Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrmagy boýunça Türkmenistanyň Mejlisiniň başlygy A.Nurberdiýewa Portugaliýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi hanym Luiza Bastos de Almeýdadan ynanç hatyny kabul etdi.
Milli parlamentiň ýolbaşçysy döwlet Baştutanynyň adyndan doly ygtyýarly ilçini ýokary diplomatiki wezipä bellenmegi bilen gutlap, Türkmenistan bilen Portugaliýanyň arasyndaky dostluk gatnaşyklaryny pugtalandyrmak hem-de hyzmatdaşlygy giňeltmek işinde üstünlikleri arzuw etdi. Ilçi öz nobatynda hoşniýetli arzuwlar üçin hoşallyk bildirip, türkmen döwletiniň Baştutanyna, ähli türkmen halkyna öz ýurdunyň ýolbaşçylarynyň adyndan mähirli gutlag sözlerini we iň gowy arzuwlaryny aýtdy.
Soňra geçirilen söhbetdeşligiň barşynda diplomata Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň içeri we daşary syýasatynyň esasy hem-de ileri tutulýan ugurlary, milletiň Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça ýurdumyzda ýaýbaňlanan durmuş-ykdysady özgertmeler, şeýle hem esasy maksady halkymyzyň abadançylygy, türkmenistanlylaryň maddy hal- ýagdaýynyň gyşarnyksyz ösüşi bolan, durmuşa geçirilýän uly möçberli taslamalar barada habar berildi. Ylym we bilim ulgamlarynda döwletimiziň okgunly ösüşine, dünýäniň ykdysady we maglumatlar giňişligine Türkmenistanyň üstünlikli goşulyşmagyna ýardam edýän özgertmelere aýratyn üns berildi. Doly ygtyýarly ilçi türkmen parlamentiniň düzümi we köptaraply işi bilen hem jikme-jik tanyşdyryldy.
Hanym Luiza Bastos de Almeýda häzirki zaman Türkmenistanyň ösüş depginlerine haýran galýandygyny beýan edip, dünýä bileleşiginde Garaşsyz Türkmenistan döwletiniň abraýynyň pugtalanmagyna ýardam edýän, Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan ýöredilýän giň halkara hyzmatdaşlyk syýasatyna Portugaliýanyň ýokary baha berýändigini nygtady.
Ikitaraplaýyn görnüşde hem, abraýly halkara guramalarynyň, şol sanda Ýewropa Bileleşiginiň çäklerinde hem döwletara gatnaşyklaryny işjeňleşdirmäge dostlukly ýurtlaryň gyzyklanma bildirýändigi bellenildi, Portugaliýa şol bileleşigiň agzasy bolup durýar. Gurluşyk we dokma pudaklary, aragatnaşyk ulgamy, nou-haulary peýdalanmak babatda tejribe alyşmak hem-de hususy telekeçiligi ösdürmek ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlary hökmünde bellenildi. Söhbetdeşler parlamentara gatnaşyklarynyň aýratyn möhümdigini hem nygtadylar.
Şu gün Portugaliýanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde hem-de ýurdumyzyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginde hem kabul edildi.
Ýangyç-energetika toplumy babatda, energetika, ulaglar, gurluşyk, dokma senagaty we söwda ulgamlarynda hyzmatdaşlygy giňeltmegiň mümkinçilikleri hanym Luiza Bastos de Almeýdanyň we onuň ýanynda bolýan wekiliýetiň ýurdumyzyň pudaklaýyn ministrlikleriniň hem-de pudak edaralarynyň birnäçesinde, şol sanda Türkmenistanyň Nebitgaz senagaty we mineral serişdeler ministrliginde, Energetika we senagat ministrliginde, Demir ýol ulaglary ministrliginde, Gurluşyk ministrliginde, Ykdysadyýet we ösüş ministrliginde, Dokma senagaty ministrliginde, şeýle hem Söwda-senagat edarasynda ýakyn günlerde bellenen duşuşyklarynyň barşynda ara alyp maslahatlaşmagyň esasy meselesi bolar.
Medeni maksatnamanyň çäklerinde Portugaliýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi türkmen paýtagtynyň iri muzeýleri we Aşgabadyň beýleki ajaýyp ýerleri bilen tanşar.

* * *