Ï Türkmenistanyň Prezidenti göni aragatnaşyk arkaly wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti göni aragatnaşyk arkaly wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi

view-icon 645
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow göni aragatnaşyk arkaly wideoşekilli nobatdaky iş maslahatyny geçirdi. Oňa ýurdumyzyň hökümet agzalarynyň käbiri, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimleri gatnaşdylar. Maslahata gatnaşyjylar döwlet Baştutanymyza özleriniň gözegçilik edýän düzümlerinde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy we hormatly Prezidentimiziň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdiler.

Göni aragatnaşykda geçirilýän maslahatyň barşynda ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan giň gerimli özgertmeleri durmuşa geçirmek we öňde goýlan wezipeleri ýerine ýetirmek, döwlet we jemgyýetçilik durmuşynyň ileri tutulýan meseleleri, ýerleri hem-de tehnikany gowaça ekişine taýýarlamak bilen baglanyşykly alnyp barylýan işler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ilki bilen göni aragatnaşyk arkaly geçirilýän wideoşekilli iş maslahatyna Aşgabat şäheriniň häkimi Ş.Durdulyýewi çagyrdy. Häkim paýtagtymyzda ýaýbaňlanldyrylan gurluşyk işleri, şäheriň ulag-aragatnaşyk we beýleki durmuş ulgamlary bilen üpjünçiligini has-da gowulandyrmak, paýtagtymyzy toplumlaýyn abadanlaşdyrmak babatda ýörite düzülen meýilnama laýyklykda ähli zerur çäreleri durmuşa geçirmek babatda alnyp barylýan işler hakynda hasabat berdi.

Milli Liderimiz hasabaty jemläp, paýtagtymyzda şähergurluşyk-binagärlik boýunça uly möçberli maksatnamany üstünlikli durmuşa geçirmek ugrunda alnyp barylýan işleriň depginini ýokarlandyrmak, şäher ilaty üçin häzirki döwrüň talarlaryna laýyk gelýän ähli amatlyklary döretmek meselelerine ünsi çekdi.

Şeýle hem döwlet Baştutanymyz paýtagtymyzda gurulýan desgalaryň öz wagtynda tamamlanmagy we gurluşygyň ýokary hiliniň üpjün edilmegi babatda alnyp barylýan işleriň netijeliligini ýokarlandyrmak boýunça anyk tabşyryklary berdi.

Döwlet Baştutany göni aragatnaşykda geçirilýän wideoşekilli iş maslahatynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Hojamuhammedowy çagyrdy, ol ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumyny we himiýa pudagyny mundan beýläk-de ösdürmegiň maksatnamasynyň çäklerinde durmuşa geçirilýän işler we hormatly Prezidentimiziň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýerilişi barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz milli ykdysadyýetimiziň möhüm pudaklary bolan nebitgaz we himiýa ulgamynyň önümçilik kuwwatyny artdyrmak boýunça alnyp barylýan işleriň ähmiýeilidigini belläp, şu ugurda amala aşyrylýan işleriň netijeliligini ýokarlandyrmak, oňa öňdebaryjy tehnologiýalary giňden çekmek, ylmyň gazananlaryny önümçilige işjeň ýagdaýda ornaşdyrmak ugurndaky işleriň yzygiderli häsiýetli bolmalydygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda milletiň Lideri döwletimiziň nebitgaz hem-de himiýa ulgamlarynyň işini kämilleşdirmek, olary dünýäniň öňdebaryjy tehnikalary bilen üpjün etmek ugrunda mundan beýläk-de ähli zerur çäreleri görjekdigini aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow göni aragatnaşykda geçirilýän wideoşekilli iş maslahatynyň barşynda ýurdumyzyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Toýlyýewyň hasabatyny diňledi. Wise-premýer özüniň gözegçilik edýän pudaklarynda alnyp barylýan işleriň netijeleri, şeýle hem hormatly Prezidentimiziň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz saglygy goraýyş, sport we syýahatçylyk ugurlarynyň yzygiderli ösdürilmegi, olara dünýä tejribesiniň giňden ornaşdyrylmagy häzirki döwruň möhüm wezipeleriniň biridir diýip bellemek bilen, durmuş maksatly desgalary gurmakda, şeýle hem adamyň saglygy üçin ýaramaz ýagdaýlaryň döremeginiň öňüni almak üçin oňaýly şertleriň döredilmeginiň üpjün edilmegine degişli ähli meselelere geljekde-de berk gözegçilik etmegi tabşyrdy.

Göni aragatnaşykda geçirilýän iş maslahaty Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Goçyýewiň hasabaty bilen dowam etdi. Wise-premýer häzirki döwürde alnyp barylýan işler, ýurdumyzyň bank-maliýe ulgamyny has-da kämilleşdirmek, pudaga ylmyň iň täze gazananlaryny ornaşdyrmak boýunça durmuşa geçirilýän çäreler hakynda hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz häzirki döwürde ýurdumyzyň ykdysady, maliýe guramalarynyň we bank edaralarynyň öňünde durmuş-ykdysady ösüşi, ykdysady ösüşiň ýokary depginlerini saklamagy üpjün etmek maksady bilen täze möhüm wezipeler durýar diýip belledi. Şeýle hem milli Liderimiz milli ykdysadyýetimiziň durnukly ösüşi üçin zerur bolan çäreleriň yzygiderli durmuşa geçirilmelidigine ünsi çekip, ýurdumyzda gurulýan ýaşaýyş jaýlarynda oňaýly şertleriň döredilmegine degişli gulluklaryň yzygiderli gözegçilik etmeginiň hem-de ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini mundan beýläk-de gowulandyrmagyň zerurdygyny belledi.

Göni aragatnaşykda geçirilýän wideoşekilli iş maslahatyna “Türkmenstandartlary” baş döwlet gullugynyň başlygy A.Orazow çagyryldy. Ol hormatly Prezidentimiziň ozal beren tabşyryklaryny ýerine ýetirmek boýunça gullugyň düzümlerinde alnyp barylýan işleriň netijeleri barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz gullugyň ähli düzümleri ýurdumyzda alnyp barylýan ähli işlerde, önümçilik düzümlerinde ykrar edilen halkara hil ülňüleriniň gyşarnyksyz üpjün edilmegine berk gözegçilik etmelidir diýip bellemek bilen, ýaýbaňlandyrylan dürli maksatly binalaryň gurluşygynda, hususan-da olarda durmuş ulgamynyň üpjün edilişinde kabul edilen kadalaryň ýerine ýetirilişine berk gözegçilik etmegi talap etdi.

Soňra Ahal welaýatynyň häkimi D.Myratberdiýew göni aragatnaşykda wideoşekilli iş maslahatynda ekerançylyk meýdanlarynda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleriniň depginlerini ýokarlandyrmak hem-de olaryň hilini gowulandyrmak boýunça hormatly Prezidentimiziň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi. Şeýle hem häkim welaýatyň çäklerinde gurluşygy alnyp barylýan desgalardaky işiň ýagdaýy barada aýtdy.

Milli Liderimiz möwsümleýin oba hojalyk işleri baradaky meselä ünsi çekip, häzirki döwürde bu ugurda alnyp barylýan işleriň netijeliligini ýokarlandyrmak boýunça ähli zerur çäreleriň görülmelidigini belledi. Şeýle hem welaýatyň ýolbaşçylary we etraplaryň häkimleri ekerançylyk meýdanlarynda, ilat arasynda ýygy-ýygydan bolup, alnyp barylýan meýdan işlerine gözegçilik etmek bilen bir hatarda halkyň hal-ýagdaýyny has-da gowulandyrmak babatda zerur çäreleriň görülmelidigini tabşyrdy. Mundan başga-da döwlet Baştutanymyz etrap häkimleriniň ekin meýdanlaryna aýlanyp, olara ideg edilişi bilen tanşyp durmaklaryny, ýerlerde alnyp barylýan işlere berk gözegçilik etmeklerini hem-de ýaz ekişine taýýarlyk bilen baglanyşykly ähli işleri, hususan-da oba hojalyk tehnikalaryny abatlamak bilen baglanyşykly wezipeleri hemişe üns merkezinde saklamaklaryny talap etdi.

Soňra göni aragatnaşykda geçirilýän wideoşekilli iş maslahatyna Balkan welaýatynyň häkimi S.Satlykow çagyryldy. Häkim häzirki döwürde ekerançylyk meýdanlarynda ýaz ekişine görülýän taýýarlyk işleri, mallary dok we ýyly gyşlatmak babatda durmuşa geçirilýän çäreler, şeýle hem welaýatyň çäklerinde alnyp barylýan gurluşyk işleri barada hasabat berdi. Mundan başga-da S.Satlykow welaýatda gurluşygy meýilleşdirilýän binalaryň, şeýle hem döwrebaplaşdyrylýan desgalaryň taslamalaryny görkezdi.

Hormatly Prezidentimiz welaýatda gurluşygy alnyp barylýan desgalaryň ýagdaýy bilen gyzyklanyp, olarda işiň depginini ýokarlandyrmak babatda anyk çäreleri görmegiň zerurdygyny belledi. Şeýle hem bu babatda alnyp barylýan işleriň netijeliligini ýokarlandyrmak boýunça zerur bolan çäreleriň ählisiniň amala aşyrylmalydygyny nygtap, welaýat hem-de etrap ýolbaşçylarynyň halkyň arasynda ýygy-ýygydan bolmalydygyny tabşyrdy. Häzir ekerançylyk meýdanlarynda agrotehniki çäreleri geçirmek üçin amatly howa şertleri bar diýip bellemek bilen, döwlet Baştutanymyz şu döwürde meýdanlary dökünlemek, iýmitlendirmek boýunça alnyp barylýan işleriň depginini ýokarlandyrmak babatda anyk tabşyryklary berdi we ýerler kärendesine bölnüp berlende, olaryň hak eýesiniň tapylmagy babatda zerur çäreleriň görülmelidigini aýtdy.

Soňra göni aragatnaşykda geçirilýän wideoşekilli iş maslahaty Daşoguz welaýatynyň häkimi E.Orazgeldiýewiň hasabaty bilen dowam etdi. Häkim hormatly Prezidentimiziň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi, şeýle hem sebitleri ösdürmek maksatnamasynyň çäklerinde welaýatda alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Milli Liderimiz hasabaty diňläp, welaýatyň çäginde ähli ugurlar boýunça alnyp barylýan işleriň depginini ýokarlandyrmak babatda anyk tabşyryklary berdi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz obalary düýpli özgertmek, ilatyň agyz suwy, elektrik togy bilen üpjünçiligi boýunça alnyp barylýan işleriň talaba laýyk guralmalydygyny belledi. Mundan başga-da, hormatly Prezidentimiz möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşyna ünsi çekip, bu babatda ähli zerur çäreleriň görülmelidigini, etraplaryň häkimleri kärendeçiler bilen duşuşyp, olaryň isleg-arzuwlaryny öwrenmelidigini tabşyrdy. Hormatly Prezidentimiz welaýatyň ýolbaşçylary etrap häkimlikleri bilen bilelikde sebitiň ekerançylyk meýdanlaryna aýlanyp, ýerlerde agrotehniki çäreleriň geçirilişine gözegçilik etmelidir we ýerler kärendeçilere bölnüp berlende onuň üstünde durulmagy zerurdyr diýip belledi.

Soňra iş maslahatyna Lebap welaýatynyň häkimi Ý.Ýaýylow çagyryldy. Häkim welaýatyň çäginde alnyp barylýan işler, desgalaryň gurluşygynyň ýagdaýy, şeýle hem obalary düýpli özgertmek maksady bien toplumlaýyn ösüş maksatnamasyny üstünlikli durmuşa geçirmek boýunça alnyp barylýan işler hakynda hasabat berdi. Mundan başga-da häkim Türkmenabat şäherinde gurulmagy meýilleşdirilýän desgalaryň taslamalary, olaryň ýerleşjek ýerleri barada aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň döwlet we jemgyýetçilik durmuşynyň ähli ugurlarynda geçen ýylda gazanylan üstünlikleri şu ýylda has-da berkitmek maksady bilen, Watanymyzyň abadançylygyny, ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň ýokarlandyrylmagyny üpjün etmek boýunça ähli zerur çäreler görülmelidir diýip aýtdy. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz görkezilen taslamalary umuman oňlap, olara käbir bellikleri aýtdy we degişli düzedişleri girizdi. Mundan başga-da milli Liderimiz welaýatyň çäginde meýdan işleriniň alnyp barlyşyna, kärendeçilere gowaça ekmek üçin ýerleriň bölnüp berlişine yzygiderli gözegçilik edilmelidigini, ekerançylyk meýdanlaryny ýerli hem-de mineral dökünler bilen göwnejaý iýmitlendirmegi tabşyrdy. Döwlet Baştutanymyz häkimlikleriň ýolbaşçylarynyň degişli düzümler bilen bilelikde ýerlerde bolup, hojalyklarda alnyp barylýan işlere berk gözegçiligi ýola goýmak babatda anyk tabşyryklary berdi.

Soňra hormatly Prezidentimiz göni aragatnaşykda geçirilýän iş maslahatynda Mary welaýatynyň häkimi K.Gurbanowyň hasabatyny diňledi. Häkim milli ykdysadyýetimiziň dürli ulgamlarynda, şol sanda oba hojalyk pudagynda welaýat boýunça ýaýbaňlandyrylan işleriň barşy barada hasabat berdi.

Milli Liderimiz hasabaty diňläp, welaýatyň oba senagat toplumynyň öňünde durýan möhüm wezipeleriň üstünlikli durmuşa geçirilmegi ugrunda ýerine ýetirilýän işlere ünsi çekip, möwsümleýin oba hojalyk işlerini göwnejaý alyp barmak, täze hasylyň düýbüni agrotehniki kadalara laýyklykda tutmak boýunça alnyp barylýan işleriň netijeliligini ýokarlandyrmak babatda anyk tabşyryklary berdi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz welaýatyň we etraplaryň häkimleriniň ýolbaşçylary ýerlerde bolup, kärendeçilere gowaça ekiljek ýerler bölnüp berlende olaryň topraga bolan yhlasynyň nazarda tutulmalydygyny belledi.

Döwlet Baştutanymyz göni aragatnaşykda geçirilen iş maslahatyny jemläp, Türkmenistanyň ähli künjeklerinde ýaýbaňlandyrylan özgertmeleriň üstünlikli amala aşyrylmagynyň ýurdumyzyň rowaçlygynyň hem-de türkmen halkynyň maddy hal-ýagdaýyny mundan beýläk-de ýokarlandyrmagyň kepili bolup durýandygyny belledi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şol işleriň ählisiniň sazlaşykly alnyp barylmagyny üpjün etmegi tabşyrdy.

Türkmenistanyň Prezidenti täsirli geçen maslahaty tamamlap, göni aragatnaşyk arkaly wideoşekilli iş maslahatyna gatnaşanlaryň ählisine ýurdumyzyň durmş-ykdysady taýdan mundan beýläk-de çalt depginde ösdürilmegine gönükdirilip öňde goýlan wezipeleri berjaý etmekde üstünlikleri gazanmagy arzuw etdi.