Ï Milletiň beýik ruhy-ahlak däplerine daýanyp
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Milletiň beýik ruhy-ahlak däplerine daýanyp

view-icon 735
Şu gün Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky din işleri baradaky Geňeşde “Täze Galkynyşlar eýamy – bagtyýarlyk zamany” atly amaly maslahat geçirildi. Bu maslahat türkmen halkynyň beýik ruhy-ahlak gymmatlyklaryny ilatyň arasynda ýaýratmak we gorap saklamak boýunça alnyp barylýan işleri güýçlendirmekde din işgärleriniň öňünde durýan wezipelere bagyşlanyldy.

Maslahata ýurdumyzyň din işgärleri, hormatly ýaşulular we habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Maslahatda oňa gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň durmuşyň ähli ugurlary boýunça amala aşyrýan beýik özgertmeleriniň taryhy ähmiýeti barada durup geçmek bilen, ösüp gelýän ýaş nesli olary türkmen halkynyň köpasyrlyk milli däplerine hem-de dessurlaryna hormat goýmak, Watana bolan söýgi we wepalylyk ruhunda terbiýelemekde din işgärleriniň uly goşandynyň bardygyny bellediler.

Maslahata gatnaşyjylar Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa Ýüzlenme kabul etdiler. Ýüzlenmede olar milletiň Liderine özleriniň alyp barýan işlerine amatly şertleri döredenligi üçin hoşallyk sözlerini aýdýarlar hem-de hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň we jemgyýetçiligiň mundan beýläk-de ösmegi ugrunda alyp barýan işleriniň üstünlikli amala aşyrylmagynda özleriniň ähli güýçlerini goýjakdyklaryna döwlet Baştutanyny ynandyrdylar.

Maslahat tamamlanandan soň, ýurdumyzyň gülläp ösmegine we milletiň Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň baş saglygyna bagyşlanylyp sadaka berildi.