Ï Pudagara toparyň nobatdaky mejlisi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Pudagara toparyň nobatdaky mejlisi

view-icon 573
Şu gün Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Demokratiýa we adam hukuklary baradaky Türkmen milli institutynyň mejlisler zalynda Türkmenistanyň adam hukuklary babatda halkara borçnamalaryň we halkara ynsanperwer hukugyny ýerine ýetirilmegini we halkara gumanitar hukuklary ulgamyndaky halkara borçnamalarynyň ýerine ýetirilişini üpjün etmek boýunça Pudagara toparyň nobatdaky mejlisi boldy. Ýurdumyzyň Mejlisiniň, birnäçe ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň, harby we hukuk goraýjy edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda geçirilen mejlisiň gün tertibinde Pudagara toparyň geçen 2011-nji ýylda ýerine ýetiren işleriniň netijelerine seredildi we ýakyn geljek üçin öňde duran wezipeler kesgitlendi.

Bellenilişi ýaly, adam hukuklaryny we bähbitlerini goramak Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň möhüm wezipeleriniň biri bolmagynda galýar. Türkmenistan dünýä bileleşiginiň işjeň agzasy bolmak bilen, garaşsyzlyk ýyllary içinde adam hukuklary ulgamy boýunça birnäçe halkara konwensiýalaryna, şertnamalaryna we ylalaşyklaryna goşuldy. Abraýly halkara guramalarynyň, şol sanda BMG-niň esas goýujy resminamalaryna laýyklykda, Türkmenistan öz borçnamalaryna gyşarnyksyz eýermek bilen, milli kanunçylygyna we hukuk ulanyş tejribesine adam hukuklarynyň hem-de azatlyklarynyň üpjün edilmegine degişli umumy ykrar edilen kadalary we düzgenleri yzygiderli ornaşdyrýar.

Şunuň bilen baglylykda, bu ýere ýygananlar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen durmuşa geçirilýän hukuk özgertmeleriniň çäklerinde we Pudagara toparyň esasy maksatlaryna hem-de wezipelerine laýyklykda adam hukuklary ulgamyndaky halkara kadalarynyň esasy ýörelgelerini hasaba almak bilen, milli kanunçylygy kämilleşdirmek boýunça anyk teklipleri işläp taýýarlamak boýunça hem işler alnyp barylýar.

Mälim bolşy ýaly, çagalaryň hemmetaraplaýyn we sazlaşykly ösüşine uly ähmiýet bermek bilen, türkmen döwleti ösüp barýan ýaş nesillere döwrebap bilim we terbiýe berilmegine uly üns berýär. Şunuň bilen baglylykda, mejlisde Türkmenistanyň Hökümeti bilen ÝUNISEF-iň Türkmenistandaky Wekilhanasynyň hyzmatdaşlykda taýýarlanan Türkmenistanyň adyl kazyýet ulgamyny ösdürmek boýunça Baş maksatnamasyna seredildi. gynyň meýilnamasynyň çäklerinde hukuk ulgamyny kämilleşdirmegiň esasy ugurlaryna garaldy. Şeýle hem halkara ynsanperwer hukugyny ornaşdyrmak boýunça hereketleriň meýilnamasyna seredildi. gumanitar ulgamdaky meseleler mejlisde jikme-jik ara alnyp maslahatlaşyldy.

BMG-niň şertnamalaýyn edaralarynyň Türkmenistanyň halkara resminamalarynyň ýerine ýetirişi baradaky milli hasabatlary taýýarlamak bilen baglylykda Pudagara toparyň işi barada aýtmak bilen, mejlise gatnaşyjylar bu ugurda degişli işleriň alnyp barylýandygyny bellediler.

Abraýly halkara guramalary bilen hyzmatdaşlygyň netijeli häsiýete eýedigini bellemek bilen, bu ýere ýygnanalar ýola goýulýan işjeň gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek barada nygtadylar.