Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Mary welaýatyna iş saparyny amala aşyrdy, saparyň çäklerinde “Maryazot” önümçilik birleşigine baryp gördi, şeýle hem iri “Galkynyş” gaz känini özleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler bilen tanyşdy.
Döwlet Baştutanynyň ýylyň başynda welaýatlara baryp görmegi ýurdumyzyň sebitlerini mundan beýläk-de ösdürmegiň anyk wezipelerini çözmek bilen bir hatarda, milletiň Lideriniň ýokary döwlet wezipesine dalaşgär hökmünde Türkmenistanyň Prezidentiniň 12-nji fewralda boljak saýlawlaryna taýýarlyk görmegiň çäklerinde saýlawçylar bilen duşuşmaga gönükdirilendigini belläp geçmek möhümdir.
Ir bilen hormatly Prezidentimiziň uçary Mary şäheriniň howa menziline gondy, şol ýerde döwlet Baştutanyny Mary welaýatynyň häkimi mähirli we tüýs ýürekden garşylady.
Şu ýerde, howa menzilinde welaýatyň häkimi K.Gurbanow döwlet Baştutanymyza ähli möhüm ugurlarda işleriň ýagdaýy we hususan-da, welaýatda geçirilýän möwsümleýin oba hojalyk işleri hakynda, şeýle hem "Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň durmuş-ýaşaýyş şertlerini düýpli özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasyny" durmuşa geçirmegiň çäklerinde ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini mundan beýläk-de ýokarlandyrmagy üpjün etmek boýunça toplumlaýyn çäreleriň durmuşa geçirilişi barada hasabat berdi.
Welaýatyň ýolbaşçysy döwlet Baştutanynyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada aýdyp, welaýatda gurulmaly birnäçe ýaşaýyş-durmuş we medeni maksatly desgalaryň, şol sanda ýeňillikli karz serişdeleriniň hasabyna welaýatyň etraplarynda gurulmagy meýilleşdirilýän ýaşaýyş jaýlarynyň taslamalaryny hödürledi. Şeýle hem bu ýerde görkezilýän dürli maksatly desgalaryň taslamalarynyň arasynda ýaşaýyş-durmuş, medeni we önümçilik ähmiýetli binalar bar.
Hormatly Prezidentimiz bu ýerde görkezilýän taslamalar bilen jikme-jik tanşyp, olaryň häzirki döwrüň talaplaryna doly laýyk gelmelidigini we halkymyzyň ýokary hilli ýşaýyş derejesini üpjün etmelidigini belledi.
Mary welaýatynyň häkimi gönüden-göni döwlet Baştutanymyzyň başlangyjy hem-de tabşyrygy boýunça sebitde bina edilmegi meýilleşdirilýän “Bagt köşgüniň”, 500 orunlyk myhmanhananyň, welaýata mahsus gölüň keşbini şekillendirýän Gündogar bazarynyň ýerleşjek ýerleriniň kesgitlenendigini aýdyp, şol desgalaryň, şeýle hem welaýatyň çäklerinde durky täzelenmegi göz öňünde tutulýan awtomobil ýollarynyň taslamalary barada hormatly Prezidentimize habar berdi.
Mundan başga-da, häkim milli Liderimizi täze döredilen Altyn sähra etrabynyň “Garaşsyzlyk” daýhan birleşigini senagat hem-de durmuş taýdan ösdürmegiň maksatnamasynyň çäklerinde düzülen baş meýilnama bilen tanyşdyrdy. Ol ýerde oba geňeşliginiň jaýy, çagalar bagy, medeniýet we saglyk öýleri, 400 orunlyk mekdep, birnäçe dükanlar we dabaralar hem-de dürli çäreler geçirmek üçin niýetlenen toplum, aragatnaşyk bölümi gurlar.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow görkezilen taslamalar bilen jikme-jik tanşyp, olary umuman oňlady we taslamalara birnäçe bellikleri aýtdy, düzedişleri girizdi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz gurulýan ähli desgalaryň häzirki zaman binagärlik talaplaryna laýyk gelmelidigini we olarda milli binagärçiligimiziň asylly ýörelgeleriniň öz beýanyny tapmalydygyny hem-de täze desgalaryň sebitiň şäherleriniň hem-de obalarynyň baş bezegine öwrülmelidigini belledi.
Döwlet Baştutany Mary welaýatynyň häkimine ýüzlenip, welaýatyň senagat we durmuş düzümlerini mundan beýläk-de ösdürmek baradaky bellenilen meýilnamalaryň ählisini gyşarnyksyz durmuşa geçirmegiň zerurdygyny nygtamak bilen, welaýatyň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini mundan beýläk-de gowulandyrmakda degişli düzümleriň işini utgaşdyrmagy üpjün etmegiň möhümdigini belledi we bu babatda anyk tabşyryklaryň birnäçesini berdi.
Soňra Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow özüne garaşýan dikuçara tarap ugrady. Dikuçar ýerden ýokary göterilip, ýurdumyzyň himiýa pudagynyň baýry kärhanalarynyň biri bolan “Türkmenhimiýa” Döwlet konserniniň “Maryazot” önümçilik birleşigine tarap ugur alýar.
Mary welaýatyna köp mukdardaky ägirt uly serişdeler kuwwatyna eýe bolan milli ykdysadyýetimiziň geljegi uly pudaklarynyň biri bolan ýurdumyzyň himiýa senagatyny ösdürmek babatda wajyp orun degişlidir. Mälim bolşy ýaly, döwlet Baştutanynyň gatnaşmagynda Mary şäheriniň eteklerinde 2011-nji ýylyň ýanwarynda iri senagat toplumy bolan ammiak we karbamid öndürýän zawodlaryň düýbüni tutmagyň dabarasy boldy. Täze himiýa toplumynyň gurulmagy we işe girizilmegi ýurdumyzyň himiýa senagatynyň önümçilik düzümlerini düýpli döwrebaplaşdyrmagyň, ýokary hilli mineral dökünleri öndürmegiň möçberleriniň artdyrylmagynyň ýolunda möhüm ädim bolar, munuň özi ýurdumyzyň obasenagat toplumynyň şol dökünlere bolan artýan islegi bilen şertlenendir. Täze himiýa toplumy iň häzirki zaman enjamlar we dünýäniň esasy önüm öndürijilerinden alnan öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün ediler. Toplumyň umumy kuwwaty her ýylda 400 müň tonna ammiagy we 640 müň tonna karbamidi öndürmäge mümkinçilik berer. Milletiň Lideriniň nygtaýşy ýaly, bu möhüm taslamanyň durmuşa geçirilmegi geljekde dökün öndürmek boýunça eýýäm işläp gelýän kärhanalary nazara almak bilen, bir ýylda azot dökünleriniň öndürilişini bir million tonna çenli artdyrmaga şert döreder. Mundan başga hem munuň özi himiýa senagatynyň eksport kuwwatyny ep-esli giňeltmäge ýardam eder. Geljekki zawodlaryň işe girizilmeginiň durmuş taýdan ähmiýetiniň hem bardygy möhümdir, sebäbi munuň özi täze iş orunlaryny döreder. Gürrüňsiz suratda bu ähli özgertmeleriň esasy maksady ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmakdan, obasenagat toplumyny ösdürmekden we şonuň netijesinde türkmen halkynyň maddy hal-ýagdaýyny ýokarlandyrmakdan ybaratdyr.
Häzirki wagtda “Maryazot” önümçilik birleşigi ekerançylaryň hajatlary üçin ýokary hilli dökünleri öndürýän iri kärhanadyr. Şol ýerde şeýle hem öňden barn bolan desgalaryň durkuny täzelemek işleri alnyp barylýar. Azot döküni bolan ammiak selitrasyny öndürmegiň işläp gelýän tehnologiki ulgamyny döwrebaplaşdyrmak eýýäm ýakyn wagtlarda bu döküni öndürmegi düýpli artdyrmaga mümkinçilik berer. Önümçilik kuwwatlyklaryny artdyrmakda we dökünleriň görnüşlerini giňeltmekde ýerli çig maly özleşdirmäge möhüm orun berilýär.
Hormatly Prezidentimiziň dikuçary “Maryazot” önümçilik birleşiginiň öňündäki meýdançada gonýar. Bu ýerde hormatly Prezidentimiz işçiler bilen mähirli salamlaşýar. Soňra bu ýerde ýaýbaňlandyrylan taslamalaryň ýanyna baryp, milletiň Lideri ilki bilen täze gurulýan ammiak we karbamid zawodlarynyň maketi bilen tanyşdy. Hünärmen alyp barýan işleri barada jikme-jik gürrüň berdi. Soňra döwlet Baştutanymyz “Maryazot” önümçilik birleşigini ösdürmegiň baş meýilnamasy bilen tanyşýar.
Ammiak selitra önümçiliginiň, azot kislotasy önümçiliginiň, sintetiki ammiak önümçiliginiň tehnologiýalary, zawodyň umumy gurluşy, ýagny birinji we ikinji ammiak sehleri, azot kislotasy sehi, ammiak selitrasyny öndürýän seh barada hünärmen çyzgylar arkaly gürrüň berdi.
Bu ýerde hünärmenler milletiň Liderini önümçilik toplumy, onuň kuwwatlyklary bilen tanyşdyrdylar
Hormatly Prezidentimiziň önümçiligiň geljekde ösüşi, daşgy gurnawa täsiri barada ýygnananlar bilen ýürekdeş söhbetdeşligi boldy. Döwlet Baştutanymyz soňra kärhananyň zähmetkeşleri bilen söhbetdeşlikde olaryň iş, durmuş şertleri, gündelik iş – aladalary bilen jikme-jik gyzyklandy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, welaýatlara baryp görmeginiň esasy maksady adamlar bilen duşuşmakdan, welaýatlarda ýaýbaňlanan uly möçberli durmuş-ykdysady özgertmeleriň çäklerinde ýerlerde işleriň nähili barýandygy bilen tanyşmakdan ybaratdyr.
Milletiň Lideri häzirki taryhy tapgyrda ýurdumyzyň öňünde durýan möhüm wezipeler barada söz açyp, ykdysadyýetimizi mundan beýläk-de diwersifikasiýalaşdyrmak, öňdebaryjy ylmy işläp taýýarlamalaryň esasynda, şol sanda himiýa pudagynda ýokary tehnologiki önümçilikleri döretmek boýunça bilelikde uly işi geçirmegiň öňde durýandygyny nygtady. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, biziň ýurdumyza ylym babatda hakyky öňegidişlik garaşýar, ol döwletimiziň we jemgyýetimiziň durmuşynyň ähli ugurlarynda özgertmeler işine, onuň demokratik esaslaryny ösdürmäge has-da uly depgin bermäge mümkinçilik berer.
Duşuşyga gatnaşyjylar ýurdumyzyň halkara abraýynyň we raýatlarynyň maddy hal-ýagdaýynyň ýokarlanmagyna ýardam edýän, öňdengörüjilikli we parasatly daşary we içeri syýasaty üçin döwlet Baştutanyna hoşallyk bildirip, Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgär hökmünde milletiň Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň görkezilmegini goldaýandyklaryny beýan etdiler hem-de öňde boljak saýlawlarda onuň üçin biragyzdan öz seslerini berjekdiklerini aýtdylar.
Milletiň Lideri täze taryhy eýýamda ýurdumyzyň milli ykdysadyýetiniň dünýäniň ösen döwletleriniň derejesine ýetendigini, döwletimiziň ýyl-ýyldan pajarlap ösýändigini, halkymyzyň barha bagtyýar durmuşda ýaşaýandygyny bellemek bilen, döwlet Baştutanynyň wezipesine dalaşgär hökmünde saýlawçylar özüne ynam bildirseler, mähriban halkyna ak ýürekden we halal hyzmat etjekdigine, eziz Watanymyzyň gülläp ösmegi üçin özüne bagly bolan ähli zatlary etjekdigine saýlawçylary ýene-de bir gezek ynandyrdy.
Soňra döwlet Baştutany duşuşyga gatnaşyjylar bilen hoşlaşyp, iri “Galkynyş” gaz känine, gönüden-göni “Osman-5” guýusyna tarap ugrady.
Mary welaýaty öz energetika mümkinçiliklerini ösdürmek babatda has geljegi uly welaýat bolup durýar. Onuň çäklerinde tebigy gazyň tassyklanylan ägirt uly gorlary bolan iri ýataklar ýerleşýär. Olaryň hatarynda özboluşly gaz “dürdänesi” bolan “Galkynyş” käni bar.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow dikuçaryň üstünden ýatagy gurnamak boýunça bu sebitde ýaýbaňlanan işleriň möçberlerine, şeýle hem çykarylan çig maly arassalamak hem-de taýýarlamak boýunça desgalaryň gurluşygyna baha berdi.
Mälim bolşy ýaly, bu geljegi uly ýatakda türkmen geologlary tarapyndan geçirilen geologiýa-gözleg we buraw işleriniň toplumy, şeýle hem meşhur halkara maslahatçysy bolan Beýik Britaniýanyň “Gaffney, Cline & Associates” kompaniýasynyň garaşsyz auditiniň ikinji tapgyry şol ýatagyň gorlaryny 26 trillion 200 milliard kub metr gaza çenli baha berip ýokarlandyrmaga, munuň bolsa, öz nobatynda “mawy ýangyjyň” bu tebigy ýatagyny dünýäde ikinji orna çykarmaga mümkinçilik berýär.
Mälim bolşy ýaly, nebitiň we gazyň çykarylyşyny artdyrmak, pudagyň çig mal binýadyny pugtalandyrmak ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň öňünde duran ileri tutulýan wezipeleriň hataryna girýär. Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow döwlet ýangyç-energetika strategiýasyny durmuşa geçirip, pudagyň işgärleriniň öňünde türkmen topragynyň astyndaky baý ýangyç gorlaryny halkyň bähbitleri üçin has doly peýdalanmak baradaky ileri tutulýan wezipäni goýdy. Bu strategiki taýdan möhüm wezipäni çözmek diňe bir ýangyç serişdelerini çykarmagy däl, eýsem, olary içerki bazarlarymyzda-da, daşary ýurt bazarlarynda-da uly isleg bildirilýän ýokary hilli köp görnüşli önümleri öndürmäge mümkinçilik berýän iň häzirki zaman tilsimatlarynyň esasynda çuňňur gaýtadan işlemegi hem göz öňünde tutýar.
2010-njy ýylyň maýynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda gazly ulgamlary bir bitewi ulgama birleşdirýän, geçirijilik ukyby bir ýylda 30 milliard kub metr bolan “Gündogar-Günbatar” gaz geçiriji ulgamy döretmäge badalga berildi, ol ýurdumyzyň ähli iri ýataklaryny birleşdirer. Mälim bolşy ýaly, türkmen kärhanalary Türkmenistan-Hytaý gaz geçirijisiniň birinji halkasy bolan Malaý – Bagtyýarlyk baş gaz geçirijisi, şeýle hem Eýrana ikinji gaz geçiriji bolan Döwletabat-Sarahs-Hangeran gaz geçirijisi gurlan mahaly şular ýaly desgalary döretmegiň tejribesini topladylar. Döwlet Baştutanynyň belleýşi ýaly, “Gündogar-Günbatar” gaz geçirijisiniň gurluşygy ählumumy energetika howpsuzlygynyň häzirki zaman ulgamyny döretmäge uly goşant goşýan Türkmenistanyň energetika strategiýasyny üstünlikli durmuşa geçirmegiň ýolunda möhüm ädim bolar.
Ýurdumyzyň beýleki ýataklarynyň we nebitgazly sebitleriniň köpüsi ýaly “Galkynyş” gaz käni hem kem-kemden Türkmenistanyň ägirt uly ykdysady kuwwatyny, onuň energetika döwleti hökmündäki derejesini tassyklap, özüniň baý gorlarynyň syrlaryny açýar.
Osman ýatagy geljegi ýokary derejede uly bolan meýdançadyr. Gözleg guýulary burawlanan mahaly bu ýerde bir gije-gündizde 5 million kub metr tebigy gaz atylyp çykýan gaz çüwdürimi peýda boldy. Hünärmenleriň hasaplaýşy ýaly, Osman meýdançasynda üsti açylan tebigy gazyň gatlaklary we Ýolöteniň ýangyç ýataklary nebitgaz toplanan bir zolakdyr, ýagny umumy meýdany 1800 inedördül kilometr bolan bir bitewi ägirt uly ýatakdyr.
Türkmenistanyň Prezidentiniň dikuçary “Osman-5” guýusynyň golaýynda ýörite meýdança gonýar. Milletiň Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow bu ýerde burawlanan “Osman-5” guýusynyň belentligine çykýar, burawlaýjy ussa hormatly Prezidentimizi “Osman-5” guýusynda geçirilen agtaryş – gözleg buraw işleriniň, toplumlaýyn geologiýa-geofiziki barlaglaryň netijeleri bilen tanyşdyrýar.
Ol döwlet Baştutanymyza ýatagyň ýokary mümkinçilikleri we onuň uglewodorod ýataklaryny özleşdirmek boýunça meýilnamalar hakynda habar berýär.
Welaýatyň burawlaýjylary öňdebaryjy tilsimatlary ulanmak babatda ep-esli tejribe topladylar, ol kiçeňräk we barmasy kyn gatlaklary işläp geçmegi düýpli artdyrmaga mümkinçilik berýär. “Osman-5” ýatagynda häzirki zaman tilsimatlary ulanyldy. Şu guýyny burawlamagyň barşynda alnan netijeler bu ýerde “mawy altynyň” ägirt uly gorlarynyň toplanandygyny ynam bilen aýtmaga mümkinçilik berýär.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu habary diňläp, ýangyç-energetika toplumynyň dürli ulgamlaryna, şol sanda buraw işlerine innowasion tehnologiýalary we iň täze ylmy-tehniki işläp taýýarlamalary mundan beýläk-de giňden ornaşdyrmagyň, häzirki zaman tehnikasynyň iň soňky gazananlaryny peýdalanmagyň möhümdigini nygtady. Milletiň Lideri Watanymyzyň ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmaga gazçylaryň uly goşant goşýandygyny belledi.
Döwletimiz nebitgaz pudagyny ösdürmäge, şol sanda täze geljegi uly ýataklary özleşdirmäge ägirt uly maýa goýumlaryny bölüp berýär. Şu maksatlar bilen iň kämil tehnika satyn alynýar, esasy daşary ýurt kompaniýalary hyzmatdaşlyk etmäge çekilýär. Türkmenistanyň energetika syýasaty netijesinde ýurdumyzyň ýataklarynda bar bolan ägirt uly ýangyç serişdelerine esaslanan türkmen energiýa serişdelerini dünýä bazarlaryna ibermegiň täze ugurlaryny kemala getirmek babatda beýleki taslamalaryň birnäçesi işlenip taýýarlanylýar, şol syýasata laýyklykda häzirki wagtda tebigy gaz Hytaý Halk Respublikasyna, Eýrana we Russiýa Federasiýasyna iberilýär.
Ýurdumyzyň ägirt uly uglewodorod serişdeli gorlarynyň bardygyny ykrar edýän “Galkynyş” käninde ýaýbaňlandyrylan işleriň möçberi haýran galdyrýar. Häzirki döwürde bu ýerde dürli ähmiýetli gurluşyk işleri alnyp barylýar. Käniň senagat taýdan özleşdirilmegini üpjün etjek gurluşyk işlerinde işleýänleriň sanynyň üç müňden gowrakdygy bu ýerdäki ýaýbaňlandyrylan işleriň geriminden habar berýär. Käniň senagat düzümini taýýarlamak ugrunda alnyp barylýan işlerde zähmet çekýänleriň aglabasy gurluşykçylardyr.
Geljegi uly bolan bu kändäki gurluşyk işleri tamamlanansoň onda ýörite ugur boýunça işleýän gazçylar we pudaga degişli hünärmenler zähmet çekerler. Olaryň sanynyň bäş müňe golaý boljakdygy baradaky maglumat bu toplumyň diňe bir şu etrabyň däl, eýsem, Mary hem-de Lebap welaýatlarynyň birnäçe etraplarynyň ilatynyň iş bilen üpjünçiligini gowulandyrar.
Burawlaýjy ussa bu ýerde milletiň Liderini “Galkynyş” käniniň gurluş şekilini we geologiki kesimini hem-de üç ölçegli geologiki şekilini görkezýän çyzgylar bilen tanyşdyrdy. Hormatly Prezidentimiz näçeräk çuňlukdan gaz akymynyň çykýandygy bilen gyzyklandy hem-de bu tapylgysyz hazynany mähriban halkymyzyň we geljekki nesillerimiziň bähbidine netijeli peýdalanmak barada ähli aladalaryň ediljekdigini belledi.
Soňra hormatly Prezidentimiz bu ýerde zähmet çekýän burawlaýjylaryň ýanyna gelip, olaryň her biri bilen mähirli görüşýär. Işçiler bilen bolan aç-açan, ýürekdeş söhbetdeşligiň barşynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow burawlaýjylaryň zähmet, durmuş we dynç alyş şertleri, olaryň iş hakynyň möçberleri, isleg-arzuwlary bilen jikme-jik gyzyklandy. Burawlaýjylar we beýleki hünärmenler milletiň Liderine özleri barada üns berýändigi we hakykatdan hem atalyk aladasyny edýändigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler.
Döwletimiz geljekde hem nebitgaz senagatynyň maddy-tehniki binýadyny pugtalandyrmaga, ýangyç-energetika toplumynyň zähmetkeşleriniň durmuş derejesini ýokarlandyrmaga ilkinji nobatda üns berer diýip, milletiň Lideri aýtdy.
Nebitgaz toplumynyň zähmetkeşleri Türkmenistanyň Prezidentiniň ähli öňdebaryjy başlangyçlaryny doly goldaýandyklaryny beýan edip, ýangyç – energetika toplumyny ösdürmäge täsirli kömek berýändigi üçin milletiň Liderine tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler. Ak ýürekli zähmet çekjekdiklerine we Watanymyzyň abadançylygynyň hem-de rowaçlygynyň hatyrasyna güýçlerini gaýgyrmajakdyklaryna ynandyrdylar. Duşuşyga gatnaşyjylar Türkmenistanyň Prezidentiniň şu ýylyň fewral aýynda boljak saýlawlarynda döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowy goldajakdyklary barada biragyzdan pikiri aýtdylar.
Soňra milletiň Lideri burawlaýjylaryň dynç alşy bilen gyzyklandy. Çölde ýatymlaýyn işleýän merdana gaz gözleýjileriň ýaşaýan jaýlaryna baryp gördi. Döwlet Baştutanymyz ýeriň göwsünden hazyna agtaryjylaryň tutanýerli zähmetine ýokary baha berip, olar hakda mydama alada ediljekdigini aýtdy.
Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Garagum sährasynyň täsin dünýäsine syn etdi. Türkmen tebigatynyň täsinligi hiç bir adamyny biparh goýmaýar. Çar tarapy gözýetime çenli uzaýan sary sähranyň keşbinde ynsan kalbyna ýakynlyk bar. Özüniň tämiz howasy, örän özboluşly haýwanat hem-de ösümlik dünýäsi hem-de owadan ýaýlalary bilen dünýä ylmynyň, jahankeşdeleriniň gyzyklanmasyny şertlendirýär.
Hormatly Prezidentimiziň Garagum sährasynyň howasy hem-de çölüň ekologiýa ýagdaýy bilen gyzyklanyp durmagy döwlet Baştutanymyzyň türkmen çölüne goýýan belent sarpasyndan nyşandyr. Milli Liderimiziň Mary welaýatyna bolan iş saparynyň barşynda Garagum sährasy bilen ýüzbe-ýüz bolmagy ynsan bilen gözel tebigatymyzyň aýrylmaz arabaglanyşygynyň aýdyň subutnamasydyr. Ummasyz baýlyga hem-de täsin gudrata eýe bolan türkmen sährasynyň keşbinde özüne çekijilik bar. Hut şonuň üçin hem hormatly Prezidentimiz Garagum sährasynyň ekologiýa ýagdaýyna, onuň ösümlik dünýäsine aýawly çemeleşmegiň zerurdygyny belleýär.
Hormatly Prezidentimiz Garagum sährasynyň durşy bilen keramatdygyny belläp, bu künjege zyýarata gelmegiň we ata-babalarymyzy penalan mukaddes sähramyza tagzym etmegiň parz işdigini nygtaýar. Garagum sährasynyň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasy sanawyna goşulmagyna hödürlenendigini Garagum sährasynyň bu sanawa goşulmaga mynasyp görlüp, bu meseläniň üstünde birnäçe abraýly guramalaryň işleýändiklerini bellemek her bir türkmen üçin ýakymly bolsa gerek. Munuň özi türkmen sährasynyň derejesi diňe bir ýurdumyzda däl, eýsem, dünýä möçberinde belent tutulýandygynyň aýdyň subutnamasydyr.
Mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly düýpli ylmy işi dermanlyk ösümlikleriň gymmatly bejeriş häsiýetlerine we häzirki zaman fitoterapiýasynda ulanylýan otlary peýdalanmakdaky türkmen halkynyň köp asyrlyk däplerine bagyşlanandyr.
Döwlet Baştutany bu ýere ýygnananlar bilen mähirli hoşlaşyp, dikuçara mündi. Biraz salymdan hormatly Prezidentimiziň dikuçary Aşgabadyň halkara howa menziline gondy.