnalan hasyly saklamak we ony gaýtadan işlemek bilen baglanyşykly çäreleriň ýokary hilli alnyp barylýandygyny, 2012-nji ýylyň gowaça ekişinde ulanyljak ähli tehnikalaryň we oba hojalyk gurallarynyň taýýarlyk hatarynda goýlandygyny aýtdy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow welaýatyň ekin meýdanlarynyň melioratiw ýagdaýlaryny düýpli gowulandyrmak we suw üpjünçilik ulgamynyň tehniki derejesini ýokarlandyrmak, şeýle hem welaýatda alnyp barylýan gurluşyk işleriniň depginlerini güýçlendirmek boýunça zerur çäreleri görmegi tabşyrdy. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz welaýatyň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da gowulandyrmak boýunça degişli düzümleriň sazlaşykly işini yzygiderli üpjün etmek babatda zerur çäreleriň görülmelidigini belledi.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Nurmämmedow özüniň gözegçilik edýän pudaklarynda 2011-nji ýylda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri, şeýle hem ýurdumyzyň oba hojalyk ulgamynda ýaýbaňlandyrylan özgertmeleriň durmuşa geçirilişi we möwsümleýin oba hojalyk işleriniň alnyp barlyşy barada hasabat berdi. Hususan-da, wise-premýer hormatly Prezidentimiziň ozal beren tabşyryklaryna laýyklykda, 2012-nji ýylda ekinleriň, ýurdumyzyň welaýatlarynyň, etraplarynyň toprak-howa şertleriniň aýratynlyklary nazara alnyp ýerleşdirilýändigi, ekin dolanyşygyny ýola goýmak, ekerançylygyň medeniýetini ýokarlandyrmak we ýerleriň melioratiw ýagdaýyny hem-de suw üpjünçiligini gowulandyrmak boýunça toplumlaýyn çäreleriň yzygideril durmuşa geçirilýändigini aýtdy.
Döwlet Baştutanymyz milli ykdysadyýetimiziň möhüm pudaklarynyň biri bolan oba hojalygyny has-da ösdürmek, önümleri gaýtadan işlemek we bu ugur boýunça senagat kärhanalarynyň öňdebaryjy tilsimatlar bilen enjamlaşdyrmak işlerini yzygiderli alyp barmagy tabşyrdy. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz ulgamyň käbir düzümlerinde işleriň göwnejaý ýola goýulmaýandygyny belläp, ýurdumyzyň aýry-aýry ýerlerinde tebigaty we daşky gurşawy goramak boýunça ýeterlik iş alnyp barylmaýandygyny, bu ugurda birnäçe kemçiliklere ýol berilýändigini aýtdy.
Şeýlelikde, milli Liderimiz wezipe borçlaryny göwnejaý ýerine ýetirmän, bu ugurda alnyp barylýan işlere gözegçiligi gowşadandygy we kemçiliklere ýol berendigi üçin, ýurdumyzyň tebigaty goramak ministri B.Annabaýramowa berk käýinç yglan etdi hem-de ýol berlen kemçilikleri gysga wagtyň içinde düzetmese, oňa eýeleýän wezipesinden boşadyljakdygyny duýdurdy.
Soňra milletiň Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow dürli pudaklar boýunça öňde duran wezipeleri aýdyňlaşdyryp, degişli ýolbaşçylara anyk tabşyryklary berdi.
Mejlisiň barşynda türkmen döwletiniň Baştutany ýygnananlaryň öňünde giňiişleýin çykyş edip, geçen ýylyň jemlerini häsiýetlendirdi we 2012-nji ýylda ýurdumyzyň öňünde durýan ileri tutulýan wezipeleri kesgitledi.
Döwlet Baştutanymyz mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 20 ýyllyk şanly baýramynyň giňden we dabaraly bellenen ýyly hökmünde türkmen halkynyň gazanan beýik üstünlikleriniň sene ýazgysyna giren 2011-nji ýylda ýurdumyzda ägirt uly işleriň amala aşyrylandygyny, täze wezipeleri çözmekde öňe tarap möhüm ädim ädilendigini belledi.
Biz syýasy, durmuş-ykdysady we medeni ösüşiň ähli ugurlarynda uly üstünlikleri gazanyp, häzirki türkmen döwletiniň iň täze taryhynda geçiş döwrüni iş ýüzünde tamamladyk diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy. Ýubileý ýylynda hem, öňki ýyllardaky ýaly, öz maksatlarymyza aýdyň göz ýetirip, oňyn Bitaraplyga we anyk ýörelgelere esaslanýan köp ugurly daşary syýasatymyzy alyp bardyk. Biziň gatnaşyklarymyzyň geriminiň has-da giňelip, bu gatnaşyklara indi täze ýurtlaryň we sebitleriň goşulmagy, häzirki döwürde ikitaraplaýyn derejede hem, köptaraplaýyn derejede hem amala aşyrýan halkara gatnaşyklarymyzyň mazmunynyň hem has-da baýlaşmagy bu syýasatyň aýdyň netijesidir.
Döwlet Baştutanymyz sözüni dowam edip, 2011-nji ýylda alyp barýan içeri syýasatymyz ykdysadyýetde gazanan ýokary netijelerimiz hem-de ýaşaýyş-durmuş meselelerine, halkymyzyň hal-ýagdaýyny düýpli gowulandyrmaga uly üns berendigimiz bilen tapawutlandy diýip belledi.
Milli Liderimiz Türkmenistanyň energetika strategiýasy bilen baglanyşykly mesele barada durup geçmek bilen, onuň ýurdumyzyň energiýa serişdelerini dünýä bazarlaryna diwersifikasiýa ýoly bilen ibermäge esaslanýandygyny nygtady. Mälim bolşy ýaly, geçen ýylyň 14-nji dekabrynda Lebap welaýatynda gazy arassalaýan ýene-de bir kuwwatly zawodyň düýbi tutuldy. Bu zawodyň gurlup, ulanmaga berilmegi bize tebigy gazyň Hytaýa iberilýän möçberlerini has-da artdyrmaga mümkinçilik berer.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow geçen ýylyň netijelerine oňyn baha berip, 2012-nji ýylda ýurdumyzyň öňünde duran esasy wezipeler barada durup geçdi. Biz halkymyzyň taryhy demokratik gymmatlyklaryny nazara almak bilen, döwletimiziň hukuk esaslaryny pugtalandyrmak boýunça alnyp barylýan işleri yzygiderli we anyk maksada gönükdirip dowam etmelidiris diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy. Ýurdumyzy ösdürmekde biziň ileri tutýan ugrumyz, amala aşyrýan işlerimiziň baş maksady döwletimiziň ykdysady kuwwatyny has-da artdyrmakdan ybarat bolmalydyr.
Milli Liderimiz sözüni dowam edip, milli daşary syýasat strategiýasyna hem-de Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň işine degişli wezipelere ünsi çekip, ýurdumyzyň parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk we ylalaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işlere işjeň ýardam bermek syýasatyny gyşarnyksyz hem-de maksada gönükdirip amala aşyrmagyny dowam etjekdigini aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz 2012-nji ýylda Türkmenistanyň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynda başlyklyk etjekdigini ýatladyp, ýurdumyzyň GDA başlyklyk etmeginiň Konsepsiýasyny durmuşa geçirmek boýunça çäreleriň Meýilnamasyna ünsi çekdi.
Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň ykdysadyýetini mundan beýläk-de ösdürmegiň wezipeleri barada aýdyp, jemi içerki önümi yzygiderli artdyrmagyň, bank we maliýe ulgamyny döwrebap, öňdebaryjy halkara tejribesine laýyklykda ösdürmegi dowam etmegiň, 2012-nji ýyl üçin Döwlet býujetiniň girdejili we çykdajyly bölekleriniň öz wagtynda ýerine ýetirilmegini üpjün etmegiň hem-de ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan toplumlaýyn özgertmeler maksatnamalaryny üstünlikli durmuşa geçirmegiň möhümdigini belledi. Şunda hormatly Prezidentimiz işewürlik başlangyçlaryny höweslendirmegiň, kiçi we orta telekeçiligi goldamagyň wajypdygyny nygtady.
Döwlet Baştutanymyz gurluşyk, energetika we senagat toplumynyň ýolbaşçylaryna ýüzlenip, olaryň gözegçilik edýän pudaklarynyň öňünde hem möhüm wezipeleriň durandygyny belledi. Olaryň hatarynda Türkmenistanda alnyp barylýan ähli gurluşyklarda işleriň öz wagtynda we ýokary hilli ýerine ýetirilmegini üpjün etmek, ýurdumyza daşyndan getirilýän gurluşyk we senagat harytlarynyň ýerini tutýan önümleriň öndürilişini ýokarlandyrmak, elektrik energiýasynyň öndürilişini we daşary ýurtlara iberilýän möçberini artdyrmak wezipeleri bar.
Hormatly Prezidentimiz nebitgaz we himiýa senagaty toplumynyň öňünde duran wezipeler barada aýdyp, uglewodorod serişdeleriniň eksport edilýän bazarlaryny we eksportuň harytlyk düzümini diwersifikasiýa ýoly bilen giňeltmek boýunça alnyp barylýan işleri dowam etmegi, ýokarda agzalan pudaklaryň düzümini döwrebaplaşdyrmagyň, alnyp barylýan işleriň ähli ugurlaryna döwrebap halkara tejribesini giňden ornaşdyrmagyň möhümdigini nygtady.
Soňra döwlet Baştutanymyz söwda we ýeňil senagat toplumynyň ýolbaşçylaryna ýüzlenip, olaryň öňünde ýurdumyzyň bazarlarynda haryt bolçulygyny döretmek, daşary söwda dolanyşygyny ösdürmek, dokma senagatynyň önümçilik kuwwatlyklaryny ýokarlandyrmak, bäsdeşlige ukyply, ýokary hilli önümleriň möçberini artdyrmak wezipelerini goýdy. Kiçi we orta telekeçiligiň ýurdumyzda amala aşyrylýan maýa goýum taslamalaryna giňden gatnaşmagyny guramak hem möhümdir diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy.
Ulag we aragatnaşyk toplumynyň öňünde durýan möhüm wezipeleriň hatarynda bu pudaklaryň kärhanalarynyň guramaçylyk-hukuk görnüşini kämilleşdirmek, ýerine ýetirýän hyzmatlarynyň ýokary hilli bolmagyny gazanmak, täze öňdebaryjy tehnologiýalary işjeň ösdürmek wezipeleri bar.
Saglygy goraýyş, ylym, bilim, sport we syýahatçylyk toplumlary barada aýdylanda bolsa, bu ýerde hem başy başlanan uly işi dowam etdirmek möhümdir. Mysal üçin, ilata edilýän saglygy goraýyş hyzmatlarynyň ýokary hilli bolmagyny üpjün etmek, umumybilim berýän, orta hünär we ýokary hünär okuw mekdeplerinde döwrüň talaplaryna laýyk gelýän okuw dersleriniň okadylmagyny, okatmagyň öňdebaryjy usullarynyň giňden ornaşdyrylmagyny gazanmak, talyplara häzirki zaman hünär endikleriniň öwredilmegini, ökde, ukyply, ussat hünärmenleriň taýýarlanmagyny ýola goýmak zerur bolup durýar.
Ýurdumyzda ylmyň we tehnologiýanyň ileri tutulýan ugurlary boýunça alnyp barylýan ylmy-barlag işleriniň netijeliligini ýokarlandyrmak, şeýle hem milli syýahatçylyk ulgamyny ösdürmäge aýratyn üns bermek möhümdir.
Döwlet Baştutanymyz medeniýet ulgamyny mundan beýläk-de ösdürmek we döwrebaplaşdyrmak barada durup geçip, milli medeni gymmatlyklarymyzyň döreýşiniň gözbaşlaryny we taryhyny düýpli öwrenmek, milli mirasymyzyň many-mazmunyny ýaş nesle öwretmek, bu ugurda ussat hünärmenleri taýýarlamak boýunça zerur işleri geçirmek wajypdyr diýip belledi.
Şunuň bilen birlikde, hormatly Prezidentimiz habar beriş serişdeleriniň, şol sanda teleradioýaýlymlaryň işini döwrebap guramagyň, şeýle hem medeniýeti we sungaty ösdürmäge mynasyp goşant goşjak ýaş zehinleri ýüze çykarmak boýunça bäsleşikleri yzygiderli guramagyň, yzygiderli halkara festiwallaryny, bäsleşikleri, forumlary, ylmy maslahatlary ýokary derejede geçirmegi dowam etmegiň möhümdigini nygtady. Welaýat, etrap we şäher merkezlerinde, obalarda we şäherçelerde döwrebap medeni ojaklaryň giň ulgamyny döretmek, bu ugurda alnyp barylýan işleri dowam etmek möhüm ähmiýete eýedir.
Soňra hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň obasenagat toplumynyň öňünde hem möhüm wezipeleriň durandygyny aýtdy. Bu ulgamyň ýolbaşçylary obasenagat toplumynyň ähli pudaklaryny döwrebaplaşdyrmaga we girdejiligini ýokarlandyrmaga, ýurdumyzyň ilatyny ýokary hilli oba hojalyk we azyk önümleri bilen üpjün etmäge gönükdirilen işleri netijeli alyp barmalydyrlar. Ýurdumyzyň ýer we suw baýlyklaryny rejeli ulanmak, ýerleriň melioratiw ýagdaýyny we suw üpjünçiligini yzygiderli gowulandyrmakda ylmyň gazananlaryny we döwrebap tejribäni ornaşdyrmagy dowam etmek wajypdyr.
Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow welaýatyň häkimlerine ýüzlenip, häzirki döwürde olaryň esasy wezipesiniň welaýatda we etraplarda, aýratyn hem, oba ýerlerinde halkymyzyň hal-ýagdaýyny, ýaşaýyş-durmuş şertlerini düýpli gowulandyrmak boýunça zerur işleri geçirmekden ybaratdygyny nygtady.
Döwlet bu maksatlar üçin hiç wagt asla serişde gaýgyrmaz. Oba ilatynyň şäheriňkiden pes bolmadyk şertlerde ýaşamagy üçin ähli zerur çäreleri göreris diýip, milli Liderimiz aýtdy.
Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň hukuk goraýjy we harby edaralarynyň işi bilen baglanyşykly meselelere geçip, degişli ýolbaşçylaryň öz işlerini talaba laýyk gurap, has netijeli we sazlaşykly işlemelidigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow biz harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary bilen geçen ýylyň jemlerine we 2012-nji ýylda öňde durýan wezipelere şu ýylyň 27-nji ýanwarynda geçiriljek Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisinde has jikme-jik serederis, şol gün Goranmak ministrliginiň harby şäherçesini we ol ýerde gurlan täze binalary hem dabaraly açyp, ulanmaga bereris diýip aýtdy.
Döwlet Baştutanymyz çykyşynyň barşynda Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlaryna taýýarlyk görmek bilen bagly alnyp barylýan işler barada aýratyn durup geçdi. Bu saýlawlaryň ýurdumyzda hukuk we konstitusion özgertmeleriň dowam edýän şertlerinde, birnäçe dalaşgäriň gatnaşmagynda, bäsleşik esasynda geçýändigi üçin, bu möhüm syýasy waka aýratyn ähmiýete eýedir diýip, milli Liderimiz aýtdy. Häzir ýurdumyzda geçirilýän saýlawlar bilen baglanyşykly dünýä bileleşiginiň, köp sanly halkara guramalarynyň ünsi biziň ýurdumyza gönükdirilendir.
Biz Türkmenistanyň giň halkara gatnaşyklary üçin açykdygyny we jemgyýeti mundan beýläk-de demokratiýalaşdyrmak ýoly bilen barýandygyny iş ýüzünde tassyklamalydyrys diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady. Şeýlelikde, biziň jemgyýetimiz bu saýlawlary ýokary derejede, aç-açanlyk ýagdaýynda geçirmek bilen, ýurdumyzda amala aşyryp başlan hukuk reformalarymyza laýyklykda öňe tarap ýene-de bir möhüm ädim äder diýip, milletiň Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.
Döwlet Baştutanymyzyň çykyşy uly üns bilen diňlenildi we şowhunly el çarpyşmalar bilen garşylandy.
Milletiň Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň möhüm meseleleriň beýleki käbirine garalan we degişli resminamalaryň birnäçesine gol çekilen giňişleýin mejlisini tamamlap, oňa gatnaşyjylaryň ählisine berk jan saglyk we abadançylyk, alyp barýan işlerinde uly üstünlikler arzuw etdi.