Ï Resmi habarlar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Resmi habarlar

view-icon 624
Beýik özgertmeler eýýamynda ýurdumyzyň derman senagatyny ösdürmek, ilatymyzyň özümizde öndürilýän derman serişdelerine bolan islegini has doly kanagatlandyrmak hem-de “Türkmenistanda derman senagatyny ösdürmegiň 2011-2015-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyny” durmuşa geçirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligine “Türkmendermansenagat” birleşiginiň “Saglyk” derman kärhanasynyň durkuny täzelemek hem-de onuň täze ýod we dürli derman önümçilik desgalaryny gurmak we olary öňdebaryjy önümçilik we kömekçi enjamlar bilen üpjün etmek, hünärmenleri ýörite taýýarlamak hem-de desgalary ulanmaga doly taýýar edip tabşyrmak barada “Kary” hususy kärhanasy bilen şertnamany tölegleri gurluşyk we abatlaýyş işleriniň bahasyny kesgitlemegiň hereket edýän Tertibine laýyklykda hakyky çykdajylar boýunça amala aşyrmak şertinde baglaşmaga ygtyýar berildi. Gurluşyk işlerine 2012-nji ýylyň ýanwar aýynda başlamak we işleri 2012-nji ýylyň dekabr aýynda tamamlamak bellenildi.

* * *

Beýik özgertmeler eýýamynda döwletimiziň demir ýol ulaglary pudagyny mundan beýläk-de ösdürmek hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň 2007-nji ýylyň 1-nji dekabrynda çykaran 4947-nji Permanyna laýyklykda gurluşygy alnyp barylýan “Gyzylgaýa—Bereket--Etrek” demir ýoluny halkara standartlaryna laýyk getirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Döwlet ösüş bankyna “Gyzylgaýa—Bereket--Etrek” demir ýolunyň Bereket—Serhetýaka böleginiň gurluşyk-gurnama işlerini maliýeleşdirmek üçin Türkmenistanyň Demir ýol ulaglary ministrligine karz bermäge ygtyýar berildi.

* * *

"Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň 2011-2030-njy ýyllar üçin Milli maksatnamasyny" üstünlikli durmuşa geçirmek, ýurdumyzyň demir ýol ulaglary pudagyny çalt depginler bilen ösdürmek, onuň düýpli diwersifikasiýalaşdyrylmagyny gazanmak hem-de täze iş orunlaryny döretmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama bilen Türkmenistanyň Demir ýol ulaglary pudagyny 2012-2016-njy ýyllar aralygynda ösdürmegiň Baş meýilnamasy tassyklanyldy.

* * *

Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda Türkmen-Britan söwda-senagat geňeşiniň ikinji mejlisine gatnaşmak üçin, Türkmenistanyň wekilleri 2012-nji ýylyň 15-18-nji ýanwary aralygynda Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynyň london şäherinde iş saparynda bolar.