Türkmenistanyň döwlet lukmançylyk uniwersitetinde medisina biotehnologiýasy we sport lukmançylygy ylmy – gözleg merkezleri döredildi.
Täze merkezleriň maksady: ýurdumyzyň biofarmasewtiki industriýasynyň, gen we öýjükli inženeriýasynyň, innowasion lukmançylyk tehnologiýasynyň ösüşine ýardam bermek we ýokary netijeleri gazanmaklyga ugrukdyrylan sporty we köpçülikleýin bedenterbiýe hereketiniň lukmançylyk üpjünçiligini gurnamak bolup durýar.
2011-nji ýylyň sentýabr aýynda lukmançylyk uniwersitetinde sport lukmançylygy fakulteti işläp başlady. Biziň döwletimizde sportuň ösüşine aýratyn üns berilýänligini göz öňünde tutup, degişli ylmy-gözleg merkeziniň döredilmegi maksadalaýyk boldy.
Türkmenistanyň döwlet lukmançylyk uniwersiteti 2010-njy ýylda türkmen paýtagtynyň günortasynda gurlan we Halkara lukmançylyk merkezleriniň müdiriýeti bilen ýanaşyk ýerleşýän , häzirki zaman talaplaryna doly laýyk gelýän desgalar toplumyna göçdi. Ýokary okuw mekdebi iň öňdebaryjy saglyk merkezlerindäki ýaly öňdebaryjy enjamlar we tehnikalar bilen abzallaşdyrylan. Geçen ýyl lukmançylyk uniwersitetine bilim hyzmatlaryndaky gazananlary üçin Işewürligiň Ýewropa assambleýasy „Ýewropa hili“ atly halkara sylagyny berdi.
Uniwersitetiň durmuşynyň soňky wakalarynyň biri- onuň ilkinji ylmy – kliniki merkeziniň döredilmegidir. Onuň düzümine öňki göz keselleri halkara merkeziniň çaga göz kesellerini bejeriş bölümi we tiz kömek bölümi geçirildi. Bu bolsa täze görnüşli lukmançylyk edarasynyň, ýagny uniwersitet klinikasynyň döredilmeginiň başlangyjy boldy.