Ï Türkmenistanyň Prezidenti paýtagtymyz boýunça iş saparyny amala aşyrdy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti paýtagtymyz boýunça iş saparyny amala aşyrdy

view-icon 614
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyza nobatdaky iş saparyny amala aşyrdy hem-de şäher gurluşygy boýunça ýaýbaňlandyrylan toplumlaýyn maksatnamany durmuşa geçirmegiň barşy we esasan, durmuş maksatly desgalaryň birnäçesini gurmakda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy bilen tanyşdy.

Mälim bolşy ýaly, döwlet Baştutany Aşgabady ösdürmek we mundan beýläk-de abadanlaşdyrmak bilen bagly meselelere hemişe içgin üns berýär. Şunda dünýäde öňdebaryjy gazanylanlary we innowasion tehnologiýalary gurluşyk ulgamynda-da işjeň ornaşdyrmak, adamlaryň ýaşaýşynyň täze we ýokary standartlara laýyk gelmegini üpjün etmek, paýtagtymyzy, şeýle hem ýurdumyzyň ähli şäherlerini we ilatly ýerlerini gurşap alan giň gerimli özgertmeleriň meýilnamalaryny amala aşyrmakda möhüm ähmiýetli ölçegler hökmünde öňe sürülýär. Häzirki wagtda Türkmenistanyň ähli künjeklerinde dürli maksatly desgalary gurmak, şäherleriň we obalaryň döwrebap desgalarynyň düzümini döretmek boýunça alyp barylýan işler muňa aýdyň subutnama bolup biler.

Iş saparynyň barşynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow 10 ýyl abadançylyk köçesine bardy, bu ýerde täze belent ýaşaýyş jaýlary guruldy. Milletiň Lideri gurluşyk işleri tamamlaýjy tapgyra gadam uran jaýlaryň birine baryp gördi hem-de bu ýerde alnyp barylýan işler, öýleriň dürli mebeller we enjamlar bilen üpjün edilişi bilen jikme-jik tanyşdy. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz gurluşyk we timarlaýyş işleriniň hiline aýratyn üns berdi. Hormatly Prezidentimiz ilki bilen öýleriň taslamalary düzülende türkmen halkyna mahsus bolan millilikden ugur alynmaýandygyna, potratçylaryň teklip edýän islendik taslamalaryny almaly däl-de, bu işe öz türkmen milli arhitektorlarymyzy giňden çekmegiň wagtynyň gelendigine ýolbaşçylaryň ünsüni çekdi. Döwlet Baştutany täze bina bilen tanyşlygy ikinji gatdan başlady, milletiň Lideri bu ýerde ýaşaýjyjlar üçin döredilen şertler bilen tanşyp, düýpli kemçilikleriň birnäçesiniň bardygyny nygtady, Türkmenistanyň Prezidenti bu ýerdäki işleriň hiliniň ýurdumyzda gurluşygyň hiline, aýratyn-da durmuş maksatly täze desgalaryň gurluşygy boýunça bildirilýän ýokary talaplara asla laýyk gelmeýändigini belledi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow öýüň potologyndan çyg geçýändigini görkezip, işleriň şunuň ýaly ýagdaýda alnyp barylmagyna ýol berilmeginiň asla ylalaşyp bolmajak ýagdaýdygyny aýtdy.

Bu babatda hormatly Prezidentimiz wise-premýer D.Orazowa we Aşgabat şäheriniň häkimi Ş.Durdylyýewe nägilelik bildirip, ýol berlen kemçilikleri günübirin düzetmegi we olaryň gaýtalanmazlygy babatda anyk tabşyryklary berdi.

Döwlet Baştutany öýi degişli zatlar bilen üpjün etmek bilen bagly ýagdaýyň hem gowulandyrylmalydygyny belläp, hususan-da, otaglarda howany salkynlatmak we ýylatmak boýunça merkezleşdirilen ulgamyň temperaturasynyň ýagdaýyny sazlaýjylaryň her otagda goýulmalydygyna garamazdan, bütin öý üçin şeýle sazlaýjylaryň diňe biriniň goýulmagynyň ýaşaýjylar üçin oňaýsyz ýagdaýy döretjekdigini aýtdy. Döwlet Baştutanymyz binalaryň taslamasy düzülende şu zatlaryň hökman göz öňünde tutulmalydygy barada Aşgabat şäheriniň häkimine tabşyrdy. Galyberse-de, kir ýuwulýan otag dar, üstesine-de içi hem garaňky. Uumuman aýdanyňda, otaglaryň yşyklandyrylyşyny hem gowulandyrmak barada oýlanmak gerek, olar has ýagty bolmalydyr diýip, milli Liderimiz aýtdy.

Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aşhanany synlap, onuň aşhana mebeli bilen üpjün edilişi babatda tankydy bellikleri aýtdy, şol mebeliň tutuk reňki jaýy asla bezemeýär. Nahar bişirmek üçin niýetlenip elektrik togy bilen işledilýän aşhana enjamy göwnejaý görnüşde däldir. Hususan-da milli tagamlary bişirmek üçin zerur şertleriň göz öňünde tutulmalydygyny nygtady. Aşhanada türkmen halkynyň myhmansöýerligi, milli tagamlaryň taýýarlanyş aýratynlyklary göz öňünde tutulmalydyr diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Milli özgertmeler eýýamynda adamlaryň ruhubelent we tutanýerli zähmet çekmegi başaryşlary ýaly, olar üçin ähli amatlyklary bolan has oňaýly we otaglarynyň ýerleşdirilişi gowulandyrylan belent ýaşaýyş jaýlarynda hemme amatly şertleriň döredilmelidigi baradaky meseläni gozgamak bilen, hormatly Prezidetimiz ýurt tutunmagyň we täze jaýa göçüp barmagyň adamyň durmuşyndaky iň ýakymly pursatlaryň biridigini ýatlady. Hut şonuň üçin hem täze gurulýan öýlerde otaglaryň ýerleşişi, olaryň bezeg işleri, mebelleriň we beýleki durmuş enjamlarynyň reňkleri milli äheňlerimize laýyk gelmelidir, olarda milli ruh duýulmalydyr diýip, döwlet Baştutanymyz belledi. Şu jähetden täze öýler adamlar üçin rahat bolmalydyr, olarda häzirki zamanyň iň ösen we kämil enjamlary oturdylmalydyr, ylmyň iň soňky gazanan tilsimatlary esasynda işleýän we halkymyzyň däp-dessurlaryna laýyk gelýän enjamlar bilen üpjün edilmelidir diýip, milli Liderimiz aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu jaýdan çykyp, onuň daş-töwereginiň abadanlaşdyrylyşy bilen tanyşdy hem-de golaýdaky sport meýdançalarynyň üpjün edilişi boýunça nägilelik bildirdi. Türkmenistanyň Prezidenti bu ýerde adamlaryň gyzykly we peýdaly dynç almagy üçin oňaýly şertleriň döredilmelidigini, hereket etmek arkaly dynç almagy halaýanlaryň bedenterbiýe we sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanmagy üçin ähli zerur ýagdaýlaryň göz öňünde tutulmalydygyny aýtdy.

Döwlet Baştutany aýdylanlary jemläp, bar bolan ähli näsazlyklaryň we kemçilikleriň aradan aýrylmagyny talap etdi hem-de paýtagtymyzda we tutuş ýurdumyzda gurulýan täze döwrebap ýaşaýyş jaýlarynyň, beýleki binalaryň we desgalaryň iş buýrujylara ulanmak üçin dolulygyna taýýar we hil babatda ähli ölçeglere laýyk gelýän görnüşde tabşyrylmalydygyny nygtady.

Iş saparynyň barşynda Türkmenistanyň Prezidenti paýtagtymyzda binalary gurmak we abadanlaşdyrmak boýunça täze taslamalaryň birnäçesi, hususan-da, Aşgabat şäherinde has oňaýly we otaglarynyň ýerleşdirilişi gowulandyrylan belent ýaşaýyş jaýlaryny gurmak üçin teklip edilýän ýer bölekleriniň, şeýle hem täze şäher seýilgähleriniň ikisiniň çyzgylary bilen tanyşdy. Döwlet Baştutanymyz täze guruljak desgalarda adamlaryň oňaýly dynç almaklary üçin ähli zerur şertleriň döredilmelidigini aýtdy we bu babatda degişli ýolbaşçylara anyk tabşyryklary berdi.

Şeýle hem Türkmenistanyň Prezidentine 10 ýyl Abadançylyk köçesiniň ugrundaky jaýlary bezemek boýunça eskizler görkezildi, şol jaýlaryň ýokarsynda döwrebap tehnologiýalar, hususan-da, iň täze ýagtylyk beriji yşyklandyryjylaryň teklip edilýän görnüşleri hödürlendi.

Mundan başga-da, hormatly Prezidentimiz 10 ýyl Abadançylyk köçesiniň ugrunda dürli maksatly täze dükanlara at dakmak boýunça hödürlenen teklipler bilen tanyşdy. Döwlet Baştutanymyz hödürlenen atlaryň birnäçesini oňlap, olaryň hersiniň dükanyň ähmiýetine laýyk gelmelidigini belledi.

Türkmenistanyň Prezidenti ak mermerli gözel Aşgabadyň diňe bir batly depgin bilen ösýän şäher bolmak bilen çäklenmän, ata Watanymyzyň paýtagyt bolup durýandygyny hem-de bu ýerde ähli işleriň ýokary derejede we oňat hilli ýerine ýetirilmelidigini aýtdy. Şeýle hem döwlet Baştutany şäherlileriň amatly ýaşaýşynyň möhüm şerti hökmünde, paýtagtymyzyň ýaşaýyş-durmuş düzüminiň mundan beýläk-de kämilleşdirilmeginiň wajýp ähmiýetlidigini nygtady.

Millletiň Lideri iş saparynyň netijelerini jemläp, degişli ýolbaşçylara Aşgabatda binalary gurmak we ony abadanlaşdyrmak bilen bagly meselelere yzygiderli gözegçilik etmegi tabşyrdy. Türkmenistanyň Prezidenti şunda esasy wezipäniň adamlaryň ýaşaýşynyň amatly we göwnejaý bolmagy üçin ähli şertleri döretmekden ybaratdygyny aýdyp, paýtagtymyzda we tutuş ýurdumyzda amala aşyrylýan özgertmeler maksatnamalarynyň we taslamalarynyň ählisiniň hut şol maksada ýetilmegine gönükdirilendigini belledi. Adam baradaky alada Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugrudyr.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şäher gurluşygy boýunça strategiýany amala aşyrmagyň barşynda şol ýörelgeden ugur almalydygyny belledi hem-de ýygnananlaryň ählisine işde üstünlikleri gazanmagy arzuw edip hoşlaşdy.