Ï Türkmenistanyň Prezidenti Malaýziýanyň daşary işler ministrini kabul etdi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti Malaýziýanyň daşary işler ministrini kabul etdi

view-icon 622
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Malaýziýanyň öz ýurdunyň wekiliýetine ýolbaşçylyk edip, türkmen paýtagtyna gelen daşary işler ministri jenap Anifah Amany kabul etdi.

Jenap Anifah Aman ýüzbe-ýüz duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, milli Liderimize Türkmenistan bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine uly üns berilýän ýurt bolan Malaýziýanyň Premýer-ministri Mohd Najib Tun Abdul Razakyň iberen salamyny we hoşniýetli arzuwlaryny ýetirdi. Şunda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň geçen ýylyň dekabrynda Malaýziýa amala aşyran we däbe öwrülen dostlukly ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň taryhynda täze sahypany açan döwlet saparynyň möhüm ähmiýete eýe bolandygy bellenildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Malaýziýanyň Premýer-ministri Mohd Najib Tun Abdul Razaka hoşniýetli arzuwlaryny aýtdy we Türkmenistanyň mundan beýläk-de Malaýziýa bilen ýola goýulýan netijeli hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna we giňeldilmegine uly gyzyklanma bildirýändigini belledi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz iki ýurduň ikitaraplaýyn tagallalary netijesinde häzirki döwürde täze ösüşe eýe bolan we täze many-mazmun bilen üsti ýetirilýän türkmen-malaýziýa gatnaşyklarynyň ýokary derejesini kanagatlanma bilen belläp, netijeli döwletara hyzmatdaşlygyny okgunly ösdürmek üçin ägirt uly mümkinçilikleriň bardygyny nygtady.

Duşuşygyň barşynda döwletara gatnaşyklarynyň ileri tutulýan ugurlary boýunça işjeň pikir alyşmalar boldy. Hormatly Prezidentimiz we Malaýziýanyň daşary işler ministri taraplaryň işjeň syýasy gatnaşyklara üýtgewsiz ygrarlydyklaryny tassyklap, söwda-ykdysady ulgamy we başga-da birnäçe pudaklar, şol sanda hyzmatdaşlygyň köpýyllyk tejribesi toplanan ýangyç-energetika toplumy boýunça özara gatnaşyklary mundan beýläk-de çuňlaşdyrmagyň hem-de diwersifikasiýa etmegiň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Bellenilişi ýaly, häzirki döwürde Türkmenistanda durmuşa geçirilýän iri düzümleýin taslamlary hem-de giň möçberli özgertmeler maksatnamasyny nazara almak bilen, hyzmatdaşlygyň giň ugurlary, hususan-da, senagat pudagy, ulag hem-de aragatnaşyk ulgamlary, ýokary tilsimatlary ornaşdyrmak, syýasatçylyk we beýleki ugurlar boýunça özara gatnaşyklary işjeňleşdirmek üçin amatly mümkinçilikler açylýar. Şu jähetden Malaýziýanyň işewür toparlarynyň oňaýly maýa goýum şertleri döredilen we yzygiderli ösdürilýän ygtybarly bazary bolan Türkmenistan bilen uzakmöhletleýin hyzmatdaşlygy ýola goýmaga çalyşýandyklary nygtaldy. Şeýle hem gumanitar ulgamda, şol sanda bilim ulgamynda we ýokary hünärli işgärleri taýýarlamakda ylym we medeniýet pudaklarynda däp bolan ikitaraplaýyn gatnaşyklary pugtalandyrmagyň möhüm ähmiýete eýedigi bellenildi.

Şeýle hem Malaýziýanyň Türkmenistandaky Ilçihanasyny Aşgabatda açmak bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Mälim bolşy ýaly, milli Liderimiziň Malaýziýa bolan döwlet sapary mahalynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Malaýziýanyň Premýer-ministri jenap Mohd Najib Tun Abdul Razakyň arasynda bolan gepleşiklerde bu babatda Malaýziýa tarapynyň çözgüdi beýan edildi.

Hormatly Prezidentimiz we Malaýziýanyň daşary işler ministri hoşlaşanlarynda, ilki başda deňhukuklylyk, birek-birege hormat goýmak we oňyn hyzmatdaşlyk esasynda ýola goýlan hem-de häzirki taryhy tapgyrda täze ösüşe eýe bolan türkmen-malaýziýa gatnaşyklarynyň iki dostlukly ýurduň halklarynyň abadançylygynyň hatyrasyna mundan beýläk-de üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.

* * *


Şol gün Malaýziýanyň daşary işler ministri we onuň ýolbaşçylyk edýän wekiliýetiniň agzalary Türkmenistanyň Hökümetinde, Daşary işler ministrliginde kabul edildi. Duşuşyklarda döwletara hyzmatdaşlygynyň möhüm meseleleri boýunça gyzyklanma bildirilýän pikir alyşmalar dowam etdirildi.