Türkmenistanyň Prezidentiniň Lebap welaýatynda iş saparynda boldy
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Lebap welaýatynda geldi we bu ýerde sebiti durmuş hem-de senagat taýdan ösdürmegiň maksatnamasynyň ýerlerde durmuşa geçirilişiniň barşy, birnäçe iri senagat desgalarynyň, şol sanda Belarus hyzmatdaşlar bilen bilelikde ýerine ýetirilýän taslama bolan kaliý dökünlerini öndürýän dag-magdan baýlaşdyryjy toplumyň gurluşygy bilen tanyşdy. Hut şu maksat bilen Belarus Respublikasynyň Premýer-ministri Mihail Mýasnikowiçiň ýolbaşçylygyndaky wekilçilikli topar düýn Türkmenabada geldi.
Toparyň wekilçilikli düzümine dürli ministrlikleriň we pudak edaralarynyň, şol sanda senagat, binagärlik we gurluşyk, ulag we kommunikasiýalar, söwda boýunça ulgamlaryň we başga-da birnäçe pudaklaryň we düzümleriň ýolbaşçylarynyň goşulmagy Belarus tarapynyň Türkmenistan bilen uzak möhletleýin hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine strategiki taýdan uly gyzyklanma bildirýändigine şaýatlyk edýär.
Ýurdumyzyň himiýa pudagynyň kuwwatyny artdyrmak ýokary hilli mineral dökünleriň, şol sanda kaliý dökünleriniň önümçiligini ýokarlandyrmagyň hasabyna durmuşa geçirilýär. Mälim bolşy ýaly, kaliý dökünlerine bolan isleg biziň ýurdumyzda bolşy ýaly, tutuş dünýäde hem artýar. Munuň özi, ýurtda oba hojalyk ulgamynda özgertmeleriň üstünlikli amala aşyrylmagyny, azyk bolçulygynyň üpjün edilmegini şertlendirýär. Lebap welaýatynyň Köýtendag etrabynda ýerleşýän Garlyk ýatagy kaliý duzlarynyň iri tebigy ýatagy hasaplanýar. Ýatagyň işlenip taýýarlanmagy we onuň çäginde kaliý duzuny gazyp almak hem-de baýlaşdyrmak boýunça kärhananyň gurulmagy himiýa senagatynyň ösüşinde täze tapgyry açdy.
Ir bilen Türkmenistanyň Prezidentiniň uçary Türkmenabadyň aeroportunda gondy. Bu ýerde дöwlet Baştutanymyzy ýurdumyzyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, ministrlikleriň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary, Lebap welaýatynyň häkimi garşylady.
Soňra Türkmenabat şäheriniň howa menziliniň binasynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Belarus Respublikasynyň Premýer-ministri Mihail Mýasnikowiç bilen duşuşygy boldy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belent mertebeli myhman bilen görşüp, Belarusyň wekilleriniň şu saparynyň iki döwletiň arasynda däbe öwrülen dostlukly gatnaşyklary we hyzmatdaşlygy has-da pugtalandyrmaga ýardam berjekdigine ynam bildirdi. Döwlet Baştutany häzirki wagtda biziň ýurtlarymyzyň arasyndaky iki taraplaýyn hyzmatdaşlygyň has okgunly we yzygiderli häsiýete eýe bolup durýandygyny aýtdy. Yzygiderli duşuşyklaryň we özara saparlaryň geçirilmeginiň netijesinde, gysga döwürde biziň ýurtlarymyza syýasy, söwda-ykdysady we medeni-gumanitar ugurlardaky hyzmatdaşlygy hil taýdlan täze derejä ýetirmek başartdy.
Myhman milli Liderimize Belarus Respublikasynyň Prezidenti Aleksandr Lukaşenkonyň iberen mähirli salamyny, tutuş türkmen halkyna bolsa bagtyýarlyk hem-de rowaçlyk hakyndaky arzuwlaryny ýetirdi.
Ýeri gelende aýtsak, 2011-nji ýylyň 11 aýynda Türkmenistanyň we Belarusyň arasyndaky söwda dolanyşygy öňki ýylyň degişli döwri bilen deňeşdireniňde 2,8 esse artyp, ABŞ-nyň 186 million 290 müň dollaryna barabar boldy. Belarus ýurdumyza oba hojalyk tehnikasyny iberýär, bular Türkmenistanyň toprak-howa şertlerinde oňaýlydygyny görkezdi. Türkmenistanyň eksportunyň özeni dokma we pagtany gaýtadan işleýän pudaklaryň önümlerinden ybaratdyr.
2011-nji ýylyň 1-nji dekabryndaky ýagdaýa görä, Türkmenistanda belarus maýasynyň gatnaşmagynda döredilen kärhanalaryň 14-si hasaba alyndy. Şeýle hem şol döwre çenli Türkmenistanyň çäginde Belarusyň kompaniýalarynyň gatnaşmagynda maýa goýumly taslamalaryň 13-si hasaba alyndy, bularyň umumy bahasy 1 milliard 123 million dollardan gowrakdyr.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow söwda-ykdysady gatnaşyklaryň ösdürilmeginiň köp ugurly türkmen-belarus gepleşiginiň gün tertibinde aýratyn orny eýeleýändigini aýdyp, şu ugurdaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de üstünlikli ösdürmek we täze, geljegine uly umyt baglanýan ugurlardaky hyzmatdaşlygy ýola goýmak, şeýle hem eksport-import boýunça amallaryň sanawyny artdyrmak üçin örän oňaýly mümkinçilikleriň bardygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, milletiň Lideri Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-belarus toparynyň möhüm ähmiýetli orny eýeleýändigini belläp, iki ýurduň pudak edaralarynyň we kärhanalarynyň arasynda gös-göni gatnaşyklary işjeňleşdirmegiň, işewür toparlaryň özara arkalaşykly hereket etmek üçin amatly mümkinçilikleri we şertleri döretmegiň zerurdygyny aýtdy.
Döwlet Baştutany Türkmenistanyň himiýa senagatynyň öňdebaryjy kärhanasyna öwrüljek Garlykdaky dag-magdan baýlaşdyryjy toplumyň gurluşygy boýunça taslamany türkmen-belarus hyzmatdaşlygynyň netijeliligini äşgär edýän mysallaryň biri hökmünde görkezdi.
Mälim bolşy ýaly, dag-magdan baýlaşdyryjy toplumynyň gurluşygyny alyp barmak ugrundaky hukugy almak ugrunda köp sanly daşary ýurt kompaniýalary bäsleşdiler, ýöne Türkmenistan şolardan Belarusyň “Belgorhimprom” açyk paýdarlar jemgyýetini saýlap aldy we ol taslamanyň baş potratçysy boldy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şu uly möçberli taslamanyň üstünlikli amala aşyrylmagyna aýratyn ähmiýet berilýändigini hem-de şol taslamanyň durmuşa geçirilmegine degişli gündelik meseleleriň çözülmegine gyzyklanma bildirilýändigini aýtdy.
Türkmen Lideri Belarus Respublikasy bilen gatnaşyklaryň ýetilen derejesine ýokary baha berip, şol gatnaşyklaryň geljekde-de iki taraplaýyn, şeýle hem köp taraplaýyn görnüşde ösdüriljekdigine we pugtalandyryljakdygyna ynam bildirdi hem-de Türkmenistanyň Belarus Respublikasy bilen doly möçberli hyzmatdaşlygy hemmetaraplaýyn giňeltmäge, netijeli söwda-ykdysady we gumanitar gatnaşyklary ösdürmäge taýýardygyny aýtdy.
Öz gezeginde Mihail Mýasnikowiç öz ýurdunyň ygtybarly hyzmatdaş hökmünde tanalýan we ykdysady taýdan uly kuwwata eýe bolup durýan Türkmenistan bilen giň hyzmatdaşlyk etmäge uly isleg bildirýändigini aýtdy. Myhman Belarusyň bar bolan, hususan-da, döwrebap önümçilikleri guramak, senagat infrastrukturasyny öňdebaryjy işläp taýýarlamalar esasynda ösdürmek boýunça toplan tejribesini Türkmenistana hödürlemäge taýyndygyny aýtdy.
Premýer-ministr sözüni dowam edip, Garlykdaky ýatagy toplumlaýyn özleşdirmek baradaky uly möçberli maksada ýetmekde Belarusyň paýyna Türkmenistanyň esasy hyzmatdaşyna öwrülmek bilen bagly bolan aýratyn jogapkärçiligiň düşýändigini belläp, bu taslamada diňe bir iri senagat kärhanasyny gurmak we döwrebap tehnikany ibermek bilen çäklenmän, türkmen hünärmenlerine tälim bermegiň, tejribe alyşmagyň göz öňünde tutulýandygyny aýtdy. Mihail Mýasnikowiç biz Türkmenistanyň şu ýatagynyň we geljek-de beýleki ýataklarynyň çuňňur özleşdirilmegini üpjün etmäge taýýar diýip, Belarusyň hyzmatdaş hökmünde öz borçlaryny ýerine ýetirjekdigini dolulygyna kepillendirýändigine ynandyrdy.
Duşuşygyň barşynda taraplar başga-da birnäçe oňaýly ugurlar, şol sanda gumanitar ulgam boýunça netijeli gatnaşyklary ýola goýmagyň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Söhbetdeşligiň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow
Belarusyň wekilçilikli toparynyň türkmen topragyndaky şu duşuşyklarynyň döwletara hyzmatdaşlygynyň mundan beýläk-de çuňlaşdyrylmagyna täzeden itergi berjekdigine ynam bildirdi hem-de Belarus Respublikasynyň Prezidenti Aleksandr Lukaşenko tüýs ýürekden çykýan salamyny we ýakymly arzuwlaryny ýollady.
Şu ýerde, aeroportuň binasynda Lebap welaýatyny mundan beýläk-de ösdürmek boýunça taslamalaryň, şol sanda welaýatyň şäherlerinde we obalarynda gurulmagy göz öňünde tutulýan desgalaryň taslamalarynyň sergisi guraldy. Şolaryň arasynda Magdanly şäherinde kuwwatlylygy bir gije-gündizde 50 müň kub metr suw arassalaýjy desgany, Mukry şäherçesinde şonuň ýaly kuwwatly desgany gurmagyň taslamalary bar, şol desgalaryň ulanmaga berilmegi Magdanly şäheriniň we Köýtendag etrabynyň ilatyny agyz suwy bilen dolulygyna üpjün etmäge mümkinçilik berer. Bulardan başga-da, Türkmenabat şäherinde uly dini toplum gurlar, ol 3 müň orunlyk metjitden, sadaka berilýän 1500 orunlyk binadan we 90 orunlyk myhmanhanadan ybarat bolar. Şeýle hem welaýatyň dolandyryş merkezinde göl şekilinde uly we merkezleşdirilen bazary, “Bagt köşgüni” we durmuş maksatly, şeýle hem ulag infrastrukturasyna degişli desgalary gurmak göz öňünde tutulýar. Farap –Hojambaz –Köýtendag – Garlyk –Gaýnarbaba awtoulag ýolunyň taslamasy хем görkezildi.
Türkmen döwletiniň Baştutany taslamalar bilen ünsli tanşyp, käbir desgalar boýunça birnäçe bellikleri aýtdy we takyklamalary girizdi hem-de şäheriň we obanyň ialytynyň ýaşaýşynyň hiliniň täze ülňüleriniň döredilmelidigine ünsi çekdi. Milletiň Lideri Lebap welaýatynyň diňe bir senagat taýdan uly kuwwata eýe bolmak bilen çäklenmän, tebigatynyň gözel künjekleri bilen täsin galdyrýandygyny belläp, bu ýerde syýahatçylyga degişli düzümi ösdürmegiň zerurdygyny belledi.
Soňra dabaraly wakalar Lebap welaýatynyň Köýtendag etrabynyň Garlyk şäherçesiniň hut özünde bolup geçdi, häzirki wagtda bu ýerde uly senagat merkezi döredilýär.
Hormatly Prezidentimiz Türkmenabatdan dikuçarda täze senagat düzüminiň kemala gelýän ýeri bolan Garlyga barýan pursatynda guş uçar belentlikden sebitde alnyp barylýan işlere syn etdi. Wagtdan örän netijeli peýdalanmagy asylly endige öwren döwlet Baştutanymyz dikuçarda barýarka Lebap welaýatynyň senagat düzümini ösdürmegiň maksatnamasynyň üstünde işlemegini dowam etdi. Mlli Liderimiz diňe bir sebitiň däl, eýsem tutuş ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň has-da kuwwatlanmagynda möhüm ähmiýete eýe bolan ýurdumyzyň himiýa senagatynyň täze önümçilik kuwwatlyklaryny ýokarlandyrmak boýunça durmuşa geçirilýän çäreleriň netijeliligini artdyrmagyň ugurlaryny kesgitledi.
Hormatly Prezidentimizi bu ýerde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň agzalary garşyladylar.
Türkmenistanyň Prezidenti dag-magdan baýlaşdyryjy toplumyň mejlisler zalyna barýar.
Döwlet Baştutany ýygnananlar bilen salamlaşdy we olara ýüzlenip çykyş etdi.
Milletiň Lideri Lebap welaýatyna nobatdaky saparyň häzirki wagtda uly özgertmeleri başdan geçirýän bu ýeri görmek, ýurdumyzyň iň uly gurluşyklarynyň birinde işleriň nähili alnyp barylýandygyny synlamak üçin amala aşyrylýandygyny aýdyp, sahawatly türkmen topragynyň baý gorlaryny rejeli we netijeli ulanmagyň döwlet Baştutanynyň saýlawlaryň öňüsyrasyndaky maksatnamasynyň bir bölegi we milli ykdysadyýeti özgertmegiň strategiki wezipesi bolup durýandygyny belledi.
Kaliý dökünlerini öndürmek boýunça dag-magdan baýlaşdyryjy toplumyň gurluşygy şu wezipäniň berjaý edilmegi bilen gös-göni baglanyşyklydyr. Döwlet Baştutany şu taslamany amala aşyrmakdan alynjak peýdanyň birnäçe jähetlerden ybaratdygyny aýtdy. Birinjiden, biz ýerleri, örän uly möçberdäki çig mal gorlaryny özleşdirýäris we olardan halkyň bähbidi üçin peýdalanýarys. Ikinjiden, milli maksatnamalara we ýurdumyzy ösdürmek boýunça ähli halk tarapyndan oňlanan strategiýa laýyklykda döwrüň ruhuna laýyk gelýän iri senagat önümçiliginiň düýbüni tutýarys we munuň özi Türkmenistany senagat taýdan ösen döwlete öwürmek ugrunda ýene-de bir ädim bolup durýar. Üçünjiden, biz täze iş orunlaryny döredýäris, täze şäherleri we şäherçeleri gurýarys, ýagny täze senagat kuwwatlyklaryny degişli durmuş infrastrukturasy bilen üpjün edýäris.
Ýurdumyzyň oba hojalygynda amala aşyrylýan özgertmeler, dürli görnüşdäki oba hojalyk önümleriniň öndürilýän möçberlerini artdyrmak, azyk bolçulygyny üpjün etmek bilen baglylykda ýokary hilli mineral dökünleriň zerur bolan möçberleri artýar, şol dökünleriň öz ýurdumyzda öndürilmegini ýola goýmak diňe bir olaryň daşary ýurtlardan satyn alynmagyndan ýüz öwürmäge mümkinçilik bermek bilen çäklenmän, bu gymmatly önümi dünýä bazaryna ibermäge-de amatly ýagdaý döreder.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow munuň üçin zerur bolan çig malyň uly gorlarynyň bolmagynyň amatly ýagdaýy döretmek bilen çäklenmeýändigini hem-de ýaşaýyş üçin maksada laýyklygyň ykdysadyýeti ösdürmegiň esasy şertleriniň biri hasaplanýandygyny belledi. Senagat önümçiligini ösdürmek arkaly, biz ykdysady we durmuş taýdan ösüş gazanmak üçin esas döredýäris, Çünki senagatyň bar ýerinde, gülläp ösýän şäherler we şäherçeler bolar, gülläp ösýän şäherlerde we obalarda bolsa adamlar abadan, bagtyýar we eşretli durmuşda ýaşar.
Milletiň Lideri Garlyk ýatagynyň ýanynda ýylda bir ýarym million tonna golaý kaliý dökünlerini öndürmek boýunça dag-magdan baýdaşdyryjy toplumyň gurulmagynyň ýerasty baýlyklaryň känlerini özleşdirmekde täze ýokary netijeleriň gazanylmagyna badalga berip, türkmen halkynyň maddy hal-ýagdaýnyň derejesini has-da ýokarlandyrmagyň we döwletimiziň ykdysady akuwwatyny artdyrmagyň ygtybarly kepilnamasyna öwrüljekdigini aýtdy.
Şeýlelikde, 2009-njy ýylyň 19-njy iýunynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Belarus Respublikasynyň Prezidenti Aleksandr Lukaşenkonyň gatnaşmagynda düýbi tutulan täze toplumyň gurulmagy biziň üstünlikleri we oňyn netijeleri gazanýan eýýamymyzyň senenamasyna, şeýle hem türkmen-belarus döwletara gatnaşyklarynyň taryhyna ajaýyp sahypa bolup ýazylar.
Döwlet Baştutany şu uly himiýa toplumynyň gurulmagynyň dag-magdanlaryny baýlaşdyrmak boýunça türkmen ykdysadyýetiniň düýpgöter täze pudagynyň döredilmegine badalga berýändigini aýtdy. Munuň özi ýurdumyzyň hakykatdan-da, aňyrsyna-bärsine göz ýetmeýän tebigy baýlyklaryň ýataklarynyň ertirki güni bilen bagly bolan giňişleýin meýilnamalaryň bir bölegidir. Türkmenistanyň çäginde nebitiň, gazyň, gazylyp alynýan beýleki tebigy baýlyklaryň uly möçberli gorlaryndan başga-da kaliý duzlaryny özünde jemleýän ýataklaryň ondan gowragy ýerleşýär. Deslapky çaklamalara görä, kaliý magdanlarynyň umumy gorlary 2 milliard 800 million tonna barabardyr. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hut şonuň üçin, şol ýataklary özleşdirmegiň we senngat taýdan ulanmagyň ýakyn geljekdäki işdigini aýtdy.
Döwlet Baştutany häzirki wagtda nebitiň we gazyň örän köp möçberde eksporta ugradylýandygyny aýtdy. Ýöne biz indiki nesilleriň geljegi barada-da alada etmeli. Biz ykdysadyýeti diwersifikasiýa edip, ony nebite we gaza bagly bolmaýan görnüşe getirmeli. Ýakyn ýyllarda mineral çig mallardan öndürilýän önümler bilen öz içerki hajatlarymyzy kanagatlandyryp, ýurdumyzy dünýäde uly möçberlerde eksporta ugradyjylaryň birine öwürmek zerur. Munuň üçin ähli mümkinçilikler bar. Mysal üçin alanyňda, Köýtendag minerallaryň baý çeşmesi bolup durýar. Milletiň Lideri biziň ähli özgertmelerimiziň esasy maksadynyň halkymyzyň, her bir adamyň we raýatyň bähbidinden ybarat bolmalydygyny aýtdy. Biziň ähli işlerimiz we ädimlerimiz hut şoňa gönükdirilendir.
Milletiň Lideri sözüni dowam edip, häzirki wagtda ýurdumyzda saýlawlaryň öňüsyrasyndaky çäräniň geriminiň giňelýändigini hem-de bu günki gün bu ýere döwlet Baştutany, şeýle hem Türkmenistanyň Prezidentligine dalaşgär hökmünde gelendigini aýtdy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow saýlawlaryň öňüsyrasyndaky maksatnamasynyň esasan, “Döwlet adam üçindir!” diýen şygara esaslanýandygyny aýdyp, halk ynam bildiren ýagdaýynda, şol ýörelgäni mundan beýläk-de durmuşa geçirmek üçin ähli güýjüni aýamajakdygyny belledi. 12-nji fewralda biziň watandaşlarymyzyň ählisi öz erk-islegini beýan edip, Türkmenistanyň Prezidentini saýlar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şu saýlawlaryň halkymyzyň berk jebisligini hem-de onuň müdimi ruhy gymmatlyklara we jemgyýetiň demokratik ýörelgelerine ygrarlydygyny ýene-de bir gezek äşgär etjekdigine berk ynanýandygyny belledi.
Döwlet Baştutany çykyşynyň ahyrynda gurluşykçylara ýüzlenip, halal zähmet çekilýändigi we işde tutanýerlilik görkezilýändigi, Türkmenistanda belent maksatlara ýetilmegine önjeýli goşant goşulýandygy üçin tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirip, olara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny we uly möçberli dag-magdan baýlaşdyryjy toplumyň gurluşygyny üstünlikli tamamlamagy arzuw etdi hem-de şol toplum bilen birlikde täze ajaýyp şäheriň guruljaklygyny we ösjekdigini aýtdy.
Türkmenistanyň Baştutanynyň çykyşyny duşuşyga gatnaşyjylar üns berip diňlediler we şowhunly el çarpmak arkaly garşyladylar.
Soňra Türkmenistanyň Prezidenti we Belarus Respublikasynyň Premýer-ministri dag-magdan toplumynyň gurluşygy bilen baglanyşykly bolan hem-de “Türkmenhimiýa” döwlet konserni we “Belgorhimprom” açyk paýdarlar jemgyýeti tarypyndan taýýarlanan taslamalar bilen tanyşdyrylyş dabarasyna gatnaşdylar. Hödürlenen maketler eýýäm amala aşyrylan işleriň möçberi we taslamany mundan beýläk-de amala aşyrmagyň, şol taslamada göz öňünde tutulan desgalary, şol sanda magdan baýlaşdyryjy dürli fabrikleri gurmagyň barşy bilen tanyşmaga mümkinçilik berýär. Bular esasy önümçilikler we ýokary tehnologik enjamlar bilen tanyşmaga mümkinçilik bermek bilen çäklenmän, taslamanyň uly täsir galdyrýan möçberlerine göz ýetirmäge oňaýly ýagdaý döredýär.
Bu uly senagat toplumy iki tapgyrda gurlar. Taslamanyň gerimini, tehniki taýdan çylşyrymlylygyny göz öňüne getirmek üçin, toplumyň birinji nobatdakysynyň bahasynyň ABŞ-nyň 1 milliard dollaryna golaýdygyny aýtmak ýeterlikdir. Umuman alanyňda, Türkmenistan Garlykdaky ýatagyň özleşdirilmegine ABŞ-nyň jemi 2 milliard dollaryna çenli serişdeleri gönükdirmegi göz öňünde tutýar.
“Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň mineral dökünler müdirliginiň başlygy Ý. Maramuha we “Belgorhimprom” açyk paýdarlar jemgyýetiniň baş direktory S. Şemet öňdebaryjy tehnologiýalar hem-de zähmeti goramagyň we ekologiýa howpsuzlygynyň talaplaryny berk göz öňünde tutmak arkaly ýerine ýetirilen işler barada hasabat berdiler.
Dag-magdan baýlaşdyryjy toplumyň gurluşygynyň başlanan döwründen bäri, bellenilen iş tertibine görä, zerur geologiýa-gözleg işleriniň ählisi ýerine ýetirildi we taslama degişli resminamalar taýýarlanyldy, galyberse-de, senagat meýdançasynda ilkinji binalar we desgalar guruldy. Häzirki wagtda tehniki häsiýetnamalaryň talaplaryna laýyklykda enjamalary we mehanizmleri işläp taýýarlamak baradaky buýurmalar berildi, bular Germaniýanyň, Russiýanyň, Belarusyň we beýleki ýurtlaryň öňdebaryjy önüm öndürijileri tarapyndan iberiler. Şahtalaryň dik deşigini deşmek, silden goraýan gatlalary gurmak, toplumyň dürli goşmaça desgalaryny gurmak bilen bagly işler amala aşyrylýar. Dag-magdan baýlaşdyryjy toplumyň gurluşyk meýdançasynyň ýanynda täze kärhanalaryň gurluşykçylarynyň ýaşaýan şäherjiginde ilkinji nobatdaky jaýlar bina edildi.
Döwlet Baştutany hasabaty diňläp, geljekde dag-magdan baýlaşdyryjy toplumy işgärler bilen üpjün etmek we hemme taraplaýyn taýýarlykly hünärmenleri taýynlamak üçin Türkmenabatda okuw merkezini açmagyň maksada laýyk boljakdygyny aýtdy. Şunuň bilen baglylykda milletiň Lideri degişli ýolbaşçylara belarusly hünärmenleriň toplan tejribesini ulanmak arkaly şunuň ýaly merkezi döretmek bilen bagly mümkinçilikleri öwrenmegi tabşyrdy.
Ýeri gelende aýtsak, şu ugur boýunça hünärmenleriň taýýarlanmagyny ýola goýmak örän uly mümkinçiliklere eýe boljak dag-magdan çykaryjy senagaty toplumlaýyn ösdürmek üçin geljekde, galyberse-de, ýakyn wagtda oňaýly ýagdaý döreder. Häzirki wagtda “Türkmenhimiýa” döwlet konserni
Garlykdaky ýaly ýene-de bir ýatak, ýagny Garabildäki kaliý duzlarynyň ýatagyny özleşdirmäge taýýrlyk görmek bilen bagly işlere girişdi, şunda şonuň binýadynda kaliý dökünlerini öndürmek boýunça toplumy gurmak maksat edinilýär.
Belarus Respublikasynyň A. Niçikasow tarapyndan ýolbaşçylyk edilýän Arhitektura we gurluşyk ministrligi öz tekliplerini hödürledi weBelarus hyzmatdaşlarynyň Türkmenistanda durmuşa geçirilýän şähergurluşyk taslamalaryna gatnaşmaga meýildigi aýdyldy.
Garlykdaky dag-magdan baýlaşdyryjy hünärmen B.Seýithanow milletiň Lideriniň alyp barýan syýasatyny gyzgyn goldap çykyş etdi hem-de Türkmenistanyň Prezidentine bu ýerleriň geljegi, onuň ýaşaýjylary we aýratyn-da, biziň gadymy topragymyzda badalga berlen beýik özgertmeleri dowam etdirjek ýaş nesil barada ýadawsyz alada edýändigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi. Ol gurluşçykçylaryň döwlet Baştutanynyň saýlawlaryň öňüsyrasyndaky maksatnamasyny dolulygyna goldaýandygyny aýdyp, geçiriljek saýlawlarda hut milletiň Lideri üçin ses berjekdiklerini aýtdy.
Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Belarus Respublikasynyň Premýer-ministri Mihail Mýasnikowiç bilen bilelikde gurulýan şahtany syn etmäge bardylar. Bu ýerde döwlet Baştutany kaliý gatlaklaryny işläp taýýarlamagyň tehnologik usullary bilen jikme-jik gyzyklandy, şol gatlaklaryň nähili çuňlukda ýerleşýändigi göz öňünde tutulyp, dikligine şahtanyň deşikleriniň ikisi arkaly magdanly ýatagyň üstüni açmak bellenilýär.
Bu ýeri gözden geçirenden soňra, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Belarus Respublikasynyň Premýer-ministri bilen mähirli hoşlaşdy. Myhman Türkmenistandaky saparyny tamamlap, dik uçar bilen, Garlyk şäherçesinden Türkmenabat şäherine tarap ugrady.
Döwlet Baştutanymyz Garlyk şäherçesinde senagat düzüminiň ösdürilmegi bilen tanyşmagyny dowam edip, bu ýerde gurulýan sement zawodyna tarap ugrady. Bu zawod 2009-njy ýylda möhüm ähmiýetli desgalaryň birbada birnäçesiniň gurluşygy bilen birlikde gurlup başlandy. Kärhananyň taslamada bellenilen kuwwatlylygy ýylda 1 million tonna semente barabardyr. Munuň üçin zerur bolan çig mal zawodyň golaýynda ýerleşýän känden alnar, onuň tehnologik liniýalaryna 800-e golaý adam hyzmat eder. Ýakyn geljekde bu ýerde taýýarlanan önüm Lebapda gurulýan binalara iberilip ugralar.
Umuman alanyňda, türkiýeli hyzmatdaşlar bilen bilelikde gurulýan sement zawody ýurdumyzy öz döwletimizde önýän materiallar bilen dolulygyna üpjün etmäge ýardam bermelidir. Döwlet Baştutany gurluşyk materiallaryny öndürýän türkmen senagatynyň öňünde hut şeýle wezipäni goýýar. Önümçilik ulanmaga berlenden soňra, zawodda täze iş orunlary dörär hem-de ol etrabyň, welaýatyň we tutuş ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşine degerli ýardam berip başlar.
Döwlet Baştutanymyzy binany gurýan Türkiýäniň “Polimeks” kompaniýasynyň ýolbaşçysy E. Tabanja zawodyň gurluşygynyň barşy, onuň enjamlaşdyrylyşy we görkezilen taslamalar bilen tanyşdyrdy.
Döwlet Baştutany Türkmenistanyň senagat düzüminiň ösmegine goşýan goşandy üçin Türkiýäniň kompaniýasynyň hünärmenleriniň biziň ýurdumyzda iri gurluşyk taslamalaryny ýerine ýetirmek boýunça alyp barýan işlerine ýokary baha berip, olara minnetdarlyk bildirdi.
Şeýle hem hormatly Prezidentimiz “Polimeks” kompaniýasynyň ýolbaşçysy bilen bolan söhbetdeşlikde täze önümçilik toplumynyň ekologiýa talaplaryna doly laýyk gelmelidigini, bu ýerde işlejek işçiler üçin zähmet we durmuş şertleriniň döredilmelidigini aýratyn belledi.
Soňra döwlet Baştutanymyz sement zawodynyň gurluşygyna gatnaşýan işçiler bilen söhbetdeş boldy. Gürrüňdeşligiň barşynda zawodyň gurluşygynda zähmet çekýän işçi özleri üçin atalyk alada edýän hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden hoşallyk sözlerini aýtdy we öňde boljak Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlarynda ähli işçiler bilen bilelikde döwlet Baştutanymyzyň maksatnamasyny goldap, öz seslerini berjekdikleri barada gürrüň berdi.
Milli Liderimiz öňde boljak Prezident saýlawlary barada aýtmak bilen, Garlykda işleýän gurluşykçylaryň ýurdumyzyň ähli ilaty bilen bir hatarda şjemgyýetçilik-syýasy çärä işjeň gatnaşjakdyklaryna we özleriniň raýatlyk borjuny birkemsiz ýerine ýetirjekdigine ynam bildirdi. Soňra
hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow işçilere berk jan saglyk, üstünlik arzuw edip olar bilen hoşlaşdy we dikuçara tarap ugrady.
Şu ýerden milletiň Lideri Garlyk şäherçesindäki “Jargüzer” serhet galasyna bardy.
Serhet galasynyň öňündäki meýdançada Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň başlygy M.Yslamow Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedowa raport berdi. Döwlet Baştutanymyz
raporty kabul edip, serhet galasynyň howlusyna girýär. Ol ýerde hormatly Prezidentimiz serhet galasynyň gulluk binalary bilen tanyşýar. Serhetçiler şäherjigindäki abzallaşdyrylan sport meýdançalary we beýleki gulluk otaglary bilen tanyşlygyň barşynda milli Liderimiz bu ýerde serhetçileriň gulluklary we ýaşaýyşlary üçin döredilen şertler bilen içgin gyzyklanýar. Soňra döwlet Baştutanymyz serhetçileriň ýatak jaýlaryna we beýleki ýöriteleşdirilen desgalara baryp görýär.
Soňra döwlet Baştutanymyz serhetçileriň naharhanasyna bardy we bu ýerlde taýýarlanýan tagamlar bilen tanyşdy. Hormatly Prezidentimiz serhetçi esgerler bilen bile oturyp nahar edindi. Nahar başynda milli Liderimiziň serhetçiler bilen erkin söhbetdeşligi boldy. Döwlet Baştutanymyz esgerleriň gulluklary, olaryň bu ýerde guraýan medeni çäreleri we geljekki meýilnamalary bilen gyzyklandy.
Ýaş esgerler öz gezeginde döwlet Baştutanymyza geljekki meýilnamalary hakynda gürrüň berdiler.
Hormatly Prezidentimiz mukaddes serhetlerimizi goramagyň parz işdigi barada aýdyp, olaryň Watanymyz, halkymyz üçin örän jogapkärli wezipäni ýerine ýetirýändiklerini belledi we serhetçileriň gulluk hem-de durmiuş şertleriniň mundan beýläk-de gowulandyrylmagy ugrunda döwletimiziň yzygiderli alada etjekdigini aýtdy.
Serhetçiler öz gezeginde Türkmenistanyňm Prezidentine özleri üçin döredilýän şertler we hünär ussatlygynyň ýokarlanmagy üçin bar bolan mümkinçilikler üçin hoşallyk bildirip, mundan beýläk-de Watanymyza wepaly gulluk etjekdiklerini aýtdylar.
Hormatly Prezidentimiz duşuşygyň ahyrynda bu ýerdäki belent mertebeli myhmanlar üçin niýetlenen Kitapda ýadygärlik ýazgy galdyrdy. Soňra döwlet Baştutanymyz serhetçileriň haýyşy boýunça olar bilen ýadygärlik surata düşdi we serhetçilere Watany goramak ýaly mukaddes gulluklarynda üstünlik arzuw edip, olar bilen hoşlaşdy hem-de bu ýerden ugrady.
Döwlet Baştutany indiki desganyň – Lebap welaýatynyň Atamyrat etrabynda Amyderýanyň üçti bilen geçýän awtoulag köprüsiniň gurulýan ýerine bardy.
Ýeri gelende aýtsak, bu uly möçberdäki maýa goýumly taslamanyň, şeýle hem Garlykdaky sement zawodynyň gurluşygynyň başlanmagyna 2009-njy ýylyň sentýabrynda Türkmenistanyň we Ukrainanyň Prezidentleriniň gatnaşmagynda badalga berildi. Şonda täsir galdyrýan inženerçilik desgasyny – Merkezi Aziýada iri Atamyrat—Kerkiçi demir ýol köprüsini ulanmaga bermek bilen bagly dabara bolup geçdi.
Bu desgalar, ýagny demir ýol we awtoulag köprüleri ulag kommunikasiýalarynyň halkara ulgamynyň “altyn halkysyna” öwrülmelidir. Ýeri gelende aýtsak, irki döwrürlerde-de, şu ýerlerden Gündogaryň we Günbataryň halklarynyň medeni we söwda hyzmatdaşlygynyň ýoly diýlip hasaplanan Beýik Ýüpek ýolunyň kerwen gatnaýan ugurlary geçipdir. Täze taryhy eýýamda biz bu ýoly ählumumy ösüşiň bähbidi üçin täzeden dikeldýäris.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gurluşyk meýdançasyna gelip, bu ýerde görkezilen taslamalar bilen tanyşdy hem-de şu taslamanyň amala aşyrylmagynyň ýurdumyza we ýanaşyk ýerleşýän döwletlere üstaşyr gatnawlaryň ykdysady taýdan diýseň peýdaly bolup, hemme taraplaýyn halkara hyzmatdaşlygynyň mundan beýläk-de ösdürilmegine degerli ýardam berjekdigini belledi.
Bu desga “Türkmennawtoýollary” döwlet konserniniň buýurmasy boýunça Ukpainanyň “Dorožnoýe stroitelstwo “Altkom” açyk paýdarlar jemgyýetiniň hünärmenleri tarapyndan gurulýar. Ähli zerur inžeerçilik-tehniki şertlere laýyk gelýän köprüniň uzynlygy 1415 metre, onuň gatnawly böleginiň ini 11,5 metre barabardyr.
Döwlet Baştutanymyz taslamaçy hünärmenler bilen bolan söhbetdeşlikde köprüniň daşky bezegi bilen baglanyşykly taslamalara birnäçe düzedişleri girizdi we desgada milli binagärçiligiň ýörelgeleri öz beýanyny tapmalydyr diýip aýtdy. Hormatly Prezidentimiz taslamanyň durmuşa geçirilmegine gatnaşýan ukrain kompaniýasynyň ýolbaşçysyna ýüzlenip, ýurtda bina edilýän desgalar häzirki döwürde bildirilýän talaplara doly laýyk gelmelidir, şunuň ýaly has ähmiýetli desgalarda ýokary hil ülňüleri berk berjaý edilmelidir diýip belledi we desganyň öz wagtynda tabşyrylmagy barada ähli çäreleriň görülmelidigini aýtdy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Lebap welaýatyny senagat taýdan ösdürmegiň we"Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň durmuş-ýaşaýyş şertlerini düýpli özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasynyň" jähetinde awtomobil köprüsiniň möhüm ähmiýete eýedigini belledi.
Şu ýerde derýanyň üstünden geçýän awtomobil köprüsiniň gurluşygynda zähmet çekýän hünärmen E.Hojamyradow ähli gurluşykçylaryň adyndan hormatly Prezidentimize özleri üçin edýän aladasyna tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi. Şeýle hem ol Türkmenistanyň Prezidentligine dalaşgär döwlet Baştutanymyza öz aralaryna gelip, hal-ýagdaý soraşýandygy hem-de ýurdumyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegi ugrunda beýik işleri durmuşa geçirýändigi üçin ýene bir gezek sagbolsun aýdyp, şu ýerde zähmet çekýän işçileriň hemmesiniň şu ýylyň 12-nji fewralynda Türkmenistanyň Prezidentligine boljak saýlawlarda dalaşgär milli Liderimiz üçin ses berjekdigini aýtdy.
Milli Liderimiz köpri gurmagyň gadym döwürlerden bäri sogap iş hasaplanýandygyny bellemek bilen, gurluşykçylara ýüzlenip olaryň sogap iş edýändiklerini belledi. Siziň alyp barýan halal zähmetiňiz netijesinde ýurdumyza we halkymyza ummasyz peýda geler, çünki bu köpri Amyderýanyň iki kenaryny baglanyşdyrmak arkaly Lebap welaýatynyň hem-de tutuş ýurdumyzyň hemmetaraplaýyn ösüşine özüniň oňyn täsirini ýetirer diýip belledi. Köprüniň ulanmaga berilmegi bilen bu ýerde ýolagçy gatnawy işjeňleşer, hereketiň tizligi ýokarlanar, ýurdumyzyň halk hojalygy üçin zerur bolan ýükleri gatnatmakdaky çykdajylar peseler diýip bellemek bilen, hormatly Prezidentimiz munuň özi halkymyzyň durmuş derejesine, ýurdumyzyň ykdysady ösüşine oňaýly täsir eder diýip aýtdy.
Şeýle hem hormatly Prezidentimiz işçiler bilen bolan gurruňdeşlikde olaryň zähmet şertleri, aýlyk haklary, gurluşyk işleriniň ýerine ýetirilişi we ulanylýan materiallar, tehnikalar we enjamlar bilen gyzyklandy.
Hormtly Prezidentimiz ýokary döwlet wezipesine dalaşgär hökmünde işçileriň arzuw – islegleri barada sorady we ýurdumyzy mundan beýläk-de ösdürmek, adamlaryň ýaşaýyş derejesini ýokarlandyrmak boýunça olaryň tekliplerini diňledi.
Döwlet Baştutanymyz gurluşykçylara minnetdarlyk bildirip, bu ýerde gurulýan köpri türkmen we ukrain halklarynyň dostluk gatnaşyklarynyň we uzak möhletleýin hyzmatdaşlygynyň aýdyň subutnamasydyr diýip bellemek bilen milli Liderimiz bu desganyň tutuş Merkezi Aziýa sebitiniň ykdysadyýeti üçin möhüm ähmiýete eýe boljakdygyny aýtdy.
Halkara hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegi, çeýe maýa goýum syýasaty, we innowasion ösüşler çig mal öndürýän pudagyň diwersifikasiýa edilmegi bilen bir hatarda ýurdumyzyň durmuş düzüminiň okgunly ösmegini şertlendirdi diýip, döwlet Baştutanymyz belledi. Munuň şeýledigine ýurtda alnyp barylýan giň möçberli gurluşyklar şaýatlyk edýärler. Biz metallurgiýa senagatyny, mermer önümçiligini ýola goýduk, ýokary hilli çement öndürýän kärhanalary gurýarys, öz gurluşyk kompaniýalarymyzy we firmalarymyzy döredýäris. Olar hähirki döwürde daşary ýurtly kompaniýalar bilen deň derejede işleýärler.
Mundan beýläk-de türkmen kompaniýalary iri möçberli we çylşyrymly desgalary gurmaga gatnaşarlar diýip, döwlet Baştutanymyz belledi. Şunuň bilen baglylykda milli Liderimiz gurluşykçylara daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň baý tejribelerini içgin öwrenmek barada maslahat berdi. Döwletimiz işçileriň netijeli işlemekleri, oňaýly şertlerde iri desgalary gurmaklary üçin ähli mümkinçilikleri döreder diýip, milli Liderimiz aýtdy.
Hormatly Prezidentimiz sözüni jemledi we bu ýere ýygnananlar bilen hoşlaşyp, hemmelere berk jan saglyk we işde üstünlikleri gazanmagy arzuw etdi hem-de dikuçara tarap ugrady, dikuçar asmana galyp, Türkmenabada tarap ugur aldy.
Şu gün agşam Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabada dolanyp geldi.