Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Daşoguz welaýatyna iş saparyny amala aşyrdy, onuň çäklerinde welaýatda ýaýbaňlanan gurluşyk we oba hojalyk işleriniň barşy, durmuş-ykdysady özgertmeleriň maksatnamalarynyň ýerlerde durmuşa geçirilişi bilen tanyşdy.
Türkmen döwletiniň Baştutanynyň welaýatlara şu ýylyň başynda amala aşyrýan saparlarynyň esasy maksatlarynyň hatarynda Türkmenistanyň Prezidentiniň 12-nji fewralda boljak saýlawlaryna taýýarlyk görmegiň çäklerinde saýlawçylar bilen duşuşyklar bolup durýandygyny hem bellemek gerek.
Ir säher bilen hormatly Prezidentimiziň uçary Daşoguz şäheriniň howa menzilinde gondy. Bu ýerde milletiň Liderini demirgazyk welaýatyň häkimi mähirli garşylady. E.Orazgeldiýew welaýatda durmuş, medeni we önümçilik maksatly desgalaryň birnäçesini gurmagyň taslamalaryny hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň garamagyna hödürledi.
Şolaryň hatarynda “Bagt köşgi” bar, ony Daşoguz şäherinde gurmak meýilleşdirilýär. Hususan-da, “Bagt köşgi” nikalaşmak we toý dabaralaryny geçirmek üçin birnäçe zallary, şeýle hem milli lybaslaryň we şaý-sepleriniň salonlaryny, dürli dükanlar, dolandyryş otaglary, RÝNÝ edaralarynyň iş otaglary we başgalary özünde jemlär.
Daşogzuň golaýynda däp bolan gölüň görnüşinde bazar gurmak meýilleşdirilýär. Täze bazar Daşoguz-Aşgabat gara ýolunyň ugrunda 35 gektara barabar giň meýdany eýelär.
Döwlet Baştutany bu taslamalar bilen tanşyp we şolar boýunça birnäçe teklipleri we düzedişleri aýdyp, täze desgalaryň milli öwüşgini beýan etmelidigini hem-de şäheriň binagärlik keşbiniň bezegi bolmalydygyny nygtap, şol desgalaryň daşky bezegine düýpli çemeleşmegiň möhümdigini görkezdi. Mundan başga hem milletiň Lideri gurluşyk işleriniň hilini üpjün etmek bilen bir hatarda, eýýäm häzirki wagtda “Bagt köşgüniň” we merkezi bazaryň netijeli guramaçylyk düzümi, adamlar üçin häzirki ülňülere laýyk gelýän has oňaýly şertleri döretmek barada oýlanyşmagyň zerurdygyny hem nygtady.
Hödürlenen taslamalaryň hatarynda S.A.Nyýazow adyndaky etrabyň gurmak meýilleşdirilýän täze maldarçyyk toplumy we şol etrapabynyň J.Hudaýbergenow adyndaky geňeşliginde “Täze oba” atly tutuş ilatly ýeri döretmek hem bar. Binagärlik özgertmeleri Köneürgenç şäherinde hem bolup geçer, hususan-da, bu ýerde uly metjidi gurmak bellenildi.
Döwlet Baştutany Daşoguz şäheriniň Bitaraplyk şaýolunda “Şabat” kanalynyň üstünden köprüni gurmagyň taslamalaryna hem garady. Hünärmenleriň hasaplamalaryna görä, köpri 5 metrlik bölüji zolak bilen 72 metr uzynlykda, 31,5 metr inlilikde bolar. Bu köpriniň gurulmagy şäheriň häzirki zaman ulag düzümini ösdürmekde ýene-de bir möhüm ädim bolar.
Ýaşaýyş jaý gurluşygynyň maksatnamasy boýunça ýakyn wagtlarda bu ýerde has oňaýly öýleri bolan 4 gatly jaýlaryň toplumyny, jemi alnanda 17 binany gurmak meýilleşdirilýär. Olar Daşoguz köçesiniň ugrunda ýerleşer. Toplum töweregindäki abadanlaşdyrylan çäkler we çagalaryň oýun oýnalýan meýdançalary bilen bilelikde ýaşaýyş jaýlarynyň iki kysymyny özünde jemlär.
Mundan başga-da, welaýatyň dolandyryş merkezinde degişli düzümleri bolan bäş ýyldyzly myhmanhana we täze seýilgäh peýda bolar. Seýilgähde “sazly” suw çüwdürimler, amfiteatr, çagalar üçin meýdançalar, medeni dynç alyş merkez, söwda nokatlary we sagatly minara gurlar. Türkmen tebigatynyň gözel künjekleriniň görnüşini gaýtalaýan nusgalar oňa aýratyn bezeg berer.
Milletiň Lideri sagaldyş merkezi bolan 420 orunlyk mekdep-internatynyň taslamasyna aýratyn üns berdi. Bu aslynda maýyp we ösüşinde dürli bozulmalary bolan çagalar üçin ýöriteleşdirilen mekdep-internatlarynyň we çagalar baglarynyň toplumy bolar. Bu ýerde aýratyn alada mätäç bolan çagalaryň okamagy we ösmegi, durmuş taýdan uýgunlaşmagy üçin ähli şertler dörediler.
Soňra bu ýerde, howa menzilinde milletiň Lideri hödürlenen taslamalary durmuşa geçirmäge we olary maliýeleşdirmäge hem-de beýleki guramaçylyk meselelerine, şeýle hem welaýatlarda ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça milli maksatnamalary durmuşa geçirmek baradaky toplumlaýyn çärelere bagyşlanylan iş maslahatyny geçirdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow islendik maýa goýum, gurluşyk taslamasyna welaýatyň durmuş we ykdysady gurşawy nazara alnyp garalmalydyr hem-de serişdeleri göwnejaý peýdalanmagyň esasynda amala aşyrylmalydyr diýip belläp, bar bolan maýa goýum usullarynyň, tehnologiýalaryň we gurallaryň ähli görnüşleriniň mümkinçiliklerini öwrenmek barada görkezme berdi, olar welaýaty ösüşiň hil taýdan täze derejesine çykarmaga anyk ýagdaýda ýardam eder.
Döwlet Baştutany Daşoguz welaýatynyň häkimine ýüzlenip, welaýatyň senagat düzümini mundan beýläk-de ösdürmek boýunça bellenilen meýilnamalary gyşarnyksyz durmuşa geçirmegiň zerurdygyny aýtdy we degişli düzümleriň sazlaşykly işini üpjün etmegiň möhümdigini belledi hem-de bu babatda degişli wise-premýerlere anyk tabşyryklary berdi.
Soňra Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow özüne garaşyp duran dikuçara mündi we S.A.Nyýazow adyndaky etrabyň Magtymguly adyndaky daýhan birleşiginiň maldarçylyk hojalygyna geldi.
Ýeri gelende aýtsak, S.A.Nyýazow adyndaky etrapda täze gurulmaly maldarçylyk toplumy üçin 8 gektar ýer bölünip berildi. Onuň düzümine gara mallaryň 500-si üçin niýetlenen ferma, kuwwaty bir ýylda 120 tonna barabar bolan eti, 2000 tonna süýdi gaýtadan işleýän bölümler, şeýle hem ammarlar we beýlekiler girer. Fermany 40 sygry bir wagtda sagmaga niýetlenen häzirki zaman enjamlar bilen üpjün etmek meýilleşdirilýär.
Döwlet Baştutany ýerli hojalykda işleýän sagymçylar—maldarçylyk pudagynda esasy kärleriň biriniň wekilleri bilen söhbetdeş boldy. Milletiň Lideri olaryň zähmet we durmuş şertleri, iş-aladalary bilen jikme-jik gyzyklandy.
Sagymçy zenanlar oba zähmetkeşlerine işjeň üns berýändigi, mynasyp şertleriň döredilýändigi we iş haklarynyň yzygiderli ýokarlandyrylýandygy üçin, şeýle hem golaýda Türkmenistanyň “Maşgala kodeksiniň” kabul edilendigi, çaga dogran enelere birwagtlaýyn kömek pulunyň we çagasy 3 ýaşa ýetýänçä zähmet rugsadynyň berilýändigi, ýaş çatynjalara öý-goşlaryny we durmuşda zerur bolan ilkinji nobatdaky wajyp zatlary satyn almak üçin döwlet tarapyndan berilýän ýeňillikler üçin, umuman ýurdumyzda aýal-gyzlaryň önümçiligiň dürli pudaklarynda artdyrylan gaýrat bilen öndürijilikli zähmet çekip, milli özgertmeler eýýamynyň belent sepgitleriniň üstünlikli eýelenilmegine saldamly goşant goşmagy üçin ähli amatly şertleriň döredilýändigi üçin, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa ägirt uly hoşallyk bildirdiler.
Ruhubelent sagymçy gyz-gelinler ýurdumyzyň durmuşyndaky möhüm jemgyýetçilik-syýasy çärä – Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlaryna bir adam ýaly bolup işjeň gatnaşjakdyklaryny hem-de şu ýylyň 12-nji fewralynda boljak saýlawlarda halkyň doly ynamyna we gyzgyn goldawyna mynasyp bolan milletiň Liderine öz seslerini berjekdiklerini aýtdylar.
Döwlet Baştutany maldarçylyk pudagynda gazanylýan üstünliklere we obany ýokary götermäge sagymçylaryň uly goşant goşýandygyny belläp, ýeňil bolmagyk her günki we möwsümleýin zähmetleri üçin tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi.
Söhbetdeşligiň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hemmelere berk jan saglyk, işde üstünlikler, maşgala abadançylygyny arzuw etdi we bu ýere ýygnananlar bilen hoşlaşyp, dikuçara tarap ugrady.
Şol ýerden milletiň Lideri suw howdanynyň gurluşygy meýilleşdirilen ýere tarap Köneürgenç etrabyna uçdy.
Uçuş mahaly Türkmenistanyň Prezidenti welaýatyň oba hojalyk ýerlerini gözden geçirip, ekerançylyk meýdanlarynyň ýagdaýyna, tehnikanyň sürüm işlerinde sazlaşykly peýdalanylmagyna we öňde boljak gowaça ekişi möwsümine umumy taýýarlyga, şeýle hem welaýatyň çäklerinde milli özgertmeler eýýamynda giň gerimde ýaýbaňlandyrylan il-ulus, döwlet ähmiýetli möhüm gurluşyk desgalarynda işleriň döwrüň ýokary talaplaryna laýyklykda alnyp barlyşyna aýratyn üns berdi.
Basym döwlet Baştutanynyň dikuçary geljekki gurluşyk desgasynyň ýanyndaky ýörite meýdança gondy.
Bu ýerde döwlet Baştutany Köneürgenç etrabynda we Köneürgenç şäherinde gurmak bellenen desgalaryň we binalaryň taslamalary bilen tanyşýar.
Milletiň Lideri etrabyň senagat we durmuş maksatly desgalarynyň üstüni ýetirjek taslamalar bilen jikme-jik tanşyp, birnäçe düzedişleri girizmek bilen, olary iş ýüzünde durmuşa geçirmegiň guramaçylyk usullaryna, maýa goýum serişdeleriniň we maddy-enjamlaýyn serişdeleriň netijeli peýdalanylmagyna ünsi çekdi. Bu babatda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ilatyň durmuş derejesini ýokarlandyrmagyň, ýerli mümkinçilikleri has netijeli, şol sanda tebigatdan rejeli peýdalanmagyň esasynda welaýatlary durnukly hem-de sazlaşykly ösdürmegi üpjün etmek ýurdumyzyň welaýatlaryny durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamalarynyň strategiki maksatlary bolup durýar diýip nygtady.
Bu ýerde Türkmenistanyň Prezidenti däp boýunça geljekki desganyň düýbüniň tutulýan ýerinde goýulýan guty üçin ýadygärlik ýazgysyna gol çekdi.
Soňra milletiň Lideri suw howdanynyň düýbüniň tutuljak ýerine ugraýar.
Suw howdanynyň düýbüniň tutulmagyndan öňürti welaýatyň ymamy hormatly Prezidentimiziň il-ýurt bähbitli işleriniň elmydama rowaç almagyny, Gudraty güýçli Allatagalanyň türkmen halkyna we Watanymyza abadançylyk we rowaçlyk eçilmegini dileg etdi. Soňra Türkmenistanyň Prezidenti ýadygärlik ýazgysy bolan gutyny täze gidrotehniki desganyň düýbüniň tutulýan ýerine atýar we onuň gurluşygyna badalga berýär.
Soňra döwlet Baştutany işçileriň ýanyna bardy we olar bilen saglyk-amanlyk soraşdy. Hormatly Prezidentimiz gidrotehniki desgany gurmak üçin esasy önüm öndürijilerden satyn alnan täze tehnikalar bilen tanyşýar. “CAT 3200 L” kysymly kuwwatly ekskawatorlaryň biriniň ruluna geçip, ekskawatorçydan onuň aýratynlyklary we biziň howa-tebigat şertlerimizde işlemek üçin amatlyklary barada sorady. Ekskawatorçy hormatly Prezidentimiziň sowallaryna beletlik bilen jogap berdi.
Soňra şu ýerde milletiň Lideri suw howdanynyň gurluşygyna gatnaşýan ekskawatorçylar bilen söhbetdeş boldy, olar Köneürgenç etrabynyň ilatyny we ekerançylyk meýdanyny suw bilen üpjün etmegi mundan beýläk-de gowulandyrmaga ýardam ederler. Söhbetdeşlik ojar odunyň başynda mähirli, ynanyşmak, açyklyk, mesawy ýagdaýynda guşluk çaýynyň başynda geçdi. Gyzyklanylyp geçirilen söhbetdeşligiň barşynda howanyň sowuklygy hem duýulmady, ýogsam şol wagt howanyň derejesi 12 gradus aýazdy.
Hormatly Prezidentimiz işçileriň zähmet we durmuş şertleri, alýan zähmet haklarynyň möçberi, oba-garalaryň ýagdaýy bilen jikme-jik gyzyklanýar. Döwlet Baştutany hökmünde we ýokary döwlet wezipesine dalaşgär hökmünde olaryň isleg-arzuwlary barada sorady. Suwgurluşykçylar bilen geçirilen gyzykly söhbetdeşlikde milletiň Lideri ýurdumyzyň ähli künjeklerinde geçirilýän ägirt uly özgertmeleriň adamlara anyk netijeler berýändigi barada durup geçmek bilen, ilatyň we aýratynlykda her bir maşgalanyň durmuş derejesini gyşarnyksyz ýokarlandyrmak boýunça mundan beýläk-de hereket etmegiň maksatnamasynyň esasy ugurlaryny belledi.
Öz zähmetkeşler toparynyň adyndan işçiler milletiň Liderine edýän atalyk aladasy üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler we pudagyň işgärleriniň öňde goýlan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek üçin ähli güýçlerini sarp etjekdiklerine ynandyrdylar. Ekskawatorçylar üns berýändigi üçin hoşallyk bildirip, ýurdumyzyň Prezidentine özleriniň öndürijilikli zähmet çekmekleri üçin ähli zerur şertleriň bardygyny buýsanç bilen aýtdylar. Adamlaryň göwnejaý dynç almaklary üçin hem ähli şertler üpjün edildi. Täze möhüm desganyň gurluşykçylary 12-nji fewralda boljak saýlawlara agzybirlik bilen gatnaşjakdyklaryny aýtdylar.
Hormatly Prezidentimiz möhüm desgany gurýanlaryň hemmesine saglyk, üstünlik we maşgala abadançylygyny arzuw edip, bu ýere ýygnananlar bilen mähirli hoşlaşdy we dikuçara tarap ugrady, dikuçar Daşoguz şäherine tarap ugur aldy.
Milletiň Lideri dikuçardan welaýatyň oba hojalyk ýerlerini gözden geçirmegini dowam edip, bu ýerde ýaýbaňlanan sürüm işleriniň möçberlerine baha berdi, şeýle hem welaýatyň gurluşyk desgalarynda işleriň ýagdaýy bilen tanyşdy.
Birnäçe wagtdan soň Türkmenistanyň Prezidentiniň dikuçary Daşoguz şäheriniň howa menziline gonýar. Bu ýerde milletiň Lideri iş saparynyň jemleri boýunça, şeýle hem ýakyn döwür üçin Daşoguz welaýatyny durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça esasy wezipeleriň çägini ýene-de bir gezek bellemek bilen, häkime bellenilen meýilnamalary durmuşa geçirmek boýunça anyk dolandyryş we guramaçylyk çärelerini görmegiň belli bir maksatly welaýat maksatnamasyny işläp taýýarlamagy hem-de olary yzygiderli we gujurly durmuşa geçirmegi üpjün etmegi tabşyrdy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu ýere ýygnananlara işde üstünlikler arzuw edip, olar bilen mähirli hoşlaşdy we Aşgabada gaýdyp geldi.