Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi, onda döwlet maksatnamalaryny durmuşa geçirmek boýunça möhüm wezipelere, käbir resminamalaryň taslamalaryna, şeýle hem içeri we daşary syýasatyň beýleki möhüm meselelerine seredildi.
Döwlet Baştutanymyz mejlisiň gün tertibini yglan edip, hasabat bermek üçin Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň iş dolandyryjysy H.Muhammedowa söz berdi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň iş dolandyryjysy H.Muhammedow özüniň gözegçilik edýän dolandyryş ulgamynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy we döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ulgamyň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek maksady bilen durmuşa geçirilýän çäreleriň yzygiderli amala aşyrylmagyny we degşli utgaşdyryjy meseleleriň hemmesiniň öz wagtynda çözülmegini üpjün etmegi tabşyrdy. Döwlet ähmiýetli desgalaryň gurluşygyny tamamlamagyň bellenilen möhletlerine we hiline berk gözegçiligi ýola goýmagyň zerurdygyna ünsi çekip, milletiň Lideri beýik özgertmeler eýýamynyň aýdyň nyşanlaryna öwrüljek desgalaryň ýokary derejede bina edilmeginiň wajypdygyny aýratyn nygtady.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Goçyýew maliýe pudagyndaky işleriň ýagdaýy, ykdysady syýasatyň möhüm ugurlarynda halkara hyzmatdaşlygynyň ösüşi barada hasabat berdi. Hususan-da, wise-premýer döwlet Baştutanymyza Türkmenistanyň Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlary bilen netijeli hyzmatdaşlygy yzygiderli ösdürmegiň çäklerinde işlenip taýýarlanan Ýewropa komissiýasynyň tehniki goldawynyň taslamalary hakynda döwlet Baştutanymyza habar berdi.
Ol taslamalaryň biri hususy ulgamyň ösüşini we tehniki taýdan kadalaşdyryş ugruny strategik taýdan meýilnamalaşdyryş ulgamynda Türkmenistanyň ykdysady syýasatynyň durmuşa geçirilmegine ýardam bermäge bagyşlanandyr. Beýleki bir taslama bolsa suwdan rejeli peýdalanmagyň, daşky gurşawy goramagyň we energiýany tygşytlamagyň durnukly ösdürilmegi ýaly möhüm meseleleri öz içine alýar. Bellenilişi ýaly, taslamalaryň durmuşa geçirilmegine ýurdumyzyň ministrlikleri we pudaklaýyn edaralary, ylmy edaralary we hususy düzümler gatnaşarlar. Bu çäre türkmen ykdysadyýetiniň dünýä ulgamyna goşulmagy boýunça wezipeleri çözmäge, maýa goýum serişdelerini çekmek üçin netijeli usullary döretmäge, ulgam üçin ýokary hünärli işgärleri taýýarlamaga gönükdirilendir.
Milli Liderimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda maýa goýum işi üçin amatly şertleri döretmek, häzirki zaman maliýe edaralaryny ösdürmek, halkymyzyň durnukly ykdysady ösüşini we abadançylygynyň ýokarlanmagyny mundan beýläk-de üpjün etmek, Türkmenistany ykdysady taýdan kuwwatly döwletleriň hataryna çykarmak üçin gyzyklanma bildirilýän halkara gatnaşyklarynyň maksadalaýyk ösdürilmeginiň derwaýysdygyny aýtdy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlarynyň hyzmatdaşlygynyň meselelerine degip geçmek bilen, köpýyllyk hyzmatdaşlyk häzirki döwürde hil taýdan täze derejä çykýar we ägirt uly mümkinçilikleri hem-de milli ykdysadyýetimiziň üstünliklerini nazara almak bilen, taraplar oňyn ösüşiň täze sepgitlerine çykmak ugrunda çalyşýarlar diýip belledi. Bu barada aýtmak bilen, milli Liderimiz degişli ýolbaşçylara ýüzlenip, onuň ýerine ýetirilmegi, bilelikdäki möhüm taslamalaryň degişlilikde durmuşa geçirilmegi babatda anyk tabşyryklary berdi.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň daşary işler ministri R.Meredow ýurdumyzyň Daşary işler ministrliginiň we diplomatik korpusynyň öňünde 2012-nji ýylda goýlan wajyp wezipeleri çözmek boýunça döwlet Baştutanymyzyň beren tabşyryklaryny ýerine ýetirmek babatda alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, Türkmenistan hormatly Prezidentimiziň başyny başlan oňyn daşary syýasat strategiýasyny yzygiderli durmuşa geçirip, goňşy döwletler, şeýle hem dünýäniň beýleki sebitlerinde ýerleşýän ýurtlar bilen netijeli gatnaşyklary ösdürýär hem-de daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen gatnaşyklaryň çägini giňeldýär. Daşary ýurtlaryň wekiliýetleriniň biziň ýurdumyza bolýan saparlaryň sanynyň ep-esli artmagy, şeýle hem döwletara derejesinde syýasy, söwda-ykdysady we gumanitar-medeni gatnaşyklaryň ösdürilmegi bu strategiýanyň üstünlikli amala aşyrylýandygyna aýdyň şaýatlyk edýär.
Biziň ýurdumyz häzirki zamanyň derwaýys meseleleriniň çözgüdini gözlemekde işjeň orny eýeläp, halkara bileleşiginiň sebitde we bütin dünýäde parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmek baradaky tagallalaryna saldamly goşant goşýar. Türkmenistanyň we iri halkara guramalarynyň, şol sanda BMG-niň hem-de onuň iri düzümleriniň arasyndaky gatnaşyklaryň okgunly ösmegi munuň aýdyň subutnamasydyr.
Wise-premýer, DIM-iň ýolbaşçysy hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 66-njy mejlisiniň belent münberinden öňe süren Türkmenistanyň halkara başlangyçlaryny iş ýüzünde durmuşa geçirmek boýunça ýerine ýetirilen işler barada hasabat berip, şu ýyl Aşgabatda iri çäreleri geçirmek babatda görülýän taýýarlyk işleri barada habar berdi. Olaryň hatarynda Merkezi Aziýada we Hazar deňzi sebitinde howpsuzlyk forumy, “Maliýe ulgamynyň globallaşmagy we durnukly ösüşiň sebitara ölçegleri” atly ýokary derejeli halkara maslahaty, Bosgunlaryň we raýatsyz adamlaryň meseleleri boýunça halkara duşuşygy, beýleki möhüm wakalar bar.
Şunuň bilen birlikde Birleşen Milletler Guramasynyň howandarlygynda Sebitara energetika dialogyny döretmek we ulag ulgamynda özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmek, şeýle hem ekologiýa ýaly derwaýys ugurda hyzmatdaşlyk etmek, hususan-da, Aşgabatda howanyň üýtgemegi bilen bagly meseleleri çözmek boýunça BMG-niň Sebitara merkezini açmak babatda Türkmenistanyň başlangyçlaryny ilerletmek boýunça işler alnyp barylýar.
Şeýle hem Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Hamid Karzaýyň Türkmenistana boljak saparyna görülýän taýýarlyk barada habar berildi.
Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, türkmen döwletiniň mundan beýläk hem oňyn bitaraplyk, hoşniýetli goňşuçylyk, deňlik, birek-biregiň bähbitlerine hormat goýmak we özara bähbitlilik ýörelgeleri esasynda daşary ýurtly hyzmatdaşlarynyň ählisi bilen netijeli gatnaşyklary ösdürjekdigini nygtady. Biziň ýurdumyz ählumumy abadançylygyň, ösüşiň bähbitlerine oňyn halkara gatnaşyklaryny işjeňleşdirmek ugrunda çykyş edip, bu babatda anyk we yzygiderli ädimleri ädýär.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Owganystanyň Prezidentiniň boljak saparyna degişli mesele barada durup geçip, Türkmenistanyň goňşy döwlet bilen däp bolan dostluk we netijeli hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryna ygrarlydygyny, doganlyk owgan halkyna parahatçylykly we abadan durmuşy gurmakda, ýurduň durmuş-ykdysady düzümini dikeltmekde mundan beýläk-de ýakyndan kömek berjekdigini nygtady.
Döwlet Baştutanymyz ýokarda aýdylanlary jemläp we Türkmenistanyň daşary syýasat ugruny hem-de ýurdumyzyň öňe süren döredijilikli halkara başlangyçlaryny gyşarnyksyz durmuşa geçirmek boýunça işleriň möhümdigini belläp, bu babatda degişli tabşyryklaryň birnäçesini berdi.
Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy A.Nurberdiýewa türkmen döwletiniň ösüş strategiýasyny we milli Liderimiziň şu ýylyň 11-nji ýanwarynda deputatlar bilen bolan duşuşygynda ýurdumyzyň Mejlisiniň öňünde goýlan anyk wezipeleri nazara almak bilen, milli kanunçylygy kämilleşdirmek boýunça parlamentiň alyp barýan işi barada aýtdy. Häzirki döwürde milli parlamentiň deputatlary Türkmenistanyň Prezidentligine boljak saýlawlary geçirmäge görülýän taýýarlyga işjeň gatnaşýarlar, şeýle hem Mejlisiň 13-nji maslahatynda kabul edilen we ýurdumyzyň demokratik hem-de oňyn özgertmeler ýoly bilen ynamly öňe gitmegine gönükdirilen kanunçylyk resminamalary ýerlerde wagyz-nesihat etmek bilen baglanyşykly işleri alyp barýarlar diýlip bellenildi.
Döwlet Baştutanymyz habary diňläp, milli parlamentiň döwletiň hem-de jemgyýetiň oňyn özgertmeleriň täze tapgyryndaky ösüşiniň möhüm wezipelerini çözmäge gönükdirilen kanunçylygyny kämilleşdirmek boýunça alyp barýan yzygiderli işiniň derwaýysdygyny belledi. Deputatlaryň saýlaw möwsümini guramaçylykly geçirmek boýunça ýerlerde alyp barýan işiniň möhüm ähmiýete eýedigini aýdyp,
hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu iri syýasy çäre milli kanunçylyga laýyklykda, açyklyk ýagdaýynda geçirilmelidir we ol türkmen döwletini hem-de jemgyýetini mundan beýläk-de demokratiýalaşdyrmagyň ýolunda möhüm ädim bolmalydyr diýip nygtady.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary D.Orazow gözegçilik edýän pudaklaryndaky işleriň ýagdaýy, olary mundan beýläk-de ösdürmegiň geljegi barada hasabat berdi. Wise-premýer şeýle hem Türkmen-britan söwda-senagat geňeşiniň 15-18-nji ýanwarda London şäherinde geçirilen ikinji mejlisine gatnaşyp, hormatly Prezidentimiziň tabşyrygy boýunça wekiliýetiň amala aşyran saparynyň netijeleri barada habar berdi.
D.Orazowyň belleýşi ýaly, duşuşyga Beýik Britaniýanyň iri hususy kompaniýalarynyň we firmalarynyň 52-siniň hem-de döwlet edaralarynyň birnäçesiniň bir ýüzden gowrak ýolbaşçylary we esasy hünärmenleri gatnaşdylar. Gepleşikleriň gün tertibine ikitaraplaýyn ylalaşyklaryň durmuşa geçirilişi bilen baglanyşykly meseleler girizildi, türkmen-britan hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň geljegi barada pikir alşyldy.Ýangyç-energetika toplumy, söwda-ykdysady we bank ulgamlary, ulag, aragatnaşyk, telekommunikasiýalar, sport, syýahatçylyk we beýleki pudaklar özara gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlary hökmünde görkezildi.
Umuman, Londonda geçirilen duşuşyklar we gepleşikler iki dostlukly ýurduň we halklaryň arasyndaky özara düşünişmegiň we hemmetaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ýokary derejededigini tassyklap, dünýäniň işewür toparlarynyň Türkmenistana artýan gyzyklanmasynyň subutnamasyna öwrüldi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow saparyň netijelerine oňyn baha berdi we Türkmenistanyň Beýik Britaniýa bilen giň möçberli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de özara bähbitlilik esasynda ösdürmegi göz öňünde tutýandygyny nygtady. Beýik Britaniýa biziň ýurdumyzyň uzak möhletli, iri hyzmatdaşlarynyň biri bolup durýar. Döwlet Baştutanymyz milli ykdysadyýetimizi düýpli özgertmäge we dünýä hojalyk gatnaşyklarynyň häzirki zaman ulgamyna goşulyşmaga, ylmy-tehniki ösüşiň öňdebaryjy gazananlaryny we nou-haulary ornaşdyrmaga aýratyn üns berýän Türkmenistanyň bu gatnaşyklara uly gyzyklanma bildirýändigini tassyklap, şunda dünýäniň esasy kompaniýalary, hususan-da, britan kompaniýalary bilen hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga uly ähmiýet berilýändigini belledi. Britan kompaniýalary bilen bilelikde işlemegiň baý tejribesi toplanyldy.
Milli Liderimiz ileri tutulýan pudaklaryň ugry boýunça söwda-ykdysady we maýa goýum ulgamlarynda hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin amatly mümkinçilikleriň bardygyny nygtap, häzirki zaman innowasion tehnologiýalar ulgamynda ysnyşykly gatnaşyklary ýola goýmagyň möhümdigini belledi. Şol tehnologiýalary iş ýüzünde giňden ulanmak ykdysady ösüşiň möhüm şerti bolup durýar.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gurluşyk senagatyny ösdürmek meselesine degip geçip, häzirki wagtda Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasynyň çäklerinde tutuş ýurdumyz boýunça senagat, durmuş maksatly desgalaryň we ýaşaýyş jaýlarynyň giň gerimde gurulýandygyny belledi we gurluşyk ulgamynyň ähli düzümleriniň sazlaşykly işlemegini üpjün etmegiň möhümdigine ünsi çekdi. Şu taslamalar durmuşa geçirilende, gurluşyk işleriniň ýokary hilli ýerine ýetirilmegini we desgalaryň öz möhletinde ulanmaga berilmegini gazanmak möhümdir diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Hojamuhammedow ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumyny we himiýa pudagyny hem-de balyk senagatyny ösdürmegiň maksatnamasynyň çäklerinde durmuşa geçirilýän iri maýa goýum taslamalaryň birnäçesiniň amala aşyrylyşynyň barşy barada hasabat berdi.
Milli ykdysadyýetimizi mundan beýläk-de ösdürmek babatda bu pudaklaryň ähmiýetiniň möhümdigini belläp, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow uglewodorod serişdeleriniň ägirt uly gorlaryna eýe bolmak bilen, Türkmenistan energetika ulgamyndaky halkara hyzmatdaşlygynyň meselelerine ýokary derejedäki jogapkärçilikli çemeleşmäniň belent nusgasyny görkezýär hem-de bu maksatlar bilen, ilkinji nobatda, öz gezeginde ählumumy energetika howpsuzlygynyň üpjün edilmeginiň möhüm düzümi bolan uglewodorod serişdeleriniň geçirijileriniň ygtybarly ugradylyşyna gönükdirilen anyk çäreleri amala aşyrýar diýip aýtdy.
Himiýa senagaty barada aýdylanda bolsa, bu ýerde mineral dökünleri öndürýän kuwwatlyklary artdyrmak ileri tutulýan ugur bolmagynda galýar diýip, milletiň Lideri belledi. Beýik özgertmeler eýýamynda gurluşyklary giň gerimde ýaýbaňlandyrylan mineral dökünleri öndürýän iri önümçilikleriň ulanylmaga girizilmegi, himiýa senagatynyň döwrebaplaşdyrylmagy türkmen ykdysadyýetiniň bäsdeşlige ukyplylygyny artdyrar we ýurdumyzyň dünýä bazarynda eýeleýän ornuny berkider, döwlet onuň mümkinçilikleriniň artdyrylmagyna yzygiderli üns berýär.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Ýazmuhammedowa fewral aýynda geçiriljek medeni çäreleriň maksatnamasy, hususan-da, Türkmenistanyň Döwlet Baýdagynyň gününe bagyşlanyp guraljak medeni-köpçülikleýin çäreleriň maksatnamasy hem-de şu dabaralara gabatlanyp ulanmaga tabşyryljak durmuş-medeni maksatly desgalaryň taýýarlyk ýagdaýy barada hasabat berdi. Öňde boljak Prezident saýlawlaryna gabatlanan dabaraly çärelere görülýän taýýarlyga aýratyn üns berildi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow häzirki zaman jemgyýetinde milletiň ruhy gymmatlyklaryny aýawly saklamagyň, ösüp gelýän ýaş nesli ýurdumyzyň döwlet nyşanlaryna hormat goýmak ruhunda terbiýelemegiň uly ähmiýete eýedigini nygtady. Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Döwlet Baýdagynyň baýramyna gabatlanan dabaralaryň möhüm jemgyýetçilik syýasy çäräniň many-mazmunyny giňden şöhlelendirmegi üçin olary ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek barada görkezme berdi.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Şagulyýew gözegçilik edýän ulag we telekommunikasiýalar ulgamlarynda alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Wise-premýer demir ýol, awtomobil, suw we ulaglaryň beýleki görnüşleriniň kärhanalarynyň işini gowulandyrmak we döwrüň talaplaryna laýyk derejede kämilleşdirmek, pudaklaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny düýpli pugtalandyrmak hem-de döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşaryklarynyň ýerine ýetirilişi hakynda hem habar berdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Türkmenistanyň ulag kommunikasiýalarynyň köp şahaly sebitleýin düzümini kemala getirmäge işjeň gatnaşýandygyny belledi. Munuň özi taslama gatnaşýan hyzmatdaş ýurtlaryň ägirt uly ykdysady mümkinçiliklerini durmuşa geçirmäge we sebitde durnuklylygy, howpsuzlygy hem-de durmuş-ykdysady taýdan ösüşi berkitmäge ýardam eder. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň ulag we aragatnaşyk pudaklarynyň ählisini çalt depginler bilen döwrebaplaşdyrmagyň möhümdigine ünsi çekdi. Şol pudaklar halkara ülňülerine laýyklykda hereket etmelidirler.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu ulgamlarda amala aşyrylýan işleriň netijeliligini ýokarlandyrmak, şol sanda demir ýol, awtomobil, howa, deňiz we derýa ulaglary bilen daşalýan ýükleriň möçberini artdyrmak, ýurdumyzda aragatnaşyk ulgamynyň ýokary hilli bolmagyny gazanmak üçin ähli çäreleri görmegi tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Nurmämmedow möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy, şol sanda güýzlük bugdaýa ideg etmek hem-de gowaça ekişine taýýarlyk görmek boýunça işleriň barşy barada hasabat berdi. Bellenilşi ýaly, häzirki wagta çenli gowaça ekiljek ýerleriň agramly bölegi sürüldi, sürüm işleri bilen birlikde beýleki agrotehniki çäereler, zerur bolan oba hojalyk tehnikasyny we ýokary hasylly tohumy taýýarlamak işleri alnyp barylýar.
Şeýle hem hasabatyň barşynda ýurdumyzda 2012-nji ýylda gowaçanyň ýokary hasylyny ýetişdirmegi ürjün etmek hem-de pagta öndürijileri ykdysady taýdan höweslendirmek boýunça görülýän guramaçylyk çäreleri we Türkmenistanyň Suw hojalyk ministrliginiň garamagynda Suw gözegçilik gullugyny döretmek bilen baglanyşykly işler, şeýle hem Ruhabat söwda merkezinde öndüriljek çörek we çörek önümleriniň görnüşlerini artdyrmak boýunça meýilleşdirilen çäreler barada aýdyldy.
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow häzir ýurdumyzyň meýdanlarynda alnyp barylýan, geljekki bereketli hasylyň düýbüni tutýan işleriň möhümdigini belledi we olaryň ylmy taýdan esaslandyrylan agrotehniki kadalara doly gabat gelmegini üpjün etmegi tabşyrdy.
Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň oba senagat toplumyna suw tygşytlaýjy tilsimatlary giňden ornaşdyrmagyň, suwarylýan ekerançylykda uly üstünlikleri gazanan ata-babalarymyzyň köp asyrlyk tejribesini dikeltmek boýunça işleri belli bir maksada gönükdirip dowam etmegiň möhümdigini aýtdy. Bu tagallalar her bir gektaryň hasyllylygyny ep-esli ýokarlandyrmaga ýardam berip, ýurdumyzyň obasenagat toplumynda jemlenen ägirt uly mümkinçilikleri amala aşyrmaga ýardam berer diýip, hormatly Prezidentimiz belledi.
Döwlet Baştutanymyz Ruhabat etrabyndaky söwda merkezinde önümçiligi ýola goýuljak çörek we çörek önümleriniň görnüşlerine we hiline aýratyn üns berilmelidigine, bu ýerde zähmet çekjek adamlar we alyjylar üçin ähli zerur şertleriň döredilmelidigine degişli ýolbaşçylaryň ünsüni çekdi. Bu ýerde ilatymyz gije-gündiziň dowamynda ýokary hilli undan taýýarlanan çörek we çörek önümleri bilen bökdençsiz üpjün edilmelidir diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy.
Soňra gözegçilik edýän pudaklarynda işleriň ýagdaýy, şeýle hem daşary ykdysady aragatnaşyklary we söwdany, dokma pudagyny ösdürmek babatda geçirilýän işler hakynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary O.Gurbannazarow hasabat bilen çykyş etdi.
Ozal berlen tabşyryklaryň ýerine ýetirilişi barada hasabat berip, söwda we hyzmatlar ulgamlarynyň kärhanalarynyň we guramalarynyň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek, ýurdumyzyň bazarlarynda azyk harytlarynyň bolçulygyny üpjün etmek we olaryň nyrhlarynyň ýagdaýlaryndan habar berdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, milli ykdysadyýetimiziň ileri tutulýan pudaklarynyň biri bolan dokma senagatynyň önümçilik mümkinçiliklerini ýokarlandyrmak meselelerine ünsi çekdi. Milletiň Lideri bu babatda Türkmenistanyň örän uly mümkinçiliklere eýedigini belläp, pudagy döwrebaplaşdyrmagyň toplumlaýyn maksatnamasynyň çäklerinde alnyp barylýan işleri dowam etdirmegiň, türkmen dokmaçylarynyň öndürýän önümleriniň dünýä bazarlarynda ýerlenilýän möçberini artdyrmak boýunça çäreleriň möhümdigini nygtady.
Döwlet Baştutanymyz söwda edaralarynyň işi baradaky meseläniň üstünde durup geçip, olaryň işini ilatyň artýan islegine we häzirki zaman talaplaryna laýyklykda guramaga aýratyn üns bermegiň möhümdigini belledi.Ýurtda sarp ediş bazaryny dolandyrmak meselesine degip geçmek bilen, milletiň Lideri harytlaryň we önümleriň hiline, olaryň nyrhlaryna berk gözegçilik etmegi tabşyrdy we söwda we hyzmat kärhanalarynyň we guramalarynyň iş netijeliligini mundan beýläk-de ýokarlandyrmak boýunça çäreleri görmegi tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Toýlyýew özüniň gözegçilik edýän ulgamlarynda işleriň barşy barada hasabat berdi. Wise-premýer şeýle hem 2012-nji ýylda ylmyň ugurlary boýunça aspirantura we doktorantura kabul etmegiň hem-de alymlyk derejelerine dalaşgärleri hasaba almagyň möçberlerini kesgitlemek boýunça alnyp barylýan guramaçylyk işleri barada habar berdi.
Türkmenistanyň Prezidenti hödürlenen möçberleri makullap we degişli resminama gol çekip, döwlet geljekde hem milli ykdysadyýeti ösdürmegiň möhüm ugurlarynda alymlaryň işleriniň, düýpli we amaly barlaglaryň netijeliligini ýokarlandyrmak üçin ähli şertleri döretmek bilen, ýurdumyzyň ylmyny ösdürmäge aýratyn üns berer diýip belledi. Ýurdumyzyň ylym mekdebini mundan beýläk-de ösdürmeli ýokary hünärli ýaşlary taýýarlamagyň möhümdigi barada aýtmak bilen, milletiň Lideri ylmy-barlag işleriniň anyk maksatlary bolmaly we milli ykdysadyýetimizi mundan beýläk-de ösdürmäge gönükdirilmelidir diýip aýratyn belledi.
Mejlisiň barşynda döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe möhüm meselelere garady we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.
Döwlet Baştutanymyz Ministrler Kabinetiniň mejlisini tamamlap, oňa gatnaşyjylaryň ählisine berk jan saglyk we rowaçlyk, alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.