Türkmenistanda bilim edaralary tarapyndan durmuşa geçirilmegi hökmany bolan talaplardan ybarat döwlet bilim standartlaryny işläp düzmegiň we tassyklamagyň bellenen tertipde amala aşyrylmagyny üpjün etmek hem-de “Bilim hakyndaky” Türkmenistanyň Kanunynyň talaplaryny ýerine ýetirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Döwlet bilim standartlaryny işläp düzmegiň we tassyklamagyň Tertibi tassyklanyldy. Türkmenistanyň Bilim ministrligine döwlet bilim standartlarynyň bilim ulgamyna netijeli we talaba laýyk ornaşdyrylmagyny üpjün etmek tabşyryldy.
Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimiziň milli öýjükli aragatnaşyk ulgamynyň göwrümini giňeltmek, edilýän aragatnaşyk hyzmatlarynyň ilatymyza elýeterli bolmagyny üpjün etmek hem-de aragatnaşyk hyzmatlarynyň hilini ýokarlandyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrligine:
Hytaý Halk Respublikasynyň “Huawei Technologies Co.Ltd.” kompaniýasy bilen “Altyn Asyr” öýjükli aragatnaşyk enjamlaryny satyn almak we gurnamak barada;
Finlýandiýa Respublikasynyň “Nokia Siemens Networks OÝ” kompaniýasy bilen
“Altyn Asyr” öýjükli aragatnaşyk enjamlaryny satyn almak we gurnamak barada;
Russiýa Federasiýasynyň “Wostoçnyý weter” ýapyk paýdarlar jemgyýeti bilen “Altyn Asyr” öýjükli we Aşgabat şäher telefon ulgamynyň “CDMA” kysymly aragatnaşyk ulgamlarynyň ACP East Wind hasaplaýyş (billing) ulgamynyň müşderilik ygtyýarnamasynyň göwrümini giňeltmek hem-de goşmaça öýjükli aragatnaşyk hyzmatlaryny ornaşdyrmak üçin tehniki goldaw bermek barada şertnamalary baglaşmaga ygtyýar berildi.
“Türkmenistanyň ilatly ýerlerini arassa agyz suwy bilen üpjün etmek boýunça Baş maksatnamany” üstünlikli durmuşa geçirmek, ilatymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak, ýurdumyzyň suw baýlyklaryny rejeli ulanmak hem-de ilatly ýerlerinde döwrebap tehnologiýalar ornaşdyrylan we ekologiýa taýdan howpsuz agyz suw arassalaýjy desgalary gurmak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda welaýatlaryň häkimliklerine kiçi göwrümli suw arassalaýjy desgalary gurmak baradaky ýerli kärhanalar, şeýle hem “Orin Mühendislik Nakliýat Inşaat Sanaýi we Tijaret Limited Şirketi” türk kompaniýasy bilen şertnamalary baglaşmaga ygtyýar berildi. Gurluşyk işlerine 2012-nji ýylyň fewral aýynda başlamak we desgalary 2012-nji ýylyň sentýabr aýynda ulanmaga doly taýýar edip tabşyrmak bellenildi.
Türkmenistan bilen Türkiýe Respublikasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama bilen Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň Türkmen böleginiň düzümi tassyklanyldy.
* * *