Daşoguz welaýatynyň okuwçylary okuw ýylynyň üçünji çärýeginiň başynda ajaýyp sowgatlary aldylar. Welaýatyň oba ýerlerinde "Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň durmuş-ýaşaýyş şertlerini düýpli özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasyny" durmuşa geçirmegiň çäklerinde gurlan birbada iki sany täze häzirki zaman umumybilim berýän mekdep gapylaryny giňden açdy.
2012-nji ýylyň ilkinji günleriniň döwletimiziň ösüp gelýän nesil barada edýän aýratyn aladasynyň ýene-de bir ýüze çykmasy bilen tapawutlanandygy bellärliklidir. Türkmen döwleti hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýöredýän durmuş ugruna gönükdirilen syýasatyna laýyklykda ýaşlaryň hemmetaraplaýyn we sazlaşykly ösmegi üçin ähli şertleri döredýär. Şol syýasatyň düýp many-mazmuny “Döwlet adam üçindir!” diýen şygarda öz beýanyny tapýar.
Täze desgalaryň açylyş dabaralaryna welaýat we etrap häkimlikleriniň, zähmet toparlarynyň we jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, hormatly ýaşulular we ýaşlar gatnaşdylar. Has tapawutlanan gurluşykçylara gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.
Bu ýerde ýaňlanan aýdymlarda we çykyşlarda Watanymyza bolan çuňňur buýsanç duýgusy öz beýanyny tapdy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başyny başlan giň möçberli özgertmelerini üstünlikli durmuşa geçirmegiň ruhubelentlik duýgusyny döredýändigi bellenildi. Ýurdumyzyň ähli künjeklerinde dünýä ülňülerine laýyk gelýän häzirki zaman mekdepleriň we çagalar baglarynyň gurulmagy şol özgertmeleriň aýdyň netijeleriniň biri bolup durýar.
Şu gün Gurbansoltan eje adyndaky etrabyň Sapyş Çerkezow adyndaky geňeşliginde we S.A.Nyýazow adyndaky etrabyň “Nowbahar” geňeşliginde her biri 320 orunlyk täze umumybilim berýän mekdepleri ulanmaga bermek dabaralary boldy. Şol mekdepler “Altyn gala gurluşyk” we “Daş ussat” hususy kärhanalaryň gurluşykçylary tarapyndan bina edildi.
Täze desgalaryň her biri öz aralarynda baglaşdyrylan üç sany iki gatly binalary birleşdirýän häzirki zaman toplumlaryndan ybaratdyr. Olar häzir biziň ýurdumyzda bilim ulgamyň desglararyna bildirilýän talaplara laýyklykda guruldy we enjamlaşdyryldy.
Giň we ýagty otaglardan başga-da, olarda mejlisler we sport zallary, zähmet okuwy boýunça aýratyn otaglar, lingafon otagy, laboratoriýalar, kitaphanalar, açyk sport meýdançasy, beýleki zerur bolan okuw we kömekçi otaglar bar. Bu ýerde okuwçylaryň hemmetaraplaýyn we sazlaşykly ösmegi üçin ähli şertler döredildi. Otaglarda hereket edýän iň häzirki zaman kompýuter tehnikalary oba okuwçylarynda aýratyn gyzyklanma döredýär. Interaktiw tagtalaryň kömegi bilen bolsa mekdep sapaklaryny çuň we hemmetaraplaýyn, şeýle hem has gyzykly özleşdirmek bolýar. Täze desgalara ýanaşyk ýerler hem talaba laýyk abadanlaşdyryldy we bagy-bossanlyga öwrüldi.
Açylyş dabaralary tamamlanandan soň, şu wakalaryň hormatyna, Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmeginiň hatyrasyna we hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baş saglygyna toý sadakasy berildi.