Ï Halkyň abadançylygynyň hukuk kepili - milli kanunçylygyň baş maksady
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Halkyň abadançylygynyň hukuk kepili - milli kanunçylygyň baş maksady

view-icon 935
Türkmenistanyň Prezidenti Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary bilen duşuşdy

Şu gün Türkmenistanyň Mejlisinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň milli parlamentiň dördünji çagyrylyşynyň deputatlary bilen duşuşygy boldy. Onuň barşynda beýik özgertmeler eýýamynda türkmen döwletiniň ösüniň täze tapgyrynda deputatlaryň öňünde durýan wezipeleriň esasy ugurlary kesgitlenildi. Bu şanly waka mynasybetli baş bina bilen bitewi bir toplumy emele getiren Mejlisiň täze goşmaça binasynyň açylyşy boldy.

Mälim bolşy ýaly, döwlet Baştutanymyzyň täze ýylyň başynda halkyň saýlan wekilleri bilen duşuşyklary indi adata öwrüldi. Munuň özi döwlet gurluşygynyň möhüm wezipelerini durmuşa geçirmekde Mejlise aýratyn ornuň degişlidiginiň aýdyň subutnamasydyr. Şeýle hem bu ýerde milli parlamentiň 13-nji mejlisiniň geçirilendigini, onuň gün tertibine ýurdumyzyň demokratik we oňyn özgertmeleriň ýoly bilen mundan beýläk-de öňe gitmegini şertlendirýän birnäçe meseleleriň girizilendigini bellemek gerek. Deputatlar Türkmenistanyň milli bähbitlerini we halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalaryny nazara almak bilen işlenip taýýarlanan täze kanunlaryň taslamalaryny oňladylar we biragyzdan kabul etdiler. Olaryň hatarynda Türkmenistanyň Howa kodeksiniň taslamasy, “Syýasy partiýalar hakynda”, “Awtorlyk hukugy we gatyşyk hukuklar hakynda “, “Türkmenistanyň maşgala kodeksini tassyklamak we işe girizmek hakynda” kanun taslamalary we Türkmenistanyň Raýat kodeksiniň dördünji böleginiň täze redaksiýasy bar.

Döwlet Baştutanymyzyň ulagy Türkmenistanyň Mejlisiniň binasynyň öňündäki meýdançada saklanýar. Bu ýerde hormatly Prezidentimizi milli parlamentiň Başlygy, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary garşylaýarlar. Milli lybasdaky gyzlar döwlet Baştutanymyza gül desselerini gowşurýar.

Hormatly Prezidentimiz milli parlamentiň mejlisler zalyna girýär. Bu ýerde döwlet Baştutanymyzy uly ruhubelentlik we el çarpyşmalar bilen garşylaýarlar. Şu günki duşuşygyň aýratyn ähmiýetini nazara almak bilen, bu ýere milli parlamentiň deputatlaryndan başgada, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlgynyň orunbasarlary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary, ministrlikleriň we pudak edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary, ýokary okuw mekdepleriniň rektorlary, habar beriş serişdeleriniň wekilleri ýygnandylar.

Döwlet Baştutanymyz bu ýere ýygnananlar bilen mähirli salamlaşyp, olary iň täze enjamlar bilen üpjün edilen Mejlisiň desgalar toplumynyň täze binasynyň ulanmaga berilmegi bilen gutlady we täze binanyň kanun çykaryjylyk işiniň netijeliligini ýokarlandyrmaga mümkinçilik berjekdigine hem-de deputatlaryň maksada okgunly işiniň has-da ilerlemegine ýardam etjekdigine ynam bildirdi.

Milli Liderimih Mejlisiň deputatlaryna ýüzlenip, şu günki duşuşygyň ýurdumyzyň ýaşulular maslahatynda Türkmenistany ösdürmegiň Baş ugurlarynda beýan edilen we oňlanan döwlet ösüşiniň geljekki strategiýasyny hasaba almak bilen, deputatlaryň ýakyn geljekde öňünde durýan anyk meselelere bagyşlanandygyny aýtdy.

Türkmenistan şu ýyl döretmek we özgertmeler ýoly bilen öňe gitmeginiň möhüm, taryhy tapgyryna gadam basdy diýip bellemek bilen, hormatly Prezidentimiz ýylyň başynda ýurdumyzyň durmuşynda möhüm syýasy waka – Türkmenistanyň Prezidentiniň nobatdaky saýlawlary geçiriler. Bu saýlawlara çenli bary-ýogy bir aý wagt galdy. Prezident saýlawlarynyň geçirilmegi türkmen jemgyýetini we döwletini demokratiýa ýoly bilen yzygiderli ösdürmekde täze bir ajaýyp sahypany açjakdygyny aýtdy.

Milli Liderimiz Türkmenistanyň Prezidentiniň wezipesinde işlän bäş ýylymyň dowamynda men öz alyp baran işlerimde, hususan-da, milli ykdysadyýetimizi diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmäge, ýurdumyzy ýokary depginler bilen hemmetaraplaýyn ösýän döwlete öwürmäge gönükdirilen senagat-innowasion ösüşe esaslanýan strategiýany durmuşa geçirmekde hemişe Mejlisiň deputatlarynyň goldawyny duýdum diýip nygtady.

Men şu ýerde siziň Türkmenistanyň Mejlisine deputatlyga saýlananyňyzdan soňra geçen döwrüň dowamynda köp işleri edendigiňizi aýratyn bellemek isleýärin diýip, milli Liderimiz belledi. Şunuň bilen baglylykda döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň Mejlisiniň kanun çykaryjylyk işiniň depgininiň güýçlenmegi bilen bir hatarda ýerlerde, saýlaw okruglarynda halk tarapyndan saýlanan adamlar bolan siziň geçirýän işleriňiziň netijeliligi hem gowulandy, emma, bu gazanylan netijeler arkaýynlaşmaga, alyp barýan işleriňiziň depginini gowşatmaga hiç hili esas bolup bilmez, Türkmenistan dünýäniň netijeli ösýän, öz raýatlary üçin ýokary ýaşaýyş-durmuş ölçeglerine laýyk gelýän şertleri döredýän döwletleriniň hatarynda öz mynasyp ornuny eýelemelidir diýip aýtdy.

Ýurdumyzy yzygiderli ösdürmek maksady bilen, biz ileri tutulýan pudaklary, uly ykdysady mümkinçilikleri bolan, ýerli çig mal we zähmet serişdelerini netijeli ulanmagyň hasabyna ösmek üçin oňat şertler döredilen, bäsleşige ukyply ykdysadyýetiň nusgasyny saýlap aldyk diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.

Soňra milli Liderimiz sözüni dowam edip, öňki ýyllardaky ýaly, ýurdumyzda bazar gatnaşyklaryny emele getirmegiň we ösdürmegiň esasy ugurlary boýunça kanunçylygy kämilleşdirmek wezipesi Türkmenistanyň Mejlisiniň, onuň deputatlarynyň we komitetleriniň üns merkezinde bolmalydyr we hususy telekeçiligi mundan beýläk-de höweslendirmek, hojalygy ýöretmek, daşary ýurtly maýadarlaryň maýa goýmak babatda işjeňligini artdyrmak boýunça hukuk usullaryny işläp taýýarlamak bilen bagly wezipeler häzirki döwürde hem örän möhümdir diýip nygtady.

Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, ýakyn geljekde ykdysadyýetde döwlet eýeçiligini hususy eýeçilige geçirmek, hususylaşdyrmak, gymmatly kagyzlar bazaryny döretmek, döwlet ätiýaçlandyryş kompaniýalary bilen bäsleşip biljek beýleki ätiýaçlandyryş kompaniýalaryny döretmek we ykdysady özgertmeleriň barşynda başga-da ýokary netijeleri gazanmaga mümkinçilik berýän möhüm ugurlary kämilleşdirmek boýunça zerur işleri geçirilmelidir.

Milli Liderimiz geçen ýylda oba hojalygy, durmuş üüpjünçiligi, saglygy goraýyş, bilim, eneligi we çagalygy goramak boýunça döwletimiz tarapyndan ýöredilýän syýasatyň kanunçylyk kadalarynyň meselelerine aýratyn üns berildi diýip belledi. Şunuň bilen baglylykda, jemgyýetimiziň we döwletimiziň ösüşiniň häzirki tapgyrynda «Döwlet adam üçindir!» diýen giň manyly ýörelgede öz beýanyny tapan syýasatymyzy üstünlikli durmuşa geçirmekde 2012-nji ýyl hem örän möhüm ähmiýetli ýyllaryň biri bolar diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Ilatymyzy iş bilen üpjün etmek, raýatlarymyzyň girdejilerini artdyrmak, halkymyzy durmuş taýdan goramak, ýaşaýyş-durmuş üpjünçiligi we saglygy goraýyş, şypahana-bejeriş, bilim we dynç alyş ulgamlaryny ösdürmek bilen bagly wezipeleri ileri tutulýan ugurlar hökmünde yglan etmegimiz we olaryň kanunçylyga esaslanyp durmuşa geçirilmegi, bazar özgertmeleriniň amala aşyrylýan döwründe ýurdumyzyň durmuş syýasatyny kämilleşdirmek bilen birlikde, biz döwlet tarapyndan goldaw berilmegine aýratyn mätäçlik çekýän aýry-aýry raýatlarymyz, ýagny köp çagaly maşgalalar, ýaşulular, çagalar, maýyplar baradaky aladany hiç wagt ünsden düşürmeris, diýip milli Liderimiz nygtady. Döwletimiz mundan beýläk-de raýatlarymyza döwletimiz pensiýalary we kömek pullaryny bellemek arkaly hemişe goldaw berer, halkymyzy durmuş taýdan goramak Türkmenistanyň alyp barýan ynsanperwer syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolar diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, ukdysadyýetimiziň dürli pudaklarynyň ösüşiniň aýratynlyklaryny nazara almak bilen, zähmet gatnaşyklaryny hukuk taýdan düzgünleşdirmegi mundan beýläk-de kämilleşdirmek zerurdyr.

Döwletimiziň salgyt-býujet syýasatyny has-da kämilleşdirmek bilen bagly meseleler deputatlarymyzyň hemişe üns merkezinde bolmalydyr, demokratik ýörelgelerden ugur alyp, döwlet serişdelerini netijeli özleşdirmek maksady bilen, geljekde kanunçylyk tertibinde býujet serişdeleriniň ulanylyşyna, salgyt syýasaty, bank ulgamy, karz serişdeleri, ätiýaçlandyryş bazary bilen bagly kanunlaryň ýerine ýetirilişine deputatlar yzygiderli gözegçilik etmelidirler diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.

Statistika edaralarynyň netijeli işlemegi üçin, bu ulgamyň kadalaşdyryjy hukuk binýadyny kämilleşdirmek zerurdyr, bu bolsa statistik maglumatlaryň aç-açanlygyny, giňden ýaýradylmagyny we olaryň elýeterli bolmagyny üpjün eder diýip, hormatly Prezidentimiz nygtady.

Maýa goýmak boýunça alnyp barylýan işleri düzgünleşdirmek we kanunçylyk namalarynyň tutuş toplumyny kämilleşdirmek bilen baglanyşykly meseleleriň üstünde durup geçip, hormatly Prezidentimiz eger zerur bolsa, bu kanunçylyk namalarynyň täze redaksiýasyny kabul etmek boýunça zerur işleri alyp barmalydygyny belledi we şonuň bilen birlikde, bu meselede ýurdumyzyň maýadarlary üçin has düýpli we ygtybarly döwlet kepilliklerini üpjün etmegiň zerurdygyny aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow döwletiň hem-de hususy telekeçiligiň arasyndaky gatnaşyklary düzgünleşdirýän kadalaşdyryäy-hukuk binýadyna täzeden seredilmelidigini aýdyp, häzirki döwürde telekeçiler öz taslamalaryny döwletimiziň maliýe-karz goldawyny bermegini esasynda durmuşa geçirmäge ukyplydyrlar, şoňa görä-de, telekeçilere ýer böleklerini bölüp bermek, berlen ýer böleklerini ulanmak üçin kepillikleri üpjün etmek, telekeçileriň haýyr-sahawat boýunça durmuşa geçirýän işlerini höweslendirmek, telekeçiligi alyp barmagyň innowasion usullaryny goldamak, täze iş orunlaryny döretmek, önümçilige iň täze tehnologiýalary ornaşdyrmak bilen bagly meseleler, şeýle hem döwlet eýeçiligine degişli däl kärhanalary hasaba almagyň we gaýtadan hasaba almagyň ýeňilleşdirilen ulgamyny girizmek hem-de telekeçilik bilen bagly beýleki meseleler siziň kanun çykaryjylyk işiňiziň üns merkezinde bolmalydyr diýip belledi. Döwlete degişli däl eýeçilikdäki kärhanalary bellige almak işleri boýunça alnyp barylýan usullaryň ýönekeýleşdirilmegini üpjün edýän kanunçylygyň girizilmegi ileri tutulýan wezipe hökmünde görkezildi.

Telekeçilik işi bilen meşgullanmaga isleg bildirýän, ukyply, başarjaň her bir türkmenistanly telekeçilik ulgamyna sazlaşykly goşulyp biler ýaly hem-de öz güýjüni we ukyplaryny netijeli ulanar ýaly olar üçin zerur bolan ähli mümkinçilikler döredilmelidir diýip, milli Liderimiz aýtdy.

Ýurdumyzyň bilim ulgamynyň meseleleri barada aýratyn durup geçmek isleýärin diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi, ýokary tehnologiýalara esaslanýan we düýpli ylmy barlaglary talap edýän önümçilikler üçin ýurdumyzyň ýokary we beýleki okuw mekdeplerinde ussat hünärmenler taýýarlanmalydyr diýip belledi. Şunuň bilen baglylykda, milli Parlamentimiziň wezipesi ähli derejelerdäki tehniki we hünär bilimi ulgamyny ösdürmek üçin hukuk esaslaryny üpjün edýän, döwrüň talaplaryna laýyk gelýän kanunçylyk çärelerini durmuşa geçirmekden ybaratdyr diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy.

Milli medeniýetimizi mundan beýläk-de ösdürmäge degişli meselelere degip geçmek bilen, milli Milli Liderimiz bu ulgama döwlet tarapyndan, şol sanda kanunçylyk taýdan ýardam bermek boýunça goşmaça çäreleri görmelidiris diýip aýtdy.

Döwlet Baştutanymyz dinara gatnaşyklarynyň meselelerine degip geçmek bilen, türkmen topragynda asyrlaryň dowamynda dünýä dinleriniň ählisi bolupdygyny we olar ylalaşykly hereket edendigini, halkymyzyň bolsa bütin dünýäde özüniň myhmansöýerligi bilen belli bolandygyny aýdyp, bu ýörelgeleriň, asylly däpleriň ählisi türkmen topragynda Türkmenistanyň kanunçylygyny kämilleşdirmegiň we ony gyşarnyksyz berjaý etmegiň esasynda mundan beýläk-de saklanmalydyr we berkidilmelidir diýip belledi.

Soňra döwletimiziň we jemgyýetimiziň demokratik esaslarynyň ösüşiniň wezipelerine degip geçmek bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gazanan üstünliklerimiz, ýeten belent sepgitlerimiz ýurdumyzyň syýasy ulgamyny mundan beýläk-de döwrebaplaşdyrmak we demokratiýany ösdürmek boýunça ulgamlaýyn we köpugurly işlere geçmäge mümkinçilik berýändigini diýip belledi hem-de bize syýasy reformalaryň umumymilli maksatnamasy zerur diýip men pikir edýärin diýip aýtdy. Bu maksatnama döwlet, syýasy we jemgyýetçilik institutlaryny özgertmek üçin ýeke-täk, bitewi çemeleşmäni göz öňünde tutmalydyr, bu maksatnamanyň esasy mazmuny demokratiýanyň däplerine we ählumumy ýörelgelerine, şeýle hem öňdebaryjy döwletleriň tejribesine we biziň köp milletli döwletimiziň däplerine laýyklykda ýurdumyzda mundan beýläk-de demokratiýany ösdürmekden ybaratdyr diýip, milli Liderimiz öz çykyşynda nygtady.

Soňky ýyllarda jemgyýetçilik durmuşyny demokratiýalaşdyrmak boýunça köp işleriň amala aşyrylandygyny bellemek gerek, muňa mysal hökmünde, düýnki kabul edilen «Syýasy partiýalar hakyndaky» Kanuny, hususy telekeçileriň gazetlerini, jemgyýetimiziň ähli gatlaklarynyň wekilleriniň telewizion gepleşiklerde yzygiderli çykyş etmeklerini Internet ulgamynyň mümkinçilikleriniň giňden peýdalanylmagyny, dürli pudaklardaky halkara hyzmatdaşlygynyň ösüşini görkezmek bolar diýip, milli Liderimiz aýtdy.

Ýurdumyzda amala aşyrylýan demokratik özgertmeleri has-da çaltlandyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň hereket edýän Konstitusiýasynyň bize berýän mümkinçiliklerini ýokary derejede we netijeli ulanmagyň zerurdygyny belläp, hormatly Prezidentimiz Konstitusiýamyzyň dünýäde demokratik jemgyýetiň baş ýörelgesine we esasy wezipelerine laýyk gelýän Konstitusiýa hökmünde ykrar edilýändigini, esasy Kanunymyzda jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygynyň adamdygy baradaky baş ýörelge beýan edilendigini belledi we Konstitusiýamyzyň hut şu düzgüni hem biziň amala aşyrýan «Döwlet adam üçindir!» diýen şyýasatymyzyň esasyny düzendigini nygtady.

Ýurdumyzda jemgyýetçilik-syýasy durmuşyny mundan beýläk-de demokratiýalaşdyrmaga, raýat jemgyýetiniň institutlaryny kämilleşdirmäge, häzirki zaman saýlaw usullaryny giňden ornaşdyrmaga, ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralaryny ösdürmäge gönükdirilen işler güýçli depginler bilen alnyp barylýar diýip bellemek bilen, döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň her bir raýaty üçin häkimiýetiň wekilçilikli edaralaryna we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralaryna erkin saýlamak we saýlanyp bilmek babatda giň mümkinçilikleri we hukuk kepilliklerini döretmek bilen birlikde, saýlawlar baradaky kanunçylygy yzygiderli kämilleşdirmegiň, häkimiýet bilen jemgyýetiň arasyndaky paýhasly deňagramlylygy saklamagyň borjumyzdygyny belledi.

Raýatlarymyzyň saýlaw hukuklaryny doly kepillendirýän kanunçylygy kämilleşdirmek bilen bir hatarda, häzirki syýasy hakykatdan ugur alyp, jemgyýetçilik birleşikleriniň işini düzgünleşdirýän kanunçylyga hem degişli üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek zerur diýip hasap edýärin diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.

Türkmenistanyň Mejlisiniň ornuny we abraýyny ýokarlandyrmak barada aýdylanda bolsa, beýleki ýurtlaryň parlamentleri bilen alnyp barylýan gatnaşyklar has-da işjeňleşdirilmelidir diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Milli Liderimiz ýerine ýetiriji häkimiýeti özgertmek, döwlet dolandyryş ulgamynyň işini düzgünleşdirmek we onuň netijeliligini ýokarlandyrmak babatda anyk teklipleri aýtdy. Häzirki döwür kanun çykaryjy häkimiýetiň, ýagny Türkmenistanyň Mejlisiniň syýasy abraýynyň artdyrylmagyny talap edýär diýip, hormatly Prezidentimiz belledi.

Alyp barýan daşary syýasatymyz barada aýdylanda bolsa, bu meselede biziň ileri tutýan ugurlarymyz üýtgewsiz bolmagynda galýar, onuň häzirki döwrüň möhüm meselelerini çözmekde dünýä jemgyýetçiliginiň ýurtlary we halkara guramalary bilen köpugurly hyzmatdaşlygyny ösdürmek Türkmenistanyň daşary syýsatynyň esasy ugurlarynyň biridir diýip, milli Liderimiz belledi.

Şunuň bilen baglylykda, biziň deputatlarymyzyň öňünde durýan möhüm wezipeleri kesgitläp, döwlet ösüşiniň täze tapgyrynda tutuş jemgyýet bolup, eziz Watanymyz Türkmenistanyň gülläp ösmeginiň hatyrasyna mundan beýläk-de barha uly üstünlikleri gazanyp, belent sepgitlere ýetmekden, milli agzybirligiň, jemgyýetçilik durnuklylygynyň aýdyň ýoly bilen öňe gidip, yhlasly we tutanýerli zähmet çekmekden, öz amala aşyrýan işlerimiz we kabul edýän kanunçylyk namalarymyz bilen döwletimiziň düýpli hukuk binýadyny has-da pugtalandyrmakdan ybaratdyr diýip aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sözüniň ahyrynda Täze – 2012-nji ýylyň berkarar Watanymyz üçin – durnukly we netijeli ösýän ykdysadyýeti bolan, halky ruhy taýdan berkän, özüniň bagtyýar geljegine ynamly garaýan Türkmenistan üçin aýdyň geljege barýan ösüş ýolunda täze bir tapgyr boljakdygyna, eziz Diýarymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 20 ýylynda döredilen berk binýada esaslanyp, täze, belent sepgitlere ýetjekdigine pugta ynanýaryn diýip belledi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň çykyşy uly üns berlip diňlenildi we birnäçe gezek şowhunly el çarpyşmalar bilen garşylandy

Soňra Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy A. Nurberdiýewa söz berildi. Ol hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa milli parlamentiň işine hemişe aýrytn üns berýändigi üçin çuňňur hoşallyk bildirdi hem-de milletiň Liderini deputatlaryň ata Watanymyzyň mundan beýläk-de rowaçlygynyň artmagyna we halkara derejesindäki at-abraýnyň has-da beýgeldilmegine gönükdirilip, öz öňlerinde goýlan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek üçin tagallalaryny gaýgyrmajakdygyna ynandyrdy. Mejlisiň Başlygy A. Nurberdiýewa ýygnananlara parlamentiň binasyny giňeltmek baradaky çözgüdiň hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa degişlidigini ýatladyp, döwlet Baştutanyna deputatlaryň topary barada alada edýändigi üçin hoşallyk bildirdi hem-de täze binanyň açylmagyna ak pata bermegi haýyş edip, milletiň Liderine ýüzlendi.

Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Mejlisiň täze binasyna bardy.

Döwlet Baştutanymyzyň Kararyna laýyklykda, ýurdumyzyň Mejlisiniň jaýynyň goşmaça binasynyň umumy meýdany 6050 inedördül metre barabardyr. Döwrebap täze bina paýtagtymyzdaky dolandyryş edaralarynyň gurluşygy babatda bildirilýän ähli talaplar göz öňünde tutulyp guruldy we açyk milli öwüşginlere eýe bolmagy bilen tapawutlanýar. Parlamentiň jaýynyň gümmeziniň durky hem täzelendi we ol binagärlik boýunça milli ýörelgelere görä guruldy.

Toplumdaky jaýlar aýna goýlan giň eýwan bilen özara baglanyşdyrylýar. Goşmaça jaýyň daşky binagärlik keşbi we mermer sütünleriň 22-si Mejlisiň esasy binasynyň görnüşine we öň tarapyna sazlaşykly goşulyşýar. Täze bina 4 sany derejeden ybaratdyr. Onda hünärmenler üçin iş otaglar we tehniki otaglar ýerleşýär. Birinji gatyň baglanyşdyryjy galereýasy VIP- kabulhana alyp barýar, bu ýerde her biri 40 orunlyk mejlisler zallarynyň ikisi ýerleşýär. Ikinji gatda deputatlaryň iş otaglary, üçünji gatda komitetleriň ýolbaşçylarynyň iş otaglary, 16 orunlyk mejlisler zaly we kitaphana bar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow kitaphananyň içki bezegi we enjamlar bilen üpjün edilişini üns berip synlady. Ýagty we giň okalga amatly mebeller, döwrebap enjamlar we yşyklandyryjylar bilen üpjün edilipdr. Her bir orunda kompýuter tehnikasy goýlup, şonda internete aralaşmaga mümkinçilik döredilipdir.

Ikinji gatda döwlet Baştutanyna iş otaglary görkezildi. Bu ýerde ýurdumyzyň deputatlarynyň netijeli işlemegi üçin ähli şertler döredildi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýene-de bir gezek belleýşi ýaly, deputatlar türkmen döwletini we jemgyýetini ösdürmegiň täze tapgyrynda wajyp meseleleri berjaý etmeli bolar. Milletiň Lideri birinji gata düşüp, köp ugurly we uly mejlisler zaly bilen tanyşdy, bu zal döwrebap tehniki mümkinçiliklere görä her biri 40 orunlyk zallaryň ikisine öwrülip biler.

Bu ýerde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň parlamentiniň Başlygy, Türkmenistanyň Ministrlder Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary bilen söhbetdeş boldy. Onuň barşynda milli kanunçylygy, parlamentarileriň ähli döwlet düzümleri, şol sanda ýurdumyzyň pudaklaýyn dolandyryş edaralary, harby we hukuk goraýjy edaralar, şeýle hem jemgyýetçilik guramalary bilen köp jähetli bilelikdäki işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek bilen bagly meseleler barada gürrüň edildi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow demokratik, hukuk we dünýewi döwletiň kanunçylyk binýadynyň pugtalandyrylmagyny, Türkmenistanyň ykdysady we durmuş taýdan ösüşine has uly badalga berilmegini, onuň halkara derejesindäki at-abraýynyň berkidilmegini, ýurdumyzyň ilatynyň durmuş-ýaşaýyş şertleriniň gowulandyrylmagyny, raýatyň we adamyň hukuklarynyň we azatlyklarynyň üpjün edilmegini bilelikdäki tagallalary gönükdirmek arkaly ýetilmeli esasy maksatlaryň hatarynda görkezdi.

Döwlet Baştutany deputatlaryň esasy wezipeleriniň biriniň ýerlerde işleri geçirmekden we hususan-da, öz okruglaryndaky durmuş-ykdysady ähmiýetli meseleleri çözmekde ýerine ýetiriji häkimiet edaralary bilen özara arkalaşykly hereket etmekden ybaratdygyny belläp, her bir parlamentariniň halkyň jümmüşinde bolup, öz saýlawçylarynyň bähbitlerini, ýurdumyzyň Konstitusiýasynda we beýleki kanunlarynda berkidilen hukuklaryny goramalydygyny aýratyn nygtady.

Hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlaryna, harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylaryna şu günki maslahatdan gelip çykýan wezipeleri durmuşa geçirmek bilen baglanyşykly birnäçe tabşyryklary berdi. Öňde goýlan meseleleriň üstünlikli çözülmegi köp babatda adamlaryň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň ýokarlanmagyny, ýurdumyzda giňden ýaýbaňlandyrylan oňyn özgertmeleriň gyşarnyksyz ýerine ýetirilmegini şertlendirer diýip, döwlet Baştutanymyz belledi. Milli Liderimiz ýurdumyzyň durmuş ulgamynda alnyp barylýan işleriň netijeliligini mundan beýläk-de ýokarlandyrmak bilen baglanyşykly meseläni dowam edip, Türkmenistanda neşekeşligiň düýpli soňyna çykmak babatda degişli düzümleriň bilelikde, tutuş jemgyýet bolup tagalla edilmeginiň zerurdygyny nygtady. Mundan başga-da, horimatly Prezidentimiz ýurdumyzyň ilatynyň durmuş derejesiniň has-da ýokarlandyrylmagy, durmuş ulgamynyň yzygiderli ösdürilmegi ugrunda ähli düzümlerde maksatnamalaýyn işleriň amala aşyrylmalydygyny aýtdy.

Döwlet Baştutanymyz maslahaty tamamlap, şu ýerde belent mertebeli myhmanlar üçin niýetlenen kitapda ýadygärlik ýazgy galdyrdy.

Hormatly Prezidentimiz bu ýere ýygnananlar bilen mähirli hoşlaşdy we Türkmenistanyň Mejlisiniň binasyndan çykdy.

Bu ýerde şu günki şanly wakanyň hormatyna, mähriban Watanymyzyň gülläp ösmeginiň hatyrasyna, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baş saglygyna sadaka berildi.