Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysyny kabul etdi
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow biziň ýurdumyzda diplomatiki işini tamamlaýan BMG-niň Hemişelik utgaşdyryjysy, BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň Türkmenistandaky Hemişelik wekili jenap jenap Lenni Montiýeli kabul etdi.
Myhman wagt tapyp kabul edendigi üçin döwlet Baştutanymyza hoşallyk bildirip, Birleşen Milletler Guramasynyň Türkmenistany ygtybarly hem-de jogapkärli hyzmatdaş hasaplaýandygyny we ählumumy abadançylygyň hem-de ösüşiň maksatlaryna laýyk gelýän netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge gyzyklanýandygyny nygtady. Şunuň bilen baglylykda, jenap Lenni Montiýel BMG-niň Türkmenistanda resmi taýdan bellenen düzümleriniň işine işjeň goldaw berýändigi üçin, şeýle hem soňky ýyllarda täze hile we mazmuna eýe bolan ikitaraplaýyn gatnaşyklar meselelerine yzygiderli üns berýändigi üçin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa hoşallyk bildirdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň BMG bilen strategiki hyzmatdaşlyga üýtgewsiz ygrarlydygyny tassyklap, biziň ýurdumyzyň oňyn Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik we hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerine esaslanan syýasaty durmuşa geçirmek bilen giň halkara hyzmatdaşlygyny ýola goýmak ugrunda tagalla edýändigini we häzirki döwrüň möhüm meselelerini çözmäge degişli meselelerde işjeň orny eýeleýändigini nygtady. Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň BMG bilen gatnaşyklarynyň artýan depginini kanagatlanmak bilen nygtap, uzakmöhletleýin esasda guralýan oňyn hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak we giňeltmek işinde jenap Lenni Montiýeliň uly goşandyny belledi, Birleşen Milletler Guramasynyň iri düzüm birlikleri bilen gatnaşyklaryň netijeli häsiýeti muňa şaýatlyk edýär.
Duşuşygyň dowamynda ugurlaryň giň toparyny -- durmuş-ykdysady we hukuk ulgamyny, gumanitar ugry, bilimi, saglygy goraýşy, ekologiýany we beýleki birnäçe ugurlary öz içine alýan däp bolan hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary hem-de mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Türkmenistanyň Prezidenti we myhman netijeli gatnaşyklary okgunly ösdürmegiň geljegi barada hem pikir alyşdylar. Hyzmatdaşlyk etmegiň soňky ýyllarda toplanan baý tejribesi we onuň köpugurly mümkinçilikleri onuň ygtybarly esasyny düzýär. Şu babatda Birleşen Milletler Guramasynyň ählumumy parahatçylygy we howpsuzlygy pugtalandyrmaga, sebitde we bütin dünýäde durnukly ösüş üçin şertleri üpjün etmäge gönükdirilen halkara tagallalarynda Türkmenistanyň uly goşandyna ýokary baha berýändigi hem-de türkmen döwletiniň şol maksatlara hyzmat etjek döredijilikli başlangyçlaryny tutuşlygyna goldaýandygy bellenip geçildi.
Duşuşygyň ahyrynda jenap Lenni Montiýel mähirli kabul edendigi üçin milletiň Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowa hoşallyk bildirip hem-de Türkmenistanda işlemegiň özi üçin uly hormat bolandygyny nygtap, onuň biziň ýurdumyzda bolmagynyň türkmen topragy we onuň ajaýyp halky barada iň gowy täsirler bilen baglanyşyklydygyny belledi.
Türkmenistanyň Prezidenti we myhman hoşlaşanlarynda, ählumumy abadançylygyň bähbitlerine hem-de müňýyllygyň global ösüş maksatlaryna laýyk gelýän Türkmenistanyň we BMG-niň gatnaşyklarynyň geljekde hem üstünlikli dowam etdiriljekdigine ynam bildirdiler.