Ï Türkmenistanyň Prezidenti täze gurluşyk taslamalary bilen tanyşdy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti täze gurluşyk taslamalary bilen tanyşdy

view-icon 700
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmennbaşy şäherine iş saparynyň çäklerinde bu ýerde Ruhyýet köşgünde görkezilýän täze gurluşyk taslamalary bilen tanyşdy.

Milli Liderimize deňiz ýakasynda ýerleşýän Türkmenbaşy şäherini mundan beýläk-de ösdürmegiň, onuň çäklerinde seýilgäh zolaklaryny döretmegiň, täze gurulýan binalaryň ýanaşyk ýerlerini abadanlyşdyrmagyň, şeýle hem Türkmenbaşy şäheriniň deňiz kenaryny abadanlaşdyrmagyň taslamalary görkezildi.

Mundan başga-da, hormatly Prezidentimiziň garamagyna Balkan welaýatynyň merkezi şäheri bolan Balkanabatda gurulmagy meýilleşdirlýän desgalaryň taslamalarynyň, hususan-da, “Bagt köşgüniň”, Balkan welaýat kitaphanasynyň, metjidiň iaslamalarynyň birnäçe görnüşleri hödürlendi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hödürlenen taslamalar bilen jikme-jik tanşyp, bar bolan binalary döwrebaplaşdyrmak we täze gurulmagy meýilleşdirilýän desgalar babatda birnäçe bellikleri aýtdy. Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, bu ýerde iň öňdebaryjy binagärlik, bezeg we inženerçilik-tehniki çözgütler milli binagärligimiziň iň gowy ýörelgeleri bilen sazlaşmalydyr, şeýle hem bu ýerde dabaraly hem-de medeni-köpçülik çärelerini geçirmek üçin ähli şertler, mümkinçilikler göz öňünde tutulmalydyr.

Binalaryň ýanaşyk ýerlerini abadanlaşdyrmak barada aýdylanda bolsa, onda tebigy seýilgäh bezegleri ulgamyndaky häzirki zaman tilsimatlarynyň netijeli ulanylmalydygyny, ýerleri tekizlemek, gök zolaklary döretmek, yşyklandyrmak bilen baglanyşykly ähli oňyn usullaryň göz öňünde tutumalydygyny belledi. Munuň özi şäheriň bu künjegine tebigy gözellik we işjeňlik çaýar diýip, milli Liderimiz aýtdy. Ruhyýet Köşgüniň öňünde gurulmagy meýilleşdirilýän suw çüwdürimler toplumy özboluşlylygy bilen tapawutlanmalydyr we ol deňiz ýakasyndaky şäheriň esasy bezegine öwrülmelidir diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady.

Balkanabat şäherinde täze guruljak desgalaryň taslamalary bilen tanşyp, döwlet Baştutanymyz şu we beýleki ähli täze desgalar milli binagärçilik däplerini we gurluşygyň häzirki zaman öňdebaryjy usullaryny özünde jemlemelidir we şäheriň keşbine täze öwüşgin çaýmalydyr diýip ene bir gezek belledi.

Şeýle hem her desganyň öz ähmiýeti bilen baglanyşykly aýratynlygy göz öňünde tutumalydyr hem-de olar binanyň içki we daşky bezeglerinde öz beýanyny tapmalydyr diýip, milli Liderimiz belledi hem-de hödürlenen iaslamalara birnäçe anyk düzedişleri we teklipleri girizdi.

Mundan başga-da, hormatly Prezidentimiziň garamagyna Aşgabat –Türkmenbaşy ulag ýolunyň ugrunda Türkmenbaşy şäherçesiniň ýanynda bir derejeli halkalaýyn ýoluň taslamasy hödürlendi. Döwlet Baştutanymyz taslama bilen tanşyp, bu tehniki-inženerçilik desganyň ýokary halkara ülňülerine doly gabat gelmelidigini aýtdy. Şunuň ýaly taslamalar işlenip taýýarlananda we olar durmuşa geçirilende pudakda bar bolan innowasion tilsimatlar hem-de iň häzirki zaman işläp taýýarlamalar giňden ulanylmalydyr diýip bellemek bilen, milli Liderimiz häzirki döwürde Türkmenistanda ýurduň durmuş-ykdysady taýdan mundan beýläk-de okgunly ösüşiniň esasy şerti bolan ýol-ulag düzüminiň döwrebaplaşdyrylmagyna hem-de ösdürilmegine aýratyn ähmiýet berilýändigini nygtady.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow görkezilen taslamalar bilen tanyşlygy tamamlap, täze taryhy eýýamda ýurdumyzda gurulýan we gurulmagy meýilleşdirilýän ähli desgalar özüniň ýokary hili hem-de göze gelüwliligi bilen tapawutlanmalydyr, çünki beýik özgertmeler eýýamynyň berkarar binalary ýurdumyzyň diňe bir häzirki nesillerine däl, eýsem geljekki nesillerimize-de hyzmat etmelidir diýip belledi.

Döwlet Baştutanymyz Ruhyýet Köşgünden çykyp, bu ýere ýygnananlar bilen mähirli hoşlaşdy, olara işlerinde üstünlik arzuw etdi we Türkmenbaşy şäheriniň halkara howa menziline tarap ugrady.

Biraz wagtdan Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabat şäherine gaýdyp geldi.