Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasynyň ykdysadyýet ministri Zafer Çaglaýany kabul etdi. Ol türkmen paýtagtynda açylýan ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-türk hökümetara toparynyň dördünji mejlisine we türkmen-türk işewürler maslahatyna gatnaşmak üçin öz ýurdunyň wekiliýetine ýolbaşçylyk edip Aşgabada geldi.
Myhman özara söhbetdeşlikde döwletara hyzmatdaşlygynyň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirip, türkmen döwletiniň Baştutanyna Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Abdulla Gülüň we Türkiýe Respublikasynyň Premýer-ministri Rejep Taýyp Erdoganyň mähirli salamyny ýetirdi, şeýle hem türk tarapynyň ileri tutulýan ugurlaryň birnäçesi boýunça netijeli döwletara gatnaşyklaryny giňeltmäge çuňňur gyzyklanma bildirýändigini habar berdi.
Milletiň Lideri myhmana minnetdarlyk bildirip, dostlukly ýurduň ýolbaşçylaryna iň gowy arzuwlaryny beýan edip, soňky ýyllarda türkmen-türk gatnaşyklarynda belent sepgidiň gazanylandygyny kanagatlanmak bilen belledi. Şol gatnaşyklaryň ösüşiniň okgunly häsiýeti iki doganlyk halky baglanyşdyrýan asyrlaryň dowamynda köp babatda ynanyşmak we özara düşünişmek arkaly öňünden kesgitendi. Bellenilişi ýaly, häzir, täze taryhy eýýamda gadymdan gelýän bu hyzmatdaşlyk iki dostlukly ýurduň we tutuş sebitiň durmuş-ykdysady ösüşinde möhüm orun eýeleýän iri möçberli bilelikdäki taslamalarda öz beýanyny tapyp, hil taýdan täze häsiýete eýe bolýar. Şol hyzmatdaşlyk ilkibaşdan deňhukuklylyk, özara bähbitlilik we milli bähbitleri nazara almak ýörelgeleri esasynda guralýar.
Türkmen Lideriniň pikirine görä, bu oňyn gatnaşyklarda ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki hökümetara toparynyň işleri kesgitleýji orny eýeleýär, onuň nobatdaky mejlisi hoşniýetli goňşuçylyk we köpýyllyk üstünlikli hyzmatdaşlyk däpleriniň, şol sanda senagat, oba hojalygy, şähergurluşyk ýaly möhüm ugurlar boýunça gatnaşyklaryň has-da berkidilmegine ýardam eder.
Hökümetara toparyň türk tarapyndan başlygy bolup durýan Türkiýe Respublikasynyň ykdysadyýet ministri öz nobatynda iki döwletiň baştutanlarynyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň we ikitaraplaýyn netijeli hyzmatdaşlygyň döwletara gatnaşyklarynyň möhüm ýagdaýy bolup durýandygyny belledi. Şol gatnaşyklar soňky ýyllarda syýasy, ykdysady we medeni-gumanitar ulgamlarda giňden ýola goýuldy. Pursatdan peýdalanmak bilen, myhman hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa geljegi uly bolan türkmen bazarynda işleýän we Türkmenistanyň ykdysady ösüşine öz mynasyp goşandyny goşýan köpsanly türk kompaniýalaryna berilýän ýardam üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.
Öz ýurdunyň işewür toparlarynyň Türkmenistan bilen ýakyndan gatnaşyklary ýola goýmaga ägirt uly gyzyklanma bildirýändigini ýene bir gezek tassyklamak bilen, jenap Zafer Çaglaýan munuň üçin ähli şertleriň—ozaly bilen, Türkmenistanyň ägirt uly serişdeler we ykdysady mümkinçilikleriniň bardygyny belledi. Türkmenistan dünýä ykdysadyýeti üçin çylşyrymly bolan döwürde ykdysady ösüşiň ýokary depginlerini, şeýle hem ýurtda döredilen, daşary ýurtly maýadarlaryň köp sanlysyny özüne çekýän oňaýly maýa goýum ýagdaýyny saklaýar. Türkmen topragynda amala aşyrylýan, deňi-taýy bolmadyk gerime eýe bolan özgertmelere haýran galýandygyny aýdyp, myhman hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa öz halkynyň bagtýarlygynyň we abadançylygynyň hatyrasyna başyny başlaýan ähli işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.
Türkmenistanyň Prezidenti we Türkiýe Respublikasynyň ykdysadyýet ministri hoşlaşanlarynda türkmen hem-de türk halklarynyň arasyndaky dostluk we doganlyk gatnaşyklarynyň has-da berkemeginiň hatyrasyna söwda-ykdysady hyzmatdaşlygynyň üstünlikli dowam etdiriljekdigine ynam bildirdiler.
Duşuşyga Türkiýe Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi jenap Şewki Mütewellioglu gatnaşdy.