Ï Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

view-icon 692
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Mejlisde käbir resminamalaryň taslamalaryna, şeýle hem ýurdumyzyň durmuşyna degişli möhüm meseleleriň birnäçesine seredildi.

Şu aýyň soňky mejlisiniň gün tertibine geçmezden öň milletiň Lideri ýanwar aýynyň döwlet ähmiýetli wakalara baý bolandygyny aýtdy. Şol wakalar Türkmenistanyň hem hemmetaraplaýyn ösýändigine we biziň ýurdumyzyň ösüşiň we rowaçlygyň ýoly bilen üstünlikli öňe barýandygyna şaýatlyk edýär.

Ilki bilen Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň iş dolandyryjysy H.Muhammedow hasabat bilen çykyş etdi. Ol özüniň gözegçilik edýän ulgamyndaky işleriň ýagdaýy, şeýle hem 30-31-nji ýanwarda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dördünji mejlisini geçirmäge görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi .

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, Türkmenistany we Türkiýäni ägirt uly kuwwata eýe bolan uzakmöhletleýin we strategiki hyzmatdaşlyk baglanyşdyrýar diýip belledi hem-de öň gazanylan hökümetara ylalaşyklarynyň ýerine ýetirilişiniň barşyny seljermegi we toparyň mejlisine ýokary derejede taýýarlyk görmegi tabşyrdy. Bu mejlisiň netijeleri ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek üçin täze goşmaça mümkinçilikleri kesgitlemäge ýardam etmelidir. Türkmen-türk toparynyň işi biziň dostlukly ýurtlarymyzyň arasyndaky söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmek bilen çäklenmän, eýsem, haryt dolanyşygynyň düzüminiň hilini ýokarlandyrmaga, maýa goýum taslamalarynyň paýyny artdyrmaga ýardam etmelidir diýip, milli Liderimiz belledi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Goçyýew döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi, hususan-da, ýurdumyzyň welaýatlarynda kiçi göwrümli suw arassalaýjy desgalary gurmak bilen baglanyşykly alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, bu ugurda alnyp barylýan işleriň esasy maksady “Türkmenistanyň ilatly ýerlerini arassa agyz suw bilen üpjün etmek boýunça Baş maksatnamany” üstünlikli durmuşa geçirmekden, ilatymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmakdan, ýurdumyzyň suw baýlyklaryny rejeli ulanmakdan hem-de ilatly ýerlerde döwrebap tehnologiýalar ornaşdyrylan we ekologiýa taýdan howpsuz agyz suw arassalaýjy desgalary gurmakdan ybaratdyr. Şeýle desgalary her bir welaýatda gurmak göz öňünde tutulýar.

Wise-premýer şeýle hem Türkmenistanyň Prezidentiniň 2010-njy ýylyň 9-njy iýulynda gol çeken “Buhgalterçilik hasaba alnyşy we auditi özgertmegiň maksatnamasy hakyndaky” Kararyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda halkara ülňüleriniň ýörelgelerine laýyk gelýän buhgalterçilik hasaba alnyşynyň we auditiň milli ulgamyna tapgyrlaýyn geçilýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, her bir adam hakdaky aladanyň, türkmenistanlylaryň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmagyň, türkmen halkynyň abadançylygyny ýokarlandyrmagyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan wezipeleri bolup durýandygyny nygtady. “Türkmenistanyň ilatly ýerlerini arassa agyz suwy bilen üpjün etmek boýunça Baş maksatnamanyň” durmuşa geçirilmegi, ilkinji nobatda, şu möhüm meseleleri çözmäge gönükdirilendir diýip, milli Liderimiz sözüni dowam etdi. Hormatly Prezidentimiz welaýatlarda suw arassalaýjy desgalaryň gurulmagynyň çetdäki oba etraplarynyň ýaşaýjylary üçin arassa agyz suwunyň elýeterli bolmagyny üpjün etjekdigini belläp, munuň özi suw serişdelerini rejeli peýdalanmaga we olaryň ýitgisiniň öňüni almaga hem-de Türkmenistanyň ähli ilatyny arassa agyz suwy bilen üpjün etmäge ýardam eder diýip nygtady. Döwlet Baştutanymyz “Ýurdumyzyň welaýatlarynda kiçi göwrümli suw arassalaýjy desgalary gurmak hakyndaky” Kararyň taslamasyny makullap, oňa gol çekdi we onuň ýerine ýetirilişine gözegçiligi üpjün etmegi degişli ýolbaşçylara tabşyrdy.

Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzda maliýe hasabatlylygynyň halkara we milli ülňülerine geçýän kärhanalar, edaralar we guramalar üçin esasy serişdelere hasaplanýan ulanyş tutumlarynyň aňryçäk möçberlerini kesgitlemek boýunça teklipler barada durup geçip, wise-premýere degişli resminamany taýýarlamak babatda görkezme berdi.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, ýurdumyzyň daşary işler ministri R.Meredow adam hukuklary we halkara ynsanperwer hukugy babatda Türkmenistanyň halkara borçnamalaryny ýerine ýetirmegini üpjün etmek boýunça pudagara toparyň hem-de Hazar deňziniň meseleleri boýunça pudagara toparyň 2011-nji ýylda alyp baran işleriniň netijeleri, şeýle hem şol toparlaryň 2012-nji ýyl üçin iş meýilnamalary barada hasabat berdi.

Nygtalyp geçilşi ýaly, Garaşsyzlyk ýyllarynda biziň ýurdumyz hukuk ulgamynda halkara resminamalarynyň köpüsine, goşuldy hem-de öz üstüne alan borçnamalaryny gyşarnyksyz ýerine ýetirýär. Adamyň, ýurdumyzyň her bir raýatynyň hukuklaryny hem-de bähbitlerini üpjün etmek we goramak hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýöredilýän Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda döwlet Baştutanymyz tarapyndan başy başlanan hukuk özgertmeleriniň çäklerinde we degişli pudagara toparyň öňünde goýlan wezipeleriň esasy maksatlary babatda bu ugurda halkara hukugynyň esasy ýörelgelerini nazara almak bilen milli kanunçylygymyzy kämilleşdirmek boýunça teklipleri hem-de maslahatlary taýýarlamak barada iş alnyp barylýar. Bu babatda biziň ýurdumyz abraýly halkara guramalary, ilkinji nobatda BMG we onuň iri düzümleri hem-de, hususan-da, UNISEF bilen netijeli gatnaşyklary ösdürýär.

Wise-premýer, DIM-iň ýolbaşçysy Hazar deňziniň meseleleri boýunça pudagara toparyň işi hakynda hasabat berip, şol toparyň ýakyn günlerde geçirmek bellenilen nobatdaky mejlisinde türkmen döwletiniň Baştutany tarapyndan öňe sürlen, Hazar boýunça halkara başlangyçlaryny dowam etdirmek we durmuşa geçirmek bilen baglanyşykly meselelere garalar diýip habar berdi. Mälim bolşy ýaly, şol başlangyçlar bu özboluşly tebigy suw howdanynyň bioserişdelerini gorap saklamaga, baýlaşdyrmaga hem-de rejeli peýdalanmaga, onuň ekologiýa taýdan howpsuzlygyny üpjün etmäge, oňyn sebitleýin hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilendir. Birnäçe halkara çäreleri, şol sanda Hazar meseleleri boýunça ekologiýa maslahatyny geçirmek meýilleşdirildi. Hazar sebiti boýunça goňşy ýurtlaryň gepleşiklerini işjeňleşdirmek baradaky meýilnamalar bellenildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň dünýä bileleşiginiň deňhukukly agzasy bolmak hem-de BMG-niň binýatlyk resminamalaryna, şol sanda hukuk ulgamynda goşulmak bilen, öz üstüne alan halkara borçnamalaryna ygrarlydygyny iş ýüzünde görkezýär diýip belledi. Munuň özi biziň ýurdumyzyň durmuşa geçirýän içeri we daşary syýasatynyň möhüm ileri tutulýan ugurlaryna doly derejede laýyk gelýär, gymmatly ynsanperwer taglymlar we milletimiziň asyrlardan bäri dowam edip gelýän demokratik däpler, şeýle hem ykrar edilen umumyadamzat gymmatlyklary şolaryň esasyna goýuldy diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady. Milletiň Lideri şunuň bilen baglylykda, adam hukuklary we halkara ynsanperwer hukuklar babatda Türkmenistanyň halkara borçnamalaryny ýerine ýetirmegi üpjün etmek boýunça pudagara toparyň işiniň möhümdigini belläp, şol toparyň işiniň ýokary netijeliligini üpjün etmegi tabşyrdy.

Hazara degişli meseleler barada aýdylanda bolsa, döwlet Baştutanymyzyň nygtaýşy ýaly, Bitarap Türkmenistan deňhukukly, özara bähbitli hyzmatdaşlygyň, milli we umumy bähbitleriň sazlaşygynyň ýörelgelerine esaslanan daşary syýasat ugruny durmuşa geçirmek bilen parahatçylygy hem-de ylalaşygy pugtalandyrmagyň hatyrasyna oňyn gatnaşyklar, ikitaraplaýyn görnüşde hem, köptaraplaýyn görnüşde hem Hazar basseýni sebitinde netijeli hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek ugrunda üýtgewsiz çykyş edýär. Biziň ýurdumyz sebitde parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmek, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklary köp asyrlyk taryhy-medeni aragatnaşyklar bilen baglanyşykly bolan Hazarýaka ýurtlarynyň halklarynyň arasyndaky özara düşünişmegi hem-de ynanyşmagy pugtalandyrmakda netijeli gatnaşyklary giňeltmek maksady bilen, Hazar deňziniň hukuk derejesi bilen baglanyşykly meseleleriň göwnejaý çözgütlerini işläp taýýarlamaga geljekde-de işjeň gatnaşar diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy. Döwlet Baştutanymyz bu barada söz açyp, degişli pudagara toparyň işi barada anyk tabşyryklaryň birnäçesini berdi.

Milletiň Lideri Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidentiniň Türkmenistana iş saparynyň çäklerinde düýn bolan ýokary derejedäki türkmen-owgan gepleşiklerine degişli meseläni gozgap, häzirki wagtda täze hile we mazmuna eýe bolan döwletara gatnaşyklarynyň däp boýunça dostlukly, hoşniýetli häsiýetini nygtap, şol gepleşikleriň netijeli bolandygyny kanagatlanmak bilen belledi. Döwlet Baştutanymyzyň aýdyşy ýaly, Türkmenistan geljekde-de Owganystan bilen hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagy hem-de giňeltmegi, onuň durmuş-ykdysady düzümlerini dikeltmekde hem-de ösdürmekde kömek eder. Şu maksatlar üçin türkmen tarapynyň başyny başlan iri taslamalary, şol sanda Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan /TOPH/ gaz geçirijisini gurmak, goňşy ýurda türkmen elektrik energiýasyny ibermegiň möçberlerini artdyrmak, ulag ulgamlaryny ösdürmek boýunça taslamalar gönükdirildi, olaryň durmuşa geçirilmegi dostlukly owgan halkynyň abadançylygyna hyzmat eder diýip, milletiň Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.

Soňra Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy A.Nurberdiýewa ýurdumyzyň kanunçylygyny has-da kämilleşdirmek boýunça parlamentiň alyp barýan işleri, şeýle hem 2012-nji ýylyň 12-nji fewralynda geçiriljek Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlaryna taýýarlyk görmegiň çäklerinde deputatlaryň ýerlerde we habar beriş serişdeleri arkaly amala aşyrýan işleri barada habar berdi.

Döwlet Baştutanymyz habary diňläp, döwrüň talaplaryny we halkara hukugynyň kadalaryny nazara almak bilen, milli kanunçylygy kämilleşdirmek boýunça mundan beýläk-de netijeli işlemegiň, şeýle hem strategiki döwlet maksatnamalaryny üstünlikli durmuşa geçirmäge, ýurdumyzy ösdürmäge we onuň raýatlarynyň abadançylygyny ýokarlandyrmaga ýardam etjek täze kanunçylyk namalarynyň many-mazmunyny ilata giňden düşündirmegiň möhümdigini nygtady.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary D.Orazow gözegçilik edýän pudaklarynda alnyp barylýan işler, şähergurluşyk-binagärlik işleriniň ýokary hilini üpjün etmek we bu babatdaky işleri mundan buýana-da ösdürmegiň geljegi, şeýle hem milletiň Lideriniň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyza Ahal welaýatynyň Ruhabat etrabynyň Gökdere jülgesinde 300 orunlyk çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezini gurmak boýunça alnyp barylýan işler barada habar berildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, adamlaryň durmuşynyň täze, ýokary ülňülerini üpjün etmegiň Türkmenistanda ýaýbaňlandyrylan giň gerimli gurluşyk işleriniň esasy maksatlarynyň biri bolup durýandygyny belledi. Şunda ösüp gelýän nesil, onuň abadançylygy we saglygy baradaky alada döwletiň aýratyn üns merkezinde durýar. Şunuň bilen baglylykda, milletiň Lideri Gökderede gurulýan sagaldyş-dynç alyş merkezlerine degişli meseleleri berk gözegçilikde saklamagy talap etdi, şol ýerde soňky birnäçe ýylyň dowamynda ajaýyp çagalar şäherçesi emele geldi. Olar her ýylda dynç alyş möwsüminde çagalaryň müňlerçesini kabul edýär. Şolara meňzeş merkezlerde bolşy ýaly, täze çagalar sagaldyş-dynç alyş merkezlerinde çagalaryň oňaýly dynç almagy, wagtlaryny gyzykly we peýdaly geçirmegi üçin ähli şertler döredilmelidir diýip, hormatly Prezidentimiz wise-premýere degişli tabşyryklary berdi.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Hojamuhammedowyň täze taryhy eýýamda ýurdumyzyň nebit we himiýa pudaklaryny hem-de balyk senagatyny ösdürmegiň maksatnamalaryny durmuşa geçirmegiň barşy baradaky hasabaty bilen dowam etdi. Hususan-da, hökümet baştutanynyň orunbasary hasabatyň çäklerinde öz gözegçilik edýän ulgamlaryny döwrüň ýokary talaplarynyň derejesine laýyklykda mundan beýläk-de ösdürmegiň hem-de milli ykdysadyýetimiziň wajyp pudaklaryny düýpli döwrebaplaşdyrmak arkaly işleriň hilini kämilleşdirmek boýunça amala aşyrylýan giň gerimli çäreler, iri maýa goýum taslamalarynyň ilerledilişi, milletiň Lideriniň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada jikme-jik habar berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Garaşsyz Türkmenistan Watanymyzyň ýangyç-energetika toplumyny, şeýle hem himiýa senagatyny we balyk hojalygynyň kärhanalaryny has-da depginli ösdürmäge degişli gaýragoýulmasyz wezipelere ünsi çekdi.

Ýangyç-energetika toplumynda halkara hyzmatdaşlygynyň mundan beýläk-de okgunly ösüşi türkmen halkynyň maddy hal-ýagdaýyny ýokarlandyrmaga, şeýle hem energetika howpsuzlygyny üpjün etmek meselelerini çözmäge hyzmat etjek ýurdumyzyň ägirt uly tebigy baýlyklaryny netijeli peýdalanmaga ýardam eder, şol hyzmatdaşlygy Türkmenistan däp boýunça deňlik we özara bähbitlilik ýörelgelerinde gurýar, munuň özi sebitleýin we dünýä möçberlerinde depginli durmuş-ykdysady ösüşiň möhüm şerti bolup çykyş edýär diýip nygtady.

Bu babatda döwlet Baştutanymyz türkmen energiýa serişdelerini dünýä bazarlaryna ibermegiň köp görnüşli ulgamyny kemala getirmek Türkmenistanyň energetika strategiýasynyň möhüm tarapy bolup çykyş edýär diýip belläp, bu ugurda ilkinji nobatdaky wezipeleri çözmäge jogapkärli çemeleşmegiň möhümdigini görkezdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Ýazmuhammedowa Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan 2011-nji ýylda çeper eserleri, okuw kitaplaryny we gollanmalary çap etmek boýunça alnyp barylan işler hem-de bu gullugyň 2012-nji ýylda öňünde durýan wezipeler barada hasabat berdi.

Geçen ýyl dürli neşirleriň 232-siniň çap edilendigi, “Galkynyş” kitap merkezi tarapyndan ýurdumyzyň kitaphanalarynyň 2557-sine 66 ugra degişli kitaplaryň 255 müň nusgasynyň iberilendigi bellenildi. Üstümizdäki ýylda Türkmen döwlet neşirýat gullugy okuw kitaplarynyň we okuw gollanmalarynyň 173-sini, şeýle hem türkmen, rus we iňlis dillerinde suratly neşirleri, nusgawy edebiýatyň eserlerini hem-de täze Galkynyş we beýik özgertmeler eýýamyny wasp edýän kitaplary çap etmegi meýilleşdirýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň neşirýat işi ulgamynda döwlet syýasatyny durmuşa geçirmäge, ýokary hilli neşirýat önümleriniň çykarylmagyny üpjün etmäge, şeýle hem ýurdumyzda neşirýat işiniň döwlet ygtyýarlandyrmasyny amala aşyrmaga gönükdirilen işiniň örän möhümdigini belläp, täze döwrüň talaplaryny, jemgyýetiň ýokary hilli we dürli görnüşli neşirlere islegleriniň artýandygyny nazara almak bilen, onuň işini kämilleşdirmegiň, şeýle hem kitap neşir etmek ulgamynda häzirki zamanyň iň soňky gazananlaryny önümçilige ornaşdyrmak arkaly onuň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmagyň wajypdygyny nygtady.

Döwlet Baştutanymyz usulyýet we okuw kitaplaryny, nusgawy çeper edebiýatyň eserlerini, täze taryhy eýýamyň belent ruhuny, onuň döredijilik başlangyçlaryny şöhlelendirýän, şeýle hem mähriban ýurdumyzyň täsin tebigy dünýäsine bagyşlanan, suratlar bilen bezelen neşirleri köpçülikleýin çap etmegiň zerurdygyna ünsi çekdi. Soňra hormatly Prezidentimiz türkmen tebigatynyň ajaýyp ýerlere örän baýdygyny belläp, dag-degrelerimiziň, sähra-düzlerimiziň, Garagum çölüniň täsinlikleriniň göreni özüne maýyl edýändigini, ýatdan çykmajak täsirleri galdyrýandygyny buýsanç bilen aýtdy.

Türkmen topragy mukaddesdir. Ummasyz baýlyga hem-de täsin gudrata eýe bolan mähriban Diýarymyzyň her bir daban ýeri keramatdyr. Daglardaky, sähralardaky, çöl-düzlerdäki täsin ösümlik we haýwanat dünýäsi, tutuşlygyna hazyna basyrynyp ýatan uç-gyraksyz Garagum çöli, Köýtendagyň täsinlikleri, milli baýlygymyz bolan ahalteke bedewlerimiz täze taryhy eýamda mähriban Watanymyzyň ýeten belent derejeleri bilen sazlaşykly beýan edilmelidir.

Şunuň bilen baglylykda milli Liderimiz ýylyň islendik paslynda özüniň gözelligi bilen haýran galdyrýan, adamda döredijilik duýgusyny oýarýan türkmen tebigatynyň gaýtalanmajak köp öwüşginliligine bagyşlanan täze tele we radio gepleşikleriň, makalalaryň we oçerkleriň döredilmeginiň zerurdygyna wise-premýeriň ünsüni çekdi. Döwlet Baştutanymyz şeýle hem “Türkmeniň Altyn asyry” bäsleşiginiň çäklerinde ýurdumyzyň žurnalistleriniň arasynda bäsleşigi guramak barada görkezme berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow, umuman, medeniýet ulgamynyň işi barada durup geçip, ýurdumyzda geçirilýän medeni-köpçülikleýin çäreleriň ählisine ýokary derejede taýýarlyk görülmelidigini, olaryň watançylyk hem-de aň-bilim bermek häsiýetine eýe bolmalydygyny ýene-de bir gezek nygtady.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Şagulyýew ýurdumyzyň ulag-aragatnaşyk toplumynyň pudaklarynda geçirilýän işler barada hasabat bilen çykyş etdi. Şol sanda wise-premýer “Altyn asyr” öýjükli aragatnaşyk kärhanasynyň we Aşgabat şäher telefon ulgamynyň göwrümini giňeltmek üçin enjamlary satyn almak we gurnamak bilen baglanyşykly görülýän çäreler, şeýle hem ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda we paýtagtymyzda ýolagçy gatnadýan kärhanalaryň tehnika parkynyň häzirki zaman awtobuslary bilen üpjünçiligini gowulandyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ulag we aragatnaşyk ulgamynda önümçilik görkezijileriniň ösüş depginini kanagatlanma bilen belläp, ulagyň ähli görnüşlerini we telearagatnaşyk ulgamyny mundan beýläk-de ösdürmegiň zerurdygyna aýratyn ünsi çekdi. Döwletimiziň geljekde hem milli ykdysadyýetimiziň bu pudaklarynyň önümçilik-ykdysady kuwwatyny ýokarlandyrmaga giňden goldaw berjekdigini belläp, milletiň Lideri degişli ýolbaşçylara ulag we aragatnaşyk ulgamynda tehnologik taýdan üpjünçilik meselelerini, şeýle hem ýolagçylara we aragatnaşygyň häzirki zaman görnüşlerinden peýdalanýanlara hyzmat etmegiň hilini has-da ýokarlandyrmak meselelerini hemişe gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Ulag we aragatnaşyk kärhanalaryny täzeden enjamlaşdyrmagyň we döwrebaplaşdyrmagyň möhümdigini belläp, hormatly Prezidentimiz bu wezipäniň çözülmegi milli ykdysadyýetimiziň bu möhüm pudaklarynyň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmaga ýardam etmelidir diýip nygtady.

Aragatnaşyk we telekommunikasiýalar ulgamyny ösdürmek meselelerine geçmek bilen, döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň ilatyny telefon aragatnaşygynyň häzirki zaman görnüşleri bilen üpjün etmek we “Altyn asyr” öýjükli aragatnaşygyň milli operatorynyň işini has-da kämilleşdirmek meseleleriniň möhümdigini belledi. Milletiň Lideri “Altyn asyr” öýjükli kärhanasynyň we Aşgabat şäher telefon ulgamynyň göwrümini giňeltmek üçin enjamlary satyn almak we gurnamak hakyndaky” Kararyň taslamasyny makullap we degişli resminama gol çekip, şu wezipäniň çözgüdinde öňdebaryjy tehnologiýalary we täze enjamlary ornaşdyrmak meselesine üns berilmegi örän möhümdir diýip belledi. Ösen tehnologiýalary özleşdirmäge we şeýle enjamlar bilen işlemäge ukyply hünärmenleri öz wagtynda taýýarlamak meselesi hem wajyp bolmagynda galýar.

Döwlet Baştutanymyz ýolagçy gatnadýan kärhanalaryň tehniki parkynyň üstüniň ähli amatlyklary bolan awtobuslar bilen yzygiderli ýetirilip durulmagy barada degişli ýolbaşçylara anyk tabşyryklary berdi.

Soňra gözegçilik edýän obasenagat toplumynyň pudaklarynda işleriň ýagdaýy, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýerine ýetirilişi hakyndaky hasabat bilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Nurmämmedow çykyş etdi.

Hasabatda iş tertibine laýyklykda güýzlük bugdaýa ideg etmek, şeýle hem ekerançylyk meýdanlaryny, tehnikany, ýokary hasylly tohumlary we ýerli hem-de mineral dökünleri ýazky gowaça ekişine taýýarlamak boýunça agrotehniki çäreleriň geçirilýändigi, mallaryň dok we ýyly gyşladylýandygy, şeýle hem öňde boljak owlak-guzy almak möwsümine taýýarlyk görülýändigi, şu jogapkärli döwürde ot-iýmiň ýeterlik mukdarynyň bardygy bellenildi. Gowaça ösdürip ýetişdirýän kärendeçiler bilen 2012-nji ýyl üçin şertnamalar baglaşylýar.

Döwlet Baştutanymyz möwsümleýin oba hojalyk işleriniň guramaçylykly geçirilmeginiň hem-de bildirilýän ýokary talaplara laýyklykda oba hojalyk önümleriniň öndürilişini artdyrmak boýunça çäreleriň yzygiderli görülmeginiň möhümdigini belläp, döwletimiziň mundan buýana-da oba ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak hem-de mülkdarlary we kärendeçi daýhanlary höweslendirmek meselelerine aýratyn üns berjekdigini nygtady. Milletiň Lideri mallaryň dok we ýyly gyşladylmagyny üpjün etmek bilen baglanyşykly jogapkärli işleriň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmeginiň möhümdigi barada wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.

Hormatly Prezidentimiziň aýratyn belleýşi ýaly, şu günler ýurdumyzyň ekerançylyk meýdanlarynda geçirilýän işler öz wagtynda we häzirki zaman ylmynyň gazananlarynyň esasynda ýerine ýetirilmelidir. Döwlet Baştutanymyz oba hojalyk ýerlerini suwaryş suwy bilen üpjün etmek hem-de degişlilikde ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda täze gidrotehniki desgalary gurmak bilen baglanyşykly meseleleri toplumlaýyn çözmegiň zerurdygyny nygtady.

Soňra çykyş eden Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary O.Gurbannazarow gözegçilik edýän pudaklarynda, şol sanda dokma senagatynda, söwdada we daşary ykdysady aragatnaşyklary ösdürmek babatda işleriň ýagdaýy hakynda hasabat berdi. Hasabatda dokma senagaty ministrliginiň “Aşgabat dokma toplumy” ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň ikinji tapgyrynyň gurluşygy barada jikme-jik habar berildi. Täze önümçilik ulgamlarynyň işe girizilmegi ortaça alnanda bir ýarym müň iş orunlaryny döreder, kärhanany enjamlaşdyrmakda soňky nesildäki tehnologiýalary, esasy ýewropa we ýapon önüm öndürijilerinden alnan öňdebaryjy enjamlar oturdylar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, dokma ulgamynyň milli ykdysadyýetimiziň strategiki taýdan möhüm we depginli ösýän pudaklarynyň hataryna girýändigini belledi. Ýurdumyzyň dokma senagatyny döwrebaplaşdyrmak öndürilýän önümleriň hilini, bazaryň soňky talaplaryna laýyklykda haryt baradaky teklipleriň görnüşlerini gyşarnyksyz ýokarlandyrmaga we artdyrmaga gönükdirilendir.

Döwlet Baştutanymyz türkmen dokma önümleriniň daşary ýurtlara iberilişini artdyrmagyň zerurdygy barada söz açyp, maýa goýumlaryny çekmek, häzirki zaman tilsimatlaryny ulanmak pudagyň hünärmenleriniň netijeli işi bilen utgaşmalydyr diýip nygtady. Milletiň Lideri innowasion ösüşe, dünýä bäsleşigini öwrenmäge, bäsleşikli şertlerde işlemek başarnygyna ugur almak bu babatda toplumlaýyn çemeleşme bolmalydyr diýip nygtady.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Toýlyýew, öz gözegçilik edýän ulgamlarynda, hususan-da, ylmy, bilimi, saglygy goraýşy, sporty we syýahatçylygy ösdürmek bilen baglanyşykly möhüm döwlet durmuş syýasatyny hem-de milli maksatnamalary durmuşa geçirmegiň barşy barada hasabat berdi. Wise-premýer şeýle hem döwlet bilim standartlaryny işläp düzmegiň Tertibiniň taýýarlanylyşynyň barşy barada aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow “Döwlet bilim standartlaryny işläp düzmegiň we tassyklamagyň Tertibi hakyndaky” kararyň taslamasyny makullap we degişli resminama gol çekip, ýurdumyzyň bilim ulgamyny mundan beýläk-de toplumlaýyn özgertmek, okatmagyň usullaryny kämilleşdirmek işinde onuň ähmiýetini belledi.

Milletiň Lideriniň nygtaýşy ýaly, gözýetimi giň bolan, ýokary derejede bilimli ýaş nesili kemala getirmek maksady bilen, döwletimiz geljekde-de bilim ulgamyny ösdürmäge doly derejede üns berer, ýaşlaryň halkara ülňüleriniň derejesinde häzirki zaman bilimini alyp we ylmy iş bilen işjeň meşgullanyp bilmekleri üçin ähli şertler döretmek barada alada eder.

Bu babatda döwlet Baştutanymyz kabul edilen resminamany iş ýüzünde durmuşa geçirmäge degişli meseleleri, hususan-da, şu kararyň düýp many-mazmunyny ýurdumyzyň köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde giňden düşündirmek bilen baglanyşykly meseleleri berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow öňde goýlan wezipeleriň ählisiniň möhümdigini nygtap, ýurdumyzyň mundan beýläk-de işjeň durmuş-ykdysady ösüşi we türkmen halkynyň abadançylygy şol wezipeleriň üstünlikli çözülmegine baglydyr diýip belledi we

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisine gatnaşýanlara özleriniň gözegçilik edýän ulgamlarynyň işini seljermegi we 2012-nji ýylyň birinji aýynyň deslapky jemlerini jemlemegi tabşyrdy.

Mejlisde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe möhüm meselelere garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

Milletiň Lideri Ministrler Kabinetiniň mejlisini tamamlap, bu ýere ýygnananlara berk jan saglyk we mähriban Watanymyzyň gülläp ösmeginiň hatyrasyna alyp barýan işlerinde üstünlikler arzuw etdi.