Türkmenistanyň häzirki iň aýazly günlerinde aşgabatlylaryň öýlerinde, şäheriň edara-guramalarynyň binalary hemişe göwnejaý ýyladylyp, rahat şertler döredilýär. Şu ýyladyş möwsüminde 149 sany ýyladyş desgasy bolan bugly gazan, ýarym müň kilometre golaý ulgam, paýtagtyň “Aşgabatýyladyş” edarasynyň merkezi ýyladyş nokatlarynyň birnäçesi herekete girizildi.
Ösýän maýa goýumlary we ýyladyş ulgamynyň döwrebaplaşdyrylmagy bu iri hojalygyň netijeli işlemegine şert döredýär. Geçen 2011-nji ýylda öňki ýyla garanyňda olaryň düýpli abatlanmagy we gurluşygy üçin 3 esse köp serişde göýberildi. Ýyladyş möwsümine taýýarlyk görülýän döwründe şäheriň ýaşaýyş massiwiniň bug gazanlarynda bug we suw gyzdyryjy gazanlary, şeýle hem ýyladyş ulgamynyň 18 müň pogon metrden gowragy çalşyldy.
Şu ýyl 50 kilometr töweregi ýyladyş ulgamyny täzelemek, bug gazanlaryny döwrebaplaşdyrmak, bu pudagyň desgalaryny abadanlaşdyrmak göz öňünde tutulýar.