Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda birnäçe resminamalaryň taslamalaryna seredildi, şeýle hem döwlet durmuşyna degişli wezipeler hem-de derwaýys meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Milli Liderimiz mejlisiň gün tertibini yglan edip, oňa gatnaşyjylara söz berdi. Ilki bilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň Iş dolandyryjysy H.Muhammedowa söz berildi. H.Muhammedow döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi, şeýle hem özüniň gözegçilik edýän dolandyryş ulgamyndaky işleriň ýagdaýy barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzda amala aşyrylýan ägirt uly oňyn özgertmeleriň ata Watanymyzyň gülläp ösmeginiň, mähriban halkymyzyň abadançylygynyň, bagtyýar durmuşynyň, röwşen ertiriniň hatyrasyna gönükdirilendigini bellemek bilen, paýtagtymyzdaky möhüm desgalaryň gurluşygynyň barşyny, olaryň ýokary hilli gurulmalydygyny we bellenilen möhletde ulanylmaga tabşyrylmagyny mydama berk gözegçilikde saklamagyň wajyp wezipe bolup durýandygyny nygtap belledi.
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Goçyýew döwlet Baştutanynyň ozal beren tabşyryklarynyň, şol sanda Mary şäherinde Bagt köşgüni gurmak bilen bagly tabşyrygynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi, bäsleşikde üstün çykanyň hödürlän taslamasyna laýyklykda şol Bagt köşgi 4 müň inedördül metre barabar meýdançada ýerleşer hem-de döwrebap, tehniki serişdeler bilen üpjün edilen iş otaglaryny, nika baglaşmak üçin niýetlenen iki sany zaly, dabaralary geçirmek üçin uly zaly, şeýle hem köp sanly salonlary özünde jemleýän üç gatly bina bolar.
Şeýle hem wise-premýer Azyk senagaty assosiasiýasynyň düzümine girýän kärhanalaryň, maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmk üçin bu assosiasiýanyň öz serişdeleriniň hasabyna “Belarus” kysymly traktorlary, “Türkmenobahyzmat” assosiasiýasyna sürüm traktorlarynyň 500-sini we hatarara bejergi geçirýän traktorlaryň 200-sini satyn almak barada hasabat berdi. Hasabatyň çäklerinde “Altyn Asyr” öýjükli aragatnaşyk ulgamynyň göwrümini giňeltmek, şol sanda daşary ýurtly hyzmatdaşlardan enjamlary satyn almak we şertnamalary maliýeleşdirmek barada aýdyldy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, milli ykdysadyýetimiziň yzygiderli ösüş depginlerini saklamak we onuň mundan beýläk-de ösdürilmegini üpjün etmek boýunça maksada laýyk gelýän işleri geçirmegiň zerurdygyny aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz ähli mnistrlikleriň we pudak edaralarynyň maliýe ýagdaýynyň, şeýle hem Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň milli maksatnamalaryndan gelip çykýan wezipeleri bilen bagly meselelere yzygiderli gözegçilik etmegi tabşyrdy.
Milletiň Lideri Mary şäherindäki Bagt köşgüniň gurluşygyna degişli mesele barada durup geçip, ýurdumyhyň ähli welaýatlarynda owadan şeýle köşkleriň guruljakdygyny hem-de olaryň maşgala dabaralarynyň medeni merkezlerine öwrülip, türkmen halkynyň ruhy we ahlak gymmatlyklaryny, özboluşly milli medeniýetimizi, biziň ajaýyp däp-dessurlarymyzyň we adatlarymyzyň gözelligini we çuňňur many-mazmunyny özünde jemlejekdigini aýtdy.
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça ýurdumyzyň ählumumy parahatçylyga, abadançylyga we ösüşe gönükdirilen netijeli halkara hyzmatdaşlygyna esaslanýan daşary syýasy strategiýasyny yzygiderli amala aşyrmak ugrunda geçirilýän işler barada hasabat berdi. Şunuň bilen baglylykda, ol şu ýylyň ýanwarynda göz öňünde tutulýan halkara derejeli çäreler barada aýtdy.
Bulardan başga-da, Beýik Britaniýanyň paýtagtyty Londonda türkmen-britan söwda-senagat geňeşiniň ikinji mejlisini hem-de Aşgabatda ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Hökümetara türkmen-türk geňeşiniň Dördünji mejlisini geçirmek göz öňünde tutulýar.
Şeýle hem wise-premýer, DIM-niň ýolbaşçysy öz hasabatynda Türkmenistanyň hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan Birleşen Miilletler Guramasynyň belent münberinden beýan edilen başlangyçlaryny iş ýüzünde amala aşyrmak boýunça maksada laýyk işleriň alnyp barylýandygyny aýtdy. Ministrligiň işgärleriniň we Türkmen diplomatlarynyň geljekde-de öz öňlerinde goýlan möhüm we jogapkärli wezipeleri üstünlikli berjaý etmek üçin ähli tagallalaryny gaýgyrmajakdygy bellenildi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty jemläp, türkmen döwletiniň döwletara derejesinde, şeýle hem köptataplaýyn öňdebaryjy halkara guramalarynyň we bölümleriniň, ilkinji nobatda, BMG-niň çäklerinde oňyn hyzmatdaşlygyň berkidilmegine we giňeldilmegine gönükdirilen netijeli daşary syýasy ugruna ygrarly bolup durýandygyny belledi. Milletiň Lideri Bitarap Türkmenistanyň umumy bähbitler üçin,öz parahatçylyk dörediji we döredijilikli kuwwatyndan peýdalanyp, geljekde-de häzirki döwürde adamzady tolgundyrýan möhüm meseleleriň çözgütlerini işläp taýýarlamak, daşary ýurtly ähli hyzmatdaşlar bilen deňhukukly, özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmek bilen bagly ugra eýerjekdigini aýtdy.
Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutany ýurdumyzyň DIM-niň we diplomatik işgärleriniň öňünde goýlan wezipeleriň möhüm ähmiýetlidigini ýene-de bir gezek belläp, göz öňünde tutulan ähli çäreleriň ýokary derejede guralmalydygyny we geçirilmelidigini aýdyp, bu babatda birnäçe anyk tabşyryklary berdi.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary D.Orazow gözegçilik edýän pudaklarynda alnyp barylýan işler, olary mundan beýläk-de ösdürmegiň geljegi barada hasabat berdi.
Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň ykdysadyýeti üçin gurluşyk senagatynyň uly ähmiýete eýedigini nygtap, häzirki wagtda ýurdumyzyň ähli ýerlerinde senagat, medeni-durmuş maksatly desgalary hem-de ýaşaýyş jaýlaryny gurmak boýunça giň möçberli maksatnamanyň durmuşa geçirilýändigini belledi. Bu maksatnamany durmuşa geçirmäge ýurdumyzyň kärhanalary hem işjeň gatnaşýarlar. Olar ýokary netijeli häzirki zaman tehnologiýalaryny ornaşdyrmak bilen işleriň ýokary hilli alnyp barylmagyny üpjün etmelidir diýip, milli Liderimiz aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, işleriň ýokary hilli ýerine ýetirilmegini we desgalaryň öz wagtynda ulanmaga berilmegini üpjün etmek potratçylara bildirilýän esasy talap bolupdy we şeýle bolmagynda galýar. Şunda döwlet Baştutanymyz raýatlarymyzyň bähbitleriniň üpjün edilmeginiň möhümdigini nygtady.
Soňra döwlet Baştutanymyz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary D.Orazowa ýene-de bir täze urganly ýoly gurmak barada bäsleşik yglan etmegi, oňa bu babatda baý tejribesi bolan kompaniýalary çekmegi tabşyrdy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, ilki bilen bu ýoluň “Türkmenistan” teleradioýaýlymlar merkezine çenli barýan birinji nobatdakysynyň taslamasyny işläp taýýarlamak, soňra bolsa urganly ýoluň Teleradioýaýlymlar merkezinden daga tarap uzalyp gidýän ikinji nobatdakysynyň taslamasynyň üstünde işlemek zerurdyr.
Bu urganly ýol bilen birlikde, şu ýol arkaly ýokary galan adamlaryň dynç almaklary üçin şol ýerde degişli üpjünçilik ulgamlaryny, restoran, tebigatyň gözelliklerini synlamak üçin niýetlenen meýdançany we zerur bolan beýleki binalary we desgalary gurmak möhümdir. Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, bu ýerde dynç almaga gelýän adamlara ýokary hilli hyzmat etmek üçin zerur bolan ähli şertler göz öňünde tutulmalydyr. Urganly ýol gurlup, ulanmaga berlenden soň, bu ýere gelýän adamlaryň we syýahatçylaryň Teleradioýaýlymlar merkezine çenli ýokary galyp, şol ýerde gezelenç edip, dynç almaklary, şeýle hem bu urganly ýol bilen has ýokaryk—daga galyp, gezelenç etmekleri we öz wagtlaryny oňat geçirmekleri üçin ähli mümkinçilikler döredilmelidir.
Urganly ýoly gurmak bilen birlikde, biz bu ýerde lyža sporty bilen meşgullanmak üçin dagdan aşaklygyna gaýdýan ýörite sport meýdançasyna hem göz öňünde tutmalydyrys diýip, milli Liderimiz aýtdy. Bu ýerlerdäki belentliklerde emeli gary ulanyp, lyža sporty bilen meşgullanmak üçin ýörite ýodalary döretmek beýle bir kyn iş däldir diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy. Howanyň sowuk gelen käbir ýyllary bolsa ýagan gar bu meýdanlarda ýylyň bütin dowamynda eremän ýatýar. Şoňa görä-de, bu ýerde lyža sporty bilen meşgullanmak üçin sport meýdançalaryny, ýörite ýodalary döretmäge ähli mümkinçilikler bar diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.
Hormatly Prezidentimiz wise-premýere bu meseläni çözmek boýunça çäreleriň meýilnamasyny taýýarlamagy tabşyryp, mejlisi dowam etdirdi.
Hökümet Baştutanynyň orunbasary B.Hojamuhammedow öz gözegçilik edýän pudaklaryndaky – nebitgaz toplumyndaky, himiýa senagatyndaky we balyk hojalygyndaky işleriň ýagdaýy barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, milli ykdysadyýetimiziň esasy pudaklarynyň önümçilik kuwwatlyklaryny mundan beýläk-de artdyrmagyň möhümdigini nygtady. Ýurdumyzyň gündogarynda we günorta –gündogarynda amala aşyrylýan iri maýa goýum taslamalaryň, şol sanda dünýädäki iri “Galkynyş” gaz känini, Amyderýanyň kenaryndaky geljegi uly ýataklary özleşdirmek, Maryda karbamid öndürýän zawody we Lebap welaýatynyň Köýtendag etrabynda kaliý dökünlerini öndürýän zawody gurmak baradaky taslamalaryň durmuşa geçirilmegi bu wezipeleri üstünlikli çözmäge ýardam eder.
Soňra wise-premýer M.Ýazmuhammedowa özüniň gözegçilik edýän pudaklarynda alnyp barylýan işler, şeýle hem ýurdumyzda medeniýet düzümleriniň, neşirýat ulgamynyň işini has-da kämilleşdirmek, olara öňdebaryjy tejribeleri ornaşdyrmak we bu ugurda halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek boýunça düzülen maksatnamanyň ýerine ýetirilişi, guralýan medeni çäreleriň derejesini mundan beýläk-de ýokarlandyrmak babatda düzülen meýilnamalar hakynda hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow türkmen medeniýetine çuňňur gyzyklanma bildirýän we medeniýetiň milli özgertmeler eýýamyndaky eýeleýän wajyp ornuna düşünmäge çalyşýan hem-de medeniýete degişli milli ruhy gymmatlyklara belent sarpa goýýan adamlaryň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmak hem-de olary höweslendirmek babatda durmuşa geçirilýän çäreleriň möhümdigini belledi. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz neşir önümleriniň ilkinji nobatda bolsa, çap edilýän makalalaryň hilini ýokary derejede saklamagyň zerurdygyny aýtdy. Milletiň Lideri türkmen halkynyň baý medeni mirasyna hem-de beýik özgertmeler eýýamynda türkmen medeniýetiniň we sungatynyň gazananlaryna bagyşlanan gyzykly we täsirli makalalaryň yzygiderli çap edilmeginiň zerurdygyny nygtady. Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň medeni durmuşynyň ähli jähetlerini we umuman, häzirki döwrüň ruhubelent ýagdaýyny, döredijilikli başlangyjyny beýan edilmegi babatda degişli çäreleri durmuşa geçirmek barada anyk tabşyryklary berdi.
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Şagulyýew gözegçilik edýän ulag we aragatnaşyk pudaklarynda geçirilýän işler barada hasabat berdi. Hususan-da, wise-premýer “Gyzylgaýa-Bereket-Etrek” demir ýolunyň Bereket-Serhetýaka böleginiň gurluşyk-gurnama işlerini maliýeleşdirmek hakyndaky Kararlaryň taslamalaryny taýýarlamak barada hasabat berdi
N.Şagulyýew döwlet Baştutanymyza Aşgabat şäherindäki telewizion minarany häzirki zaman enjamlary bilen üpjün etmek boýunça ýerine ýetirilen işler barada habar berip, Russiýa Federasiýasynyň “Prima Telekom” açyk paýdarlar jemgyýetiniň täze telelwizion minara bilen “Orbita” sehiniň arasynda optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamyny çekmek, RRL aragatnaşyk, 6 sany teleýaýlym üçin niýetlenen kompessiýa ulgamlaryny we antenna-fider gurluşlaryny gurmak boýunça işleri doly tamamlandygyny we şeýlelikde, şertnamada göz öňünde tutulan işleri ýerine ýetirendigini aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer Aragatnaşyk ministrligine enjamlary satyn almak üçin Russiýa Federasiýasynyň “Prima Telekom” açyk paýdarlar jemgyýeti bilen şertnama baglaşmaga rugsat berilmegi barada hasabat berdi.
Türkmenistanyň Prezidenti ulag ulgamynyň milli ykdysadyýetimizi yzygiderli ýagdaýda ösdürmekde möhüm ähmiýete eýedigini belläp, demir ýol arkaly ýükleri daşamagyň ýurdumyzyň içinde, şeýle hem halkara ulag gatnawlaryny sazlaşykly ösdürmekde ähmiýetiniň artýandygyny aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, milletiň Lideri Ýewraziýa yklymyndaky ýurtlaryň arasynda ygtybarly ulag geçelgesine öwrüljek Demirgazyk-Günorta transmilli demir ýoluny gurmak baradaky taslamanyň möhüm ähmiýetlidigini belledi. Döwlet Baştutanymyz Kararyň taslamasyny oňlap, degişli ýolbaşçylara şol taslamanyň amala aşyrylmagyna berk gözegçilik edilmegini tabşyryp, işleriň bellenilen möhletde we ýokary hilli berjaý edilmegine aýratyn üns berilmelidigini nygtady.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow döwrebap ulag düzümini we telekommunikasiýalar boýunça ýokary tehnologiýaly ulgamlaryň bolmagynyň ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmekde we halkara hyzmatdaşlygyny üstünlikli amala aşyrmakda wajýyp ähmiýetli ýagdaý bolup durýandygyny aýdyp, şu ulgamlary mundan beýläk-de döwrebaplaşdyrmagyň we has kämil tehnikany, enjamlary we innowasion tehnologiýalary giňden ornaşdyrmagyň zerurdygyna ünsi çekdi.
Hususan-da, milletiň Lideri häzirki wagtda Türkmenistanda Interneti we aragatnaşyk boýunça döwrebap tehnologiýalary her bir raýata elýeterli etmek üçin ähli şertleriň döredilýändigini we telekommunikasiýalaryň batly depgin bilen ösdürilmegine uly ähmiýet berilýändigini belledi. Beýik özgertmeler eýýamynda şu işe döwrüň talaplaryna laýyklykda täzeden badalga berildi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutany Aragatnaşyk ministrligine aragatnaşyk enjamlaryny satyn almak üçin Russiýa Federasiýasynyň “Prima Telekom” açyk paýdarlar jemgyýeti bilen şertnama baglaşylmagyny oňlady.
Soňra Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisine çagyrylan ýurdumyzyň Demir ýol ulaglary ministri R.Seýitkulyýew
döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyrygyna laýyklykda taýýarlanan “Türkmenistanyň demir ýol ulaglary pudagyny 2012-2016-njy ýyllar aralygynda ösdürmegiň Baş meýilnamasyny tassyklamak hakyndaky” Kararyň taslamasyny hödürledi hem-de “Gyzylgaýa-Bereket-Etrek” demir ýolunyň “Bereket-Serhetýaka” böleginiň gurluşyk-gurnama işlerini maliýeleşdirmek bilen bagly amala aşyrylýan çäreler barada hasabat berdi.
Hususan-da, şol Baş meýilnama boýunça “Atamyrat-Ymamnazar”, “Gazojak-Şasenem-Daşoguz” demir ýollarynyň, Amyderýanyň üsti bilen geçýän “Türkmenabat-Farap” demir ýol köprüsiniň, Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy we Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherleriniň arasynda gatnajak ýokary tizlikli otlular üçin niýetlenen täze demir ýolunyň, şeýle hem düzüme degişli başga-da birnäçe desgalaryň gurluşygyny amala aşyrmak göz öňünde tutulýar.
Bereket şäherinden başlap, Gazagystan bilen serhede çenli uzalýan Demirgazyk-Günorta transmilli demir ýolunyň ugrunda täze demir ýol menzilleriniň, lokomotiw depolarynyň, beýleki inženerçilik-tehniki, şeýle hem durmuş maksatly desgalaryň onlarçasy gurlar. Bereketden başga-da, serhediň ýakasynda ýerleşýän Serhetýaka demir ýol menzili hem-de Türkmenistanyň we Eýranyň arasyndaky serhetde ýerleşýän Etrek etrap merkezi halkara ulag geçelgesinde möhüm ähmiýetli ýerlere öwrüler.
Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şol Baş meýilnamanyň çäklerinde amala aşyryljak taslamalaryň durmuşa geçirilmeginiň demir ýol ulaglarynyň mundan beýläk-de ösdürilmegine batly itergi berjekdigini, ýükleriň we ýolagçylaryň gatnawlarynyň möçberlerini artdyrmaga, şeýle hem köp sanly täze iş orunlarynyň döredilmegine mümkinçilik döretjekdigini belledi.
Döwlet Baştutanymyz döwrebap demir ýollarynyň bolmagynyň ulag ulgamyndaky halkara hyzmatdaşlygynyň giňeldilmegine ýardam berjekdigini aýtdy. Milletiň Lideri Demirgazyk-Günorta transmilli demir ýoluny anyk mysal hökmünde görkezdi, şol demir ýolunyň ulanmaga berilmegini Ýewropadaky we Aziýadaky ýurtlara Merkezi Aziýa we Pars aýlagyna has gysga, ykdysady taýdan amatly ugur arkaly çykmaga mümkinçilik berer. Beýleki tarapdan, şonda Eýranyň, Türkmenistanyň, Gazagystanyň we Russiýanyň üsti bilen, Hindi ummanynyň kenarlaryndan, Günorta we Günorta-Gündogar Aziýa ýurtlaryndan Demirgazyk we Gündogar Ýewropa döwletlerine ýükleri üstaşyr geçirmäge amatly mümkinçilik dörär.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Demir ýol ulaglary pudagyny 2012-2016-njy ýyllar aralygynda ösdürmegiň Baş meýilnasmasyny tassyklamak hakyndaky”, ýurdumyzyň Demir ýol ulaglary ministrligine durmuş meselelerini çözmek we demir ýol menzilleri hojalygyny ösdürmek, hususan-da, ammarlary we beýleki hojalyk desgalaryny gurmak üçin goşmaça serişdeleri bölüp bermek boýunça “Gyzylgaýa-Bereket-Etrek” demir ýolunyň Bereket-Serhetýaka böleginiň gurluşyk-gurnama işlerini maliýeleşdirmek hakyndaky” Kararlara gol çekip, wise-premýer N.Şagulyýewe we demir ýol ulaglary ministri R.Seýitkulyýewe şol Kararlary ýerine ýetirmek barada anyk tabşyryklary berdi.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Nurmämmedow möwsümleýin oba hojalyk işleriniň alnyp barlyşy barada hasabat berdi. Hasabatda ýurdumyzda meýdanlary we oba hojalyk tehnikalaryny gowaça hem-de beýleki ekinleriň ekişine taýýarlamak işleriniň giň gerimde alnyp barylýandygy, güýzlük galla ideg etmek boýunça degişli agrotehniki çäreleriň geçirilýändigi bellenildi.
Wise-premýer şeýle hem “Türkmenmallary” assosiasiýasynyň ýanyndaky Mallara we guşlara weterinariýa hyzmatlary baradaky birleşigiň işini kämilleşdirmek maksadynda görülýän çäreler we ýurdumyz boýunça 2012-nji ýylda oba hojalyk ekinleriniň ekiljek meýdanlarynyň mukdaryny hem-de şol ýerden ýygnaljak hasylyň möçberini kesgitlemek boýunça alnyp barylýan işler barada habar berdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanda ýaýbaňlandyrylan obasenagat toplumyndaky özgertmeleri durmuşa geçirmegiň möhüm meseleleri hökmünde bugdaýyň we gowaçanyň hasyllylylygyny ýokarlandyrmaga, ylmy taýdan esaslandyrylan ekin dolanyşygyny ornaşdyrmaga we ekerançylygyň medeniýetini gowulandyrmaga aýratyn üns bermegiň möhümdigini nygtady. Şol özgertmeleriň esasy maksady bolsa, milli ykdysadyýetiň wajyp pudagyny häzirki zamanyň talaplaryna laýyk derejä çykarmakdan ybaratdyr.
Şeýle hem maldarçylyk pudagynyň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmagyň zerurdygy bellenildi. Ýurdumyzyň alyjylar bazarynda azyk bolçulygyny üpjün etmekde, et we süýt önümleriniň öndürilişini artdyrmakda bu pudaga aýratyn orun degişlidir. Weterinariýa gullugynyň işi hem häzirki döwrüň talaplaryna laýyk getirilmelidir. Bu gullugy kämilleşdirmek maksadynda weterinar lukmanlary we şu ulgamda işlemek üçin beýleki hünärmenleri taýýarlamak meselesine aýratyn üns berilmelidir diýip, milli Liderimiz aýtdy.
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary O.Gurbannazarow gözegçilik edýän pudaklary ösdürmek boýunça döwlet maksatnamalaryny amala aşyrmagyň barşy, şol pudaklaryň maýa goýumlar we eksport bilen bagly mümkinçiliklerini artdyrmak, söwda we hyzmat etmek boýunça kärhanalaryň ulgamyny giňeltmek, ýaşaýyş-durmuş düzümini mundan beýläk-de ösdürmek we ilatyň bildirýän isleglerini has dolulygyna kanagatlandyrmak maksady bilen şu ugurda döwrebap halkara standartlaryny ornaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Şeýle hem wise-premýer söwda we hyzmatlar ulgamyny giňeltmek, pudagyaň durmuş düzümini mundan beýläk-de ösdürmek we ilatyň islegini doly kanagatlandyrmak maksady bilen, häzirki zaman ülňülerini ornaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada aýtdy. Hususan-da, O.Gurbannazarow Gökderede iki sany döwrebap restoranlar toplumynyň gurluşygy boýunça geçirilen halkara bäsleşiginiň netijeleri hakynda habar berdi.
Olar her biri 1784 inedördül metre barabar meýdançada ýerleşip, restoranlar, bilýard oýnalýan ýerler üçin niýetlenen jaýlary özünde jemläp, iki gatdan ybarat bolar, şeýle hem toplumlarda tomusky pawilonlar we eýwanlar, awtoulaglaryň duralgalary bolar, olaryň daş-töweregi abadanlaşdyrylar.
Milletiň Lideri milli ykdysadyýetiň dokma, söwda ýaly pudaklaryny, daşary ykdysady aragatnaşyklary yzygiderli ösdürmegiň wajypdygyny belläp, olaryň hil taýdan göwnejaý kämilleşdirilmegine, şol ösüşiň innowasion ugra gönükdirilmegine, ýerli çig maly dolulygyna gaýtadan işlemek we täze tilsimatlary ulanmak esasynda ýurdumyzyň ýeňil senagatyny döwrebaplaşdyrmak üçin dünýä derejesinde toplanan tejribäniň we halkara hyzmatdaşlygynyň mümkinçilikleriniň ulanylmagyna, bar bolan serişdelerden peýdalanylmagyna aýratyn üns bermegiň zerurdygyny aýtdy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow daşary söwda dolanyşygyny mundan beýläk-de artdyrmagyň möhümdigi barada aýdyp, ýurdumyzyň eksport boýunça çeýe syýasatyny amala aşyrmak, önümçiligi kämilleşdirmek, önümleriň hilini ýokarlandyrmak we täze görnüşlerini öndürmek üçin daşarky bazaryň talaplaryny yzygideri seljermegiň zerurdygyny belldei. Netijede, bularyň ählisi ýurdumyzyň önüm öndürijileriniň kuwwatanyň artdyrylmagyna, pudaklara täze maýa goýumlarynyň çekilmegine ýardam berer.
Milletiň Lideri ýurdumyzda sarp ediş bazaryny dolandyrmak bilen bagly meseläni orta atmak arkaly söwda we hyzmatlar boýunça kärhanalaryň we edaralaryň işiniň netijeliligini artdyrmak, telekeçilik başlangyçlaryny höweslendirmegiň hasabyna, halal bäsdeşligi ösdürmek ugrunda toplumlaýyn işleriň geçirilmeginiň möhümdigini belledi. Döwlet Baştutany şypaly ýerde restoranlary gurmak baradaky çözgüdi oňlap, dag etegindäki ýerleriň jana melhem beriji baý serişdelere eýedigini we onuň bu ýerlerde dynç alyş boýunça döwrebap düzümi döretmegiň hasabyna toplumlaýyn özleşdirilmegini talap edýändigini aýtdy. Türkmenistanyň Prezidenti tebigatyň bu täsin künjeginde ähli hojalyk işleriniň ekologiýa babatda bildirilýän talaplary berjaý etmek arkaly alnyp barylmagynyň esasy şert bolup durýandygyny aýdyp, degişli ýolbaşçylara bu barada aýratyn alada edilmegini tabşyrdy.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Toýlyýew döwletiň durmuş syýasatyny hem-de ylmy, bilimi, saglygy goraýşy, sporty we syýahatçylygy ösdürmek baradaky milli maksatnamalary amala aşyrmagyň barşy barada hasabat berdi. Şeýle hem wise-premýer “Saglyk” derman kärhanasynyň durkuny täzelemek we täze önümçilik desgalaryny gurmak bilen baglanyşykly durmuşa geçirilýän möhüm işler barada habar berdi.
Milletiň Lideri bu ugurdaky alnyp barylýan işleri oňlady we “Saglyk” derman kärhanasynyň durkuny täzelemek we täze önümçilik desgalary gurmak hakyndaky” Kararyň taslamasyna gol çekip, ýurdumyzyň derman senagatynyň önümçilik kuwwatlyklaryny döwrebaplaşdyrmagyň, strategik taýdan möhüm ähmiýete eýe bolan täze dermanlyk serişdeleriniň öndürilmegini özleşdirmegiň, bu ulgamyň ylmy-tehniki we innowasion kuwwatyny artdyrmagyň daşary ýurtlardan satyn alynýan önümleriň öz ýurdumyzda öndürilmegini we olary daşary bazarlara ibermek bilen bagly mümkinçilikleriň öwrenilmegini ugur edinmegiň möhümdigini belledi. Türkmenistanyň Prezidenti biz geljekde-de şu pudaga degişli täze desgalaryň gurluşygyna we hereket edýän kärhanalaryň durkunyň täzelenmegine aýratyn üns bereris, munuň özi şol pudagy hil taýdan täze derejä ýetirmäge, ýurdumyzyň derman senagatynyň maddy binýadyny has-da pugtalandyrmaga hem-de ilatymyzy ýokary hilli we özümizde öndürilen dermanlyk serişdeler bilen üpjün etmäge mümkinçilik berer diýip nygtady.
Şunuň bilen baglylykda, türkmen döwletiniň Baştutany şu ugra degişli ähli meselelere elmydama berk gözegçilik etmegiň zerurdygyny belläp, şu ugur boýunça ozal berlen tabşyryklaryň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek barada anyk görkezmeleri berdi.
Soňra Ministrler Kabinetiniň mejlisine çagyrylan Türkmenistanyň Ýokary gözegçilik edarasynyň başlygy B.Atdaýewe söz berildi. Ol “Türkmengallaönümleri” assosiasiýasynyň buýurmasy esasynda welaýatlarda gurulýan galla önümleri kärhanalarynyň ýagdaýyna geçirilen seljerme işleriniň netijeleri barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz bu desgalaryň gurluşygynyň gallaçylyk pudagynyň we tutuş obasenagat toplumynyň önümçilik düzümini mundan beýläk-de döwrebaplaşdyrmaga we ösdürmäge ýardam etjekdigini nygtap, degişli ýolbaşçylardan ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda täze gurulýan elewatorlarda işleriň ýokary hilli alnyp barylmagyny we olaryň öz wagtynda ulanmaga berilmegini üpjün etmegi talap etdi.
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň mejlisini tamamlap, oňa gatnaşyjylara berk jan saglyk we mähriban Watanymyzyň rowaçlygynyň, türkmen halkynyň bagtyýar we abadan durmuşynyň bähbitlerine alyp barýan işlerinde uly üstünlikler arzuw etdi.