Ï Hazar deňziniň meseleleri boýunça pudagara toparyň mejlisi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Hazar deňziniň meseleleri boýunça pudagara toparyň mejlisi

view-icon 570
Şu gün ýurduň DIM-de geçirilen Türkmenistanyň Hazar deňziniň meseleleri boýunça pudagara toparynyň nobatdaky mejlisinde 2011-nji ýylda ýerine ýetirilen işleriň jemlerine seredildi we ýakyn geljek üçin wezipeler kesgitlenildi.

Duşuşyga toparyň agzalary gatnaşdylar, onuň düzümine DIM-niň, Nebitgaz senagaty we mineral serişdeleri ministrliginiň, Tebigaty goramak ministrliginiň, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Hazar deňziniň meseleleri boýunça döwlet kärhanasynyň, Balyk hojalygy döwlet komitetiniň, Döwlet serhet gullugynyň, pudaklaýyn ylmy-barlag institutlarynyň we beýlekileriň ýolbaşçylary girýärler.

Mejlisiň barşynda pudagara toparyň işiniň ileri tutulýan ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Pudagara toparynyň möhüm wezipeleri Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň öňe sürýän halkara başlangyçlaryndan gelip çykýan bu gaýtalanmajak tebigy suw howdanynyň iňňän baý biologiýa serişdeleriniň aýawly saklanylmagyny we netijeli peýdalanylmagyny, onuň ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek, oňyn sebitleýin hyzmatdaşlygy ösdürmek meselelerini iş ýüzünde durmuşa geçirmek boýunça teklipleri işläp düzmekden ybaratdyr.

Bu babatda garalýan döwrüň dowamynda degişli işleriň, şol sanda halkara hukuk kadalarynyň esasynda Hazar deňziniň derejesini kesgitlemek bilen baglanyşykly resminamalary taýýarlamak, daşky gurşawy goramak, şeýle hem Hazar deňziniň meseleleri babatda halkara ähmiýetli duşuşyklary geçirmegi guramak boýunça degişli işler ýerine ýetirildi.

Türkmenistanyň Hazarýaka sebitinde parahatçylygy gorap saklamagyň, özara ylalaşygyň we durnukly ösüşiň tarapdary bolmak bilen, gepleşiklere gatnaşýan taraplaryň ählisiniň milli bähbitlerini hasaba almak esasynda geçirilýän netijeli gepleşikler arkaly geljegi uly bolan taslamalary amala aşyrmakda, Hazar deňzi bilen baglanyşykly meseleleriň tutuş toplumy boýunça goňşy ýurtlaryň öňünde durýan wezipeleri çözmekde hem umumy tagallalary birleşdirmek bilen arkalaşykly hereket etmek ugruna ygrarlydyry nygtalyp geçildi.

Oňyn, hoşniýetli erk-isleg, deňhukuklylyk, özara ynanyşmak, ikitaraplaýyn bähbitlilik ýörelgeleri türkmen döwletiniň halkara hyzmatdaşlygy meselelerinde öňe sürýän esasy ýörelgeleridir. Hazaryň we onuň kenar ýakasynyň köp ugurly kuwwatlyklaryny doly we hemmetaraplaýyn peýdalanmagyň, häzirki taryhy eýýamda biziň döwletimiziň öňünde durýan maksatlary we wezipeleri durmuşa geçirmekde, ähli goňşy döwletleriň, şol sanda Türkmenistanyň hem ykdysadyýetleri üçin örän uly strategiki ähmiýeti bardyr.