Ï Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow “Türkmenistan” teleradioýaýlymlar merkezine bardy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow “Türkmenistan” teleradioýaýlymlar merkezine bardy

view-icon 804
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow “Türkmenistan” teleradioýaýlymlar merkezine bardy we milli telewideniýede 2012-nji ýylyň 12-nji fewralynda boljak Prezident saýlawlaryna döwlet Baştutanynyň wezipesine dalaşgär hökmünde özüniň maksatnamasy bilen çykyş etdi. Häzirkizaman teleradio merkeziň enjamlaşdyrylyşy bilen tanyşlykdan soň milli Liderimiz merkeziň ýanaşyk ýerlerine syn etdi.

Ozal habar berlişi ýaly, milli Liderimiz Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgärlige ýurdumyzyň Demokratik partiýasynyň, Kärdeşler arkalaşyklarynyň, Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň, Uruş weteranlary guramasynyň we Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň geçen ýylyň dekabrynda bilelikde geçirilen mejlisine gatnaşyjylar tarapyndan biragyzdan görkezildi. Geçen hepdede hormatly Prezidentimiz ýokary döwlet wezipesine dalaşgärlige bellige alyndy. Biziň ýurdumyzda Prezident saýlawlarynyň öňüsyrasyndaky tapgyr açyklyk, aýanlyk we giň bäsdeşlik esasynda geçirilýär. Milli kanunçylygymyza we halkara hukuk kadalaryna laýyklykda ähli dalaşgärlere saýlawçylar bilen duşuşyklar, saýlawlaryň öňüsyrasyndaky wagyz-nesihat işlerini geçirmek, şol sanda köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde çykyş etmek üçin deň hukuklar we mümkinçilikler berilýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şu gün özüne berlen hukukdan peýdalanyp, milli telewideniýäniň üsti bilen watandaşlarymyza öz maksatnamasyny hödürledi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow çykyşyny tamamlandan soň, häzirki zaman binagärlik keşbine eýe bolan “Türkmenistan” teleradioýaýlymlar merkeziniň studiýasynyň enjamlaşdyrylyşy, bezeg aýratynlyklary, şeýle hem bu ýerde gepleşikleri ýokary derejede taýýarlamak üçin döredilen şertler bilen gyzyklandy. “Türkmenistan” teleradioýaýlymlar merkezinde diňe bir ýokary hilli teleradiogepleşilkleri alyp görkezmek üçin däl, eýsem, olary taýýarlamak üçin ähli mümkinçilikler bar. Dünýäniň iň öňdebaryjy döwrebap enjamlary, häzirki zaman talaplaryna doly laýyk gelýän kämil tilsimatlar bilen enjamlaşdyrylan mekrezde tele we radio gepleşiklerini ýokary hilli taýýarlamak üçin ähli zerur şertler bar. Mundan başga-da, merkeziň göçme telewizion studiýalary we beýleki tehniki serişdeleri bar. Olaryň kömegi bilen žurnalistler gepleşikleri gyssagly we wakanyň bolýan ýerinden reportaž taýýarlap bilýärler.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu ýerde oturdylan ýörite enjamlary doly güýjünde peýdalanmagyň zerurdygyny belläp, gepleşikleriň mazmun we çeperçilik taýdan hem-de köpdürlüligi babatda ýokary derejede bolmalydygy, gepleşikler taýýarlananda häzirki zaman tilsimatlaryň we bezeg işleriniň netijeli ulanylmalydygyny aýtdy. Şu jähetden ýokary hünär ussatlygy we gepleşikler taýýarlananda döredijilikli çemeleşmek merkeziň ähli işgärlerine bildirilýän ilkinji talap bolmalydyr, gepleşiklerde häzirki döwrüň ruhy beýan edilmelidir we olar teletomaşaçylar we radiodiňleýjiler üçin gyzykly bolmalydyr diýip, milli Liderimiz belledi.

Döwletimiz mundan beýläk-de milli tele we radio ulgamlaryny döwrebaplaşdyrmak meselesine, ýurdumyzyň bu ulgamynyň yzygiderli ösdürilmegine we iň täze tilsimatlar we enjamlar bilen üpjün edilmegine, ýokary halkara ülňülerine doly laýyk gelýän pudaklaýyn düzümiň kemala getirilmegine yzygiderli üns berer diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetniň başlygy Ş.Alowowa düzümiň netijeli işlemegi we döwrebap teleradiogepleşikleriň taýýarlanmagy babatda birnäçe tabşyryklary berdi. Studiýalaryň bezegi barada aýdylanda bolsa, bu ýerde bezeg işleriniň häzirki zaman ýörelgeleri gadymy milli bezeg däpleri bilen sazlaşygy emele getirmelidir diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.

Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow binadan çykyp, paýgtagtymyzyň keşbi eliň aýasynda ýaly görünýän teleradiomerkeziň ýanaşyk ýerleri bilen tanyşdy we täze tele diňiň köp sanly syýahatçylaryň ünsüni özüne çekýän Aşgabadyň ajaýyp künjekleriniň birine öwrülendigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyzyň ilatynyň we myhmanlarynyň Köpetdagyň dag etegindäki ajaýyp ýerleri hem-de ýurdumyzyň baş şäheriniň gün-günden özgerýän keşbini guşuçar belentlikden synlap bilmekleri üçin şu ýerden asma ýol çekilse maksadalaýyk boljakdygy barada aýtdy.

Mälim bolşy ýaly, “Türkmenistan” teleradioýaýlymlar merkezi döwlet Garaşsyzlygymyzyň 20 ýyllygynyň öňüsyrasynda dabaraly ýagdaýda açyldy we özüniň täsin binagärlik keşbi, has takygy, häzirki döwre çenli el bilen döredilen ýyldyzyň dünýäde iň uly şekili ýerleşdirilen bina hökmünde Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi. Aşgabadyň islendik künjeginden görünýän bolsa-da, köp adamlar bu täsin tehniki-inženerçilik çözgüdi bolan binany ýakyndan synlamak, merkeziň içine girip görmek, onuň syn ediş meýdançasyndan ýa-da 29-njy gatda ýerleşen aýlanýan restorandan töweregiň gözelligine maýyl bolmak, galyberse-de, döredijilik studiýalaryna baryp görmek, şeýle hem şu töwereklerdäki tenekar howadan dem alyp, gezelenç etmek isleýärler.

Milli Liderimiz bu barada aýtmak bilen, şu ýerde wagtyňy hoş geçirmek üçin ähli amatly şertler bolan oňaýly dynç alyş zolagyny döretmegiň mümkinçilikleri barada oýlanmagy teklip etdi. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu ýerde asma ýoluň bir duralgasynyň gurulmagy we onuň şu ýerden dag gerişlerine tarap dowam etdirilmegi barada aýtdy. Döwlet Baştutanymyz sözüni dowam edip, şu künjekde emeli gar örtügi bolan dag-lyža ýoluny, buzda typylýan açyk buzly stadiony, beýleki sport meýdançalaryny we medeni dynç alyş merkezlerini, şeýle hem pyýada gezelenç üçin ähli amatlyklary bolan seýilgähi gurmagyň maksadalaýyk boljakdygyny nygtady. Bir söz bilen aýdylanda, adamlaryň bu ýere höwes bilen gelmegi üçin gözel keşbi bolan dag etegindäki künjekde örän amatly tebigy şertlerden peýdalanyp, dynç almak üçin ähli mümkinçilikleriň döredilmelidigini belledi.

Soňra milli Liderimiz merkeziň ýanaşyk ýerleriniň göwnejaý abadanlaşdyrylmagy, bu ýerde bag nahallarynyň oturdylmagy, gök zolaklaryň döredilmegi barada degişli ýolbaşçylara anyk tabşyryklary berdi. Aşgabadyň okgunly ösýän we häzirki zaman talaplaryna laýyk gelýän özboluşly keşbi bolan bu künjekde ýerleşýän täze bina beýik özgertmeler hem-de ösüşler ýoly bilen ynamly gadam urýan Türkmenistanda amala aşyrylýan asylly işleriň beýanyna öwrülmelidir diýip, milli Liderimiz belledi. Şunlukda, döwlet Baştutanymyz teleradioýaýlymlaryň işgärleriniň netijeli işlemegi üçin ähli zerur şertleriň döredilmelidigini aýtdy we bu ýere ýygnananlar bilen hoşlaşyp, “Türkmenistan” teleradioýaýlymlar merkezinden ugrady.