Ï Türkmenistanyň Prezidenti göni aragatnaşyk arkaly wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti göni aragatnaşyk arkaly wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi

view-icon 645
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti welaýatlaryň häkimleriniň we käbir hökümet agzalarynyň gatnaşmagynda göni aragatnaşyk arkaly nobatdaky wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi. Iş maslahatynda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň esasy wezipelerine, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşyna, şeýle hem milli özgertmeler maksatnamalaryny durmuşa geçirmek boýunça çärelere we döwlet durmuşynyň beýleki birnäçe meselelerine garaldy.

Göni aragatnaşykda geçirilýän wideoşekilli iş maslahatynda ilki bilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Nurmämmedowyň hasabaty diňlenildi. Wise-premýer ýurdumyzyň obasenagat toplumynda häzirki ýagdaý, gowaça ekişine işjeň taýýarlyk görmek, şeýle hem maldarçylyk pudagynda işleriň ýagdaýy, hususan-da, mallaryň dok we ýyly gyşladylmagyny üpjün etmek boýunça durmuşa geçirilýän çäreler barada hasabat berdi.

Türkmenistanyň Prezidenti häzirki wagtda ýurdumyzyň obasenagat toplumynyň öňünde duran esasy wezipe ekiş möwsüminde ýokary görkezijileri gazanmakdan ybaratdyr diýip belläp, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşyny yzygiderli gözegçilikde saklap, şol işleriň göwnejaý guralmagy üçin bu işe çekilen ähli düzümleriň utgaşykly hereketini üpjün etmegi, oba hojalyk tehnikasynyň we beýleki maddy serişdeleriň rejeli hem-de netijeli peýdalanylmagyny tabşyrdy. Döwlet Baştutany oba hojalyk pudagynyň desgalarynyň gurluşygynda işleriň ýagdaýy bilen gyzyklanyp, olaryň oňat hilli geçirilmegi we wagtynda tamamlanmagy üçin ähli zerur çäreleri görmegi talap etdi.

Soňra göni aragatnaşykda geçirilýän wideoşekilli iş maslahaty Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Goçyýewiň hasabaty bilen dowam etdi. Ol häzirki döwürde ýurdumyzyň oba hojalyk ulgamyny toplumlaýyn esasda ösdürmek, pudagyň ähli düzümlerini maliýeleşdirmek hem-de obalary we şäherçeleri abadanlaşdyrmak, welaýatlaryň ilatynyň durmuş derejesini ýokarlandyrmak boýunça maýa goýum serişdelerini özleşdirmek babatda alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň ähli künjeklerinde ýaýbaňlandyrylan özgertmeler maksatnamasynyň çäklerinde obalary medeni hem-de durmuş taýdan ösdürmek, welaýatlaryň senagat mümkinçiliklerini artdyrmak babatda döwletimiziň mundan beýläk-de alada etjekdigini aýdyp, bu maksatlar üçin zerur serişdeleriň yzygiderli goýberiljekdigini belledi.

Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutany ýurdumyzyň bank-maliýe düzümleriniň we olaryň ýerlerdäki bölümleriniň bu ugurda amala aşyrýan işini netijeli guramak boýunça birnäçe tabşyryklary berdi.

Soňra döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow göni aragatnaşykda geçirilýän wideoşekilli iş maslahatyna Ahal welaýatynyň häkimi D.Myratberdiýewi çagyrdy. Häkim welaýatda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň alnyp barlyşy, şeýle hem hormatly Prezidentimiziň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi, welaýatda gurulýan dürli maksatly desgalarda işleriň ýagdaýy hakynda hasabat berdi.

Milli Liderimiz welaýatyň ekin meýdanlarynda gowaça ekişine taýýarlyk görmek babatda geçirilýän agrotehniki çäreleriň bellenen möhletlerden yza galýandygyny belläp, bu ugurda alnyp barylýan işleriň depginini güýçlendirmek, işiň netijeliligini ýokarlandyrmak boýunça zerur guramaçylyk çäreleri görmegi talap etdi. Ýurdumyzyň Prezidenti

öňde goýlan wezipeleri çözmäge utgaşykly çemeleşmegiň möhümdigi hakynda söz açyp, welaýatyň ähli etraplary üçin, şol sanda degişli gulluklar we pudaklaýyn düzümler bilen bilelikde hereket etmegiň anyk meýilnamasyny işläp taýýarlamak barada görkezme berdi.

Soňra göni aragatnaşykda geçirilýän iş maslahatynda Balkan welaýatynyň häkimi S.Satlykow çykyş etdi, ol welaýatyň ekerançylyk meýdanlarynda oba hojalyk işleriniň depginleri, dürli ähmiýetli desgalaryň gurluşygy, "Awaza" milli syýahatçylyk zolagyndaky täze gurluşyklar barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz welaýatyň çäginde ýaýbaňlanan uly möçberli gurluşyk işleri bilen bir hatarda, beýleki pudaklarda hem durmuşa geçirilýän çäreleriň netijeliligini ýokarlandyrmak üçin ähli zerur çäreleri görmegi tabşyrdy. Hususan-da, döwlet Baştutanymyz welaýatda gowaça ekişine taýýarlyk işleri boýunça durmuşa geçirilýän çäreleriň meýilnamada bellenilen möhletlerden yza galýandygyny belläp, işleriň guralyşynyň pes derejededigini aýtdy we şol işleri çaltlandyrmak barada degişli çäreleri görmegi talap etdi. Milletiň Lideri iş meýilnamalaryň ýerine ýetirilişine yzygiderli gözegçilik etmek barada görkezme berip, jikme-jik iş meýilnamalaryny düzmegi hem welaýatyň ýolbaşçylaryna tabşyrdy.

Göni aragatnaşykda geçirilýän wideoşekilli iş maslahatynyň dowamynda Daşoguz welaýatynyň häkimi E.Orazgeldiýew hasabat berdi, ol häzirki döwürde welaýaty durmuş-senagat taýdan ösdürmegiň maksatnamasynyň çäklerinde alnyp barylýan işler, şeýle hem möwsümleýin agrotehniki çäreler hakynda habar berdi.

Döwlet Baştutany Gurbanguly Berdimuhamedow döwletimiziň oba hojalyk önümlerini öndürijilerine hem-de obasenagat toplumyny ösdürmäge giňden goldaw berýän mahaly öňde boljak gowaça ekişiniň hemme ýerlerde guramaçylykly geçirilmelidigini belläp, bu wezipeleri we şu ýyl Daşoguz welaýatynyň öňünde goýlan beýleki wezipeleri çözmek barada görkezme berdi. Mundan başga hem Türkmenistanyň Prezidenti demirgazyk welaýatda gurulýan desgalarda gurluşyk işleriniň ýokary hilini üpjün etmegi hem-de olaryň iň häzirki zaman ülňülerine laýyk gelmegi üçin gurulmagy meýilleşdirilýän durmuş maksatly desgalaryň taslamalaryny ykjam işläp taýýarlamagy tabşyrdy.

Soňra Lebap welaýatynyň häkimi Ý.Ýaýylow hormatly Prezidentimiziň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi we welaýatda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýagdaýy, hususan-da, gowaça ekişine taýýarlyk görmek babatda geçirilýän işler barada hasabat berdi. Öň habar berlişi ýaly, welaýatyň gowaça ekiljek ýerlerinde häzirki wagtda sürüm işleri tamamlanyp barýar, degişli düzümleriň gatnaşmagynda kärendeçiler bilen maslahatlar guralýar, ekerançylygyň medeniýetini ýokarlandyrmak we agrotehnikanyň talaplaryny iş ýüzünde ornaşdyrmak boýunça işler geçirilýär.

Döwlet Baştutanymyz zerur guramaçylyk şertleriniň döredilmeginiň we ulgamlaýyn çemeleşmegiň sebitleýin ösüşiň maksatnamasyny durmuşa geçirmäge bildirilýän esasy talap bolup durýandygyny belläp, welaýatda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň göwnejaý, bellenilen meýilnamalara laýyklykda ýerine ýetirilmegi bilen bir hatarda, ilatyň durmuş derejesini ýokarlandyrmak bilen baglanyşykly meseleleriň welaýatyň ýolbaşçylarynyň aýratyn üns merkezinde bolmagyny talap etdi.

Göni aragatnaşykda geçirilýän iş maslahatynda çykyş eden Mary welaýatynyň häkimi K.Gurbanow döwlet durmuş-ykdysady syýasatyň esasy ugurlary boýunça welaýatda alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Häkimiň habar berşi ýaly, welaýatda sürüm we ýerleri gurplandyrmak işleri ýokary depginlerde alnyp barylýar, şol işleri fewral aýynyň ortasynda tamamlamak meýilleşdirilýär.

Türkmenistanyň Prezidentiniň tabşyrygyna laýyklykda ähli etraplaryň häkimleri oba hojalyk meýdanlaryna yzygiderli aýlanýarlar we ýerlerde geçirilýän işlere gözegçilik edýärler, welaýatyň obalaryny we şäherçelerini abadanlaşdyrmak boýunça toplumlaýyn çäreler amala aşyrylýar.

Döwlet Baştutany welaýatda ilatyň maddy hal-ýagdaýyny mundan beýläk-de gowulandyrmak barada durmuşa geçirilýän çärelere örän jogapkärli çemeleşmegiň möhümdigini we bu meseleleri ýolbaşçylaryň üns merkezinde saklamagyň zerurdygyny belläp, welaýatyň senagat düzümlerini ösdürmek, ilaty iş bilen üpjün etmek, döwlet strategiýasyna laýyklykda durmuş-ykdysady wezipeleri çözmegiň täze netijeli usullaryny peýdalanmak boýunça anyk tabşyryklary berdi. Bu babatda milletiň Lideri welaýatda dürli maksatly desgalaryň gurluşygy hojalyk işiniň görnüşlerini we usullaryny täzelemek, adamlaryň durmuşy, işi we dynç alşy üçin mynasyp şertleri döretmek bilen utgaşdyrylmalydyr diýip nygtady. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bütin ýurdumyzda bolşy ýaly, welaýatda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň obasenagat toplumynyň işgärleriniň esasy wezipesi bolmalydygyny belläp, şol işleri ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmegi üpjün etmegi tabşyrdy.

Soňra göni aragatnaşykda geçirilýän wideoşekilli iş maslahatyna ýurdumyzyň oba hojalyk ministri M.Baýramow çagyryldy. Ol häzirki döwürde ýurdumyzyň ekin meýdanlarynda alnyp barylýan agrotehniki çäreleriň ýagdaýy, şeýle hem işledilýän tehnikalar, ýerleri ýaz ekişine taýýarlamak hem-de güýzlük däne ekinlere ideg etmek bilen baglanyşykly durmuşa geçirilýän çäreler hakynda hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz ministrlik tarapyndan ýurdumyzyň ekerançylyk meýdanlarynda işleriň hiline ýeterlik derejede berk gözegçilik edilmeýändigini, oba hojalyk dolanyşygyna girizilen we girizilýän ekerançylyk meýdanlarynyň berk hasabynyň ýöredilmeýändigini aýdyp, ministrligiň ýolbaşçysyna nägilelik bildirdi, ýol berlen säwlikleri gysga möhletlerde düzetmek üçin zerur çäreleri görmegi talap etdi. Oba hojalygyny ösdürmek, pudagyň işini kämilleşdirmek boýunça ilkinji nobatdaky çäreleri görmek, pudagyň işini kämilleşdirmek, bu ugra dünýäniň iň öňdebaryjy tejribesini giňden ornaşdyrmak hem-de tutuşlygyna alnanda, ýurdumyzyň obasenagat toplumynyň netijeliligini we düşewüntliligini ýokarlandyrmak boýunça anyk tabşyryklary berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow göni aragatnaşyk arkaly geçirilýän wideoşekilli iş maslahatynyň ahyrynda, ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmak, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini gowulandyrmak bilen bagly şu günki seredilen meseleleriň wajypdygyny ýene-de bir gezek belledi. Döwlet Baştutanymyz biziň bellän ähli wezipelerimizi üstünlikli çözmek üçin anyk şertler döredildi diýip nygtamak bilen, işe höwes, beletlik bilen we jogapkärli çemeleşmegiň welaýatlaryň hem-de pudaklaryň ýolbaşçylaryna bildirilýän esasy talap bolmalydygyny görkezdi.

Milletiň Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow işe diňe şular ýaly çemeleşmegiň öňde goýlan maksatlary gazanmaga getirjekdigine, mähriban Watanymyzyň rowaçlygyny we halkymyzyň bagtly durmuşyny üpjün etjekdigine uly ynam bildirip, maslahata gatnaşyjylara işde uly üstünlikleri arzuw etdi.