Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrmagy boýunça Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy A.Nurberdiýewa Tailand Patyşalygynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi (edarasy Ankara şäherinde ýerleşýär) jenap Rathakit Manathaty kabul etdi.
Milli parlamentiň ýolbaşçysy myhmany döwlet Baştutanymyzyň adyndan ýokary diplomatik wezipä bellenilmegi bilen gutlap, oňa Türkmenistan bilen Tailandyň arasyndaky dostluk gatnaşyklaryny pugtalandyrmak we hyzmatdaşlygy ösdürmek işinde üstünlikler arzuw etdi.
Öz nobatynda, ilçi mähirli arzuwlar üçin hoşallyk bildirip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa we Türkmenistanyň ähli halkyna Tailand Patyşalygynyň ýolbaşçylarynyň we hökümetiniň salamyny hem-de mähirli arzuwlaryny gowşurdy.
Diplomat özüniň parahatçylyk söýüjilikli syýasaty hem-de oňyn başlangyçlary bilen halkara abraýyna eýe bolan Türkmenistanda öz ýurdunyň ilçisi bolmagyň uly hormatdygyny nygtap, iki dostlukly ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň mundan beýläk-de üstünlikli dowam etdirilmegi üçin ähli tagallalary etjekdigine ynandyrdy. Jenap Rathakit Manathat türkmen döwletiniň gazananlaryna haýran galýandygyny aýdyp, olaryň ählisiniň durmuş-gumanitar ugra gönükdirilendigini hem-de türkmen halkynyň jana-jan bähbitlerine hyzmat edýändigini kanagatlanmak bilen nygtady.
Ilçi berk we özara bähbitli ikitaraplaýyn gatnaşyklary ýola goýmagyň möhümdigini belläp, geografik taýdan uzakda ýerleşýändigine garamazdan, iki ýurduň halklaryny parahatçylyk, dostluk we hoşniýetlilik ýörelgelerine gyşarnyksyz eýermek meýliniň baglanyşdyrýandygyny aýratyn belledi. Munuň özi netijeli döwletara hyzmatdaşlygyny ösdürmek üçin ygtybarly esas bolup hyzmat eder.
Duşuşygyň barşynda diplomat hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça Türkmenistanda ýaýbaňlandyrylan we garaşsyz türkmen döwletiniň baş maksadyny—raýatlaryň abadançylygyny üpjün etmek maksadyny durmuşa geçirmäge gönükdirilen giň möçberli durmuş-ykdysady özgertmeleriň amala aşyrylyşy bilen jikme-jik tanyşdyryldy.
Ýangyç-energetika, söwda-ykdysady, medeni-gumanitar we beýleki köp ulgamlar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda görkezildi. Parlamentara gatnaşyklaryny ösdürmek ara alnyp maslahatlaşylan esasy meseleleriň biri boldy. Söhbetdeşligiň barşynda ilçä şeýle hem türkmen parlamentiniň düzümi, onuň kanunçykaryjylyk işi we halkara gatnaşyklaryny ýola goýmagyň tejribesi barada gürrüň berildi.
Şu gün Tailand Patyşalygynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi jenap Rathakit Manathatyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde kabul edildi. Garaşylyşy ýaly, ertir Türkmenistanyň Nebitgaz senagaty we mineral serişdeler ministrliginde, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Nebitgaz serişdelerini dolandyrmak we peýdalanmak baradaky döwlet agentliginde duşuşyklar geçiriler.
Saparyň barşynda ilçi we onuň ýanyndaky wekiliýetiň agzalary türkmen paýtagtyndaky we onuň töweregindäki ajaýyp ýerler bilen tanyşarlar.

* * *