Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Yslam Karimow telefon arkaly söhbetdeş boldular.
Iki döwletiň Baştutanlary birek-birek bilen mähirli salamlaşyp, gadymy wagtlardan bäri ruhy we taryhy taýdan baglanyşýan iki doganlyk halkyň bähbitlerine laýyk gelýän döwletara hyzmatdaşlygynyň has möhüm meselelerini ikiçäk ara alyp maslahatlaşmaga dörän mümkinçilige kanagatlanma bildirdiler.
Telefon arkaly söhbetdeşligiň barşynda Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Yslam Karimow ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn esasda üstünlikli ösdürilýän türkmen-özbek gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýyny we geljegini, şeýle hem özara gyzyklanma bildirilýän sebitleýin we halkara syýasatynyň birnäçe meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.
Söhbetdeşler üstünlikli ösdürilýän hyzmatdaşlygyň işjeň häsiýete eýedigini we onuň mundan beýläk-de ösdürilmegi üçin ägirt uly mümkinçilikleriň bardygyny belläp, taraplaryň özara gatnaşyklary ähli ugurlar boýunça, şol sanda sebitleýin hyzmatdaşlygyň çäklerinde işjeňleşdirmäge ikitaraplaýyn gyzyklanma bildirilýändigini nygtadylar.
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Özbegistanyň Araly halas ediş halkara gaznasyna üç ýyllyk möhlet bilen başlyklyk etjek döwründe alyp barjak işlerinde üstünlik arzuw etdi.
Özbegistanyň Prezidenti hoşniýetli sözler üçin hoşallyk bildirip, häzirki döwürde Türkmenistanda ýurduň Prezidentligine saýlawlar boýunça saýlaw möwsüminiň geçýändigini belledi we bu möhüm jemgyýetçilik-syýasy çäräniň üstünlikli geçirilmegini arzuw etdi.
Iki döwletiň Baştutanlary däp bolan döwletara gatnaşyklarynyň sazlaşykly ösdürilmegine we onuň üstüniň ýetirilmegine bolan ikitaraplaýyn meýilleri tassyk edip, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň üýtgewsiz ösdüriljekdigine we uzakmöhletleýin özara bähbitli esasda ýola goýulýan netijeli hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de üstünlikli dowam etdiriljekdigine ynam bildirdiler.
Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Yslam Karimow hoşlaşanlarynda birek-birege, hoşniýetli arzuwlary, iki doganlyk ýurtlaryň halklaryna bolsa parahatçylygy, durnuklylygy we gülläp ösüşi arzuw etdiler.