Şu gün bu ýerde Hazaryň kenarynda ýerleşýän kaşaň “Serdar” myhmanhanasynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurdumyza iş sapary bilen gelen Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Hamid Karzaýyň arasynda gepleşik geçirildi.
Irden türkmen döwletiniň Baştutanynyň uçary Türkmenbaşy şäherindäki halkara howa menzilinde gondy, bu ýerde milletiň Liderini ýurdumyzyň resmi adamlary garşyladylar. Türkmenistanyň Prezidenti howa menzilinden özüniň kabulhanasy ýerleşýän “Serdar” myhmanhanasyna tarap ugrady.
Owganystanly belent mertebeli myhman “Serdar” myhmanhanasyna geldi. Bu ýerde, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Hamid Karzaýy tüýs ýürekden mähirli garşylady.
Iki ýurduň Döwlet baýdaklarynyň ýanynda surata düşülenden soňra, Türkmenistanyň we Owganystanyň Liderleri bu ýerdäki Ojakly otagda ikiçäk gepleşikleri geçirdiler.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Owganystanly kärdeşini türkmen topragynda ýene-de görýändigine tüýs ýürekden begenýändigini aýdyp, häzirki taryhy döwürde täze anyk many-mazmun bilen baýlaşdyrylýan döwletara gatnaşyklarynyň dostlukly we hoşniýetli goňşuçylyk häsiýetine eýedigini belledi. Milli Liderimiz gepleşikleriň netijeli boljakdygyna ynam bildirip, Türkmenistanyň bu asylly ýörelgelere ygrarlydygyny we geljekde-de goňşy döwlet bilen netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmegi, durmuş-ykdysady düzümi dikeltmekde doganlyk Owganystana hemmetaraplaýyn kömek, goldaw bermegi maksat edinýändigini aýtdy.
Owganystanyň Prezidenti Hamid Karzaý hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa hem-de tutuş türkmen halkyna mähirli, göwnaçyk ýagdaýda kabul edildendigi we myhmansöýerligi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, owgan halkynyň Türkmenistan bilen dostlukly we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryna uly hormat goýýandygyny belledi. Owganystanyň Baştutany doganlyk Türkmenistanyň Owganystanda parahatçylykly durmuşy berkarar etmekde uly goldaw berýändigini kanagatlanma bilen belläp, şeýle hem Bitarap türkmen döwletiniň döredijilikli we parahatçylyk söýüjilikli syýasatyna uly sarpa goýýandygyny nygtady. Türkmen Lideriniň türkmen-owgan gatnaşyklarynyň meselesine aýratyn üns bermegi netijesinde iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlyk täze derejä çykdy diýip, mertebeli myhman aýtdy.
Türkmen-owgan gatnaşyklaryna mahsus bolşy ýaly, özara düşünişmek, ynanyşmak we netijeli ýagdaýda geçen gepleşikleriň barşynda taraplar döwletara hyzmatdaşlygynyň häzirki ýagdaýyny we ony mundan beýläk-de ösdürmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Hamid Karzaý ozal baglaşylan ylalaşyklary we gol çekilen ikitaraplaýyn resminamalary ýerine ýetirmek bilen bagly meseleler boýunça pikir alşyp, ilki başdan deňhukuklylyga, özara hormat goýulmagyna we birek-biregiň bähbitleriniň göz öňünde tutulmagyna esaslanýan türkmen-owgan gatnaşyklarynyň sazlaşykly ösdürilýändigini kanagatlanma bilen bellediler.
Şunuň bilen baglylykda, goňşy döwletiň Baştutany türkmen Lideriniň Birleşen Milletler Guramasynyň münberinden öňe süren hem-de Owganystandaky ýagdaýyň düzgünleşdirilmegine, bu ýurduň durmuş-ykdysady taýdan galkynyşyna, şeýle hem sebit we ählumumy möçberde parahatçylygyň, howpsuzlygyň, yzygiderli ösüşiň üpjün edilmegine, häziruki döwrüň beýleki derwaýys meseleleriniň çözülmegine degişli başlangyçlaryny dolulygyna oňlaýandygyny aýtdy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow türkmen halkynyň parahat we asuda durmuşy gurmakda owgan halky bilen raýdaşdygyny aýdyp, Bitarap Türkmenistanyň Owganystandaky ýagdaýy diňe diplomatik, gepleşikleri geçirmek ýoly arkaly düzgünleşdirmegi ugur edinýändigini hem-de şu ugurda halkara tagallalaryna geljekde-de işjeň ýagdaýda goşulyşjakdygyny aýtdy.
Türkmenistanyň we Owganystanyň Baştutanlary gepleşikleriň barşynda söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk meselesi barada durup geçip, şu ugurda hyzmatdaşlygyň ähli mümkinçiliklerinden peýdalanylmalydygyny bellediler. Şunda Hökümetara türkmen-owgan toparynyň işiniň möhüm ähmiýete eýe bolup durýandygy aýratyn bellenildi, bu topar iki ýurduň arasyndaky söwda dolanyşygynyň möçberleriniň mundan beýläk-de köpeldilmegine, harytlaryň sanawynyň artdyrylmagyna, dürli pudaklarda netijeli we işjeň gatnaşyklaryň ösdürilmegine ýarldam bermelidir.
Duşuşygyň barşynda söhbetdeşler ýangyç-energetika toplumyndaky hyzmatdaşlyga, has takygy, Türkmenistan –Owganystan – Pakistan --Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň gurluşygynyň taslamasynyň iş ýüzünde amala aşyrylmagyna degişli meselelere aýratyn üns berdiler. Şonda Türkmenistanyň başlangyjy boýunça bu uly möçberli energetika taslamasynyň durmuşa geçirilmeginiň oňa gatnaşýan taraplaryň ählisi we ilkinji nobatda Owganystan üçin uly ähmiýete eýe bolup durýandygy hem-de Owganystanyň ykdysadyýetiniň ösdürilmegine, maýa goýumlarynyň çekilmegine, durmuş häsiýetli, şol sanda adamlary iş bilen üpjün etmek boýunça wajyp meseleleriň çözülmegine gös-göni ýardam berjekdigi hem-de tutuş ýurtdaky ýagdaýa oňaýly täsirini ýetirjekdigi bellenildi.
Mälim bolşy ýaly, 2010-njy ýylyň dekabrynda Aşgabatda TOPH taslamasynyň durmuşa geçirilmegine badalga berildi, şonda “Türkmenistan –Owganystan – Pakistan –Hindistan” maslahaty geçirildi, şonuň netijesi boýunça wajyp ylalaşyklar baglaşyldy. Häzirki wagtda taraplar maksada okgunly işleri alyp barýarlar, şol işler baglaşylan ylalaşyklaryň amala aşyrylmagyny çaltlandyrmalydyr. Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bu maslahatda çykyş edende, şol taslamanyň bilelikde üstünlikli amala aşyrylmagynyň bu ýangyç geçirijiniň ugrunda ýerleşýän ýerlerdäki ýagdaýlara oňaýly täsirini ýetirjekdigini belledi. Geljekde TOPH gaz geçirijisi Merkezi we Günorta Aziýadaky, ýanaşyk ýerleşýän sebitlerdäki umumy ýagdaýa oňyn täsirini ýetirjek anyk we netijeli ähmiýete eýe bolup, şu yklymda syýasy we ykdysady gatnaşyklaryň tutuş ulgamynyň sazlaşykly häsiýete eýe bolmagyna ýardam etmelidir.
Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Hamid Karzaý Türkmenistanyň we Owganystanyň energetika boýunça bu uly möçberli taslamanyň durmuşa geçirilmeginiň tizleşdirilmegine gyzyklanma bildirýändigini tassyklap, TOPH gaz geçirijisi boýunça Tehniki iş toparynyň we Ýolbaşçy Komitetiň işiniň wajypdygyny bellediler. Şunuň bilen baglylykda, yzygiderli ýagdaýda ählumumy ösüşiň möhüm ýagdaýy bolup durýan global energetika howpsuzlygyny üpjün etmek babatda möhüm ähmiýetlidigi nygtaldy.
Şeýle hem elektrik energetika ulgamy türkmen-owgan hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda görkezildi. Şunuň bilen baglylykda, owganystanly belent mertebeli myhman hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa Owganystana diýseň zerur bolan elektrik energiýasynyň iberilýän möçberlerini artdyrmak boýunça Türkmenistanyň netijeli çäreleri amala aşyrýandygy üçin hoşallyk bildirdi.
Ýeri gelende aýtsak, geçen ýylyň fewralynda Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi, şonda Owganystana iberilýän elektrik energiýasynyň möçberlerini 5 esse artdyrmaga hem-de bu goňşy döwlete zerur bolan elektrik energiýasynyň möçberiniň 70 göterimine golaýyny üpjün etmäge mümkinçilik döretjek kuwwatly düzüminiň gurulmagy göz öňünde tutulýar. Geljekde şonuň ýaly düzümiň bolmagy biziň ýurdumyza elektrik energiýasyny başga ugurlara-da eksport etmäge mümkinçilik berer.
Taraplaryň pikirine görä, goňşy iki döwletiň geografiki taýdan ýerleşişini göz öňünde tutup aýdanyňda, ulag-aragatnaşyk ulgamynda netijeli hyzmatdaşlyk etmek üçin örän oňaýly mümkinçilikler bar. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan Atamyrat –Ymamnazar –Akina – Andhoý demir ýolunyň çekilmegini teklip etmek arkaly bu ugurda anyk ädimleri ädýär. Ozal habar berlişi ýaly, bu demir ýolunyň gurluşygy boýunça ikitraplaýyn hökümetara Çarçuwaly ylalaşyk 2011-nji ýylyň maýynda Owganystanyň Prezidentiniň Türkmenistana resmi saparynyň barşynda gol çekildi. Netijede, täze demir ýoluň gurulmagynyň we ulanmaga berilmeginiň Owganystanyň ulag düzüminiň ösdürilmegine ýardam bermek bilen çäklenmän, geljekde sebit we halkara derejesinde üstaşyr ulag gatnawynda möhüm ähmiýetli düzüme öwrüljekdigi bellenildi.
Şeýle hem gepleşiklerde döwletara gatnaşyklarynyň möhüm ähmiýetli bölegi bolup durýan gumanitar ugurdaky türkmen-owgan hyzmatdaşlygyna degişli mesele barada gyzykly pikir alşyldy. Iki ýurduň Liderleri şu ugurda, şol sanda bilim, ylym we medeniýet, saglygy goraýyş, şeýle hem sport we syýahatçylyk boýunça däbe öwrülen gatnaşyklaryň mundan beýläk-de çuňlaşdyrylmalydygyny we ösdürilmelidigini aýtdylar. Şunuň bilen baglylykda, Owganystanyň Prezidenti “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynyň haýran galdyrýandygyny aýdyp, onuň özara bähbitli hyzmatdaşlyk hem-de halkara syýahatçylyk we dynç alyş merkezi hökmünde örän oňat mümkinçiliklere eýe bolup durýandygyny aýtdy.
Duşuşugyň barşynda Türkmenistanyň we Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidentleri sebit we halkara derejesindäki syýasatyň özara gyzyklanma bildirilýän wajyp meseleleri barada pikir alyşdylar. Söhbetdeşler parahatçylygy we howpsuzlygy pugtalandyrmak, sebitde we tutuş dünýäde yzygiderli ösüşiň gazanylmagyny üpjün etmek ugrundaky hyzmatdaşlyga degişli meseleler boýunça taraplaryň garaýyşlarynyň meňzeşdigini kanagatlanma bilen belläp, iki ýurduň BMG-niň we beýleki abraýly halkara guramalarynyň çäklerindäki netijeli hyzmatdaşlyga ygrarlydygyny tassykladylar.
Gepleşigiň ahyrynda Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Hamid Karzaý taraplaryň dostluga we hoşniýetli goňşuçylyga mahsus bolan ýörelgelere hem-de özara hoşmeýilli erke daýanmak arkaly, geljekde-de türkmen-owgan gatnaşyklarynyň ähli ugurlar—syýasy, söwda-ykdysady we gumanitar-medeni ulgamlar boýunça berkidiljekdigine we üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.
Duşuşyk tamamlanandan soňra, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow belent mertebeli myhmanyň hormatyna günortanlyk nahar berdi.