Ï Resmi habarlar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Resmi habarlar

view-icon 676
“Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň 2011-2030-njy ýyllar üçin Milli maksatnamasynda” we “Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň durmuş-ýaşaýyş şertlerini düýpli özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasynda” bellenen wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek hem-de ilatymyzyň ýaşaýyş derejesini has-da ýokarlandyrmak, durmuş taýdan goraglylygyny mundan beýläk-de pugtalandyrmak üçin zerur şertleri döretmek, şeýle hem Ahal welaýatynyň Ruhabat etrabynda täze, döwrebap obany gurmak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda Ahal welaýatynyň häkimligine Ruhabat etrabynyň Ýasmansalyk geňeşliginiň çäginde guruljak täze, döwrebap obada binalaryň we desgalaryň gurluşyk işlerini utgaşdyrmak we işleriň alnyp barlyşyna gözegçilik etmek, täze guruljak döwrebap obanyň Baş meýilnamasyny işläp düzmek we bu işi Ahal welaýaty boýunça ilatly ýerleri abadanlaşdyrmak üçin alynýan ýörite ýygymlardan gelip gowuşýan serişdeleriň hasabyna maliýeleşdirmek tabşyryldy. Gurluşyk işlerine 2012-nji ýylyň mart aýynda başlamak we bu işleri 2016-njy ýylyň iýun aýynda doly tamamlamak bellenildi.

* * *

“Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň 2011-2030-njy ýyllar üçin Milli maksatnamasynda”, “Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň durmuş-ýaşaýyş şertlerini düýpli özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasynda” we “Türkmenistanyň ilatly ýerlerini arassa agyz suwy bilen üpjün etmek boýunça Baş maksatnamada” bellenen wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek, ilatymyzyň ýaşaýyş derejesini has-da ýokarlandyrmak üçin zerur şertleri döretmek, şeýle hem täze, döwrebap Abadan şäherini gurmak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda Ahal welaýatynda täze, döwrebap Abadan şäherini 2012-2030-njy ýyllarda tapgyrlaýyn gurmak bellenildi. Türkmenistanyň Gurluşyk ministrligine Gurulýan desgalaryň direksiýasyny bellenen tertipde döretmek tabşyryldy. Türkmenistanyň Gurluşyk ministrliginiň Gurulýan desgalaryň direksiýasy täze, döwrebap Abadan şäherinde binalaryň we desgalaryň gurulmagyny üpjün etmäge, onuň Baş meýilnamasyny işläp düzmäge, täze şäheriň binalarynyň we desgalarynyň gurluşyk-gurnama işlerini ýerine ýetirmek üçin potratçylary saýlamak boýunça halkara bäsleşiklerini geçirmäge borçly edildi. Şeýle hem resminama laýyklykda täze, döwrebap Abadan şäherinde binalaryň we desgalaryň gurluşygy boýunça utgaşdyryjy pudagara toparyny döretmek bellenildi. Pudagara topara degişli ministrlikleriň we pudak edaralarynyň hünärmenlerini öz işine çekmäge ygtyýar berildi. Täze, döwrebap Abadan şäheriniň gurluşygynyň 1-nji nobatyny Baş meýilnama laýyklykda 2012-2020-nji ýyllarda hem-de 2-nji we 3-nji nobatlaryny 2020-2030-njy ýyllarda amala aşyrmak bellenildi.

* * *

“Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň 2011-2030-njy ýyllar üçin Milli maksatnamasynda” bellenen wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň 2007-nji ý1ylyň 1-nji dekabrynda çykaran 4947-nji Permanyna laýyklykda gurluşygy alnyp barylýan “Gyzylgaýa-Bereket-Etrek” demir ýoluny halkara standartlaryna laýyk getirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda Türkmenistanyň Demir ýol ulaglary ministligine Iordan Haşimit Patyşalygynyň “Consolidated Consultants Engineering and Environment” kompaniýasy bilen “Gyzylgaýa-Bereket-Etrek” demir ýolunyň Bereket – Serhetýaka böleginiň gurluşyk-gurnama hem-de “Aşgabat – Bereket-Türkmenbaşy” demir ýolunyň howa aragatnaşyk ulgamynyň durkuny täzelemek işleri amala aşyrylanda maslahat beriş hyzmatlaryny ýerine ýetirmek barada şertnamany öz serişdeleriniň hasabyna baglaşmaga ygtyýar berildi.