Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Eýran Yslam Respublikasynyň daşary işler ministriniň orunbasary, EYR-niň Prezidentiniň Hazar meselesi boýunça ýörite wekili jenap Mohammed Mehdi Ahundzadäni kabul etdi, ol Aşgabada ýörite geldi.
Myhman türkmen Liderine wagt tapyp özlerini kabul edendigi üçin hoşallyk bildirmek bilen, türkmen döwletiniň Baştutanyna Eýranyň Prezidenti Mahmyt Ahmadinežadyň adyndan ýakymly salam aýtdy hem-de döwletara gatnaşyklarynyň geljekde-de gyşarnyksyz ösmegi ugrunda eýran tarapynyň düýpli gyzyklanýandygyny habar berdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow dostlukly ýurduň Liderine özüniň hoşniýetli arzuwlaryny aýtmak bilen, ýokary derejede sazlaşykly ösýän türkmen-eýran gatnaşyklarynyň soňky ýyllarda has-da giň gerime eýe bolýandygyny belledi. Beýleki ähli hyzmatdaşlar ýaly, Türkmenistan hem Hazar sebitiniň parahatçylyk we durnuklylyk ýagdaýynda ösmegine uly gyzyklanma bildirýär diýip bellemek bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu umumy deňziň derejesi boýunça ylalaşykly, hemmetaraplaýyn kabul ederlikli çözgüdiň işlenip taýýarlanmagynyň zerurdygyny belledi.
Giň halkara hyzmatdaşlyk ýörelgelerine, milli we umumy bähbitleriň sazlaşygyna esaslanýan daşary syýasat ugruny durmuşa geçirmek arkaly Garaşsyz, Bitarap Türkmenistan Hazar basseýniniň sebitinde işjeň gepleşikleriň geçirilmegini, ikitaraplaýyn görnüşde bolşy ýaly, köptaraplaýyn esasda netijeli hyzmatdaşlygyň işjeňleşdirilmegini ugur edinýär diýip, döwlet Baştutanymyz belledi we kenarýaka döwletleriň arasyndaky gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagy tutuş sebitiň durnukly ösüşini üpjün etmegiň möhüm guraly bolar diýip aýtdy.
Soňky ýyllaryň dowamynda Hazar meselesi boýunça geçirilen gepleşiklerde belli bir üstünlikler gazanyldy diýip bellemek bilen, milli Liderimiz Hazarýaka ýurtlarynyň garaýyşlaryny mundan beýläk-de ýakynlaşdyrmak we Hazar deňziniň hukuk derejesi bilen baglanyşykly ähli meseleleri gyssagly çözmek maksady bilen alnyp barylýan geňeşmeleriň dowam etdirilmeginiň derwaýysdygyny nygtady.
Bellenilişi ýaly, munuň özi bäş sany goňşy döwletleriň uzakmöhletleýin bähbitlerine laýyk gelýär.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hoşlaşmak bilen, Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Mahmud Ahmadinežada hem-de dostlukly goňşy ýurduň tutuş halkyna mähirli hem-de hoşniýetli arzuwlaryny aýtdy.
Duşuşyga Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Seýed Mohammad Musa Haşemi Golpaýegani gatnaşdy.