Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti iş sapary bilen Türkmenistana geldi
Şu gün agşam Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Hamid Karzaý iş sapary bilen Türkmenistana geldi.
Türkmenbaşy şäheriniň iki ýurduň döwlet baýdaklary bilen bezelen halkara howa menzilinde belent mertebeli myhmany resmi adamlar garşyladylar. Asylly däbe görä, dostlukly döwletiň Baştutanyna duz-çörek hödür edildi we gül desseleri gowşuryldy.
Howa menzilinden Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Hazaryň ajaýyp kenarynda "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynda ýerleşýän kaşaň “Hazyna” myhmanhanasynda özüne bölünip berlen kabulhanasyna tarap ugrady.
Bu sapar we ertir geçiriljek ýokary derejedäki türkmen-owgan gepleşikleriniň däp bolan dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk hem-de häzirki wagtda täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylan döwletara gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de pugtalandyrylmagynda we ösdürilmeginde möhüm ädim boljakdygy şübhesizdir.
Türkmenistan özüniň daşary syýasat strategiýasyny oňyn bitaraplyk we parahatsöýüjilik esaslarynda alyp barmak bilen, giň halkara hyzmatdaşlygynyň tarapdary bolup, Ýer ýüzüniň ähli ýurtlary bilen özara bähbitli gatnaşyklary ýola goýýar. Şunda goňşy döwletler bilen, şol sanda doganlyk Owganystan bilen netijeli hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna aýratyn ähmiýet berilýär. Bu ýurduň halky bilen türkmen halkyny däp bolan köp asyrlyk dostluk we taryhy medeni umumylyk birleşdirýär.
Häzirki döwürde täze hil derejesine çykarylyp dowam etdirilýän dost-doganlyk gatnaşyklary türkmen-owgan gatnaşyklarynyň ygtybarly binýady boldup hyzmat edýär. Garaşsyzlygyny alan ilkinji ýyllaryndan başlap Türkmenistan bu goňşy ýurda hemaýat berip başlady we geçen ýyllarda owgan halkynyň parahat hem-de abadan durmuşy berkarar etmäge gönükdirilen tagallalaryny goldamak bilen, Owganystanyň durmuş-ykdysady we medeni taýdan dikeldilmegine hemmetaraplaýyn ýardam berýär.
Owganystan meselesi boýunça halkara hyzmatdaşlygyna işjeň gatnaşmak bilen biziň ýurdumyz goňşy döwletdäki ýagdaýy diňe diplomatik, gepleşikler ýoly arkaly kadalaşdyrmagyň tarapdary bolup çykyş edýär.
Şeýle ýörelgeleriň artykmaçlyklaryny iş ýüzünde görkezmek bilen Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasynyň belent münberinden hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan jar edilen we giň halkara goldawyna eýe bolan döredijilikili başlangyçlary öňe sürdi. Owganystanyň durmuş-ykdysady ulgamyny dikeltmäge netijeli goldaw bermek bilen Türkmenistan bu goňşy döwletiň dürli ugurlar boýunça iri taslamalary amala aşyrmaga gatnaşmak arkaly sebit we halkara derejesindäki gepleşiklere ýakyndan goşulmagy üçin başlangyçlary öňe sürýär. Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan (TOPH) gaz geçirijisini gurmak boýunça türkmen Lideriniň öňe süren başlangyjy hem munuň subutnamasydyr. Bu giň möçberli taslamanyň durmuşa geçirilmegi Owganystanyň ykdysadyýetiniň ösdürilmegine, maýa goýumlarynyň gelmegine, durmuş meseleleriniň çözülmegine, şol sanda täze iş orunlarynyň döredilmegine gönüden-göni täsir eder we tutuşlygyna bu ýurtdaky ýagdaýyň durnuklaşmagyna oňyn täsirini ýetirer.
Şonuň bilen birlikde Türkmenistan goňşy ýurda elektrik energiýasyny ibermegi artdyrmak üçin anyk çäreleri görýär. Mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow geçen ýylyň fewralynda Owganystana iberilýän elektrik energiýasynyň möçberini bäş esse artdyrmaga mümkinçilik berjek degişli ulgamy döretmek baradaky Karara gol çekdi. Iki ýurduň geografik taýdan ýerleşişini hasaba almak bilen, ulag-kommunikasiýa pudagynda netijeli hyzmatdaşlyk üçin uly mümkinçilikler açylýar. Şunda Türkmenistan Atamyrat-Ymamnazar-Akina-Andhoý demir ýoluny gurmak baradaky teklibi öňe sürdi. Bu polat ýoly diňe bir iki ýurduň arasynda ulag gatnawyny işjeňleşdirmek bilen çäklenmän, geljekde sebit we halkara derejesinde üstaşyr ulag gatnawlarynda hem möhüm baglanyşdyryjy sepgit bolar.
Bir söz bilen aýdylanda köp ugurly mümiknçiliklere eýe bolan ikitaraplaýyn söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek üçin ähli şert bar. Türkmenistan we Owganystan däp bolan ynsanperwerlik, şol sanda bilim we medeniýet ugurlaryndaky gatnaşyklary berkitmäge üly ähmiýet berýärler.
Garaşylyşy ýaly, nobatdaky ýokary derejedäki türkmen-owgan gepleşikleriniň gün tertibine döwletara gatnaşyklarynyň ileri tutulýan ugurlary, şeýle hem özara gyzyklanma bildirilýän sebit we halkara meseleleri giriziler. Şeýlelikde, bu gepleşikler iki dostlukly ýurtlaryň we halklaryň hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny mundan beýläk-de pugtalandyrmaga ýardam eder.