Türkmen okuwçylary matematika, fizika we informatika boýunça 8-nji halkara Žautyk Olimpiadasynda alty medala mynasyp boldular.
Žautyk Olimpiadasy intellektual bäsleşikleriň abraýlysy hasaplanyp, onda ýeňiji bolanlara dünýäniň öňdebaryjy ýokary okuw mekdepleriniň gapylary açylýar. Dürs dersleriň bütin dünýäden gatnaşýan muşdaklarynyň şu ýylky bäsleşigi täze 2012-nji ýylyň olimpiýa hereketiniň badalgasy boldy. Intellektual ýaryşlar Gazagystanyň Almaty şäherinde geçirilip, oňa 18 döwletden 52 topar gatnaşdy. Jemi 350 gatnaşyjy baýrakly ýerler üçin bäsleşdiler.
On okuwçydan düzülen türkmen topary dürli derejeli alty sany medala eýe bolup, gowy netijeleri görkezdiler. Pälwan Agamyradow we Şanur Allabaýew kümüş medallaryna, Aşyrmuhammet Serdarow, Meýlis Mälikow, Mekan Toýjanow we Merdan Gurbangylyjow bürünç medallaryna eýe boldular.