Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi, onda ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşiniň şu ýylyň ýanwar aýyndaky netijelerine hem-de käbir resminamalaryň taslamalaryna, şeýle hem ýurdumyzyň durmuşyna degişli möhüm meseleleriň birnäçesine garaldy.
Mejlisiň gün tertibine geçmek bilen, döwlet Baştutany oňa gatnaşyjylara söz berdi.
Ministrler Kabinetiniňm Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň iş dolandyryjysy H.Muhammedow Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň şu hepdäniň başynda Aşgabatda geçirilen dördünji mejlisiniň netijeleri barada hasabat berdi. Mejlisiň barşynda taraplaryň uzak möhletleýin esasda guralýan, däbe öwrülen dostlukly, özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmäge gyzyklanma bildirýändigi beýan edildi. Mejlisiň gün tertibine ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlaryna degişli meseleler girizildi.
Wise-premýer, Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň iş dolandyryjysy şeýle hem gözegçilik edýän ulgamy tarapyndan şu ýylyň ýanwar aýynda alnyp barlan işleriň netijeleri hem-de döwlet Baştutanynyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada aýtdy.
Milletiň Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow türkmen-türk hyzmatdaşlygynyň netijeli häsiýetini belläp, onuň köpugurly kuwwatynyň söwda-ykdysady ulgamynda netijeli işewür gatnaşyklaryny işjeňleşdirmek, birnäçe geljegi uly pudaklarda özara bähbitli gatnaşyklary giňeltmek üçin giň mümkinçilikleri açýandygyny nygtady.
Türkmenistanyň Prezidenti dolandyryş ulgamyny mundan beýläk-de kämilleşdirmek meselesini gozgap, häzirki zaman usullaryny we tilsimatlaryny işjeň ornaşdyrmagyň, ähli degişli meseleleri çözmäge eserdeň, toplumlaýyn çemeleşmegiň möhümdigini, munuň bolsa şol pudagyň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmaga ýardam etjekdigini ýene-de görkezdi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Goçyýew ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşiniň şu ýylyň ýanwar aýyndaky netijeleri baradaky hasabat bilen çykyş etdi. Bellenip geçilişi ýaly, hojalygy ýöredijileriň hasabat döwründäki işiniň makroykdysady görkezijileriniň seljermesi milli ykdysadyýetimiziň depginli we okgunly ösüşine şaýatlyk edýär. Ýurdumyzda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen geçirilýän giň möçberli özgertmeler durnukly ykdysady ösüşe ýardam berýär.
Jemi içerki önümiň ep-esli artmagy ykdysady taýdan durnuklylygy görkezýär. Elektrik energiýasyny, tebigy gazy, nebiti, suwuklandyrylan gazy, polipropileni, ýody, plastmassa turbalaryny, armaturalary we polat önümlerini, tikin önümlerini, lukmançylyk pamygyny, derman serişdeleri, aýakgap öndürmekde, balygy gaýtadan işlemekde we balyk önümlerini çykarmakda, un, çörek we çörek-bulka önümlerini, şeýle hem oba hojalyk önümlerini öndürmekde ýokary görkezjiler gazanyldy.
Hökümet Baştutanynyň orunbasarynyň habar berşi ýaly, 2011-nji ýylyň degişli döwrüne garanyňda bölek satuw haryt dolanyşygynyň möçberi 112,1 göterime barabar boldy.
Hasabat döwründe Döwlet býujetiniň girdeji bölegi 109,4 göterim, çykdajy bölegi bolsa 90,5 göterim ýerine ýetirildi. Salgyt salmagyň ähli görnüşleri boýunça meýilnama doly möçberinde ýerine ýetirildi. Iş haklary, pensiýalar, döwlet kömek pullary we talyp haklary öz wagtynda tölenildi.
2012-nji ýylyň ýanwar aýynda önümleriň eksportynyň we hyzmatlary etmegiň hasabyna walýuta serişdeleriniň gelip gowşuşy boýunça meýilnama 118 göterim ýerine ýetirildi.
Wise-premýer döwlet Baştutany tarapyndan ozal berlen tabşyryklaryň ýerine ýetirilişi hakynda habar berip, ýeňillikli nyrhlar boýunça Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrligine pagta süýümini bermek boýunça geçirilen işler hakyndaky, şeýle hem “Altyn asyr” gündogar bazary bilen baglynyşykly meseleler boýunça hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, milli ykdysadyýetimizi ösdürmegiň jemlerinden tutuşlygyna alnanda kanagatlanýandygyny aýtdy we halk hojalygynyň pudaklarynyň ösüş depginleri ýurdumyzyň bedew bady bilen ösýändiginden habar berýär diýip nygtady. Milletiň Lideri häzirki wagtda Türkmenistanda amala aşyrylýan uly möçberli özgertmeleriň esasy maksadynyň halkyň abadançylygy, bagtly durmuşy hakynda alada bolup durýandygyny belläp, döwletimiziň geljekde-de bellenilen ähli maksatnamalary üstünlikli durmuşa geçirmek üçin maliýe serişdelerini gönükdirjekdigini aýtdy. Türkmenistanyň Prezidenti wise-premýere ýüzlenip, kärhanalaryň we guramalaryň maliýe-ykdysady ýagdaýyna yzygiderli gözegçiligi amala aşyrmak barada görkezme berdi.
Döwlet Baştutany ýeňillikli nyrhlar boýunça Dokma senagaty ministrligine pagta süýümini bermek we “Altyn asyr” gündogar bazary bilen baglanyşykly meseläniň üstünde durup geçip, tutuşlygyna alnanda, aýdylan teklipleri makullady hem-de bu ugurda geçirilýän işleri pugta gözegçilikde saklamagy degişli ýolbaşçylara tabşyrdy.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow DIM-iň şu ýylyň ýanwar aýynda alyp baran işleriniň netijeleri hem-de ikitaraplaýyn syýasy geňeşmeleri geçirmek barada hasabat berdi.
Nygtalyşy ýaly, türkmen döwleti hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başyny başlan oňyn daşary syýasat ugruny yzygiderli durmuşa geçirip, ikitaraplaýyn, şeýle hem köptaraplaýyn esasda daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen netijeli gatnaşyklary üstünlikli ösdürýär. Geçen aýyň wakalary, şol sanda köp sanly daşary ýurtly myhmanlaryň biziň ýurdumyza bolan saparlary hem muňa aýdyň şaýatlyk edýär.
Dünýäniň dürli ýurtlary bilen söwda-ykdysady we gümanitar-medeni gatnaşyklar yzygiderli ösdürilýär. Muňa ikitaraplaýyn hökümetara toparlarynyň işi hem ýardam edýär. Şeýlelikde, ýanwar aýynyň şu we beýleki wakalary Türkmenistanyň bütin dünýäde abraýynyň artýandygynyň, şeýle hem daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň biziň ýurdumyz bilen nejileri gatnaşyklary hemmetaraplaýyn ösdürmäge çalyşýandygynyň nobatdaky subutnamasy bolup durýar.
Milletiň Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Garaşsyz hem Bitarap Türkmenistanyň mundan beýläk-de döwletara derejesinde, şeýle hem sebitleýin we halkara derejesinde oňyn hyzmatdaşlyk ugruna eýerjekdigini, ählumumy parahatçylygyň, abadançylygyň we durnukly ösüşiň maksatlaryna laýyk gelýän netijeli hyzmatdaşlygy ösdürjekdigini nygtady.
Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz Daşary işler ministrliginiň we Türkmenistanyň diplomatik korpusynyň öňünde goýlan hem-de dünýä bileleşiginiň agzasy bolan ýurtlaryň ählisi we abraýly halkara guramalary bilen oňyn gatnaşyklary mundan beýläk-de giňeltmäge, ileri tutulýan ugurlaryň ählisi boýunça netijeli hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge gönükdirilen wezipeleriň ähmiýetini ýene-de bir gezek nygtady.
Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy A.Nurberdiýewa şu ýylyň ýanwar aýynda döwlet syýasatynyň möhüm ileri tutulýan ugurlary babatda kanunçylygy mundan beýläk-de kämilleşdirmek boýunça ýurdumyzyň parlamenti tarapyndan geçirilen iş, şeýle hem Türkmenistanyň Prezidentiniň şu ýylyň 12-nji fewralynda bellenilen saýlawlaryna taýýarlyk görmek boýunça deputatlaryň alyp barýan işi hakynda habar berdi.
Ýurdumyzyň Mejlisiniň türkmen jemgyýetini mundan beýläk-de demokratiýalaşdyrmaga, häkimiýet edaralarynyň işini we saýlaw ulgamyny, býujet-salgyt ulgamyny hem-de zähmet gatnaşyklaryny kämilleşdirmäge, maýa goýum işini höweslendirmäge, şeýle hem senagat we obasenagat toplumy babatda özgertmeleri kanunçylyk taýdan üpjün etmäge gönükdirilen kanunçylyk resminamalary taýýarlamak boýunça işi dowam etdirýändigi bellenildi. Mejlisiň Başlygy şeýle hem Türkmenistanyň Prezidentiniň öňde boljak saýlawlaryny geçirmegi guramak meseleleriniň üstünde durup geçdi.
Döwlet Baştutany habary diňläp, durmuş-ykdysady özgertmeleriň okgunly öňe gitmeginiň bähbitleri üçin milli kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmegiň depginlerini çaltlandyrmagyň zerurdygyny görkezdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow kanunçykaryjylyk ulgamynda halkara tejribesini hemmetaraplaýyn öwrenmegiň we Mejlisiň pudaklaýyn edaralar bilen bilelikdäki işiniň möhümdigini nygtap, parlamentarileriň ýurdumyzda amala aşyrylýan milli özgertmeleriň öňe ilerlemegine ýardam etjek ähli gazanylanlary netijeli peýdalanmalydyklaryny belledi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary D.Orazow gözegçilik edýän pudaklarynda şu ýylyň ýanwar aýynda alnyp barlan işleriň netijeleri, durmuş we senagat düzümini ösdürmek bilen baglylykda paýtagtymyzda we ýurdumyzyň welaýatlarynda gurluşygy giňden ýaýbaňlandyrylan dürli maksatly desgalarda işleriň barşy, şeýle hem täze, döwrebap Abadan şäherini gurmak we Ahal welaýatynyň Ruhabat etrabynda täze, döwrebap obany gurmak bilen baglanyşykly alnyp barylýan guramaçylyk işleri barada hasabat berdi.
Munuň milli özgertmeler eýýamynda amala aşyrylýan giň möçberli işleriň täze tapgyrynyň başlangyjydygyny belläp, milletiň Lideri bu ýere ýygnananlaryň el çarpyşmalary astynda “Täze, döwrebap Abadan şäherini gurmak hakyndaky” hem-de “Ahal welaýatynyň Ruhabat etrabynda täze, döwrebap obany gurmak hakyndaky” kararlara gol çekdi.
Hormatly Prezidentimiz täze, döwrebap Abadan şäherini gurmagyň guramaçylyk meselelerini üstünlikli çözmegiň zerurdygyna ünsi çekdi. Ruhabat etrabynyň Garagum derýasynyň demirgazyk tarapynda raýatlara mellek ýer bermäge ýaramly boş ýerleriň çyzgysynyň baş meýilnamasyna laýyklykda, umumy meýdany 400 gektara barabar bolan täze obada ýaşaýyş jaýlary we dürli durmuş-medeni ähmiýetli binalar obanyň merkezinde gurlar. Milletiň Lideri oba adamlarynyň melleklerinde ekin-dikin bilen meşgullanar ýaly we mal-gara saklar ýaly ähli zerur şertleriň döredilmelidigini aýratyn nygtady.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gurluşyk senagatynyň möhüm ornuny belläp, täze desgalar türkmen şäherlerini we obalaryny bezemelidir diýip belledi. Bu taslamalaryň amala aşyrylmagy milli ykdysadyýetimizi has depginli ösdürmäge, munuň üçin zerur bolan düzümler bilen üpjün etmäge we türkmenistanlylaryň durmuş derejesini ýokarlandyrmaga mümkinçilik berer. Döwlet Baştutanymyz “Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň durmuş-ýaşaýyş şertlerini düýpli özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasynyň” ähmiýetini aýratyn belledi.
Täze Abadan şäherini gurmak meselesi barada durup geçmek bilen, milletiň Lideri bu ugurda işleriň ýokary depginler we ýokary hilli alnyp barylmalydygyny aýtdy. Döwlet Baştutany täze desgalary gurmagyň hilini we möhletlerini berjaý etmegiň meselelerine ünsi çekip, bu talabyň Türkmenistanda ähli potratçylara bilidirilýän möhüm şert bolup galýandygyny bellemek bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gurluşyk pudagyna gözegçilik edýän wise-premýere şu meselelere aýratyn üns bermegi tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Hojamuhammedow gözegçilik edýän nebitgaz we himiýa pudaklarynyň kärhanalarynda, şeýle hem ýurdumyzyň balyk hojalygynda şu ýylyň ýanwar aýynda alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat berdi. Hususan-da, 2012-nji ýylyň birinji aýynda geçen ýylyň ýanwar aýy bilen deňeşdirilende nebitiň we gaz kondensatynyň çykarylyşynyň ösüş depgini 114,4 göterime barabar boldy. Tebigy gazyň çykarylyşynyň ösüş depgini 118,2 göterime, daşary ýurtlara iberilen tebigy gazyň ösüş depgini 128,5 göterime deň boldy.
Nebit önümlerini öndürmek ulgamynda, aýratyn hem polipropileniň çykarylyşynyň ösüş depgini ýokarlandy--bu görkeziji 108 göterime we suwuklandyrylan gazyňky – 111,9 göterime deň boldy.
“Türkmenhimiýa” döwlet konserni boýunça 2011-nji ýylyň ýanwar aýy bilen deňeşdirilende fosfor dökünleriniň öndürilişiniň möçberi 24,4 göterim, tehniki ýoduň öndürilişi 10,4 göterim artdy.
Türkmenistanyň Döwlet balyk hojalygy komitetiniň kärhanalarynyň hem öndürýän önümleriniň möçberi yzygiderli artýar.
Tutuş nebitgaz toplumy boýunça geçen ýyl bilen deňeşdirilende özleşdirilen düýpli maýa goýumlarynyň möçberi 2,1 esse ýokarlandy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny mundan beýläk-de pugtalandyrmagyň hem-de onuň düzümini hemmetaraplaýyn ösdürmegiň möhümdigini nygtady. Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, bu ulgamda görülýän çäreler dünýä bazarlarynda ýokary islegden peýdalanýan uglewodorod ýangyç serişdeleriniň we nebit önümleriniň dürli görnüşleriniň öndürilýän möçberlerini artdyrmaga ýardam etmelidir.
Döwlet Baştutanymyz ýakyn ýyllarda himiýa senagatyny täze sepgitlere çykarmagyň möhümdigini aýdyp, gürrüň, ilkinji nobatda, öndürilýän mineral dökünleriň möçberini artdyrmak, şol sanda täze kärhanalary gurmagyň hem-de häzir hereket edýänleriň durkuny täzelemegiň hasabyna ýokarlandyrmak barada barýar diýip belledi. Bu wezipäniň derwaýyslygy, ilkinji nobatda, ýurdumyzda azyk önümleriniň bolçulygyny üpjün etmäge, dokma senagatynyň we milli ykdysadyýetiň beýleki pudaklarynyň eksport kuwwatyny artdyrmaga gönükdirilen obasenagat toplumyny okgunly ösdürmek bilen şertlendirilendir.
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Ýazmuhammedowa gözegçilik edýän ulgamlarynda geçirilýän işler we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli baýramçylyk çäreleriniň geçirilişi hakyndaky hasabat bilen çykyş etdi. Ýanwar aýynda birnäçe halkara çäreleriniň, şol sanda 22-nji ýanwarda badalga alyp, 6-njy aprele çenli dowam etjek Hindi kinosynyň günleriniň, Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde GDA-nyň döredilen gününiň 20 ýyllygyna bagyşlanylan fotoserginiň we beýleki birnäçe çäreleriň bolandygy bellenildi, täze döwrüň talaplaryna laýyklykda medeniýet edaralarynyň we habar beriş serişdeleriniň işini, neşirýat işini kämilleşdirmek boýunça işler geçirilýär. Wise-premýeriň habar berşi ýaly, ýurdumyzyň Döwlet baýdagynyň döredilmeginiň 20 ýyllygynyň ählihalk baýramynyň hormatyna dabaralar hem-de şoňa bagyşlanyp, medeni durmuş maksatly desgalaryň açylyşy bütin ýurdumyzda 1-nji fewralda badalga aldy, dürli medeni köpçülik çäreleri şolaryň maksatnamasyna girýär.
Döwlet Baştutany hasabaty jemläp,häzirki wagtda durmuş-ykdysady ösüşiň maksatlaryny gazanmagyň, raýatlaryň durmuşynyň mynasyp derejesini hem-de hilini üpjün etmegiň ýurdumyzda bolup geçýän öňdebaryjy özgertmeleriň düýp mazmunyna hem-de ähmiýetine çuňňur düşünýän we dogruçyl beýan edýän medeniýet ulgamyny, habar beriş serişdelerini üstünlikli ösdürmek bilen ýakyn arabaglanyşyklydygyny belledi. Döwlet Baştutany wise-premýere ýüzlenip, ýurdumyzyň Döwlet baýdagynyň gününe bagyşlanylan baýramçylyk çärelerini ýokary derejede geçirmek we olary habar beriş serişdelerinde beýan etmek barada görkezme berdi.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Şagulyýew gözegçilik edýän ulag we aragatnaşyk pudaklarynda 2012-nji ýylyň ýanwar aýynda işleriň barşy we birnäçe taslamalaryň durmuşa geçirilişi barada hasabat bilen çykyş etdi. Bellenip geçilişi ýaly, awtomobil, demiir ýol, deňiz, derýa we howa ulaglarynyň kärhanalarynda esasy görkezijileriň oňyn ösüş depgini gazanyldy. Hususan-da, demir ýol pudagynda ýük dolanyşygynyň ösüş depgininiň 100,1 göterim, ýolagçylary gatnatmak boýunça hyzmatlaryň bolsa 101,4 göterim bolandygy habar berildi. Awtomobil ulaglary ministrligi boýunça şunuň ýaly görkezijiler degişlilikde 104,5 we 101,6 göterime, deňiz we derýa ulaglarynda bolsa degişlilikde 125,8 we 112,1 göterime barabar boldy. Hasabat döwründe aragatnaşyk ulgamynda telefon nokatlaryny oturtmak boýunça tabşyryk 4,8 esse artyk ýerine ýetirildi. Wise-premýer hasabatda “Gyzylgaýa-Bereket-Etrek” demir ýolunyň Bereket—Serhetýaka böleginiň gurluşyk-gurnama hem-de “Aşgabat-Bereket-Türkmenbaşy” demir ýolunyň howa aragatnaşyk ulgamynyň durkuny täzelemek işleri amala aşyrylanda maslahat beriş hyzmatlaryny ýerine ýetirmek bilen baglanyşykly alnyp barylýan çäreler barada hem hasabat berdi.
Milletiň Lideri aýdylan habary jemläp we ýurdumyzyň ulag toplumyna uly möçberli ösüş maksatnamalaryny durmuşa geçirmekde möhüm orun berilýändigini belläp, ýük daşamagyň we ýolagçy gatnatmagyň möçberlerini mundan beýläk-de artdyrmagyň, şeýle hem ilata edilýän hyzmatlaryň hilini ýokarlandyrmagyň pudagyň esasy wezipesi bolup durýandygyny nygtady. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tutuşlygyna alnanda hödürlenen resminamany makullap, degişli Karara gol çekdi we wise-premýere işleriň möhletleriniň we ýokary hiliniň berk berjaý edilişine aýratyn üns bermek bilen şu taslamanyň durmuşa geçirilişine berk gözegçiligi amala aşyrmagy tabşyrdy.
Döwlet Baştutany wise-premýere ýüzlenip, onuň gözegçilik edýän ministirliklerinde we pudak edaralarynda zerur işleriň göwnejaý derejede geçirilmeýändigini we käbir säwlikleriň bardygyny aýtdy. Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Şagulyýewe berk käýinç yglan edildi we ýol berlen kemçilikleri gysga wagtyň içinde düzetmese, eýeleýän wezipesinden boşadyljakdygy oňa duýduryldy.
Türkmenistanyň Prezidenti pudagyň birnäçe birliklerinde işleriň kanagatlanarsyz guralýandygyny hem belläp, wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmän, ministrligiň edara kärhanalarynda düzgün-nyzamyň pese düşmegine ýol berendigi we işde goýberen kemçilikleri üçin awtomobil ulaglary ministri S.Berkeliýewe berk käýinç yglan etdi we we ýol berlen kemçilikleri gysga wagtyň içinde düzetmese, onuň eýeleýän wezipesinden boşadyljakdygyny duýdurdy.
Soňra Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Nurmämmedow gözegçilik edýän pudaklarynda şu ýylyň birinji aýynda alnyp barlan işleriň netijeleri hem-de ýurdumyzda oba hojalyk işleriniň geçirilişi barada hasabat berdi. Hususan-da, hasabat döwründe ýurdumyzyň obasenagat toplumynda süýdüň, etiň, ýumurtganyň, gök önümleriň we beýleki oba hojalyk önümleriniň öndürilişiniň möçberi artdy.
Häzirki wagtda welaýatlaryň ählisinde gowaçanyň, şeýle hem beýleki ekinleriň ýaz ekişine işjeň taýýarlyk görülýär. Agrotehniki talaplara laýyklykda, sürlen ýerlere organiki we mineral dökünler dökülýär, ýer tekizlemek işleri alnyp barylýar, şeýle hem güýzlük galla ekinlerine ideg etmek işi dowam etdirilýär, olara dökün we ösüş suwy berilýär. Ekin meýdanlarynyň melioratiw ýagdaýyny gowulandyrmak, şeýle hem maldarçylyk hojalyklarynda mallary talabalaýyk gyşlatmak maksady bilen toplumlaýyn çäreler amala aşyrylýar.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bol hasyl almak üçin agrotehniki çäreleriň ählisiniň öz wagtynda we ýokary hilli ýerine ýetirilmeginiň ähmiýeti barada aýdyp, oba hojalyk pudagyna ylmyň öňdebaryjy gazananlaryny, serişdeleri tagşytlaýan täze tehnologiýalary işjeň ornaşdyrmagyň hem-de bu ulgamy üstünlikli ösdürmegiň möhüm şerti hökmünde ýerleriň hasyllylygyny ýokarlandyrmagyň möhümdigini nygtady. Şunda döwlet Baştutanymyz obasenagat toplumynyň dürli ugurlarynda işleriň takyk guralmagynyň möhümdigine ünsi çekdi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary O.Gurbannazarow şu ýylyň birinji aýynda gözegçilik edýän ulgamlarynda geçirilen işleriň netijeleri, dokma senagatynyň kuwwatlyklaryny mundan beýläk-de artdyrmak, söwda we hyzmatlar kärhanalarynyň ulgamyny giňeltmek, daşary ykdysady gatnaşyklary ösdürmek boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi. Çykyşyň çäklerinde Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi boýunça ýanwar aýynda haryt dolanyşygynyň 185 million 900 müň manada barabar bolandygy, şunda ösüş depgininiň geçen ýylyň hasabat döwrüne garanyňda 107,8 göterim bolandygy, peýdanyň bolsa 24,4 göterim köp alnandygy bellenildi. Şu döwürde pudaklaýyn ugur boýunça 14 million 400 müň manat möçberinde maýa goýumlary özleşdirildi, bu bolsa meýilnamanyň 277 göterime golaý ýerine ýetirilendigini aňladýar.
Dokma senagaty ministrligi boýunça 2012-nji ýylyň ýanwar aýynda 82 million 400 müň manatlyk önüm öndürildi, munuň özi geçen ýylky döwrüň görkezijilerine barabardyr. Emma önümleriň umumy düzüminde ýüpek matalarynyň öndürilmeginiň 172,6 göterim bolmak bilen has ýokary ösüşi gazanyldy. Geçen aýda alnan peýda 7 million manada barabar boldy. “Türkmenhaly” döwlet paýdarlar korporasiýasynyň kärhanalarynda haly önümlerini öndürmegiň ösüş depgini 108,8 göterime barabar boldy.
Döwlet haryt-çig mal biržasy boýunça tutuşlygyna alnanda geçen aýda geleşikleriň 167-si bellige alnyp, ösüş 33,7 göterime barabar boldy. Şunda gurluşyk boýunça şertnamalaryň möçberi 739 million manatlyga barabar bolup, geçen ýylyň degişli döwrüne garanyňda takmynan 5 esse artdy. Daşary ýurt walýutasynda alynýan girdeji 3 million 114 müň amerikan dollaryna, ösüş 45,8 göterime barabar boldy. Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy boýunça ýanwar aýynda peýdanyň artyşy meýilleşdirilen 142 göterime barabar boldy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow daşary söwda dolanyşygyny mundan beýläk-de artdyrmagyň, onuň daşarky bazarlara iberlişini hem-de haryt düzümini ösdürmegiň zerurdygy hakynda söz açyp, daşarky bazardaky bäsleşigi yzygiderli seljermegiň, şonda ýurdumyzyň önüm öndürijileriniň ornuny pugtalandyrmagyň, täze maýa goýumlaryny pudaga çekmegiň zerurdygyny belledi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow dokma senagatynyň innowasion tilsimatlary we öňdebaryjy enjamlary ornaşdyrmaga, çykarylýan önümleriň görnüşlerini täzelemäge ugur almagy diňe bir eksport ibermeleriniň möçberlerini saklap galmaga däl, eýsem, olary düýpli artdyrmaga, bu ugurda düşewüntliligi ýokarlandyrmaga mümkinçilik berer diýip belledi. Şunda döwlet Baştutany çee haryt öwreniş syýasatynyň, bu ugra iň oňat daşary yurt tejribesini çekmegiň hem-de kärhanalarda zähmeti netijeli guramagyň möhüm ornuny nygtady.
Milletiň Lideri içerki söwdany ösdürmek we ýurdumyzda sarp ediş bazaryny dolandyrmak meselesini gozgap, bu ulgamda kärhanalaryň hem-de guramalaryň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmak üçin toplumlaýyn çäreleri görmek, telekeçilik başlangyçlaryny höweslendirmek, harytlaryň we hyzmatlaryň esasy görnüşlerine nyrhlaryň derejesine berk gözegçiligi amala aşyrmak boýunça görkezmeleri berdi.
Soňra hökümetiň Baştutanynyň orunbasary S.Toýlyýew gözegçilik edýän ulgamlarynyň ileri tutulýan ugurlarynda degişli döwürde ýerine ýetirilen işler, şol sanda ulgama degişli gurluşyk desgalarynda işleriň ýagdaýy barada hasabat berdi.
Ozal habar berlişi ýaly, bilim ugry boýunça şu ýyl üçin neşir işleriniň meýilnamasy düzüldi. Oňa laýyklykda okuw kitaplarynyň we okuw gollanmalarynyň jemi 173-sini çap etmek meýilleşdirilýär. Hususan-da, ýanwar aýynda neşirleriň 34-si taýýarlanyldy we çapa iberildi, şolaryň eýýäm üçüsi neşir edildi. Bilim ulgamynyň usulyýet esasyny kämilleşdirmek, oňa ýokary standartlary ornaşdyrmak, mekdep sapaklaryna we hünär taýýarlygynda pedagogik täzelikleri ilerletmek boýunça halkara taslamalaryny amala aşyrmak boýunça hem işler dowam etdirilýär.
Mundan başga-da, wise-premýer Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Milli golýazmalar institutynyň hünärmenleri tarapyndan taýýarlanylan kitaplaryň çapa taýýar edilendigini habar berdi. Şol kitaplaryň arasynda beýik türkmen akyldary Mäne babanyň rubagylarynyň ýygyndysy, XV asyrda ýaşap geçen Hüseýin Käşifiniň ahlak temasyndan söhbet açýan “Muhsynyň ahlagy”, orta asyr belli türkmen alymy Jelaleddin Hydyryň lukmançylyga degişli “Dertlere derman” kitaby, gülkiniň piri bolan Ependiniň heniz neşir edilmedik degişmeleriniň 100-e golaýyny özünde jemleýän ýygyndysy bar.
Milletiň Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow ylym we bilim, saglygy goraýyş, sport we syýahatçylyk ulgamlarynda özgertmeleriň yzygiderli amala aşyrylmagynyň bu pudaklary ýokary dünýä standartlarynyň derejesine çykarmak üçin oňaýly şertleri döredendigini belledi.
Ýokary hilli bilim, intellektual ösüş, ýaşlary sagdyn durmuş we ýokary ahlak gymmatlyklary ýörelgesinde terbiýelemek-şunda milletiň geljegi öz beýanyny tapýar diýip, hormatly Prezidentimiz bilim we ylym edaralarynyň, şeýle hem sport toplumlarynyň döwrebaplaşdyrylan maddy-enjamlaýyn binýadynyň mümkinçiliklerini has netijeli ulanmagyň möhümdigini aýtdy. Jemgyýetiň ruhy ösüşinde edebi mirasyň, şöhratly ata-babalarymyzyň pelsepewi we ylmy işleriniň öwrenilmegi hem uly orun eýeleýär diýip, döwlet Baştutany türkmen alymlarynyň geçen asyrlaryň gummatly golýazmalarynda öz beýanyny tapan milli baýlygy wagyz etmek boýunça geçirýän işleriniň ähmiýetiniň uludygyny aýtdy.
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisine çagyrylan Ýokary gözegçilik edarasynyň başlygy B.Atdaýewe söz berildi, ol Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan ozal berlen tabşyryklaryň ýerine yetirilişi, hususan-da, “Altyn asyr” gündogar bazarynyň işiniň guralyşy barada, şeýle hem gurulýan desgalara geçirilen seljerme işleriniň netijeleri barada hasabat berdi.
Milletiň Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty jemläp, söwda ulgamynyň kärhanalarynyň işini, şol sanda bazarlaryň işini kämilleşdirmek boýunça toplumlaýyn çäreleri görmegiň zerurdygyna ünsi çekdi. Döwlet Baştutany wise-premýer O.Gurbannazarowa ýüzlenip, aýdylan habary seljermegi we şunuň bilen baglylykda “Altyn asyr” gündogar bazarynda satyjylar üçin hem, alyjylar üçin hem ähli amatlyklaryň döredilmelidigini aýtdy.
Türkmenistanyň Prezidenti täze gurluşyklarda alnyp barylýan işlere geçirilen seljermeleriň netijeleri baradaky meseläniň üstünde durup geçmek bilen, täze dolandyryş binalary, ýaşaýyş jaýlary we beýleki durmuş maksatly desgalar gurlan mahaly bu ugurdaky ähli gazanylan öňdebaryjy üstünlikleri we işläp taýýarlamalary nazara almak zerurdyr diýip nygtady. Milletiň Lideri degişli ýolbaşçylara ýüzlenip, bu möhüm meseleleri çözmäge toplumlaýyn çemeleşmegi, özlerine tabşyrylan taslamalary görkezilen möhletlerde we ýokary hilli durmuşa geçirmegi, pudaklaýyn birlikleriň sazlaşykly işini üpjün etmegi talap etdi.
Mejlisiň barşynda döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe meselelere garaldy we degişli çözgütler kabul edildi.
Döwlet Baştutany Ministrler Kabinetiniň mejlisini tamamlap, oňa gatnaşyjylaryň ählisine berk jan saglyk, abadançylyk we Watanymyzy mundan beýläk-de ösdürmegiň hatyrasyna alyp barýan işlerinde üstünlikler arzuw etdi.