Şu gün Türkmenistanyň Mejlisiniň dördünji çagyrylyşynyň on üçünji maslahaty boldy. Onuň gün tertibine hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary babatda işlenip taýýarlanylan täze kanunlaryň we kadalaşdyryjy-hukuk namalarynyň taslamalarynyň birnäçesi girizildi, şeýle hem käbir guramaçylyk meselelerine garaldy. Taýýarlanylan resminamalaryň wajypdygy nazara alnyp, maslahata degişli minsitrlikleriň we pedaklaýyn edaralaryň ýolbaşçylary, habar beriş serişdeleriniň wekilleri çagyryldy.
Maslahatyň barşynda bellenilişi ýaly, demokratik, hukuk we dünýewi döwletiň kanunçylyk binýadyny pugtalandyrmak, ýurdumyzyň ykdysadyýetini, ylmyny we medeniýetini ösdürmek, ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gyşarnyksyz ýokarlandyrmak, raýatyň we adamyň hukuklaryny hem-de azatlyklaryny üpjün etmek esasy wezipeleriniň hatarynda görkezildi. Mälim bolşy ýaly, ýurdumyzyň Mejlisiniň deputatlarynyň işi hem şol wezipeleri çözmäge gönükdirilendir. Ýurdumyzyň kanunçylyk-hukuk binýadyny kämilleşdirmek täze Galkynyş we beýik özgertmeler eýýamynda Türkmenistany mundan beýläk-de üstünlikli ösdürmegiň möhüm şerti bolup durýar. Milletiň Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda yzygiderli amala aşyrylýan giň möçberli özgertmeler ýurdumyzyň durmuşynyň ähli ulgamlaryny täzelemek işine kuwwatly itergi berip, köp babatda döwletiň berkararlygynyň, şeýle hem jemgyýetiň kämilliginiň derejesini kesgitleýän düýpli üýtgetmeleriň başyny başlady.
Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiziň deputatlaryň öňünde goýan gaýragoýulmasyz wezipelerine laýyklykda, täze kanunçylyk namalaryny işläp taýýarlamak boýunça netijeli işleriň alnyp barylýandygy nygtaldy. Bu işler türkmen halkynyň öňden gelýän demokratik gymmatlyklaryny, täze döwrüň ýagdaýyny we halkara standartlaryny nazara almak bilen, milli kanunçylyk-hukuk binýadyny kämilleşdirmek we ösdürmek boýunça maksatnamanyň düzümleýin bölegi bolup durýar.
Şu maslahatyň çäklerinde Mejlisiň deputatlarynyň garamagyna “Türkmenistanyň Howa kodeksini tassyklamak we güýje girizmek hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň taslamasy hödürlenildi. Ol Türkmenistanyň howa giňişligini peýdalanmagyň hukuk, ykdysady we guramaçylyk esaslaryny hem-de awiasiýanyň işiniň ýörelgelerini kesgitleýär. Çykyş edenleriň nygtaýşy ýaly, Kodeksiň esasy wezipesi ýuridiki we fiziki şahslaryň raýat awiasiýasyny hyzmatlaryna bolan talaplaryny kanagatlandyrmakdan, şeýle hem howa gämileriniň uçuşynyň howpsuzlygyny, awiasiýa we ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmekden ybaratdyr. Täze Kanunyň taslamasy işlenip taýýarlanylanda Türkmenistanyň gatnaşýan halkara konwensiýalarynyň ählisiniň düzgünleri göz öňünde tutuldy. Ýokarda agzalan Kodekse degişli Kanunyň güýje girmegi milli awiasiýanyň işini kämilleşdirmäge we “Türkmenhowaýollary” döwlet milli gullugynyň öňünde durýan wezipeleri çözmegiň netijeliligini ýokarlandyrmak üçin ähli zerur şertleri döretmäge ýardam eder.
Şu gün deputatlaryň ara alyp maslahatlaşmagyna hödürlenen möhüm resminamalaryň biri-de “Syýasy partiýalar hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň taslamasy boldy. Ol Türkmenistanyň 1996-njy ýylda goşulan Raýatlyk we syýasy hukuklar hakyndaky paktyna we Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň raýatlaryň syýasy partiýalary döretmäge bolan hukugyny göz öňünde tutýan 30-njy maddasyna laýyklykda taýýarlanyldy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň nygtaýşy ýaly, Garaşsyz ýurdumyzda amala aşyrylýan giň gerimli syýasy-durmuş özgertmeleri emeli usulda çaltlaşdyrman, ýuwaş-ýuwaşdan, ähli şertleri nazara almak bilen, köp partiýaly jemgyýetçilik-syýasy ulgamy döretmäge wagt ýetdi. Döwlet Baştutanymyz özüniň çykyşlarynda raýat jemgyýetiniň kemala gelmeginiň, syýasy ulgamy demokratiýalaşdyrmagyň wezipelerinden ugur almak bilen, şeýle hem halkara kadalaryna we standartlaryna laýyklykda bu ugurdaky işi işjeňleşdirmegiň zerurdygyny belleýär.
Bu Kanunyň taslamasy syýasy partiýalary döretmegiň esaslaryny, olaryň hukuklaryny we borçlaryny, işiniň kepilliklerini kesgitleýär, syýasy partiýalaryň döwlet edaralary we beýleki guramalar bilen gatnaşyklaryny kadalaşdyrýar. Ol Türkmenistanyň Konstitusiýasyna laýyklykda raýatlaryň syýasy partiýalary döretmäge bolan hukugynyň durmuşa geçirilmegi we syýasy partiýalaryň döredilmeginiň, işiniň, gaýtadan guralmagynyň we ýatyrylmagynyň aýratynlyklary bilen baglanyşykda ýüze çykýan jemgyýetçilik gatnaşyklaryny düzginleşdirýär.
Mejlisiň deputatlary tarapyndan gyzyklanma bildirýän edaralaryň wekilleri bilen bilelikde Türkmenistanyň Raýat kodeksiniň 4-nji böleginiň intellektual eýeçiligiň hukuklaryna degişli täze redaksiýasy taýýarlanyldy. Onda intellektual eýeçiligiň ähli obýektlerine degişli kadalar bellenildi.
Raýat kodeksine üýtgetmeleriň girizilmegi döwleti pugtalandyrmakda we onuň ykdysady kuwwatyny artdyrmakda milli intellektual mümkinçilikleri mundan beýläk-de ösdürmegiň we netijeli ulanmagyň, ylmyň, tehnikanyň, medeniýetiň gazananlaryny döwlet we jemgyýetçilik ösüşiniň ulgamyna ornaşdyrmagyň, bu ulgamda milli kanunçylygy halkara hukugynyň kadalaryna laýyk getirmegiň zerurlygy bilen şertlendirilendir.
Şunuň bilen baglylykda, Mejlisiň deputatlary tarapyndan “Awtorlyk hukugy we gatyşyk hukuklar hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň taslamasy taýýarlanyldy. Ol ylym, edebiýat we sungat eserlerini (awtorlyk hukugy), fonogrammalary, sahna eserlerini, gepleşikleri döretmek we ulanmak, ýaýlym ýa-da kabel arkaly gepleşikleri guramak (gatyşyk hukuklar) bilen baglylykda ýüze çykýan gatnaşyklary kadalaşdyrýar. Bu kanunyň taslamasy jemgyýetiň we döwletiň ösüşiniň häzirki tapgyrynyň ykdysady we durmuş taýdan ileri tutulýan ugurlaryny nazara almak bilen, intellektual eýeçilik hakynda milli kanunçylygy kämilleşdirmek maksadynda işlenip taýýarlanyldy. Çykyş edenleriň nygtaýşy ýaly, “Awtorlyk hukugy we gatyşyk hukuklar hakynda” Türkmenistanyň Kanuny awtorlaryň hukuklaryny we kanuny bähbitlerini goramagyň netijeli serişdesi bolar.
Şu maslahatyň gün tertibine “Türkmenistanyň Maşgala kodeksini tassyklamak we güýje girizmek hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň taslamasy hem girizildi. Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow maşgalany jemgyýetiň esasy we möhüm bölegi hasaplap, Mejlisiň deputatlarynyň öňünde Maşgala kodeksiniň taslamasyny işläp taýýarlamagy möhüm we gaýragoýulmasyz wezipe edip goýdy. Şol kodeksde durmuş gatnaşyklarynyň esasy meselesi hökmünde maşgala, nika, eneligi we çagalygy goramak babatda häzirki zaman ýörelgesi öz beýanyny tapar. Deputatlar bu resminamanyň ähmiýeti barada aýdyp, şol kanunçylyk namasynyň kabul edilmegi maşgala we onuň bähbitlerini goramak babatda möhüm durmuş meselelerini döwlet derejesinde mundan beýläk-de netijeli çözmäge ýardam eder diýip bellediler.
Maslahatyň barşynda kanunçylyk namalarynyň taslamalarynyň başga-da birnäçesi ara alnyp maslahatlaşyldy. Olaryň arasynda “Türkmenistanyň Araçylyk iş ýörediş jemkanunyna üýtgetmeler girizmek hakynda”, “Işiň aýry-aýry görnüşlerini ygtyýarlylandyrmak hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna goşmaça girizmek hakynda”, “Türkmenistanyň Zähmet kodeksine goşmaça girizmek hakynda”, “Kadalaşdyryjy hukuk namalar hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetmeler girizmek hakynda”, “Ýerine ýetiriji ýerli häkimýet hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda” Türkmenistanyň Kanunlarynyň taslamalary bar.
Maslahatyň barşynda dünýäniň ähli ýurtlary we abraýly halkara guramalary, şol sanda maliýe guramalary bilen hyzmatdaşlygy ösdürmek hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda Türkmenistanyň durmuşa geçirýän daşary syýasat strategiýasynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar diýlip bellenildi. Şunuň bilen baglylykda, şu maslahatda “Uzak möhletli söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk hakynda Türkmenistan bilen Ukrainanyň arasyndaky Şertnamany tassyklamak hakynda”, “Jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagyna we terrorçylygyň maliýeleşdirilmegine garşy hereket etmek boýunça Ýewraziýa topary hakynda Ylalaşygy tassyklamak hakynda” Türkmenistanyň Mejlisiniň kararlarynyň taslamalaryna garalmagy we tassyklanylmagy aýratyn ähmiýete eýedir. Deputatlar şeýle hem “Welaýat, etrap, şäher halk maslahatynyň, Geňeşiň agzasynyň şahsyýetnamasy hakyndaky” kararyň taslamasyny hem tassykladylar.
Mejlisiň nobatdaky on üçünji maslahatynyň jemleri boýunça deputatlar ýokarda agzalyp geçen täze kanunlaryň taslamalaryny makulladylar we biragyzdan kabul etdiler. Şol Kanunlaryň taslamalary Türkmenistanyň milli bähbitlerini we halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalaryny nazara almak bilen işlenip taýýarlanyldy. Nygtalyşy ýaly, şu gün garalan kanunçylyk-hukuk resminamalary türkmen döwletiniň mundan beýläk-de oňyn demokratik özgertmeler we durmuş-ykdysady reformalar ýoly bilen üstünlikli öňe gitmegine ýardam eder. Şol özgertmeler bolsa Türkmenistanyň gülläp ösmegine hem-de, bütin türkmen halkynyň abadançylygyna gönükdirilendir.