Şu gun Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow öz ýurdunyň wekilçilikli toparyna ýolbaşçylyk edip, Aşgabada gelen Gruziýanyň daşary işler minitsri Grigol Waşadzäni kabul etdi.
Belent mertebeli myhman türkmen topragynda mähirli kabul edilendigi we myhmansöýerlik üçin hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyza Gruziýanyň Prezidenti Mihail Saakaşwiliniň mähirli sözlerini we tutuş türkmen halkyna täze 2012-nji ýylda bagt, parahatçylyk we abadançylyk baradaky arzuwlaryny gowşurdy. Bellenilişi ýaly, Türkmenistan bilen ýola goýulýan köp ugurly hyzmatdaşlyk häzirki döwürde däp bolan döwletara gatnaşyklaryny yzygiderli ösdürmäge çuňňur gyzyklanma bildirýän Gruziýanyň daşyry syýasat ugrunyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Gruziýanyň ýolbaşçylaryna we dostlukly ýurduň halkyna özüniň hoşniýetli arzuwlaryny aýdyp, soňky ýyllarda sazlaşykly häsiýete eýe bolan türkmen-gruzin gatnaşyklarynyň okgunly ösýändigini kanagatlanma bilen belledi. Şeýle hem milli Liderimiz ägirt uly ykdysady mümkinçiliklerine hem-de özbaşdak ösüşiň baý tejribelerine eýe bolan Türkmenistanyň we Gruziýanyň ýokary ösüş depginlerini hasaba almak bilen ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň täze tapgyryna geçmegiň wagtynyň ýetendigini nygtady.
Işjeň we netijeli ýagdaýda geçen gepleşikleriň barşynda hormatly Prezidentimiz we Gruziýanyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy döwletara gatnaşyklarynyň ähli ugurlary boýunça pikir alyşdylar. Grigol Waşadzäniň belleýşi ýaly, bütin dünýäde bolşy ýaly, Gruziýada Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan parahatçylyk söýüjilik syýasaty we häzirki zamanyň möhüm meseleleriniň oňyn çözgüdine, parahatçylyk we ählumumy howpsuzlyk esaslarynyň pugtalandyrylmagyna gönükdirilen derwaýys halkara başlangyçlary giňden goldanylýar we olara ýokary baha berilýär.
Milli Liderimiz we Gruziýanyň DIM-niň baştutany iri halkara guramalarynyň we düzümleriniň çäklerinde ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn esasda üstünlikli ösdürilýän döwletara gatnaşyklarynyň meselelerini ara alyp maslahatlaşmak bilen, iki ýurduň bar bolan mümkinçilikleri we döwlet ösüşiniň ileri tutulýan ugurlaryny nazara almak arkaly ýola goýulýan köp ugurly hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de yzygiderli ösdürilmegine ikitaraplaýyn gyzyklanma bildirýändigini bellediler we soňky ýyllarda syýasy, ykdysady we medeni gumanitar pudaklardaky netijeli hyzmatdaşlyk özara gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek üçin oňaýly binýat bolup durýar.
Grigol Waşadzäniň belleýşi ýaly, Gruziýa sazlaşykly ösýän we dünýä ykdysadyýeti üçin ýeňil bolmadyk döwürde durmuş-ykdysady ösüşiniň ýokary depginlerine eýe bolýan Türkmenistan bilen uzakmöhletleýin hyzmatdaşlygy giňeltmäge aýratyn ähmiýet berýär. Özara gyzyklanmalary nazara almak bilen ägirt uly geljegi bolan energetika, söwda-ykdysady pudaklary ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugry hökmünde görkezildi.
Gruziýanyň daşary syýasat edarasynyň baştutany hormatly Prezidentimize ýüzbe-ýüz duşuşykda hyzmatdaşlygyň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirip, Türkmenistanyň häzirki döwürde gazanýan üstünliklerine we ýurtda ýaýbaňlandyrylan ägirt uly özgertmelere haýran galýandygyny belledi. Şeýle hem myhman pursatdan peýdalanyp, türkmen Lideriniň milletiň bagtyýarlygynyň we abadançylygynyň hatyrasyna alyp barýan ähli başlangyçlarynda täze uly üstünlikler arzuw etdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow we Gruziýanyň daşary işler ministri Grigol Waşadze hoşlaşanlarynda, däp bolan dostluk we birek-birege düşünişmek esaslaryna daýanýan netijeli döwletara gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.
Duşuşyga Gruziýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi I.Çahwaşwili gatnaşdy.
Günüň ikinji ýarymynda Gruziýanyň daşary işler ministri Grigol Waşadzäniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde kabul edildi. Ol ýerde birnäçe möhüm ugurlar boýunça türkmen-gruzin gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmegiň geljegi we mümkinçilikleri, şeýle hem özara gyzyklanma bildirilýän meseleler barada netijeli gürrüňdeşlik boldy.
Taraplar döwletara gatnaşyklaryna täze itergi bermäge we onuň üstüni täze many-mazmun bilen ýetirmäge bolan meýillerini tassyklap, däp bolan gatnaşyklary yzygiderli ösdürmäge we gadymy döwürlerden bäri ruhy we taryhy taýdan umumylygy bolan iki halkyň bähbitlerine laýyk gelýän deňhukukly we özara peýdaly gatnaşyklary ösdürmäge taýýardygy barada aýtdylar.

* * *