Ï “Neutral Turkmenistan” gazetiniň ilkinji sany
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

“Neutral Turkmenistan” gazetiniň ilkinji sany

view-icon 729
Iňlis dilende neşir edilýän “Neutral Turkmenistan” hepdelik gazetiň ilkinji sany çapdan çykdy. Habar beriş serişdeleriniň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek, şeýle hem dünýä jemgyýetçiligini Türkmenistanda gazanylýan üstünlikler, beýik ýeňişler bilen tanyşdyrmak maksady bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň kararyna laýyklykda esaslandyrylan täze neşir “Neýtralnyý Turkmenistan” gazetiniň iňlis dilindäki goşundysy bolup durýar.

“Neutral Turkmenistan” gazetiniň ilkinji sany Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň türkmen halkyna Täze ýyl gutlagy bilen açylýar. Gazetiň resmi bölüminde geçen hepdede ýurdumyzyň durmuşynda bolup geçen jemgyýetçilik-syýasy wakalar hakdaky makalalar ýerleşdirilýär.


“Nebit we gaz” bölüminde ýerleşdirilen makalalarda ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň häzirki döwürde ýeten derejeleri, şeýle hem pudakdaky halkara hyzmatdaşlygy giňeltmegi we Türkmenistanyň energetika syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolan tebigy gazyň eksportuny diwersifikasiýalaşdyrmagy nazara almak bilen pudagy mundan beýläk-de ösdürmegiň geljegi hakynda giňişleýin gürrüň berilýär.

“Saglygy goraýyş” bölüminde döwlet syýasatynyň lukmançylyk ulgamynda gazanan üstünlikleri barada habar berilýär. Türkmenistanyň saglygy goraýyş ulgamynda soňky ýyllarda gazanylan netijelere umumy syn berilýär.

Neşiriň “Syýahatçylyk” bölümi ýurdumyzyň hem-de daşary ýurtlaryň okyjylary, şol sanda maýadarlar üçin gürrüňsiz gyzykly bolar. Onda "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynda häzirki zaman syýahatçylyk düzümini döretmek boýunça iri taslamanyň durmuşa geçirilişi hakynda giňişleýin makala berlipdir. Şeýle hem şol bölümde Hazar deňziniň geografiki ýagdaýy tebigy aýratynlary barada maglumat berlipdir.

Şeýle hem gazet sahypalarynda täze ýyl baýramçylygyna bagyşlanan makalalar ýerleşdirilipdir. Hususan-da, Türkmenistanyň Döwlet sirkinden reportaž taýýarlanypdyr we türkmenleriň geçmişde ulanan milli senenamasy boýunça ýyl hasaby hakyndaky gyzykly makala ýerleşdirilipdir.

Iňlis dilinde çap edilýän döwürleýin neşir öz sahypalarynda Türkmenistanda ýaýbaňlandyrylan özgertmeleriň aýdyň netijeleri, ýurduň jemgyýetçilik syýasy, ylmy, medeni durmuşyndan täzelikler hakynda giňişleýin habarlary yzygiderli ýerleşdirer. Şeýlelikde, täze neşir biziň döwletimiziň habar beriş ulgamynyň mundan beýläk-de giňelmegini we onuň bütin dünýä maglumat giňişligine işjeň goşulmagyna ýardam berer.