Türkmenistanyň Prezidenti HHR-iň Başlygynyň ýörite wekili bilen duşuşdy
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygynyň ýörite wekili, HHR-iň halk wekilleriniň Ählihytaý Ýygnagynyň Hemişelik Komitetiniň Başlygynyň orunbasary hanym Çen Çžili bilen duşuşygy boldy. Myhman biziň ýurdumyza Türkmenistan bilen Hytaýyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 20 ýyllygy mynasybetli çärelere gatnaşmak üçin öz ýurdunyň wekilçilikli toparyna ýolbaşçylyk edip geldi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow myhmanlar bilen mähirli salamlaşyp, olary türkmen topragynda görýändigine şatdygyny belledi we asylly däbe görä, myhmanyň haýyşy boýunça onuň bilen ýadygärlik surata düşdi.
Çen Çžili türkmen topragynda mähirli kabul edilendigi we myhmansöýerlik üçin hoşallyk bildirip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy iki ýurduň özara gatnaşyklarynyň taryhyndaky şanly sene bilen gutlady we döwlet Baştutanymyza HHR-iň Başlygy Hu Szintaonyň we hytaýyň Döwlet geňeşiniň premýeri Wen Szýabaonyň mähirli sözlerini hem-de milli Liderimize, Türkmenistanyň dostlukly halkyna Täze ýylda bagt, parahatçylyk we abadançylyk hakyndaky arzuwlaryny ýetirdi.
Döwlet Baştutanymyz hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, Hytaý Halk Respublikasynyň ýolbaşçylaryna özüniň arzuwlaryny we Türkmenistan bilen Hytaýyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 20 ýyllygy mynasybetli iberen gutlaglary üçin minnetdarlygyny aýtdy we duşuşyga gatnaşyjylaryň öňünde giňişleýin çykyş etdi.
- Men Hu Szintao bilen bolan duşuşygy mähir bilen ýatlaýaryn diýip bellemek bilen, hormatly Prezidentimiz şol netijeli, birek-birege ynanyşmak ýagdaýda geçen duşuşygyň barşynda biziň ýurtlarymyzyň arasyndaky köpugurly hyzmatdaşlygyň yzygiderli ösdürilmegine hem-de pugtalandyrylmagyna meýillidigimizi we oňa taýýardygymyzy belledik diýip aýtdy. Geçen ýylyň 22-25-nji noýabrynda Hytaýa bolan döwlet saparynyň uly ähmiýete eýe bolandygyny belläp, onuň milli Liderimiz türkmen-hytaý gatnaşyklaryna täze kuwwatly itergi beren waka öwrülendigini aýtdy.
Häzirki döwürde köpasyrlyk dostluk, özara bähbitli, deňhukukly esasda ýola goýulýan döwletara gatnaşyklarynyň okgunly ösýändigini kanagatlanma bilen belläp, Milletiň Lideri Türkmenistanyň Hytaý bilen ýola goýulýan hyzmatdaşlygyň strategiki häsiýete eýedigini belläp, biziň ýurdumyz döwlet Garaşsyzlygynyň ilkinji günlerinde bu döwlet bilen diplomatik gatnaşyklary ýola goýdy diýip aýtdy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow dostlukly ýurduň hökümetine şu ýyllaryň dowamynda Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň parahatçylygyň we ählumumy abadançylygyň hatyrasyna öňe sürýän halkara möhüm başlangyçlarynyň durmuşa geçirilmeginde ägirt uly kömek we goldaw berýändigi üçin minnetdarlyk bildirdi we Hytaý bilen ýola goýulýan gatnaşyklaryň häzirki döwürde täze many-mazmuna eýe bolmagy, onuň yzygideril ösdürilmegi we pugtalandyrylmagy Türkmenistanyň häzirki döwürde alyp barýan daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugry bolup durýar diýip belledi.
- Biz Hytaý Halk Respublikasyny özümiziň ýakyn we ygtybarly hyzmatdaşymyz hasaplaýarys diýip nygtamak bilen, milli Liderimiz sebitara we halkara syýasatynyň köpsanly möhüm meselelerini çözmekde iki ýurduň garaýyşlarynyň we çemeleşmeleriniň gabat gelýändigini kanagatlanma bilen belledi.
Türkmenistan özüniň döwlet garaşsyzlygynyň ilkinji ýyllaryndan gatnaşyk edip başlan Hytaý bilen ýola goýulýan hyzmatdaşlygyň strateg ik häsiýete eýedigini belläp, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow dostlukly ýurduň hökümetine şu ýyllaryň dowamynda Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň parahatçylygyň hem-de ählumumy abadançylygyň hatyrasyna öňe surýän derwaýys halkara başlangyçlarynyň öňe gitmeginde kömek berýändigi hem-de ony goldaýandygy üçin minnetdarlyk bildirdi.
Milli Liderimiz biziň ýurdumyz başga-da birnäçe möhüm ugurlar boýunça netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge meýillidir diýip bellemek bilen, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ygtybarly hukuk binýadynyň döredilmegini nazara almak bilen, häzirki döwürde Türkmenistan bilen Hytaý Halk Respublikasynyň arasynda ýola goýulýan gatnaşyklary häzirki döwrüň talaplaryna we iki döwletiň bähbitlerine laýyk gelýän hil taýdan täze derejä çykarmak üçin ähli şertler döredildi diýip belledi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň “Bir bitewi Hytaý” syýasatyna ygrarlydygyny belläp, biz ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmek arkaly türkmen we hytaý halklarynyň arasnydaky dostluk we birek-birege hormat goýmak gatnaşyklaryna, umumy gymmatlyklara, parahatçylyk söýüjilik we ynsanperwerlik ýörelgelerine ygrarlydyrys diýip belledi we türkmen-hytaý gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de iki dostlukly halklaryň bähbidine yzygiderli ösdüriljekdigine ynam bildirdi.
Hytaý Türkmenistanyň saýlap alan ösüş ýoly bolan giň halkara hyzmatdaşlygyny ýola goýmak babatdaky ugruny doly goldaýar we tutuş dünýäde parahatçylygyň pugtalandyrylmagyna goşýan goşandyna ýokary baha berýär diýip, HHR-iň Başlygynyň ýörite wekili nygtady we Türkmenistan bilen uzak möhletleýin we durnukly dostluk hem-de hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň ösdürilmegi iki ýurduň we onuň halklarynyň bähbitlerine laýyk gelýär diýip aýtdy. Bellenilişi ýaly, 1992-nji ýylda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň taryhynda täze sahypa açyldy we şol pursatdan bäri Hytaý wepaly dost hem-de uzakmöhletleýin ygtybarly hyzmatdaş hökmünde ykrar edilen Türkmenistan bilen hemmetaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmäge aýratyn üns berýär. Geçen ýylyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň milli bähbitleri we iki ýurduň durmuş-ykdysady ösüşiniň ileri tutulýan ugurlaryny nazara almak bilen ýola goýulýan däp bolan hyzmatdaşlygyň taryhynda täze tapgyry alamatlandyran Hytaý Halk Respublikasyna bolan döwlet saparynyň çäklerinde ýokary derejede geçirilen duşuşyklarda gazanylan möhüm ikitaraplaýyn ylalaşyklar munuň aýdyň subutnamasydyr.
Hytaý bilen Türkmenistanyň arasyndaky dostluk gatnaşyklarynyň taryhy gadymyýete uzaýar. Iki ýurduň ýolbaşçylarynyň aýratyn üns bermegi netijesinde, türkmen-hytaý gatnaşyklary soňky ýyllarda täze kuwwatly itergä eýe boldy diýip Çen Çžili aýtdy. Birek-birege syýasy taýdan ynanyşmak garaýyşlary ýyl-ýyldan çuňlaşdyrylýar, möhüm meseleler boýunça özara goldaw ösdürilýär, ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň esasy düzüm bölegi bolan söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk giňeldilýär diýip, myhman belledi. Geçen ýylyň 11 aýynda iki ýurduň arasyndaky haryt dolagynyşy ABŞ-nyň 10 milliard dollaryna barabar boldy. Munuň özi Türkmenistanyň söwda hyzmatdaşlarynyň arasynda Hytaýyň öňdäki orna düşendigini alamatlandyrdy. Myhmanyň belleýşi ýaly, Hytaý beýik döwlet bolmak bilen, soňky 30 ýylyň dowamynda açyklyk ýagdaýyndaky özgertmeleri amala aşyrýar we bu babatda dürli ugurlar boýunça gazanylan tejribäni Türkmenistan bilen paýlaşmaga taýýardyr.
Şeýle hem myhman Hytaýyň Türkmenistan bilen ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmäge meýildigini bellemek bilen, söwda, maýa goýum, ulag, aragatnaşyk, himiýa, dokma senagaty, oba hojalygy, saglygy goraýyş we innowasion tilsimatlar ulgamynda ýola goýulýan ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna gönükdirilen täze bilelikdäki taslamalaryň durmuşa geçirilmegine uly gyzyklanma bildirýändigini aýtdy. Medeni-gumanitar ulgamdaky gatnaşyklar, hususan-da, bilelikdäki iş boýunça oňyn tejribe toplanan bilim, ylym we medeniýet ulgamlaryndaky hyzmatdaşlygyň uly geljeginiň bardygy aýdyldy.
Bellenilişi ýaly, birek-birege hormat goýmak we özara peýdaly hyzmatdaşlygy ýola goýmaga bolan jogapkärçilikli çemeleşmek gatnaşyklaryny beýan etmek bilen iki dostlukly ýurt mundan beýläk-de diňe bir ikitaraplaýyn däl eýsem köp taraplaýyn görnüşde, şeýle hem iri halkara guramalarynyň we düzümleriniň, ilkinji nobatda bolsa Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde ýola goýulýan hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de işjeňleşdirmäge meýillidir. HHR-iň Halk wekilleriniň Ählihytaý ýygnagynyň Hemişelik Komitetiniň Başlygynyň orunbasarynyň belleýşi ýaly, Hytaý tarapy Türkmenistanyň bitaraplyk derejesini hemmetaraplaýyn goldaýar we Merkezi Aziýa sebitinde möhüm orny eýeleýän Türkmenistanyň parahatçylyk döredijilik ugruna ýokary baha berýär we ýüze çykýan meseleleri syýasy diplomatik usullar bilen çözmek babatdaky tagallalaryny doly oňlaýar.
Çen Çžili indiki aýda boljak Prezident saýlawlary barada aýtmak bilen, bu möhüm syýasy çäräniň üstünlik bilen geçjekdigine ynam bildirdi we Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa üstünlik arzuw etdi. Döwlet Baştutanynyň ýolbaşçylygynda Türkmenistana uly we ajaýyp geljek garaşýar diýip ol belledi.
Hormatly Prezidentimiz hoşlaşanlarynda Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Hu Szintao we HHR-iň Döwlet geňeşiniň Premýeri Wen Szýabao iki ýurtlaryň arasynda diplomatik gatnaşyklarynyň ýola goýulmagynyň 20 ýyllygy mynasybetli mähirli gutlaglaryny hem-de berk jan saglyk, abadançylyk we gülläp ösüş baradaky arzuwlaryny aýtdy.
Duşuşygyň ahyrynda döwdet Baştutanymyz we myhman birek-birege hoşniýetli arzuwlary aýdyp, umumy gyzyklanmalara jogap bolup durýan netijeli döwletara gatnaşyklarynyň iki dostlukly ýurduň halklarynyň bähbidine mundan beýläk-de üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirdiler. Çen Çžili Aşgabadyň örän arassadygyny we owadandygyny belläp, şäherdäki özboluşly we milli binagärlik äheňindäki desgalaryň wekilýetiň agzalaryna uly täsir edendigini nygtady. Türkmenistanyň täze taryhy eýýamda gazanýan ägirt uly üstünliklerine haýran galýandygyny belläp, myhman hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa we milli Lideriniň daşyna pugta jebisleşen dostlukly türkmen halkyna bagt, abadançylyk, ýurduň has-da kuwwatlanmagyny, gülläp ösüş hem-de rowaçlyk ýolunda uly üstünlikler arzuw etdi.
Duşuşyga hytaý wekiliýetiniň käbir agzalary we Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan Daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Sýao Sinhua gatnaşdy.
Şu gün HHR-iň Başlygynyň ýörite wekili hanym Çen Çžili Türkmenistanyň Mejlisinde milli parlamentiň Başlygy A. Nurberdiýewa bilen duşuşyk geçirdi.A. Nurberdiýewa myhmanlary öz işinde dünýäniň dürli ýurtlary bilen parlamentara gatnaşyklary ösdürmäge uly üns berýän Mejlisiň düzümi we kanun çykaryjylyk işi bilen tanyşdyrdy.
Duşuşygyň barşynda HHR-iň Halk wekilleriniň Ählihytaý ýygnagynyň Hemişelik Komitetiniň Başlygynyň orunbasary ýurduň içerki we daşarky syýasatynyň möhüm ugurlary, şeýle hem hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen türkmen halkyny bagtyýarlygynyň we abadançylygynyň hatyrasyna yzygiderli alnyp barylýan giň möçberli durmuş ulgamyna gönükdirilen özgertmeleri durmuşa geçirmegiň barşy bilen tanyşdyryldy. Şunuň bilen baglylykda, Mejlisiň Başlygy Çen Çžilä ilata berilýän durmuş ýeňillikleri we ýurdumyzda durmuşa geçirilýän ägirt uly durmuş-ykdysady maksatnamalaryň çäklerinde ýokary depginde alnyp barylýan gurluşyklar, şol sanda mekdepleriň, çagalar baglarynyň, sagaldyş we lukmançylyk merkezleriniň, sport desgalarynyň, ähli amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygy barada gürrüň berdi.
Söhbetdeşler birnäçe möhüm ugurlar boýunça üstünlikli ösdürilýän döwletara gatnaşyklarynyň ägirt uly mümkinçilikleriniň bardygyny bellemek bilen, parlamentara gatnaşyklarynyň pugtalandyrylmagynyň we deňhukukly, özara bähbitli esasda ýola goýulýan hyzmatdaşlygyň şertnamalaýyn-hukuk binýadyny mundan beýläk-de kämilleşdirmegiň derwaýysdygyny nygtadylar. Aragatnaşyk, bilim, ylym we maglumatlar tehnologiýasy, saglygy goraýyş, syýahatçylyk, dokma senagaty ýyl-ýyldan berkeýän türkmen-hytaý gatnaşyklarynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda görkezildi. Şeýle hem iki halkyň birek-birege düşünişmegini, däp bolan dostluk gatnaşyklarynyň pugtalanmagyny şertlendirýän medeni gatnaşyklary işjeňleşdirmegiň möhümdigi bellenildi.
Soňra hytaýly myhmanlar saparyň medeni maksatnamasynyň çäklerinde türkmen paýtagtynyň we onuň daş-töwerekleriniň gözel ýerleri bilen tanyşdyryldy. Olar paýtagtymyzda täze bina edilen “Bagt Köşgüne” baryp gördüler. Myhmanlar milli öwüşgüne beslenen türkmen toýlarynyň şowhunly dabarasynyň şaýady boldular.
Mundan başga-da HHR-iň Başlygynyň ýörite wekili we onuň ýanynda bolýan wekiliýetiň agzalary Türkmen halysynyň milli muzeýine baryp gördüler. Bu ýerdäki haly we haly önümleri myhmanlarda ýatdan çykmajak täsir galdyrdy. Çünki bu ýerde görkezilýän gymmatlyklaryň her biri haly sungatynyň gaýtalanmajak eseri bolmak bilen, dünýä halyçylygynyň ösmegine ägirt uly goşant goşan türkmen halyçylarynyň zehininiň we ussatlygynyň miwesidir.
Hytaý wekiliýetiniň agzalary muzeý bilen tanyşlykdan soň, Gypjaga ugradylar. Myhmanlar bu ýerde Türkmenbaşynyň Ruhy metjidine baryp gördüler.
HHR-iň Başlygynyň ýörite wekiliniň saparynyň maksatnamasynda Köpetdagyň gözel künjekleriniň birinde ýerleşýän Halkara atçylyk sport toplumyna barmak hem meýilleşdirilipdir. Myhmanlar bu ýerde türkmen halkynyň milli buýsanjy we guwanjy bolan owadan hem-de örän çeýe ahal-teke atlaryna haýran galmak bilen syn etdiler.
Hytaýyň wekiliýetiniň agzalaryna ady rowaýata öwrülen we gadymy döwürlerden bäri Hytaýda hem meşhur bolan hem-de “asman bedewleri” adyny alan ahalteke atlary görkezildi.

* * *