Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow göni aragatnaşyk arkaly nobatdaky wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi, oňa hökümet agzalarynyň käbiri, Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy, birnäçe pudaklaýyn edaralaryň ýolbaşçylary, welaýatlaryň häkimleri gatnaşdy. Olar döwlet Baştutanymyza özlerine ynanylan iş ýerlerinde işleriň ýagdaýy we ozal berlen tabşyryklaryň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdiler.
Maslahatda ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan giň gerimli milli maksatnamalary amala aşyrmak boýunça gaýragoýulmasyz wezipeler, döwlet we jemgyýetçilik durmuşynyň ileri tutulýan meseleleri we ilkinji nobatda, ýerleri we tehnikany ekiş möwsümine taýýarlamak boýunça işler ara alnyp maslahatlaşyldy. Mälim bolşy ýaly, täze Galkynyş eýýamynda Türkmenistanyň ähli künjeklerinde amala aşyrylýan toplumlaýyn özgertmeler ýurdumyzyň ähli sebitleriniň durmuş-ykdysady düzümini döwrebaplaşdyrmaga, türkmen halkynyň durmuş derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilendir.
Millletiň Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow ilkinji bolup göni aragatnaşyk arkaly geçirilýän wideoşekilli iş maslahatyna Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň oba hojalyk pudagyna gözegçilik edýän orunbasary M.Nurmämmedowy çagyrdy. Wise-premýer pudakda işleriň ýagdaýy, ýurdumyzyň ekin meýdanlarynda ýaýbaňlandyrylan oba hojalyk işleriniň depginleri, şeýle hem obasenagat toplumynyň gurluşyk meýdançalarynda işleriň ýagdaýy barada habar berdi.
Ýurdumyzda ekerançylyk meýdanlaryny we oba hojalyk tehnikasyny gowaçanyň we beýleik ekinleriň ýazky ekişine taýýarlamagyň doly derejede alnyp barylýandygy, güýzlük däne ekinlerine ideg etmek boýunça degişli agrotehniki çäreleriň geçirilýändigi bellenip geçildi.
Milletiň Lideri hasabaty diňläp, milli ykdysadyýetimiziň möhüm ulgamy bolup durýan obasenagat toplumyny mundan beýläk-de ösdürmek üçin ähli çäreleri görmegiň ähmiýetini nygtady we bu pudakda amala aşyrylýan işleriň depginini ýokarlandyrmagy talap etdi. Hormatly Prezidentimiz munuň üçin ylmyň häzirki zaman gazananlaryny peýdalanyp hem-de alymlary, hünärmenleri işjeň çekip, maldarçylyk önümleriniň öndürilişini artdyrmak we şol önümleri gaýtadan işlemek üçin kuwwatlyklary ýokarlandyrmak boýunça gaýragoýulmasyz çäreleri görmegiň zerurdygyny belledi.
Döwletimiziň obasenagat toplumyny gyradeň ösdürmek barada ýadawsyz alada edýändigine, daýhanlaryň iş şertlerini gowulandyrmak, pudagyň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek hem-de döwrebaplaşdyrmak maksady bilen, uly möçberli çäreleriň görülýändigine garamazdan, bu ugurda zerur iş depgini duýulmaýar diýip, milletiň Lideri aýtdy hem-de wise-premýere oba hojalyk ulgamynda işleriň pes netijeleri barada nägilelik bildirdi.
Soňra döwlet Baştutanymyz göni aragatnaşyk arkaly wideoşekilli iş maslahatyna Ahal welaýatyna gözegçilik edýän Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Şagulyýewi çagyrdy. Oňa bu welaýatda geçirilýän işlere, ilatly nokatlaryň elektrik energiýasy we suw bilen üpjünçiligine degişli anyk tabşyryklary berdi.
Milletiň Lideri Abadan şäheriniň ýerleşýän ýerinde täze şäheriň gurulmagy baradaky meseläni gozgap, bu işleriň ýokary depginde we oňat hilli geçirilmelidigini nygtady.
Milletiň Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow obasenagat desgalarynyň, hususan-da, elewatorlaryň öz wagtynda gurulmagy hem-de şolaryň ýanynda täze bişirilen çörek önümleriniň dürli görnüşlerini satýan, gije-gündizleýin işleýän dükanlaryň açylmagy ýaly möhüm meselä hem wise-premýeriň ünsüni çekdi.
Soňra Türkmenistanyň Prezidenti göni aragatnaşyk arkaly wideoşekilli iş maslahatyna Mejlisiň Başlygy A.Nurberdiýewany çagyrdy. Milli parlamentiň ýolbaşçysy döwlet Baştutanyna ýurdumyzda ýaýbaňlanan uly möçberli durmuş-ykdysady özgertmeleri kanunçylyk babatda üpjün etmek boýunça deputatlaryň geçirýän işleri hem-de halkymyzyň maddy-hal ýagdaýyny mundan beýläk-de ýokarlandyrmak maksady bilen geçirilýän işler barada habar berdi.
Döwlet Baştutanymyz türkmenistanlylaryň abadan durmuşy üçin göwnejaý şertleri döretmek boýunça halkyň saýlanlarynyň ýerlerde geçirýän işiniň uly ähmiýetini belläp, bu ugurda amala aşyrylýan çäreleriň yzygiderli häsiýete eýe bolmalydygyny nygtady.
Göni aragatnaşyk arkaly wideoşekilli iş maslahatynyň barşynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Ýazmuhammedowa ýurdumyzda medeni çäreleri guramaçylykly geçirmek boýunça görülýän çäreler, welaýatlarda gurulýan medeni maksatly desgalarda işleriň ýagdaýy, şeýle hem döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.
Döwlet Baştutanymyz milletimiziň baý ruhy mirasyny aýawly gorap saklamak, ony dünýäde giňden wagyz etmek işinde medeniýet ulgamynyň işgärlerine aýratyn ornuň degişlidigini belläp, bu ugurda geçirilýän işleri halkara derejesine laýyklykda guramagy tabşyrdy. Türkmenistanyň Prezidenti welaýatlarda gurulýan medeni maksatly desgalar hem-de olaryň milli äheňde bezelişi barada anyk görkezmeleri berdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu ulgamda geçirilýän işlere yzygiderli gözegçili üpjün etmegiň zerurdygyny nygtap, teleýaýlymlaryň göwnejaý işlemegini ýola goýmak barada anyk tabşyryklary berdi. Milletiň Lideri milli dabaralaryň medeni maksatnamasynyň ýokary guramaçylyk derejesi boýunça bildirilýän talaplara doly laýyk gelmelidigini hem nygtady.
Soňra göni aragatnaşyk arkaly wideoşekilli iş maslahatyna Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň başlygy Ş.Alowow çagyryldy. Ol Türkmenistanyň Prezidentine özüniň ýolbaşçylyk edýän edarasyna degişli işleriň ýerine ýetirilişiniň barşy barada hasabat berdi.
Döwlet Baştutanymyz täze taryhy eýýamda döwletimiziň milli telewideniýämiziň işini döwrüň bildirýän ýokary talaplaryna laýyk derejede kämilleşdirmek üçin ähli tagallalary edýändigini belläp, şu ýylyň başyndan işe başlan “Türkmenistan sport” teleýaýlymynda halkyň göwnünden turaýjak gepleşikleriň taýýarlanmagynyň zerurdygyna ünsi çekdi. Ýurdumyzda sagdyn durmuş ýörelgesini giňden wagyz etmekde bu ýaýlyma möhüm orun degişlidir. Şeýle hem ýaýlymda ýurdumyzyň dürli künjeklerinde gurulýan sport desgalarynda geçirilýän ýaryşlardan gepleşikleri köpräk bermeli. Welaýatlarda gurlan atçylyk-sport toplumlarynda geçirilýän çäreleri hem täsirli beýan etmek gerek. Hormatly Prezidentimiz bu möhüm işlere gündelik gözegçiligi ýola goýmak barada degişli ýolbaşçylara möhüm tabşyryklary berdi.
Soňra göni aragatnaşyk arkaly wideoşekilli iş maslahatyna Türkmenistanyň Prezidenti “Türkmenatlary” döwlet birleşiginiň baş direktory A.Oraznazarowy çagyrdy, ol atçylyk pudagynda geçirilýän işler hakynda, häzirki zaman atçylyk-sport toplumlaryny zerur derejede saklamagy we olaryň netijeli ulanylmagyny guramak barada hasabat berdi.
Milletiň Lideri ady agzalan birleşigiň ýolbaşçysyna ýüzlenip, gadymdan şöhratly däplere eýe bolan ýurdumyzyň atçylygyny ösdürmäge gözelligiň nusgasy hem-de türkmen halkynyň buýsanjy bolan arassa ganly ahalteke bedewleriniň baş sanyny saklap galmaga we baýlaşdyrmaga, bu babatda tohumçylyk işini kämilleşdirmek meselelerine aýratyn üns bermegi tabşyrdy. Türkmenistanyň Prezidenti bu barada söz açyp, ýurdumyzda gurlan atçylyk-sport toplumlarynyň diňe bir welaýat derejesinde däl, eýsem, dünýä derejesinde hem ähmiýete we abraýa eýe bolmagyny gazanmak üçin ähli çäreleri görmegiň zerurdygyny nygtady.
Soňra maslahatda hormatly Prezidentimiz bilen wideoaragatnaşyga Ahal welaýatynyň häkimi D.Myratberdiýew çykdy, ol welaýatda işleriň ýagdaýy, hususan-da, bu ýerde gurulýan desgalarda işleriň barşy, ilatyň durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmak, ýerlerde ýaşaýyş-durmuş we önümçilik düzümlerini döwrebaplaşdyrmak, şeýle hem ekiş möwsümini üstünlikli geçirmäge gönükdirilen çäreler barada hasabat berdi.
Milletiň Lideri hasabaty diňläp, oba hojalyk işleriniň barşy we hili, şeýle hem Milli özgertmeler maksatnamasyna laýyklykda welaýatda gurulýan desgalarda işleriň ýagdaýy, degişli işleriň bellenilen möhletlerde we ýokary hil derejesinde ýerine ýetirilişi bilen jikme-jik gyzyklandy.
Welaýatda gurulýan täze desgalaryň hiline hem-de olaryň gurluşygynyň tamamlanmaly möhletine berk gözegçilik etmegiň zerurdygy barada aýdyp, döwlet Baştutanymyz bu babatda hiç hili bökdençliklere ýol bermeli däldigini belledi.
Welaýatyň ilatynyň durmuş üpjünçiligine ünsi çekmek bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow häkimden ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini yzygiderli ýokarlandyrmak boýunça çäreleriň amala aşyrylyşyny üns merkezinde saklamagy talap etdi.
Soňra döwlet Baştutanymyz Balkan welaýatynyň häkimi S.Satlykowyň hasabatyny diňledi, ol welaýat boýunça ekiş möwsümine taýýarlyk işleriň alnyp barylýandygy hem-de möwsümde ulanyljak tehnikany taýýarlamak boýunça degişli işleriň geçirilendigi barada hasabat berdi. Häkim şeýle hem häzirki wagtda welaýatyň oba hojalyk ýerlerinde ýerine ýetirilýän işler hakynda hasabat berdi. Häkim hasabatyň çäklerinde döwlet Baştutanynyň öň beren tabşyryklaryna laýyklykda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda welaýatyň sanatoriýa-şypahana merkezini, “Bagt köşgüni”, şeýle hem welaýatyň dolandyryş merkezinde gündogar bazaryny gurmak boýunça taslamalaryň taýýarlanylyşy barada habar berdi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, oba hojalyk meseleleriniň üstünde durup geçdi, ilkinji nobatda ýaz ekişine görülýän taýýarlyk işlerine ünsi çekdi. Milletiň Lideri bellenilen kadalary we düzgünleri berjaý etmek bilen, ýerleri ekişe taýýarlamak boýunça agrotehniki çäreleri öz wagtynda we ýokary hilli ýerine ýetirmegiň zerurdygyny aýtdy.
Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz welaýatyň häkiminden ekiş möwsüminiň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegini talap etdi, bu babatda işler gysga möhletlerde tamamlanmalydyr.
Günbatar welaýatyň ýaşaýyş-durmuş we ykdysady düzümini toplumlaýyn ösdürmäge gönükdirilen milli özgertmeler maksatnamasynyň çäklerinde gurulýan desgalarda işleriň barşyna ünsi çekmek bilen, döwlet Baştutanymyz Balkan welaýatynyň häkimine bu işleriň depginlerini ýokarlandyrmak we bu meseläni hemişe gözegçilikde saklamak boýunça ähli çäreleri görmegi tabşyrdy.
Hormatly Prezidentimiz häkime ýüzlenip, “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda işleriň barşy bilen içgin gyzyklandy. Bu ýerde häzir deňiz şypahanasynyň düzümini ösdürmek we gurmak boýunça möhüm maýa goýum taslamalarynyň birnäçesi üstünlikli amala aşyrylýar. Hazaryň ekologik taýdan arassa kenarynda döredilýän iri halkara syýahatçylyk we dynç alyş merkeziniň ähmiýetini bellemek bilen, döwlet Baştutanymyz welaýatyň häkiminden “Awazany” gurmak we abadanlaşdyrmak boýunça işleriň barşyna aýratyn üns bermegi talap etdi, şol işler ýokary hilli we bellenilen möhletlerde ýerine ýetirilmelidir.
Milletiň Lideri welaýat merkeziniň çäklerinde guruljak täze bazaryň taslamasy bilen jikme-jik gyzyklandy we tutuşlygyna ony makullap, şol taslama boýunça birnäçe bellikleri etdi. Welaýatlaryň her birinde şular ýaly desgalar ýerli aýratynlyklary we öwüşgünlikleri nazara almalydyr, özboluşly taslamalar boýunça gurulmalydyr, olarda anyk welaýata mahsus haly gölleriniň nagyşlary beýan edilmelidir diýip, milletiň Lideri aýtdy.
Biziň ýurdumyzyň ähli künjeklerinde gurulýan bazarlar türkmen halkynyň sahylygynyň we biziň topragymyzyň hasyllylygynyň nyşany bolar. Bazarlarda harytlaryň bolçulygyny we elýeterliligini üpjün etmek biziň ýöredýän döwlet syýasatymyzyň möhüim bölegi bolup durýar diýip, milletiň Lideri aýtdy. Hut şonuň üçin hem biziň bazarlarymyz halkymyzyň maddy hal-ýagdaýynyň gyşarnyksyz ýokarlanmagynyň aýdyň subutnamasy bolmalydyr.
Ýurdumyzyň möhum senagat merkezi bolup durýan günbatar welaýatyň geljeginiň uludygyny belläp, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nebitgaz pudagy üçin ýokary hünärli işgärleri taýýarlamak ýaly meselä düýpli we jogapkärli çemeleşmegiň zerurdygyny belledi. Häzir bu ýerde gazylyp alynýan uglewodorod çig malyny gaýtadan işlemek boýunça iri kärhanalar hereket edýär.
Soňra göni aragatnaşyk arkaly wideoşekilli iş maslahatyna Daşoguz welaýatynyň häkimi E.Orazgeldiýew çagyryldy, ol demirgazyk welaýatyň meýdanlarynda ýaýbaňlandyrylan oba hojalyk işleriniň barşy, hususan-da, ýerleri we tehnikany möwsüme taýýarlamak boýunça durmuşa geçirilýän çäreler barada hasabat berdi. Döwlet Baştutanymyzyň sowallaryna jogap bermek bilen, hakim welaýatda gurulýan medeni-durmuş maksatly desgalarda işleriň barşy barada habar berdi. Olaryň gurulmagy ilatyň hal-ýagdaýyny ýokarlandyrmak boýunça maksatnamalaýyn amala aşyrylýan çäreleriň wajyp bölegidir.
Türkmenistanlylaryň bagtly we abadan durmuşyny üpjün etmek ileri tutulýan döwlet wezipesi bolmagynda galýar diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow degişli ugurda işleriň yzygiderli alnyp barylmalydygyny hem-de welaýatyň ýolbaşçylarynyň üns merkezinde bolmalydygyny aýtdy. Milletiň Lideri ýurdumyzyň bu sebtinde amala aşyrylýan ähli işleri berk gözegçilikde saklamagy, şol sanda ilaty arassa agyz suwy bilen üpjün etmek, şeýle hem adamlaryň medeniýetli dynç almagyny guramak meselelerine aýratyn üns bermegi tabşyrdy.
Döwlet Baştutanymyz şeýle hem häkime möwsümleýin meýdan işlerini geçirmek bilen bagly anyk tabşyryklary berdi. Şol işler demirgazyk welaýatyň howasyny nazara almak bilen, ekin meýdanlaryny dürli oba hojalyk ekinleri üçin öz wagtynda taýýarlamakda zerur bolan ähli agrotehniki kadalaryň berjaý edilmegi hem-de türkmen ekerançylarynyň bu ugurda toplan baý tejribesini ulanmak arkaly alnyp barylmalydyr.
Täze desgalary gurmak we bar bolanlarynyň durkuny täzelemek bilen bagly meselelerde durup geçmek bilen milli Liderimiz häkime degişli tabşyryklary berdi.
Ýerine ýetirilen işler barada öz nobatynda Lebap welaýatynyň häkimi Ý.Ýaýylow hasabat berdi. Welaýat ýolbaşçysy oba hojalyk toplumynda işleriň ýagdaýy barada aýtdy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa ýerleri we oba hojalyk tehnikasyny ekiş möwsümine taýýarlamak boýunça görülýän çäreler, şeýle hem welaýatda gurulýan desgalarda işleriň ýagdaýy, ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini mundan beýläk-de ýokarlandyrmagy üpjün etmek boýunça toplumlaýyn çäreleriň durmuşa geçirilişi hakynda hasabat berildi.
Döwlet Baştutany Lebap welaýatynyň häkimine ýüzlenip, welaýatyň durmuş we senagat düzümini mundan beýläk-de ösdürmek boýunça ähli bellenilen meýilnamalary gyşarnyksyz durmuşa geçimegiň zerurdygyny aýtdy hem-de bu babatda anyk tabşyryklary berdi.
Hormatly Prezidentimiz welaýatda gurulýan desgalaryň ýagdaýy bilen gyzyklanyp, täze desgalarda işleriň barşyna berk gözegçilik etmegiň zerurdygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, milletiň Lideri häkime desgalary ýokary hiliň ähli kadalarynyň berjaý edilmegi bilen öz wagtynda ulanmaga berilmegini üpjün etmegi tabşyrdy.
Oba hojalyk pudagy üçin jogapkärli ekiş möwsümine görülýän taýýarlygyň depginlerini ýokarlandyrmagyň möhümdigini belläp, döwlet Baştutany ýerlerde daýhanlaryň netijeli işlemegi boýunça zerur bolan ähli çäreleri görmegi hem-de ekiş möwsüminde ulanyljak tehnikanyň ýagdaýyny ýene bir gezek seljermegi tabşyrdy.
Soňra göni aragatnaşyk arkaly wideoşekilli iş maslahatynda Mary welaýatynyň häkimi K.Gurbanow amala aşyrylýan möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy, hususan-da, ekin meýdanlaryny we ähli tehnikany hem-de oba hojalyk gurallaryny 2012-nji ýylyň gowaça ekişine taýýarlamak bilen bagly alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Häkim şeýle hem gurulýan dürli maksatly desgalarda işleriň barşy hakynda aýtdy.
Türkmenistanyň Prezidenti welaýatyň ekin meýdanlarynyň melioratiw ýagdaýyny düýpli gowulandyrmak hem-de suw üpjünçilik ulgamynyň tehniki derejesini ýokarlandyrmak, şeýle hem welaýatda alnyp barylýan gurluşyk işleriniň depginlerini güýçlendirmek boýunça zerur bolan ähli çäreleri görmegi tabşyrdy. Şonda milletiň Lideri gowaçanyň, bugdaýyň we beýleki oba hojalyk ekinleriniň bereketli hasylyny almaga bolan gyzyklanmasyny ýokarlandyrmak maksady bilen, ekerançylaryň zähmetini yzygiderli höweslendirmegiň zerurdygyny aýtdy.
Döwlet Baştutanymyz şeýle hem welaýatyň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak işinde degişli düzümleriň sazlaşykly işini üpjün etmegiň möhümdigini belledi.
Göni aragatnaşyk arkaly wideoşekilli iş maslahatynda Galla önümleri baradaky “Türkmengallaönümleri” assosiasiýasynyň başlygy Ý.Aşyrow bilen söhbetdeşligiň barşynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow oba hojalyk maksatly desgalaryň, hususan-da, elewatorlaryň ýurdumyzda dowam edýän gurluşygynda işleriň depginleri bilen gyzyklandy.
Assosiasiýanyň ýolbaşçysy kuwwatly tehnikanyň iş öndürijiligi baradaky meseläni gozgap, bu tehnikanyň döwlet Baştutanynyň tabşyrmagy boýunça welaýatlaryň toprak-howa şertlerini nazara almak bilen, olaryň arasynda paýlanandygyny, ýerlerde birnäçe täze kabul ediş merkezleriniň döredilendigini, häzirki zaman elewatorlaroyň birnäçesiniň öndürijilikli işleýändigini belledi.
Milletiň Lideri ekerançylyk meýdanlaryny 2012-nji ýylyň hasyly üçin taýýarlamak we şol işleri öz wagtynda hem-de oňat hilli geçirmek boýunça ýurdumyzyň ykdysadyýeti üçin bu möhüm oba hojalyk möwsümine çekilen ähli düzümleriň bilelikdäki tagallalarynyň, sazlaşykly işiniň zerurdygyny görkezip, welaýatlaryň toprak-howa şertleri diňe bir tehnika paýlananda däl, eýsem, oba hojalyk ekinlerini etraplaşdyrmak ornaşdyrylan mahaly hem nazara alynmalydyr diýip nygtady.
Döwlet Baştutany bugdaý ösdürilip ýetişdirilende ýerli aýratynlyklara, milli ekerançylyk däplerini ylmy esasda ösdürmäge aýratyn üns bermegi hem tabşyrdy. Türkmenistanyň Prezidenti beýleki pudaklaryň ählisinde bolşy ýaly, bugdaý öndürmekde hem türkmen halkynyň köpasyrlyk ekerançylyk däplerini häzirki zaman ylmynyň gazananlary bilen sazlaşykly utgaşdyrmagyň gerekdigini belläp, degişli görkezmeleri berdi.
Türkmenistanyň Prezidenti wideoşekilli iş maslahatynyň jemini jemläp, oňa gatnaşyjylaryň ählisine öňde goýlan, ýurdumyzyň mundan beýläk-de işjeň durmuş-ykdysady ösüşine, türkmen halkynyň abadançylygyny we tutuşlygyna alnanda mähriban Watanymyzyň rowaçlygyny artdyrmaga gönükdirilen jogapkärli wezipeleri çözmekde üstünlikler gazanmagy arzuw etdi.