Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabat şäherine iş saparyny amala aşyryp, gurulýan binalarda alnyp barylýan işleriň ýagdaýlary we gurulmagy meýilleşdirilýän desgalaryň taslamalary bilen tanyşdy.
Hormatly Prezidentimiz ilki bilen Köpetdagyň etegindäki gözel künjekleriň birinde ýerleşýän we gurluşygy tamamlaýjy tapgyra gadam goýan “Berzeňňi” şypahanasyna geldi. Bu ýerde şypahanany iň täze enjamlar we ýörite lukmançylyk tehnikalary bilen enjamlaşdyrmak işleri alnyp barylýar.
Mälim bolşy ýaly, häzirki döwürde döwlet Baştutanymyzyň tagallasy netijesinde ýurdumyzyň şypahana-sagaldyş düzümi hil taýdan täze derejä çykdy. Bu pudak soňky ýyllarda milli Liderimiziň howandarlygy we ýurtda ýaýbaňlandyrylan düýpli özgertmeleriň netijesinde öz mümkinçiliklerini artdyrdy we ýola goýulýan lukmançylyk hyzmatlarynyň hem-de keselleriň öňüni alyş çäreleriniň hili ýokarlandy. Munuň özi sagdyn durmuş ýörelgeleriniň ykrar edilmegine we halkyň saglygynyň hemmetaraplaýyn goraglylygynyň üpjün edilmegine uly üns berýän hormatly Prezidentimiziň alyp barýan döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar. Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Prezidentligine boljak saýlawlara dalaşgär hökmünde özüniň saýlawlaryň öňüsyrasyndaky maksatnamasynda saglygy goraýyş ulgamynyň, hususan-da şypahana sagaldyş we dynç alyş pudaklarynyň ösdürilmegine aýratyn ähmiýet berýär.
Milli Liderimiz özüniň ýokary döwlet wezipesinde adam hakdaky aladany baş ýörelge edip goýýar we halkymyzyň abadançylygynyň, ýurdumyzyň rowaçlygynyň hatyrasyna güýç-gaýratyny gaýgyrmaýar. Ine, şu gün hem dynç günüdigine garamazdan hormatly Prezidentimiz paýtagtymyz boýunça iş saparyny amala aşyryp, “Berzeňňi” şypahanasynyň täze binasynyň gurluşygy, ol ýerde saglygyňy dikeltmek we mineral suwlaryň hem-de amatly tebigy şertleriň üsti bilen keselden saplanmak üçin döredilýän şertler bilen tanyşdy.
Hormatly Prezidentimiziň ýanynda ýurdumyzyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary D.Orazow, S.Toýlyýew, saglygy goraýyş we derman senagaty ministri G.Elýasow, şeýle hem Aşgabat şäheriniň häkimi Ş.Durdulyýew boldular.
Döwlet Baştutanymyz binanyň içine girip, minepal suwlar arkaly bejeriş otaglary bilen tanyşdy. Bu ýerde dünýäniň iň öňdebaryjy önüm öndürijileriniň kämil enjamlary oturdylypdyr. Hormatly Prezidentimiz näsaglary kabul etmek we hünärmenleriň netijeli işlemekleri, dürli balneoterapiýa ugurlary boýunça hünärmenleriň işläp taýýarlan bejeriş-dikeldiş maksatnamalary bilen jikme-jik gyzyklandy. “Berzeňňi” çeşmesi gadymy wagtlardan bäri özüniň bejerijilik häsiýeti bolan suwy bilen meşhurdy. Bu ýerdäki mineral suwlar özünde köp sanly peýdaly mikroelementleri jemleýär, onuň uly bejerijilik häsiýeti bar. Bu ýerdäki mineral suwlar arkaly adamyň kesele garşy durumlylygy kuwwatlanýar. Onuň ylmy esasda adamlaryň saglygynyň dikeldilmegi üçin ulanylmagy, şeýle hem şypahananyň döwrebap, kämil enjamlar bilen üpjün edilmegi bejeriş çäreleriniň netijeli bolmagyny şertlendirýär. Şeýle hem bu ýerde işlejek lukmanlaryň ýörite taýýarlygy geçmegi hem-de olaryň hünäriniň kjmilleşdirilmegi bu ýerde durmuşa geçirilýän çäreleriň netijeliligini ýokarlandyrar.
Döwlet Baştutanymyz şypahanayň brnäçe bölümleri bilen tanşyp, döwletimiziň mundan beýläk-de şypahana-dynç alyş düzüminiň ösdürilmegine uly üns berjekdigini aýtdy we degişli ýolbaşçylara bu ýerde ýola goýulýan lukmançylyk hyzmatlarynyň halkara ülňülerine doly laýyk gelmegi babatda anyk tabşyryklary berdi.
Hususan-da, milli Liderimiz gidroterapiýa otaglaryny gözden geçirip, bu ýerdäki wanna otaglaynyň, dürli bejeriş duşlarynyň hem-de suwasty owkalamalaryň işi bilen gyzyklandy. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz otaglaryň enjamlaşdyrylyşy bilen gyzyklanyp, bar bolan sagaldyş usullarynyň görnüşlerini giňeltmegi hem-de olaryň birnäçe keselleriň öňüni almak babatda ulanylmalydygyny tabşyrdy.
Soňra hormatly Prezidentimiz palçyk bilen bejeriş otagyna baryp gördi. Bu usul adam bedenine oňaýly täsir edýär. Bu ýerde bejeriş palçygynyň üsti mineral suwdan doldyrylan ýörite howuz gurlupdyr. Bu usul arkaly dem alyş ýollaryndaky, nerw ulgamyndaky keselleri, daýanç-hereket hem-de birnäçe görnüşli deri keselleri bejerilýär.
Hormatly Prezidentimiz “Berzeňňi” şypahanasynyň täze binasynda döredilýän şertler bilen tanyşlygyny şypahananyň fizioterapiýa bölüminde dowam etdi. Bu bölüm elektrik togy, magnit meýdany, UWÇ arkaly bejeriş we endoskopiýa ýaly ugurlar boýunça iň täze enjamlar üpjün edilipdir.
Döwlet Baştutanymyz bu ýerdäki arassa dag howasy, döredilýän oňaýly tebigy şertler, şeýle hem “Berzeňňi” çeşmesiniň mineral suwlarynyň bejerijilik häsiýeti häzirki döwürde häzirki zaman öňüni alyş, bejeriş we saglygy dikeldiş boýunça lukmançylyk ylmynyň mümkinçilikleriniň üstüni ýetirýär, bu bolsa şypahananyň iň bir häsiýetli aýratynlygydyr diýip belledi.
Şeýle hem milli Liderimiz şypahananyň döwrebap enjamlaşdyrylan fitobar bölümine geldi. Fitoterapiýa şypahana ulgamynyň möhüm aýratynlyklarynyň bri bolmak bilen, näsaglaryň saglygynyň dikeldilmeine ýardam berýär. Bu ýerde her bir adam türkmen topragynyň dermanlyk ösümlikleriniň täsirini duýup biler.
Şypahananyň hünärmenleri şypahananyň fitobar bölümindäki dermanlyk otlardan dermanlyk serişdeler taýýarlananda Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň akademigi, lukmançylyk ylymlarynyň doktory Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly düýpli ylmy işiniň esas edilip alnandygyny aýtdylar.
Hormatly Prezidentimiz häzirki zaman saglygy goraýyş ulgamynyň ösüşinde fitoterapiýanyň möhüm ähmiýetiniň bardygyny belläp, bu usulyň gadymy döwürlerden bäri adamyň saglygyny dikeltmekde we onuň keýpiçaglygyny üpjün etmekde ulanylandygyny belledi. Türkmen topragynda bitýän dermanlyk ösümlikleriň bejeriş häsiýeti irki zamanlarda ýüze çykarylypdyr we olar häzirki döwürde ýüzýyllyklaryň dowamynda toplanan we nesilden-nesle geçip gelýän halk lukmançylygynyň tejribeleri şypahana-dynç alyş ulgamyny kämilleşdirmekde has-da ähmiýetlidir diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.
Milli Liderimiz bu ýerde türkmen tebigatynyň jana ýaramly dermanlyk ösümliklerinden demlenen çaýyň başynda degişli ýolbaşçylaryň ünsüni ýurdumyzyň şypahana ulgamyny mundan beýläk-de giňeltmek, olarda hödürlenýän hyzmatlaryň görnüşini artdyrmak babatdaky möhüm meselä geçip, adamlaryň saglygy hakyndaky alada bu ulgamda durmuşa geçirilýän işleriň esasyny düzmelidir diýip belledi. Döwlet Baştutanymyz degişli ýolbaşçylara “Berzeňňi” şypahanasynyň Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli dabaraly ýagdaýda ulanmaga berilmegi üçin ähli zerur çäreleri görmegi tabşyrdy.
Mundan başga-da milli Liderimiz paýtagtymyzyň ilatynyň hem-de beýleki raýatlarymyzyň günüň islendik pursatynda Berzeňňiniň şypaly suwundan peýdalanmak üçin alyp bilmeklerini üpjün etmek maksady bilen, şypahananyň ýanaşyk ýerinde ýörite mümkinçiligiň döredilmeginiň maksada laýyk boljakdygyny aýtdy.
Hormatly Prezidentimiz bu ýere ýygnananlara ynsan saglygynyň goragynda durmak ýaly mukaddes hem-de jogapkärli işlerinde üstünlik arzuw etdi we olar bilen hoşlaşyp, ýene bir täze möhüm desganyň – urganly ýoluň gurluşygynyň başlanmagy meýilleşdirilýän ýere ugrady.
Döwlet Baştutanymyzyň ulagy paýtagtymyzyň günortasynda -- Aşgabat--Gökdepe gara ýolunyň paýtagtymyzyň daşyndan aýlanyp geçýän halkalaýyn böleginiň ýanynda saklandy.
Häzirki döwürde türkmen paýtagtynyň bu künjegi sazlaşykly ösdürilýär. Geçen ýylyň oktýabrynda ulanmaga berlen “Türkmenistan” teleradioýaýlymlar merkezi özüniň täsin binagärlik keşbi, has takygy, häzirki döwre çenli el bilen döredilen sekiz burçly Oguzhanyň ýyldyzyny dünýäde iň uly şekili ýerleşdirilen hökmünde Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz Aşgabat şäheriniň ýaşaýjylarynyň we myhmanlarynyň Köpetdagyň etegindäki ajaýyp hem-de hoştap howaly ýerleri we ýurdumyzyň baş şäheriniň gün-günden özgerýän keşbini guşuçar belentlikden synlap bilmekleri üçin şu ýerden urganly ýol çekilse maksada laýyk boljakdygy barada aýdypdy.
Şeýlelikde, şu gün döwlet Baştutanymyza täze guruljak urganly ýoluň başlanjak ýeri hasaplanýan künjekde täze desganyň birnäçe görnüşleriniň taslamalary görkezildi.
Hormatly Prezidentimiz görkezilen taslamalar bilen jikme-jik tanşyp, olara birnäçe bellikleri aýtdy we degişli düzedişleri girizdi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz şu ýerde dag eteginde wagtyňy hoş geçirmek üçin ähli amatly şertleri özünde jemleýän oňaýly dynç alyş zolagynyň döredilmeginiň zerurdygyny aýtdy we görkezilen taslamalary umuman oňlap, olar boýunça halkara bäsleşigini yglan etmegi tabşyrdy.
Gurulmagy meýilleşdirilýän urganly ýoluň umumy uzynlygy 9 kilometre golaý bolup, onuň düzüminde dynç almak hem-de bu künjegiň gözelligine syn etmek üçin ähli amatly şertler göz öňünde tutulypdyr. Urganly ýoluň Aşgabat-Gökdepe ýolunyň ýanyndan başlanyp, “Türkmenistan” teleradioýaýlymlar merkeziniň binasynyň ýanynda duralgasynyň boljaklygy bellärliklidir. Taslama boýunça bu ýerde hem syýahatçylaryň dynç almagy, wagtlaryny hoş geçirmegi üçin ähli şertler dörediler. Şeýlelikde, urganly ýol telediňden ýokarlygyna—Köpetdagyň gerişlerine tarap uzar.
Hormatly Prezidentimiziň tabşyrygy boýunça dag gerişlerinden aşaklygyna tarap lyžaly sport bilen meşgullanmak üçin ýörite meýdançalar dörediler. Bu bolsa bu ýerlerini jahan keşdeleriň hem-de ýurdumyzyň ilatynyň, sportuň gyşky görnüşleri bilen meşgullanýanlaryň iň bir gelim-gidimli künjegine öwrülmegini şertlendirer. Munuň özi milli Liderimiziň ýurdumyzda syýahatçylyk ulgamyny ösdürmek babatda alyp barýan ägirt uly tagallalarynyň aýdyň netijesidir.
Döwlet Baştutanymyz täze desganyň ýokary hilli gurulmagy, onuň ugrunda adamlar üçin ähli amatly şertleriň döredilmegi babatda degişli ýolbaşçylara anyk tabşyryklary berdi we olara işlerinde üstünlik arzuw edip, bu ýerden ugrady.